00:35 Ussat we Margarita -4/ romanyñ dowamy | |
IV bap
Romanlar
HOWP Aýallaryň hasratly gykylygy diňdi, milisiýanyň jürlewükleri hem dymdy, iki sanitar maşyny gelip, biri şarta üzülen baş bilen göwräni ölihana, ikinjisi ― aýna döwüklerinden ýaralanan tramwaý sürüji gözel aýaly keselhana alyp gitdi, ak fartuk dakynan köçe süpürýän işgärler aýna döwüklerini ýygnap, gan ýoky galan ýerlere gum sepdiler. Iwan Nikolaýewiç bolsa, turnikete ýetip bilmän, uzyn oturgyçda nähili ýykylyp galan bolsa, henizem şol ýagdaýda ýatyrdy. Bezdomnyý ýerinden galmaga birnäçe gezek synanyp gördi, emma aýaklarynda jan ýokdy ― ol şel bolup galan adama meňzeýärdi. Şahyr perýat eşdilen bada turnikete tarap ylgapdy we daş köçede kelläniň togalanyp barýanyny görüpdi. Bu ahwalatdan ol bütünleý huşuny ýitirip, özüni uzyn oturgyja taşlapdy, şol wagt hem bilegini garça dişläp, ganadypdy. Elbetde, ol telbe nemesi unudypdy, häzir diňe bir zada düşünmäge çalyşýardy, ýap-ýaňam Berlioz onuň bilen söhbetleşip otyrdy, ine, indi bolsa, sähel wagtdan soň onuň kellesi... Şahyryň ýanyndan alleýany boýlap, gaty aladaly adamlar bir zatlary gepläp, ylgap geçýärdiler, emma Iwan Nikolaýewiç olaryň geplerine düşünip bilenokdy. Emma şahyryň gabadynda iki aýal garaşylmadyk ýagdaýda çakyşdy-da olaryň jüýk burun, adaty saçly birisi şahyryň edil gulagynyň ýanynda gygyryp, ikinjisine şeýle diýdi: ― Annuşka bar-a, biziň Annuşkamyz! Sadowaýa köçesinden! Bu şonuň işi! Ol magazinden bir çüýşe günebakar ýagyny alandyr, ýolda seresapsyzlyk edip, litrlik çüýşäni galtaga urup sypdyrypdyr-da, ýagy dökäýipdir! Ýubkasynam haraplandyr... Ol şeýlebir sögünmek sögündi, heý goýaý a ol biçäre bolsa, şol dökülen ýaga taýyp, dogry tramwaýyň aşagyna baryp düşüpdir... Aýalyň gygyryp aýdan sözlerinden diňe bir, «Annuşka» diýen söz Iwan Nikolaýewiň beýnisine ornap galdy... ― Annuşka... Annuşka?... ― diýip, gaýtalady şahyr töweregine gorkuly seredip, ― dur, howlukma, ýeri-ýeri, hä... «Annuşka» sözüne «günebakar ýagy» diýen söz, soň hem näme üçindir «Pontiý Pilat» sözleri gelip goşuldy. Şahyr Pilaty ýadyndan çykaryp taşlap, sözleriň zynjyryny «Annuşka» sözünden başlady. Netijede bu zynjyr juda tiz birigip, bir demde ony däli professora ýüzbe-ýüz etdi. Günäkär! «Mejlis bolmaz, çünki Annuşka ýagy dökdi» diýip, ol aýtdy ahyry. Ine, merhemet edip, mejlisiň bolmajagy anyk! Ýeke bu hem däl: Berliozyň başyny aýal adam alar diýip, ol açyk aýtd-a?! Hawa, hawa, hawa! Dogrudanam, tramwaýy sürüjisi aýaldy? Bee... nämeler bolup ýör? Berliozyň bu elhenç ölümini şübheli konsultantyň öňünden anyk bilenligine indi çigit ýalam şübhe galmady. Şonda şahyryň beýnisini iki pikir eýeledi. Birinji pikir: «Ýok, ol asla däli däl! Bu zatlaň bary bimany!», ikinji pikir: «Bu bagtsyzlygy onuň özi guramadymyka?!» Ýöne bagyşlarsyňyz, nähili edip beýle zady gurap bolar? ― Ýok, ýok! muny entek anyklarys. Iwan Nikolaýewiç bar güýjüni jemläp, özüne zor salyp uzyn oturgyçdan zordan turdy-da, yzyna-professor bilen söhbetleşen ýerine okduryldy. Bagtyna, ol häli gitmän eken. Bronnaýa köçesindäki çyralar eýýäm ýakylypdyr. Patriarh kölçesiniň üstüne altyn reňk Aý şöhle saçýardy, Iwan Nikolaýewiçe ana şu, hemişe göz baglaýjy Aýyň nurunda professor goltugyna hasa däl-de, gylyç alyp duran ýaly duýuldy. Hälki düşnüksiz regent indi ýap-ýaňy Iwan Nikolaýewiçiň oturan ýerinde ornaşypdyr. Özem ol burnuna bihajatlygy anyk görnüp duran pensne gondurypdy, pensnäniň bir gözi aýnasyz, beýleki gözündäki çüýşe bolsa çatlapdy. Berliozy tramwaýa tarap ýollan wagty ýaman görnen bu gözenek jalbarly adam indi ― pensne dakanynandan soň-a hasam beter ýigrenji göründi. Iwan professoryň ýanyna sowap barýan ýüregi bilen ýakynlaşdy, soň onuň çehresine dikanlap seredip, onda hiç hili dälilik alamatynyň ýokdugyna we hiç haçan bolmandygyny öz ýanyndan tassyklady. ― Hany, dogryňy aýt, aslynda sen kim? ― diýip, boguk owaz bilen sorady Iwan. Çet ýurtly şahyry göýä ilkinji gezek görüp duran ýaly, oňa üşerlip seretdi we sowuk jogap berdi: ― Meniňki düşünmeýär!... rusça gepleýiş. ― Ol düşünmeýär! ― diýip, özünden hiç kim çet ýurtlynyň gepini düşündirmegi soramasa-da, regent oturan ýerinden gepe goşuldy. ― Jögülik etmäň! ― diýip, Iwan gaharlandy we birden ýüreginiň şuw edip gidenligini duýdy ― siz ýaňy şu ýerde rus dilinde örän oňat gepläpdiňiz. Siz nemesem däl, professor hem dälsiňiz! Siz ― hem jenaýatçy, hem içalysyňyz! Delilleriňizi görkeziň! ― diýip, Iwan gazap bilen gygyrdy. Şübheli professor ozaldan hem gyşyk agzyny ýene-de ýigrenç bilen gyşardyp, eginlerini gysdy. ― Graňdanin! ― diýip, şumroý regent ýene ara sokuldy, ― näme üçin siz inturisti biynjalyk edýäňiz? Bu işiňiz üçin berk jogap bermeli borsuňyz! Şübheli professor bolsa, tekepbirlik bilen öwrüldi-de, Iwandan daşlaşdy. Iwan özüni ýitirip başlandygyny duýdy. Demi demine ýetmän, regente ýüzlendi. ― Eý, graždanin, jenaýatçyny tutmaga kömekleşiň! Siz muňa borçlusyňyz. Regent birden gaýratlanyp, böküp ýerinden turdy-da, gygyrdy: — Kim jenaýatçy? Hany ol? Çet ýurtly jenaýatçymy? ― regentiň gözleri guwançly oýnady ― Şol barýanmy? Eger ol jenaýatçy bolsa, birinji nobatda «Ýetiň!» ― diýip gygyrmaly. Ýogsa, ol gaçyp gider. Hany, gel ikimiz deň gygyraly! Bileje! ― Şeýle diýip regent agzyny açdy. Aňyny gaçyryp duran Iwan degişgen regentiň gepine gidip, Ýetiň! ― diýip gygyrdy, emma regent onuň sesine ses goşmady. Iwanyň gyryljak owazy degerli netije bermedi. Bagdan geçip barýan iki gyz gorkup, aňryk gaçdylar, şonda onuň gulagyna: «Serhoş ýaly-la?!» diýen ses eşidildi. ― A-ha ýa senem şonuň bilenmidiň? ― diýip, gazaba münen Iwan gaharly gygyrdy. ― Ýeri meniň üstümdenem güljek bolýarmyň, aýryl ýolumdan! Iwan sag tarapdan geçmekçi boldy, regent hem şu tarapa atyldy! Iwan çepe okduryldy. ― ýigrenji regent hem çepe geçdi. ― Sen bilgeşleýin aýagyma çolaşýaňmy? ― diýip, gahary gaýnan Iwan gygyrdy ― entek men seni milisiýa tabşyraryn! Iwan ýaramaz regendiň ýeňinden tutjak bolup hemle kyldy, emma tutup bilmän, armanda galdy. Regent edil ýere giren ýaly, gaýyp boldy. Iwan bir ah urdy, şeýle hem uzakdan gidip barýan ýigrenji nätanyş bir adamy görüp galdy. Ol Patriarh diýen dar köçäniň başlanýan ýerine ýetip barypdy, özem eýýäm bir özi däldi. Nähili adamlygy asla belli bolmadyk ýaňky regent professora goşulyp barýardy. Bu hem az ýaly, garaşylmadyk ýerden, ýagny nirelerden peýda bolan doňuz ýaly haýbatly, gazan ýaly, garga ýaly gap-gara, uzyn murtly bir pişik olar bilen bile barýardy. Üçüsi bilelikde Partiarh dar köçesine ýördüler, gyzykly ýeri-de, ýaňky pişik art aýaklarynda ýöräp ugrady. Iwan bu betniýetlileriň yzyndan ylgady, emma olary kowup ýetmegiň juda müşgil boljagyny derhal aňlady. Üçler hä diýmän dar köçeden geçip, Spirdonowa çykdylar. Iwan gadamyny näçe çaltlandyrsa-da, yzarlanýanlar bilen arasy bir garyş hem kemelmedi. Şahyr aýňalyp ýetişmänkä, Spiridonowkadan geçip, özüni Nikita geçelgesiniň öňünde gördi, bu ýerde onuň ýagdaýy hasam agyrlaşypdy. Bu ýerde adam şeýlebir mygyllykdy welin, käbir ýolagçy bilen çaknyşyp, sögünjem eşitdi. Üstesine-de, betniýet topar banditleriň köp ulanýan usulyny ulanyp, çar tarapa dagap gitmegi karar edipdi. Regent Arbata tarap geçip barýan içi doly awtobusa böküp münüp, köpüň içinde tizden-tiz gaýyp boldy. Yzarlanýanlaryň birini ýitiren Iwan indi bar ünsüni pişige dikdi: bu täsin pişik duralgada saklanan «A» belgili motorly wagonyň basgançagyna baryp, wagona girip başlan bir aýaly gygyrdyp çekip düşürdi-de, gapy tutawajyna ýapyşyp basgançaga çykdy-da, yssy howa zerarly, açyp goýlan penjireden konduktora ýarym teňňe pul hem uzatdy. Pişigiň bu hereketi Iwany şeýlebir geň galdyrdy welin, öwrümdäki bakgal dükanynyň öňünde doňup galdy, şol birwagtyň özünde-de ol konduktoryň eden hereketine öňküdenem beter geň galdy. Konduktor aýal tramwaýa çykyp barýan pişigi göreninden, gahar bilen sandyrap gygyrdy: ― Pişiklere rugsat ýok! Pişik bilen münmek gadagan! Piş! Düş wagondan, ýogsam milisiýany çagyraryn! Bu hadysa pişigiň tramwaýa münmekçi bolany-ha beýlede dursun, hatda onuň kireý haky tölejek bolşy-da ne konduktor aýaly, ne ýolagçylary geň galdyrdy! Pişik diňe kireý haky tölemäge kadyr bolman, üstesine tertipli janawer hem bolup çykdy. Ol konduktor aýalyň çirkin sesini eşidenden, ýere düşdi-de, duralgada ýarym teňňelik pul bilen murtyny sypalap oturyberdi. Emma konduktor aýal tanapy çekip, tramwaý ýerinden gozgananda, ol pişik tramwaýdan kowlup düşürilip, emma tramwaýdan galyp, gitmäge başga mümkinçiligi bolmadyk adam ýaly hereket etdi. Ol üç wagony geçirip, soňkusynyň yzyndan aslyşyp, üçege ýaly bir zada ýapyşyp ýoluny dowam etdi, şeýdip, ýarym teňňe puluny hem tygşytlady. Iwan bu ýaramaz pişige aňkarylyp, tas üçüň birini, iň möhüm jenaýatçy ― professory ýitiripdi. Emma ol, Iwanyň bagtyna gaýyp bolmana ýetişmän eken. Iwan onuň külreňk beretini Bolşaýa Nikitskaýamy, ýa Gersen köçesiniňmi başlanýan ýerinde hümer-hümer adamlaryň arasynda görüp galdy. Göz açyp ýumasy wagtda Iwanyň özi hem şol ýerde peýda boldy. Emma ýene bagty çüwmedi. Şahyr gadamyny batlandyrdy we ýolagçylary itekleşdirip, loňkuldap ylgap başlady, emma barybir professora bir garyş hem golaýlaşyp bilmedi. Iwan, köňlüniň çag däldigine garamazdan, bu kowgynyň adatdan daşary tizlikde barýandygyna haýran galdy. Iwan Nikolaýewiç Nikita derwezesine ýetenden soňra, aradan ýigrimi sekunt hem geçmänkä, eýýäm Arbat meýdanyna ýetip baryp, san-sajaksyz çyralardan ýaňa gözi gamaşdy. Ýene birnäçe sekunt geçip, Iwan Nikolaýewiç özüni gyşyk-myşyk gap-garaňky bir dar köçede gördi — bu ýerde ol birden gürp edip ýykylyp, dyzyny ganatdy. Ýene ýagty çyrany magistral — Kropatkin köçesi, soňra dar köçe, ondan soň Ostoženka we ýene çola, garaňky çala-çula ýagtylandyrylan dar köçe. Ana, şu ýere gelende, Iwan Nikolaýewiç şol örän zerur bolan adamy bütinleý gözden ýitirdi. Professor gaýyp bolupdy. Iwan Nikolaýewiç näme etjegini bilmän galdy, emma bu waka köpe çekmedi, çünki birden onuň köňlüne professor, elbetde, 13-nji jaýyň, anyk 47-nji kwartirasyna giren bolmaly diýen pikir geldi. Iwan Nikolaýewiç şu 13-nji jaýyň girelgesine ok ýaly atylyp baryp, ikinji gatyna uçup çykdy, derrew gözlän kwartirasyny tapyp, bitakatlyk bilen jaýyň düwmesini basdy. Sähelçe wagt geçmänkä, bäş ýaşlar çemesindäki bir gyzjagaz gapyny açdy, emma gelen daýydan hiç zat soraman, bada-bat yzyna öwrüldi-de, haýsydyr bir otaga girip gitdi. Gara kir basan belent petigiň aşagynda burça ornaşdyrylan kiçijik lampa bilen çalaja yşyk berýän, asla garawsyz bu otagda daşyna demir gaplanan haýbatly guty durdy, diwarda şinleri sypyrylan welosiped asylgydy, asawaç tekjesinde ýatan gyş telpeginiň uzyn gulagy sallanyp dyrdy. Bu ýerdäki otaglaryň birinden radiodan bir erkegiň ýaňlandyryp, batly owaz bilen gygyryp şygyr okaýandygy eşidilýärdi. Iwan Nikolaýewiç bu oňaýsyz ýagdaýda asla aljyramazdan: «Ol, elbetde, wannada gizlenen bolmaly» diýen netijä gelip, göni şol tarapa atyldy. Içeri gap-garaňkydy. Iwan diwara urlup barşyna, bir gapyň aşagyndaky deşikden ölügsi bir ýagta gözi düşdi, sermeläp gapynyň tutawajyny tapdy-da, ony ýuwaşlyk bilen özüne çekdi. Gapynyň ilgençegi gopup, Iwan çyndanam wanna girdi, şonda ol, bagtym bar eken diýip köňülden geçirdi. Emma şowlulyk Iwana garaşyşy dek gülüp bakmady! Onuň damagyna çygly ýylymtyk howa urupdy, soň ol kolonkada ýylp-ýylp edip ýanyp duran kömrüň ýagtysynda bu ýerde diwardan asylgy uly taňňyry, syrçasy gopup, ähli ýeri gara tegmil bolan wannany gördi. Wannada başdan-aýak sabyn köpürjigine boýalan, eli maçalkaly ýalaňaç bir aýal durdy. Ol uzagy görüp bilmeýän gözlerini süzüp, Iwana seretdi, emma bu jähennem tümlüginde ony tanamadyk şekilli, şoh äheňde, pes owaz bilen diýdi: — Kirýuşka! Özüňmi? Näme, huşuňy ýitirdiňmi?.. Hä diýmän Fýodor Iwanowiç ýetip geler. Bar, git häziriň özünde! — diýip, ol Iwana maçalkany silkdi. Görşüňiz ýaly, düşünişmezlik ýüz beripdi, munuň sebäpkäri bolsa Iwan Nikolaýewiçdi, elbetde. Emma ol öz aýbyny boýun almak islemedi we yşarat bilen: «Wah, bozugeý!..» diýdi-de, şol demde nämüçindir aşhana geçdi. Bu ýerde hiç kim ýokdy, alagaraňkyda ona golaý primus plitäniň üstünde ümsüm durdy. Ýyllap çaňy süpürilmedik penjiräniň aýnasyndan düşen Aý şöhlesi çaň, kerep basyp giden bütinleý unudylan asylgy ikonany, çalaja ýagtylandyrdy, ikonanyň çarçuwasyndan bir jübüt nika şeminiň ujy çykyp durdy. Bu uly ikonanyň aşagyna kiçijik — kagyz ikona ýabşyrylyp goýulgydy. Iwan arka gapydan çykyp gitmezden öňürti bir şem bilen kagyz ikonany öz ýany bilen aldy, emma bu işi näme maksat bilen edendigi hiç kime belli däldi. Ol nämeleridir samyrdap, nätanyş kwartirany terk edende, ýap-ýaňy wannada özi şaýat bolan hadysany ýatlap, ol bihaýa Kirýuşa kimkä, gulagy sallanyp duran gulakjyn şonuňkymyka diýip, biygtyýar oýlanyp başlady. Şahyr guwlap ýatan, tukat dar köçä çykyp, gaçgagy yzarlap, töweregine göz aýlady, emma ol hiç ýerde görünmeýärdi. Şonda Iwan öz-özüne kesgin diýdi: — Elbetde, ol anyk Moskwa derýasynda! Öňe! Iwan Nikolaýewiçden, nämüçin siz professor häzir başga ýerde däl-de, hut Moskwa derýasynda diýip çaklaýarsyňyz diýip soralsa, ýagşy bolardy, emma bar bela şonda bolup, bu sowaly berjek adam ýokdy. Ýigrenji dar köçe guwlap ýatyrdy. Aradan kän wagt geçmänkä, Iwan Nikolaýewiçi Moskwa derýasynyň kenaryndaky granit basgançakda görmek mümkindi. Ol derrew egin-eşigini çykaryp, ýyrtyk ak köýnek we könelen, bagjyksyz bir jübüt köwşi öňünde duran, kagyza dolanan temmäki çekip oturan sakgaly gelşikli bir adama tabşyrdy. Ol ellerini silkip, tenini gatydyp, garlawaç ýaly bolup, özüni suwa oklady. Suw şu gadar sowukdy welin, Iwanyň demi tutulyp, hatda indi suwuň ýüzünde ýüzüp çykyp bilmesem gerek, diýen pikir hem göwnünden ýylp edip geçdi. Emma bagtyna ýüzüp çykdy we pyşgyryp, gözleri hanasyndan çykara gelip, nebit ysy gelip duran gap-gara suwuň ýüzünde kenardaky çyralaryň öwrümli ýagtysynyň içinde ýüzüp başlady. Suwuň sowuklygyndan digdirän Iwan kenardaky basgançaklarda ýaňy eşiklerini tabşyryp giden sakgally adamynyň ýanyna tarap ýöredi, görse, diňe geýimlerini däl, sakgally adamyň özüni hem ogurlap gidipdirler. Şol geýim çykarylan ýerde erkekleriň ýol-ýol içki balagy, ýyrtyk uzyn köýnek, şem, kiçijik kagyz ikona we bir guty otluçöp galypdy. Iwan ejiz gazap bilen kimedir birine ýumruk çenedi-de, taşlandy geýimleri geýip başlady. Häzir ony iki gaýgyly pikir: birinjiden, hemişe öz ýanynda saklaýan MASSOLIT agzalyk bilediniň gaýyp bolany, ikinjiden, şu ýagdaýda Moskwanyň köçelerinden geçse bolarmyka diýen pikir teşwişe salyp başlady. Näme bolsa-da, içki balakda-da... Dogrusyny aýtsaň, kimiň näme işi bar. Bir ýaman iş etmese ýa-da kimdir birine azar bermese bolýa-da. Iwan içki balagyň iliklerini ýolup aýyrdy-da, ol indi tomusky balak ýaly görner diýip hasap etdi. Soň eline bölek ikonany, şemi we otluçöpi alyp, ýola düşdi-de, öz-özüne diýdi: — Griboýedowa! Şek-şübhesiz, ol şol ýerdedir. Şäher agşamky durmuş gujagyndady. Platformalary tirkewe alan ýük maşynlary köçäni çaňydyp, zynjyrlaryny şarkyldadyp geçip durdy, plantformalara ýüklenen gaplaryň üstünde nähilidir erkek adamlar gyşaryp ýatyrdylar. Hemme ýerde penjireler alaň-açykdy. Şu penjireleriň her birinde sargylt abažurly çyralar ýanyp durdy. Hemme penjirelerden, hemme gapylardan, derwezelerden, hemme howludan «Ýewgeniý Onegin» operasynda ýerine ýetirilýän poloneziň gyryljak sesi eşidilýärdi. Iwan Nikolaýewiç ýöne ýere howatyrlanman eken, geçenem, gidenem, oturanam öwrülip, ony synlap galýardy. Netijede ol uly köçeleri terk edip, kiçi köçelerden ýörmegi makul gördi, çünki bärdäki adamlaryň özüne azar bermejegine jalbara asla meňzemeýän içki balak geýen, aýakýalaňaç adamy saklap, sowal berip, ýürege düşýän adamyň duşmajagyna ynam etse boljakdy. Iwan hem şuňa amal edip, Arbatyň möý kerebi ýaly dar köçelerine sowuldy we salym geçmän, töweregine gorka-gorka göz gyýagy bilen nazar aýlap, kä yzyna seredip, öýleriň sokmaklaryna bukulyp, swetoforly çatryklardan, ilçihanalaryň nagyşly derwezelerinden özüni daşrak tutup, diwarlary ýakalap, ýöräp gitdi. Emma ol nirede bolsa-da, orkestriň sazy astynda Tatýana söýgi bildirip aýdym aýdýan haýbatly bas, ýogyn owaz oňa howp salyp, gynaýardy. | |
|
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |