22:41 Ussat we Margarita -3/ romanyñ dowamy | |
III bap
Romanlar
ÝEDINJI DELIL — Hawa, ertir sagat onlardy, hormatly Iwan Nikolaýewiç — diýdi professor. Şahyr ýaňy ukydan oýanan adam dek, eli bilen ýüzüni sypalady we şonda ol Patriarh kölçesiniň boýunda iňrik garalyp başlanyny duýdy. Howzyň suwy garamtyl tüýse giripdi, onuň üstünde ýeňil gaýyk ýüzýärdi, kürekleriniň suwy şapyrdadyşy, gaýykda oturan aýalyň şadyýana gülküsi eşidilip durdy. Seýil bagynyň içindäki uzyn oturgyçlarda adamlar peýda bolupdy, emma olar biziň söhbetdeşlerimiziň oturan tarapynda däl-de, dörtburçlygyň beýleki üç gapdalynda görünýärdi. Moskwa asmany çala gyzaryp, gökde dolan Aý anyk göze görnüp durdy, emma ol heniz altyn öwsenokdy-da, akdy. Dem almak has ýeňilleşdi, lipalaryň aşagynda oturanlaryň sesi indi agşamyň mylaýymlygy bilen eşidilip başlandy. «Ol tutuş bir kyssany düzen ekeni, men neçün duýman galdymkam? — diýip, Bezdomnyý geň galyp oýlandy, — ine, indi agşam hem düşüpdir. Belki, kyssany ol aýdanam däldir, diňe men uklap galyp, bu zatlar bolsa düýşüme girendir?». Ýok, kyssany professor gürrüň berdi diýip hasap etmeli, ýogsa, bu kyssa Berliozyň hem düýşüne girendir diýip çak etmeli bolýar, sebäbi, ol daşary ýurtly adamyň ýüzüne üns bilen dikanlap, şeýle diýdi: — Kyssaňyz örän gyzykly, professor, hatda ol Injil rowaýatlarynyň birine laýyk gelmese-de. ― Bagyşlarsyňyz — diýdi professor ýaňsyly ýylgyryp. — Injilde ýazylan hekaýatlaryň hiç biriniň hiç haçan bolmadygyny başgalar bilmese hem, siziň bilmegiňiz lazym, indi, eger biz Injile taryhy çeşme hökmünde garaýan bolsak... — diýip, ol ýene ýylgyrdy, şonda Berliozyň demi içine düşdi, çünki, ýaňy Bronnaýa köçesi bilen bu ýere gelýärkäler, Bezdomna onuň özi hem edil şu sözleri aýdypdy. — Büýä dogry, — diýdi Berlioz — emma häzir siziň aýdyp beren wakaňyzyň-da bolanlygyny hiç kim tassyklap bilmez öýdüp gorkýaryn. ― Ýok, beýle däl! Ony tassyklamak mümkin! — diýip, professor ýene çalgyrt, emma kesgin ynam bilen gepläp başlady, soň birden, bir syry äşgär etmekçi bolýan ýaly, iki dosty özüne golaýraga çagyryp, köpmanyly ümledi. Olar professoryň iki tarapyndan eňilip, oňa gulak asdylar, indi ol ýene arassa gepläp başlady, onuň näme üçin käte çalgyrt, käte arassa gepleýänligini mekir şeýtanyň bir özi bilýärdi: — Gep şunda ki... — professor eýläk-beýläk gorkuly sereden bolup, pyşyrdap sözledi. — Bu wakalara hut meniň özüm şaýat boldum. Ponti Pilatyň huzurynda balkonda hem, ol Kaifa bilen gepleşýän wagty bagda hem, sekide hem boldum, ýöne gizlin ýagdaýda, ýagny inkognito (latynça — syrly, gizlin röwüşde) diýsem bolar, şeýlelikde, sizden örän haýyş edýän, bu hakda hiç kime hiç zat aýtmaweriň. Örän gizlin syr! Çüşş!... Dymyşlyk aralaşdy, Berliozyň reňki duw-ak boldy. — Siz... siz haçandan bäri Moskwada? — diýip, ol sandyrawyk ses bilen sorady. ― Meniň Moskwa edil häzir gelip durşum — diýip, professor aljyraňňy jogap berdi, şu gepden soňra iki dost onuň gözlerne dikanlap seretdiler welin, onuň çep gözüniň gökdügine hem bütinleý manysyzdygyna, sag gözüniň bolsa, garamtyl, boş we ölidigine göz ýetirdiler. «Ine, indi hemme zat düşnükli boldy, aýdyňlaşdy! — diýip, ýüregi bijaý urýan, — Berilýoz oýlandy. — Däli bir nemis gelipdir, ýa-da şu ýere — Patriarha geläge-de däliräpdir. Waka diýibem şuňa diýäýseň!» Hawa, hakykatdan-da, hemme zat merhum filosof Kantyň öýündäki geň ertirlik nahar, günebakar ýagy we haýsydyr bir Annuşka hakyndaky patarrakylar, Berliozyň başynyň ýolunjagy hakynda aýdylan öňden görüjilik we ýene-ýeneleriň sebäbi aýdyňlaşdy — professor däli eken. Berlýoz näme etmelidigini derhal aňlady. Ol uzyn oturgyja ýaplanyp, professoryň arkasyndan Bezdomna — jedelleşme diýen manyda göz gypdy, emma özüni ýitiren şahyr onuň ümüne düşünmedi. — Hawa, hawa, hawa — diýip, Berlýoz tolgunyp sözledi — elbetde, şu zatlaň bolmagy mümkin! Örän mümkin, Ponti Pilat hem, balkon hem, galan gepler hem... Siz ýeke özüňiz geldiňizmi, ýa-da ýanýoldaşyňyz bilen? — Ýeke, özüm, täk özüm, men mydama-da ýekedirin — diýip, professor hasrat bilen sözledi. — Zatlaryňyz nirede, professor? — diýip, ýesirlik bilen lukma taşlady Berilýoz — «Metropoldamy?» Nirede düşlediňiz? — Menmi? Hiç ýerde — diýip, jogap berdi däli nemes gök gözüni oýnadyp, Patriarh kölçesine gaýgyly we wagşyýana nazar aýlap. — Be-e! Onda... nirede ýaşajak bolýarsyň? — Siziň kwartiraňyzda — diýip, edepsizlik bilen jogap berdi däli we göz gypyp goýberdi. — Men, men... örän şat... ýöne... — diýip sakawlady Berlioz — meniňkide düşlemek size oňaýsyz bolaýmasa... «Metropolda bolsa, örän ajaýyp otaglar bar, birinji klasly myhmanhana... — Üstesine şeýtan hem ýok diýsene? — diýip, öz ýanyndan şatlanyp, sowal berdi däli Iwan Nikolaýwiçe. — Üstesine şeýtan hem... — Raýyny gaýtarma! — diýip, pyşyrdady Berlioz, professoryň arkasyndan oňa üm-yşarat edip. — Hiç hili şeýtan ýok! — diýip, tutaryksyz geplerden başy agyran Iwan Nikolaýwiç gygyryp, ýerliksiz sözleri aýdyp goýberdi — nireden geldi bu derdeser?! Bes ediň däliligi... Şu wagt däli kah-kah gülüp goýberende, lipalaryň üstüne gonup oturan serçe güsürdäp uçup gitdi. — O, bu indi diýseň peýdaly gyzykly gep boldy, — diýip, professor bütin göwresi bilen silkinip güldi — ýurdyňyz nähili özi, nämäni sorasaň, — ýok! — Ol birden dälilige mahsus hahahaýlamasyny kesip, düýbünden başga tüýse, keýpiýete geçip, gygyrdy: — Diýmek, onda ýok-da? — Rahatlanyň, köşeşiň, gaharyňyzy basyň, professor, — diýip, näsagyň nerwisiniň bozulmagyndan howatyrlanyp, Berlioz hüňürdedi. — Siz şu ýerde dostum Bezdomnyý bilen bir minutjyk oturyň, men şol öwrüme derrew baryp, jaň edip geleýin, onsoň sizi islän ýeriňize alyp bararys. Siz şäheri hem entek doly bileňzok ahyry... Berliozyň düzen rejesini dogry hasap etmek gerek: iň ýakyn telefon awtomata ylgap baryp, ol daşary ýurtlular býurosyna, çet ýurtly bir konsultantyň Patriarh kölçesinde akyl-huşyny ýitiren halda oturanlygy hakynda habar bermekçidi. Dogrusy, derhal çäre görmek gerekdi, bolmasa, haýsydyr bir gelşiksiz ýagdaýyň ýüze çykjagy anykdy. — Jaň etjekmi? Ýeri bolýa, jaň ediň — diýip, näsag gamgyn razylaşdy, soňra birden güýçli yhlas bilen dowam etdi: — Emma aýralykdan öň, ýalbaryp haýyş edýän, hiç bolmanda, şeýtanyň barlygyna bir ynanyň! Ýeke-täk haýyşym şu. Bilip goýuň, muny subut edýän ýedinji delil bardyr, ol iň ynamdar delil! Hä diýmän muňa özüňiz şaýat bolarsyňyz. — Bolýa, bolýa — diýdi ýasama hormat bilen Berlioz we däli nemesi saklap oturmak ýaly kynçylykdan howsala düşen şahyr dostuna göz gypyp, soňra özi Bronnaýa köçesi bilen Ýermolaewskiý diýen dar köçäniň öwrümine çykýan çatryga tarap okduryldy. Professor bolsa birden sagalan ýaly bolup, ýüzi-çehresi açyldy. — Mihail Aleksandrowiç! — diýip, ol Berliozyň yzyndan gygyrdy. Ol tisginip, yzyna öwrüldi, emma, adymy-familiamy professor bir gazetden okandyr-da, diýen hyýala berlip, özüne teselli berdi. Professor bolsa ellerini agzyna tüýdük edip gygyrdy: — Ýeri, aýt, häziriň özünde Kiýewdäki daýyňa telegramma ibersinlermi? Ýene Berliozyň ini jümşüldedi. Kiýewde daýymyň barlygyny nireden bilýärkä bu tentek? Bu halda gazetleriň hiç birem hiç zat ýazmady-la. Be-e, Bezdomnyýnyň şübhesi dogry bolaýjak öýdýän? Görkezen delilli dokumentleri hem ýasama bolsa-ha?.. Ah, nähili ylhanat! Jaň etmek gerek! Derhal jaň etmek gerek! Kimdigini bir demde anyklarlar! Berlioz başga hiç zada üns bermän, ylgap gitdi. Edil şol wagt, Bronnaýa köçesine çykyberende, uzyn oturgyçda bir adam redaktoryň ýoluna garaşyp durdy — bu adam ýap-ýaňy Gün şöhlesinde goýy we petiş howada gaýypdan görnen grajdanine bir almany ikä bölen ýaly meňzeýärdi. Emma indi ol howaýy hem däl, üýtgeşik hem däl, adaty adamlar ýaly jisimden ýaradylandy; gaş garalyp başlan bu wagtda Berlioz ol adamyň murtunyň towuk perine meňzeýändigini, monjuk dek kiçijek gözleriniň serhoş we kinaýaly seredýänligini, ýokary dartyp geýen gözenek matadan tikilen jalbarynyň aşagyndan köne kirli ak jorabyny anyk gördi. Mihail Aleksandrowiç gorkuly yzyna öwrüldi, emma häzir bu äteňet meňzeşlige asla üns hem bermeli wagt däl diýip, özüne teselli berdi. — Turniketi (geçelgäni) gözleýäňmi, grajdanin? — diýip, gözenek jalbar geýen ylhanat sandyrawuk ses bilen sorady — beýläk, baş üstüne! Göni gidiberseň gözleýän ýeriňize çykarsyňyz. Ýol görkedenim üçin, aslynda hak almalydym sizden... saglygymy dikeltmek üçin... siziň sadyk regentiňiz! Eşitdi ylhanat soň çaýşanaklap, kellesinden çapyksuwarlaryň papagyny çykaryp, gulajyny giňden ýaýyp, tagzym etdi. Berlioz dilege we çaýşanak regente gulak asyp durmady-da, turniketiň öňüne ylgap baryp, ondan ýapyşdy. Soň ondan aýlanyp geçip, ýaňy tramwaýyň ýoluna gadam goýmakçy bolanda, gözüne gyzyl we ak şöhle uruldy, çüýşe gutydaky: «Tramwaýdan seresap bol!» — diýen ýazgy hem ýalp edip ýandy. Şu demde Ýermolaew köçesinden çykan tramwaý täze gurlan liniýadan Bronnaýa köçesine tarap öwrüldi. Ol öwrümde gaty jygyldap, dogry ýola çykdy-da, birden içindäki elektrik şöhlesi bilen ýagtyldy-da, tizligi çaltlandy. Seresap Berlioz howpsuz ýerde duran bolsa-da, gaýta turniketiň yzyna geçip durjak boldy we onuň bendini tutup, yzyna bir gadam basdy. Edil şu wagt, eli turniketden sypan, aýagy tramwaýyň ýoluna gyýalap düşen daşa büdrän, buzda taýýan ýaly typyp giden, ikinji aýagy ýokary galan, Berlioz tramwaýyň ýoluna ýykyldy. Ol bir zatlardan ýapyşjak bolup urnup, keseligine ýykyldy, ýeňsesi bir daşa haýallyk bilen uruldy we şu wagt ýokarda, çep tarapyndamy, ýa sagyndanmy pähimläp bilmedi, altyn reňke giren Aýy gördi. Şu demde ol bükülgi ýatan ýagdaýyndan guduz açan ýaly bolup ýanbaşyna öwrüldi, öwrüldi-de, öz üstüne diýseň uly tizlik bilen ok ýaly uçup gelýän tramwaýy sürýän aýalyň ak esgi ýaly agaran ýüzüni we onuň başyndaky gyzyl ýaglygyny gördi. Berlioz gygyrmady, emma bütin köçäni dolduryp duran aýallaryň janhowly ýaly sesi dünýäni doldurdy. Tramwaý sürüji aýal eletrik tormozy şarta çekdi, wagonyň tumşugy ýere egildi, soň hem bir silkindi, wagonyň aýnasynyň syrçalary elhenç ses bilen çym-pytrak bolup döwüldi. Şu wagt Berliozyň beýnisinde kimdir biri jan awusyna «Dogrudanam şeýlemi?» diýip, gygyryp goýberdi. Onuň gözüniň öňünde Aý ýene bir gezek, iň soňky gezek lyp edip göründi, emma ol derrew böleklere bölünip başlady, soňra dünýä tüm garaňky boldy. Tramwaý gelip Berliozy basdy, şonda seýilbagyň daşyna aýlanan demir gözenegiň aşagyna, daş üýşürilen ýapgyda tarap tos-togalak bir gara zat togalandy. Ol zat şu ýapgytdan geçip, Bronnaýa köçesine düşelen daşlaryň üstüne baryp düşdi. Bu tramwaýyň üzüp taşlany — Berliozyň kellesidi. | |
|
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -4: romanyň dowamy - 13.09.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Köne mülk -13: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -2: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |