06:32 Ussat we Margarita / romanyñ dowamy | |
II bap
Romanlar
PONTIÝ PILAT Egnine gyrmyzy jähekli ak plaş geýen Iudeýa prokuratory Pontiý Pilat baharky nisan aýynyň on dördünji güni ertir irden beýik Irad howlusynyň iki ganatynyň arasyndaky üsti ýapyk sütünleriň üstüne pyýada esger kibi ökjesini şarkyldadyp geldi. Prokurator hemme zatdan beter bägül ýagynyň ysyny halamaýardy, şol sebäpden, bu günki günüň göwünsiz ýagdaýda geçjekdigi anykdy, sebäbi, bu ys ony şu gün daňdandan bogup başlapdy. Prokuratoryň nazarynda bägül ysyny bagdaky serwi we hurma daragtlary çykarýan ýalydy, başga zatlara-da, atlaryň ysyna hem şol lagnaty bägül ysy sebäp bolýan ýaly duýulýardy. Prokurator bilen Ýerşalaime gözegçilik etmäge gelen On Ikinji Ýyldyrym legionynyň birinji kogortasy ýerleşen howlynyň yzyndaky öýlerden bagyň üsti bilen meýdana tüsse ykjap gelýärdi, aşpezleriň nahar häzirläp başlanyndan habar berýän bu ajy tüssä hem şol ýiti bägül ysy sebäp bolýardy. «Eý, hudaýlar, hudaýlar, haýsy günäm üçin meni munça gynaýarsyňyz?» «Hawa, şübhe ýok! Ýene şol dert, asla dep edip bolmaýan ýaramaz Hemikraniýa keseli — ol gozganda, kelläň ýary agyrýar. Bu derde em ýok, ondan gutulmagyň bir alajy hem ýok. Kellämi gozgamajak bolup göreýin hany». Fontanyň ýanynda bezelen polda ýaplanylýan ýumşak kürsi goýulypdy, prokurator hiç kime göz aýlaman, şu kürsä çökdi-de, elini gapdala taşlady. Kätip onuň uzadan eline hormat bilen bir parça pergament tutdurdy. Prokurator agyrynyň azabyndan nalaç çytylyp, pergamente gyýa bakyp, ondaky ýazga göz gezdirip çykdy we ony kätibe gaýtaryp, kynlyk bilen diýdi: ― Sorag edilýän Jelileden ekenimi? Onuň işini tetraha iberipdiňizmi? ― Hawa, prokurator ― diýip, kätip jogap berdi. ― Ol nähili höküm çykardy? ― Tetrah bu iş boýunça aýyplama çykarmakdan boýun gaçyrdy we Sinedrionyň çykaran ölüm jezasyny tassyklamagy size galdyrdy ― diýip, kätip jogap gaýtardy. Prokurator bir ýan ýaňagyny oýnadyp goýberip, pes owaz bilen aýtdy: ― Aýyplanýany alyp geliň. Şu demde iki sany legioner bagyň içine ýigrimi ýedi ýaşlaryndaky bir adamy alyp gelip, ony prokuratoryň oturan kürsüsiniň garşysynda sömeldip goýdular. Bu adam egnine howa reňk uzyn ýyrtyk köýnek geýnendi. Onuň başyna ak ýaglyk oralyp, maňlaýy tasma bilen daňlan, eli bolsa, arkasyna baglydy. Bu adamyň çep gözüniň aşagy göm-gökdi, agzynyň bir çeti dilnip, gany gatap galypdy. Ol prokuratora gorky gatyşykly synçylyk bilen seretdi. Prokurator birazajyk möhletden soň arameý dilinde sorady: ― Adamlary Ýerşalaim ybadathanasyny weýran etmäge ündän senmidiň? Prokurator doňňara daş ýaly bolup otyrdy, geplände, diňe dodagy zordan gymyldaýardy. Ol agyrydan ýaňa ataş bolup ýanýan başyny ýaýkamakdan gorkany üçin heýkel ýaly bolup otyrdy. Goly bagly adam haýallyk bilen öňe egildi-de, söze başlady: ― Eý, sahawatly adam! Sözüme ynan... Emma prokurator şol doňňara daş bolup oturyşyna, sesini hem gataltman, derhal jenaýatkäriň sözüni böldi: ― Sen maňa sahawatly adam diýip durmuň? Ýalňyşýansyň. Ýerşalaimde hemme adamlar meni gazaply mahluk diýip pyşyrdaşýardylar, özlerem juda dogry aýdýarlar. ― Soňra ol gepiniň äheňini üýtgetmän dowam etdi: ― Kenturion Krysaboýy çagyryň. Ýörite kenturiýa komandiri Krysaboý lakamly Mark prokuratoryň öňünde peýda bolan wagty, hemmäniň nazarynda bütin ýagtylygy zulmat eýelän ýaly boldy. Krysaboý legiondaky iň uzyn esgerden hem bir garyş uzyn we şu gadar eginlekdi welin, ol öz göwresi bilen ýaňy dogup gelýän Günüň hem öňüni bekledi. Prokurator oňa latyn dilinde ýüzlendi: ― Jenaýatkär maňa «sahawatly adam» diýýär. Ony bu ýerden bir sellem alyp çyk-da, maňa nähili mylakat etmelidigini düşündir. Emma maýyp edäýmäň. Mark Krysaboý yzymdan ýöre diýýän ýaly, jenaýatça el salgady, şonda doňňara daş bolup oturan prokuratordan başga hemmeler ony yzyndan synlap galdy. Umuman Krysaboý nirede bolsa-da, irimçik adam bolany üçin hemmeler onuň yzyndan seredip galýardy, ony birinji gezek gören adamlar bolsa, bedroý ýüzüne hem geň galyp bakýardylar: onuň burny birwagt german ýaragyndan paçak bolupdy, ýenjilipdi. Markyň daş pola tarp-tarp urlan zil dek ädiginiň sesi galdy, jenaýatçy onuň yzyndan tirkeşdi, sütünler meýdançasyna tamam dym-dyrslyk aralaşdy, şu sebäpli, göterme jaýyň balahanasynda, jaýyň garşysynda kepderileriň gugurdysy, fontan suwunyň geň äheňde ýakymly hiňlenmesi eşidilip başlady. Prokurator ýerinden galyp, hiňlenip akýan fontan suwuna ýaňagyny tutup, gozganman durmagy küýseýärdi. Emma barybir munuň hem dowa bolup bilmejegini bilýärdi. Krysaboý jenaýatçyny baga alyp çykyp, bürünç heýkeliň öňünde duran legioneriň elindäki gamçyny dartyp aldy we ony çalaja silkip, jenaýatçynyň arkasyna urdy. Komandir ýuwaş we biperwaý hereket kyldy, emma jenaýatçy şol demde edil aýagyna palta urlan dek ýykyldy, demi tutulyp, reňki buz dek agardy, gözleri manysyz bakdy. Mark çep eli bilen jenaýatçyny edil boş haltany göteren dek aňsatlyk bilen göterip, aýagyna galdyrdy we arameý dilinde çalgyrt samrady: ― Rim prokuratoryna diňe Igemon diýip ýüzlenmelidir, wessalam. Onuň garşysynda gaz ýaly durmak gerek. Gepime düşündiňmi ýa ýene gaýtalaýynmy? Gamçylaýynmy? Jenaýatçy yrandy, ýöne özüni saklap bildi, ahyry reňkine gelip, nepesini dürsedi, bogugrak ses bilen jogap gaýtardy: ― Gepiňe düşündim, indi beri urma! Bir salymdan soň, ol ýene prokuratoryň öňünde durdy. Hökmürowanyň tutuk we hassalaç sesi eşidildi: ― Adyň? Jenaýatçy indiberi hökümdaryň gaharyny getirmezlige çalşyp, bütin durky bilen howlukmaç aýtdy: ― Meniňmi? Prokurator pessaý ses bilen: ― Meniňki özüme mälim. Özüňi çendenaşa sadalyga salan bolma. Seniň adyň näme? ― diýdi. ― Iýeşua ― diýdi jenaýatçy gyssanyp. ― Lakamyň barmy? ― Ha-Nosri. ― Nirelisiň? ― Gamala şäherinden ― diýip, jogap berdi jenaýatçy we nirededir uzak demirgazykda, sag tarapda Gamala diýen şäher barlygyny yşarat edip, başyny atyp görkezdi. ― Haýsy öwlatdansyň? ― Anyk bilemok ― diýip, tiz jogap berdi jenaýatçy ― ata-enemi bilmeýärin, aýdyşlaryna görä, atam siriýaly eken... ― Hemişelik ýaşaýan ýeriň? ― Hemişelik ýaşaýan ýerim ýok ― diýip, eýmenip jogap berdi jenaýatçy ― şäher-şäher gezip ýörün. ― Muny bir söz bilen gysgaça beýan etmek mümkin ― ykmanda ― diýdi prokurator, soňam sorady: ― Dogan-garyndaşyň barmy? ― Hiç kimim ýok. Dünýäde täk özüm. ― Sowadyň barmy? ― Hawa. ― Arameý dilinden özge bir dili bilýärmiň? ― Bilýärin. Ýunan dilini. Pilatyň çişen bir gabagy göterilip, ezýetden gamaşan gözi jenaýatkäre dikildi. Ikinji gözi ýumuklygyna galdy. Ol grekçe gepläp başlady: ― Ybadathanany weýran etmekçi bolan we bu işe halky çagyran senmidiň? Jenaýatçy ýene janlandy, gözlerinden gorky alamaty gaýyp bolup, grek dilinde gepläp başlady: ― Men sahaw... ― agzyndan tas çykyp giden bu sözden jenaýatkäriň ýüzünde gorky hasyl boldy ― men, Igemon, hiç haçan hyýalyma-da getirmändim ybadathanany weýran etmegi we beýle nämakul işe hiç kimi çagyrmandym. Pessejik stola eglip, jenaýatçynyň berýän güwäligini ýazyp oturan kätibiň ýüzünde geň galmak alamaty peýda boldy. Ol kellesini galdyrdy, emma şobada ýene pergamente egildi. ― Bu şäherde geçýän baýram tomaşalaryna dürli taýpadaky adamlar gelýär. Olaryň arasynda sährgär-jadygöýler, müneçjimler, palçylar, jenaýatçylar bolýar ― diýdi prokurator özboluşly äheňde ― emma olaryň içinde ýalançylar hem tapylýar. Sen hem şolar ýaly ýalançyň biri. Halky ybadathanany weýran etmäge ündedi diýlip anyk ýazylypdyr. Adamlar bolsa, güwälik beripdir. ― Şol sahawatly adamlar ― diýip gepläp başlady jenaýatçy we howlukmaç: Igemon ― diýip goşdu-da, sözüni dowam etdi: ― sowady ýok adamlar, şu sebäpli, meniň aýdan sözlerimi ýoýupdyrlar. Umuman, bu ýoýulmalar entekler dowam eder diýip gorkýaryn. Bar bela şunda ki, meniň sözlerimi ol mydam nädogry ýazýar. Ümsümlik. Indi Pilatyň iki näsag gözi hem jenaýatça agyr nazar bilen seredýärdi. ― Saňa soňky gezek tekrarlaýaryn: özüňi dälilige salan bolma, garakçy ― mylaýym äheňde diýdi Pilat şol bir tukat ses bilen ― üstüňden ýazylan deliller köp däl, ýöne şularyň özi hem seni dardan asmak üçin ýeterlik. ― Ýok, ýok, Igemon ― diýdi jenaýatçy, Pilaty öz sözüne ynandyrmak üçin jan-dili bilen urnup ― biri bar, eline geçi derisinden eýlenen pergament alyp, ökjäme düşüp, dynuwsyz bir zatlar ýazyp ýör. Emma bir gezek şol pergamente göz gyýtagyny aýlap, doňup galdym. Men ol ýerde ýazylan gepleriň birinem aýtmandym. «Hudaý hakyna otlap taşla bu pergamentiňi» diýip, oňa ýalbardym. Ýöne ol pergamenti elimden kakyp alyp, gaçyp gitdi. ― Kim ol? ― diýip, iriljiräp sorady Pilat we elini çekgesine eltdi. ― Lewiý Matweý diýen adam ― diýip, yhlas bilen beýan edip başlady jenaýatçy, ― ol salgyt ýygnaýançydy. Men onuň bilen birinji gezek Wiffigiýa barýan ýoluň boýundaky injirlikde duş gelip gepleşdim. Başda ol maňa ynamsyzlyk bilen garady, ykarat etdi, ýagny, meni it diýip atlandyrdy, öz ýanyndan sögdüm diýip oýlan bolmaly, ― jenaýatçy ýylgyran boldy ― özüm-ä şol janawaryň ýaman tarapyny bilmeýärin, şonuň üçinem oňa gaharymam gelmedi... Kätip ýazmasyny goýdy, aşaklyk bilen jenaýatkäre däl-de, prokuratora haýran galmak bilen seretdi. ― Emma, sözlerimi diňläp, pälinden gaýdyp başlady ― diýip, Iýeşua dowam etdi. ― Ahyry, ol ýygnan pullaryny ýola zyňyp goýberip, seniň bilen jahankeşdelik etjek diýdi... Pilat saralyp giden dişlerini görkezip, bir ýaňagyny oýnadyp, ýylgyrdy. Soňam bütin göwresi bilen kätip taýa öwrülip, diýdi: ― O, Ýerşalaim şäheri! Munda eşitmejek zadyň barmy? Salgyt ýygnaýjy, muňa seretseňizläň, pullaryny ýola seçip goýberenmiş! Kätip muňa jogap ýerine näme diýjegini bilmän, Pilatyň ýylgyrmasyny gaýtalamagy makul gördi. ― Sebäp diýeniňde, ol şu günden başlap puly ýigrenýän diýdi ― diýip, Iýeşua Lewiý Matweýiň geň hereketini düşündirmäge synanyşdy, soňam― şol günden bärem ol maňa hemra boldy ― diýip üstüne goşdy. Prokurator heniz hem ýyrşarmasyny goýman, jenaýatça seretdi, soň öz oturan ýerinden ep-esli uzakdaky peslikde bolan aýlawa we ol ýerdäki at heýkelliriniň üstünden hemişelik ýokary göterilýän Güne ýüz tutdy-da, birdenem göwnüni gamgyn edýän nähilidir bir dert bilen: «Özümi gynap oturman, bir agyz «Asmaly!» diýip, bu natuwan jenaýatçyny garşymdan kowup goýbersem hem boljak. Soňra sakçylary hem dagydyp, özüm içerik girip, köşgi garaňkyradyp, sowujak suw getirmegi buýrup, naýynjar ses bilen itim Bangany çagyryp, oňa kellämiň agyrýandygyny aýdyp zarlanym ýagşydyr» ― diýip, hyýalyndan geçirdi. Şol halatda birden prokuratoryň agyrly başynda «zäher» diýen pikir peýda boldy-da, ony was-wasa salyp, lyp edip geçip gitdi. Ol bulançak gözlerini jenaýatça dikip, biraz wagt dymyp, taýak iýip, betnyşan bolup giden bu jenaýatçyny Ýerşalaim şäheriniň säherki güneşiniň tygynda durzup, oňa birnäçe nepi ýok, biderek sowal bermegem näme gerekdi diýip, başyny agyrdýardy. Ol: ― Lewiý Matweý diýdiňmi? ― diýip, näsag owaz bilen sorady we gözlerini ýumdy. ― Hawa, Lewiý Matweý ― diýip, Pilatyň derdini artdyrýan belent ses eşidildi. ― Her halda, nämeler diýipdiň bazardaky märekä, ybadathana hakynda? Jogap gaýtarýan adamyň sesi Pilaty gaty azaba salyp, çekgesine gazyk kakylýan ýalydy: ― Men, Igemon, gadymy iman öýi weýran bolup, täze hakykat öýi peýda bolar diýipdim, bolany. Şeýle diýsem, düşnükli bolar öýtdüm. ― Eý, ykmanda, nämüçin öz aňyrsyna ýetmeýän hakykatyň dogrusynda bazarda wagyz kylyp, adamlaryň ýüregine gulgula saldyň? Hakykat näme? Emma şu ýerde prokuratoryň kalbyndan: «Eý, taňrylarym! Men ondan suda asla gerekmejek närseleri sorap otyryn... Akyl-paýhasym indi maňa etagat etmän dur-ow» diýen sözler geçdi. Şu mahal onuň gözüne ýene gara suwuklyk guýlan bulgur göründi. «Zäher gerek maňa, zäher!» Ýene-de jenaýatçynyň sesi eşidildi. ― Häzir birinji nobatdaky hakykat şu ki, seniň kelläň agyrýar, özem örän gaty agyrýar, şol sebäpdenem sen ruhuňy düşgünlige salyp, ölüm hakynda pikirlenip başladyň. Sen häzir diňe meniň bilen gepleşmäge däl, eýsem, maňa dikanlap seretmäge-de ejiz. Şunlukda, indi men biygtyýar seniň jelladyňa öwrülip barýaryn. Men muňa gaty gynanýaryn. Häzir sen hiç zat hakynda oýlanmaga kadyr dälsiň, şonuň üçin hem, diňe öz itiň gaşyna gelmegini arzuw edýärsiň ki, çaky, seniň dünýäde yhlas goýan ýeke-täk jandaryň şu itiň bolsa gerek. Emma häzir derdiň dep bolup, kelle agyryň aýrylar. Kätibiň jenaýatça aňkarlany sebäpli, köp zat ýazylman galdy. Pilat dertli gözlerini zordan jenaýatça gönükdirdi, Günüň aýlawyň üstünden ep-esli göterlenini, onuň şöhlesiniň sütünleriň arasyna düşüp, Iýeşuanyň tozgun sandalyna çenli ýetip gelenini we onuň özüni güneşden çete çekýändigini gördi. Şonda ol kürsüden turdy, elleri bilen başyny mäkäm gysdy, sakgaly alnan ýylmanak ýüzünde gorky peýda boldy. Emma ol özüne erk edip, güýçli bu duýgyny derhal dep edip, ýene ýerinde oturdy. Jenaýatçy bolsa, şol bolşunda sözüni dowam edýärdi, emma kätip indi hiç zat ýazman, diňe gaz kibi boýnuny uzadyp, aýdylýan her bir sözi üns bilen kakyp alýardy. ― Ana, indi bary gutardy ― diýdi jenaýatçy Pilata mähirli bakyp, ― men muňa örän şat. Saňa, Igemon, bu ýerleri, köşgi wagtlaýynça terk edip, şäheriň çetinde, takygy, Ýeleon depeligindäki baglarda seýil etmegi maslahat bererdim. Häli agşama golaý gök gümürdäp, ýyldyrym çakar ― diýip, jenaýatçy gözlerini süzüp, Güne seretdi. ― Seýil etseň, özüňe gowy bolardy, men bolsa, saňa janym-tenim bilen ýoldaş bolardym. Beýnime käbir täze pikirler geldi, olaryň seni gyzyklandyrmagy ahmal diýip oýlanýaryn, şonuň üçinem, olary seniň bilen bölüşerdim, üstesine-de, sen danyşment adama meňzeýärsiň. Kätip merhum ýaly agaryp, elindäki pergamenti ýere gaçyrdy. ― Bar bela şunda ki ― diýip, sözüni dowam etdi bendi, hiç kim onuň gepine garşylyk görkezmeýärdi, ― sen hetdenaşa bus-bus bolan adam sen, adamlara bolan ynanjyňy ýitiripsiň. Özüň oýlanyp gör, bütin mähir-mylakatyňy bir ite garadyp gün geçirmek mümkin däl ahyry. Ýaşaýşyň, Igemon, örän tukat, ― şu sözden soň, ol ýylgyrmaga jan etdi. Kätip indi diňe bir närse dogrusynda: öz gulaklaryma ynansammykam ýa ynanmasammykam diýip oýlanýardy. Emma ynanmasa hem alajy ýokdy. Akybetde ol, tussagyň göz görüp, gulak eşitmedik beýle edepsiz gürrüňini diňläp, gyzma prokuratoryň gazabynyň nähili garaşylmadyk şekilde ýüze çykjakdygyny göz öňüne getirmäge synandy. Kätip muny hem göz öňüne getirip bilmedi, ol prokuratoryň gylygyny juda oňat bilýärdi. Şonda Pilatyň gyryk we pessaý sesi eşidildi: ― Elini çözüň! ― diýdi ol latynçalap. Sakçy legionerlerden biri naýzasyny ýere «düňk» edip urup, ony başga sakça uzatdy we özi tussaga golaý baryp, ýüpi çözdi. Kätip ýere gaçan dolangy pergamenti ýerden göterdi, emma häzirlikçe hiç zat ýazmazlygy, hiç zada geň galmazlygy özüne äht etdi. ― Çynyňy aýt ― diýip, Pilat grek dilinde sorady, ― sen beýik wraçmy? ― Ýok, prokurator, men wraç-a däl ― diýip, tussag ýenjilen we çişip gyzaran bileklerini hözir bilen owkalap jogap berdi. Pilat tussaga gabagynyň astyndan burawlap seretdi, onuň gözlerindäki bulançaklyk indi ýitip, ýene hemmä tanyş bolan uçgunlar peýda boldy. ― Ýaňy soramandyryn, ― diýdi Pilat, ― belki, sen latyn dilinem bilýänsiň? ― Hawa, bilýärin ― diýip, tussag jogap berdi. Pilatyň sarymtyl ýüzüne gan ýüwrüp, ol latynçalap sorady: ― Iti ýanyma çagyrmak islänimi nädip bildiň? ― Bu kyn däl ― diýip, tussag latyn dilinde jogap berdi, ― sen göýä iti sypalajak ýaly bolup eliňi, ine, şeýtdiň ― diýip, bendi Pilatyň el hereketlerini gaýtalady, ― soňra dodaklaryň hem... ― Dogry ― diýdi Pilat. Ara birazajyk dymyşlyk düşdi, soň Pilat grek dilinde sorag berdi: ― Diýmek, sen warç! ― Ýok, ýok, men wraç däl ― diýip tussag howlukmaç jogap berdi, ― sözüm dogrudyr. ― Ýeri, bolýar, syr saklamakçy bolsaň, öz ygtyýaryň. Asla munuň biziň işimize dahylam ýok. Diýmek, sen ybadathanany weýran etmäge... ýa oňa ot bermäge, ýa bolmasa, başga bir ýol bilen ony berbat etmäge halky çagyran dälsiň, şeýlemi?! ― Tekrarlap aýdýaryn, Igemon, men hiç kimi beýle işe çagyran däldirin. Ýa men şeýle tentege meňzeýänmi? ― Ýo-ok, sen tentek adam-a meňzänok ― diýdi pes owaz bilen prokurator, soňam ýowuz ýylgyryp: ― Bolýar onda, beýle etmänligiň hakynda kasam iç. ― Nämeden kasam içmegimi isleýärsiň? ― diýip, eli çözlüp, ruhy göterilen bendi sorady. ― Ömründen ant içäý ― diýdi prokurator, ― häzir aýny janyňy orta goýjak pursatyň, düşün, ol häzir gylyň ujunda asylyp dur, şony unutma! ― Janymy gylyň ujunda, belki, sen asyp goýansyň, Igemon? ― diýip sorady tussag, eger şeýle diýip oýlanýan bolsaň, gaty ýalňyşýarsyň. Pilat saňňyldady, soň dişlerini gyjap diýdi: ― Men şol gyly üzübem bilerin. ― Ýene ýalňyşýarsyň ― diýip, tussag aýasy bilen gözüni Günden kölegeledip, açyk ýüz bilen ýylgyrdy, ― gyly kim asan bolsa, diňe şonuň özi üzüp biler, şeýle dälmi? ― Şeýle, şeýle ― diýdi Pilat ýylgyryp, ― Ýerşalaimli işýakmaz aňkawlaryň yzyňda sürlenişip ýörenine indi şübhäm galmady. Diliňi kim ýasan bolsa-da, juda kesgir edip ýasapdyr. Ýogsa-da, sen aýt, Ýerşalaime Suz derwezesinden eşek münüp girip gelipmişiň, garamaýak halk seni göýä bir pygamber dek şatlykly owazlar bilen garşy alanmyşyn, şu dogrumy! ― diýip, prokurator pergamente yşarat etdi. Tussag geň galyp, prokuratora dikanlady: ― Mende asla eşek ýok, Igemon, ― diýdi ol. ― Dogry, Ýerşalime Suz derwezesinden girdim, ýöne pyýadadym, ýanymda-da diňe Lewiý Matweý bardy, üstesine-de, hiç kes maňa hiç zat diýip gygyrmady, çünki meni o wagt Ýerşalimde hiç kimse tanamaýardy. ― Sen ― diýip ― Pilat gözüni tussagdan üzmän dowam etdi, ― Dismas diýen adamy, soňra Gestes, ýene Warrawwan diýenlerini tanaýaňmy? ― Men ol sahawatly adamlary tanamaýaryn ― diýip, tussag jogap berdi. ― Rastyňmy? ― Rastym! ― Indi maňa ýene şuny aýt, nämüçin sen zol «sahawatly adam» diýip gepleýärsiň. Hemmelere-de şeýle diýýäňmi? ― Hemmelere ― diýip, jogap berdi tussag, ― dünýäde erbet adam ýok. ― Muny birinji gezek eşidýän ― diýdi Pilat ýyrşaryp, ― belki, men durmuşy gowy bilýän däldirin?! Indi ýazmasaň hem bolar ― diýip, onsuzam hiç zat ýazman oturan kätibe ýüzlendi, soň ýene tussag bilen söhbetini dowam etdi: ― Bu hakda grekleriň bir kitabyndan okapmydyň? ― Ýok, öz akylym bilen şeýle netijä geldim. ― Diýmek, sen şuňa ynanýaň-da? ― Elbetde. ― Ine, meselem, Mark ― oňa Krysaboý diýip lakam hem goýupdyrlar, ýeri, indi şol hem sahawatlymy? ― Hawa ― diýip, jogap berdi bendi, ― dogry, ol bagtygara adam. Sahawatly adamlar ony heläkläp, betbeşer edipdirler, ine, şondan soň, ol betgahar we gagal adam bolupdyr. Kim ony beýle ýagdaýa salyp, husurly etdikä? ― Muny saňa bimelal, doly aýdyp bererdim ― diýdi Pilat, ― çünki, özüm munuň şaýady bolupdym. Şol seniň aýdan sahawatly adamlaryň oňa edil aýa hemle eden köpekler deýin topulypdylar. Märeke onuň bogazyna, eline-aýagyna ýapyşypdy. Pyýada manipul gabawa düşüpdi, şonda meniň komandirlik eden atly goşunym gapdaldan gabawy böwsüp girmedik bolsa, saňa, dana ýigit, bu gün Krysaboý bilen söhbetleşmek nesip etmezdi. Bu ýagdaý Idistawiza golaýynda Periler jülgesinde bolan jeňde ýüz beripdi. ― Men onuň bilen gürleşsem ― oýlanybrak diýdi birden tussag, ― emin men ki, ol häsiýetini düýpgöter üýtgederdi. ― Pikir edip görýän welin ― diýdi Pilat, ― hatda goşun ofiserleri ýa esgerleriniň biri bilen söhbet etseň hem, bu bolşuň bilen serkerdäni gaty ynjydardyň. Bir gowy ýeri, seniň hem, serkerdäniň hem bagtyna beýle söhbet bolmaz, ilki bilen özüm muňa ýol bermerin. Şu wagt sütünler hataryna bir garlawaç ok ýaly uçup girip, altyn gümmez astynda bir mertebe çarh urup aýlandy-da, soň pessaýlap, mis heýkeliň ýanyndan şuwlap geçip, sütün bogdaklarynyň penasynda gözden gaýyp boldy. Meger, şol ýerde höwürtge gurjak bolýandyr. Ine, şu garlawajyň perwazy dowamynda prokuratoryň indi agyrydan azat bolan dana başynda şeýlebir karar wujuda geldi: Igemon Ha-Nosri lakamly filosof Iýeşuanyň işini derňäp, ondan jenaýat tapmady. Hususan-da, Iýeşuanyň hereketleri bilen ýaňy-ýakynda Ýerşalaimde ýüze çykan tertipsizlikleriň arasynda hiç hili baglanyşygyň ýoklugyny anyklady. Ykmanda filosof ruhy taýdan näsag bolsa nätjek! Şeýlelikde, Kiçi Sinedronyň Ha-Nosri hakynda çykaran ölüm jezasyny prokurator tassyklamaýar. Emma Ha-Nosriniň biakyl utopik beýanlarynyň Ýerşalaimde halk gozgalaňlaryna sebäp bolmagynyň ähtimallygyny göz öňünde tutup, prokurator Iýeşuany Ýerşalaimden çetleşdirýär we Ortaýer deňzindäki Straton Kaýsarlygynda, ýagny, prokuratoryň bolýan ýeri ýerleşen deňzinde türmä höküm edýär. Höküm taýýar. Indi ony diňe kätibe aýdyp, ýazdyraýmak galypdy. Garlawaç Igemonyň üstünden ganatlaryny pyr-pyrladyp geçip, özüni fontan howuzjygynyň içine urdy, soň giň asmana perwaz kyldy. Prokurator başyny göterip, tussaga seredende, onuň daşynda güneş şuglasyna gark bolan çaňyň tozan bolup göterlenini gördi. ― Hemmesi şu hakdamy? ― diýip, Pilat kätipden sorady. ― Gynansagam, beýle däl ― diýip, kätip Pilata başga bir pergamenti uzatdy. ― Ýene näme bar? ― diýip, Pilat gabagyny asyp sorady. Uzadylan pergamenti okap çykdy-da, onuň reňki üýtgedi. Boýnuna we ýüzüne gara gan guýuldymy ýa-da başga bir ýagdaý ýüze çykdymy, garaz, reňkindäki sarylyk üýtgäp, goňur tüýs aldy, gözleri bolsa owasynyň içine çöküp giden ýaly boldy. Çaky, hemme bela çekgesine guýlup, damarda depirjäp başlan gandady, emma prokuratoryň gözlerine bir zad-a boldy. Onuň gözüne tussagyň kellesi nireleredir bir ýere uçup gidip, ýerine başga kelle peýda bolan ýaly boldy. Ol kel kelle bolup, oňa şaçy seýrek altyn täç geýdirilipdi, onuň maňlaý derisini oýup taşlan töwerek şekildäki ýara melhem çalyngy, bir dişi-de galmadyk agzy opurylyp, aşaky dodagy kemşerýän ýaly asylyp durdy. Şu mahal eýwandaky bägül reňkli sütünler we aşakdaky bagyň aňry tarapyndan başlap, alyslara uzalyp giden Ýerşalaim jaýlary Pilatyň gözünden gaýyp bolup, töwerekdäki hemme närseler Kapreýa baglarynyň ýap-ýaşyl daragtlary bilen örtülen ýaly bolup duýuldy. Onuň gulagyna hem juda geň närseler eşidilip başlady, göýä kimdir biri juda uzakda durup, ýuwaş, emma elhenç sesli sur çalan ýaly boldy, kimdir biriniň her sözi uzyn-uzyn tekepbir heňde ýaňlanyp: «Beýikleri kemsitmezlik hakynda kanun» diýen sözi anykdan anyk eşidildi. Pilatyň hyýalyndan uzynly-gysgaly, üzlem-saplam we gaýry ýönekeý pikirler bir-bir geçip başlady: «Gurban boldy!», soňra: «Gurban boldular!..» Ondan soň, şu bulam-bujar pikirleriň arasynda nähilidir we kimiňdir hemişe bakylygy hakynda düýbünden bimany pikir hem ýüze çykdy ki, bu bakylyk nämüçindir onuň ýüregini gysdyryp, gussa batyrdy. Pilat ahyry özüni ele alyp, pikir-hyýallary dep etdi, özüni ýene balkonda gördi, ýene onuň garşysynda tussagyň gözleri göründi. ― Gulak sal, Ha-Nosri ― diýip, prokurator Iýeşua juda geň tüýsde dikanlap söze başlady, ― onuň ýüzi howsalalydy, gözleri bolsa, gaýgylydy. ― sen beýik kaýsarymyz ― patyşamyz hakynda bir ýerlerde bir zatlar diýipmidiň? Jogap ber ! Gepläpmidiň?.. Ýa-da ýo-ook? Pilat «ýok» sözüni sud wagtynda berilýän soragdaky «ýoga» görä birhili uzaldyp sözledi we tussaga düşündirjek bolýan pikirini göz üsti bilen beýan etdi. Tussag: ― Hak sözi aýtmak hem aňsat hem ýakymly ― diýdi. ― Men senden ― diýip, Pilat sowuk hem gyryljak ses bilen ― hak sözi aýtmak ýakymlymy ýa ýakymsyzmy diýip soramok. Her zat-da bolsa, sen ony aýtmaly bolarsyň. Indi eger sen ölmegi, öleňde hem gynalyp ölmegi islemeseň, gepleýän her bir gepiňi owal pugta oýlanyp, soň sözle. Iudeýa prokuratoryna näme bolanyny hiç kim aýdyp bilmez, emma ol ýüzüni güneş şöhlesinden penalamakçy bolýan ýaly elini göterdi we şol eliň penasynda tussaga gözi bilen nämedir bir zady ümlejek bolýan ýaly seretdi. ― Ýeri, bolýa, ― diýdi ol, ― jogap ber, sen kariafiýaly Iuda diýen adamy tanaýaňmy, oňa kaýsarymyz /kesar ― patyşa/ hakynda bir zat diýipmidiň? ― Waka şeýle bolupdy ― diýip, jan-dili bilen beýan edip başlady tussag, ― öten agşam men ybadathananyň öňünde bir ýigit bilen tanyşdym, ol özüni men Kariaf şäherinden, adym Iuda diýip tanyşdyrdy. Soňra ol meni «Aşaky şäherdäki» öýüne alyp baryp, myhmanlady. ― Ol hem sahawatly adammy? ― diýip, Pilat sorady, şol wagt onuň gözlerinde arwahana ot ýandy. ― Örän sahawatly we bilesigeliji adam eken ― diýip, tassyklady tussag, ― ol meniň pikirlerimi diýseň gyzygyp diňledi, meni dostana kabul etdi... ― Şemçyraglary ýakdy... diýdi Pilat dişleriniň arasyndan tussagyň äheňinde, onuň gözleri yşrap ýandy. ― Hawa ― diýdi Iýeşua, prokuratoryň bolşuna birazajyk geňirgenip, soňam sözüni dowam etdi, ― ol menden döwlet häkimiýeti hakynda aýtmagymy sorady. Şu mesele ony gaty gyzyklandyrýan eken. ― Bolýa, sen näme diýdiň? ― diýip, Pilat sorady, ― Ýa näme diýenim ýadymdan çykdy diýip bahana etjekmi? ― Pilatyň gepiniň äheňinde indi umytsyzlyk peýda boldy. ― Öňki aýdanlarymyň ― diýip, başlady tussag, ― men aýtdym, islendik häkimiýet adamlara zulum edýär, wagt gelip, ne patyşalar häkimiýeti, ne-de özge häkimiýetler galar diýip. Adamzat hakykatyň we adalatyň şalygyna barar, ýaşap başlar, onsoň hiç hili häkimiýetiň zerurlygy hem bolmaz. ― Onsoň! ― Soň hiç zat bolmady ― diýdi tussag, ― şol wagt birnäçe adam öýe kürsäp girip, ellerimi arkama daňyp, gazamada alyp gitdi. Kätip bir sözi-de üýtgetmezlige çalşyp, şatyrdadyp pergamente ýazýardy. Ine, şonda Pilat gyryljak hassa sesi bilen: ― Tiweriýa imperatorynyň häkimiýetinden beýik we halk üçin ajaýyp häkimiýet dünýäde bolmandyr, häzirem ýok, mundan buýana-da bolmaz! ― diýdi. Prokurator kätibe hem, sakçylara hem nämüçindir ýigrenç bilen seretdi. ― Häkimiýet hakynda netije çykarmak seniň işiň däl, akmak jenaýatçy! ― diýdi Pilat, soňam gygyryp: ― Sakçylary balkondan çykaryň ― diýdi, soň kätibe tarap öwrülip, dowam etdi: ― Meni jenaýatçy bilen ýeke galdyryň, döwlet bähbitli iş bar. Sakçylar naýzalaryny göterip, nal kakylan ädiklerini bir nyzamda şarkyldadyp, balkondan baga çykdylar, kätibem olaryň yzyna eýerdi. Balkona düşen ümsümligi bir pursat diňe fontandan atylýan suwuň şaggyldysy bozdy. Pilat jüründikden çüwdürilýän suwuň daşdan tabagy dolduryşyny we onuň gyrasyndan şabyrdap akyşyny synlap otyrdy. Ilki bilen tussag gepledi: ― Şol kariafly ýigit bilen söhbet etmegim bar belanyň başy bolsa gerek. Meniň aňlyşyma görä, igemon, ol ýigit bagtsyzlyga duçar bolar, meniň oňa nebsim agyrýar. ― Dünýäde ― diýip, geň gülümsiräp jogap berdi prokurator, ― ýagdaýyna kariafly Iudanyňkydan-da beterräk gynanmaly käbir adamlar bar. Seniň, Iuda däl-de, ana, şolara köpräk nebsiň agyrsyn! Gepiň tümmek ýeri, doňbagyr, ynamdar jellat Mark Krysaboý hem, wagyz edeniň üçin, anha, görüp durun, ― prokurator Iýeşuanyň parçalanan ýüzüne yşarat etdi ― seni uran adamlar hem, şärikleri bilen bilelikde dört esgeri öldüren garakçylar: Dismas bilen Gestas we iň soňunda, hapa hyýanatçy Iuda hem ― şolaryň hemmesi-de sahawatly adamlarymy seniňçe? ― Hawa ― diýip, tussag jogap berdi. ― Hakykat şalygy hem bolarmy? ― Bolar, Igemon, ― diýip, anyk ynanç bilen jogap berdi Iýeşua. ― Ýok, hiç haçan bolmaz! ― diýip, Pilat birden elhenç owaz bilen gygyryp goýberdi, Iýeşua tisginip, yraň atdy. Mundan köp ýyllar öň Periler Düzlüginde Pilat öz suwarylaryna: «Çap olary! Ur ganymlary! Äpet Krysaboý ele düşdi!» diýip, şeýle elhenç gygyrypdy. Häzirem köp komanda berip gyrlan sesini adamlar eşider ýaly, her sözüni däne-däne edip, has batlyrak gygyrdy: ― Jenaýat edeniň hak! Jenaýatçy sen! Jenaýatçy! Şundan soň ol pessaý ses bilen sorady: ― Iýeşua Ha-Nasri, sen haýsydyr bir hudaýlara ynanýarmyň? ― Hudaý bir ― diýip, jogap berdi Iýeşua, ― men şoňa ynanýaryn. ― Onda şoňa ýalbar! Yhlas bilen dileg et! Emma barybir ― birden Pilatyň sesi gyryldy ― mundan nep çykmaz. Aýalyň ýokmy? ― diýip, nämüçin beýle keýpiýete düşeninden özi hem bihabar Pilat mylaýym äheňde sorady. ― Ýok, boý ýigit men. Birdenem: ― Ýaramaz şäher! ― diýdi prokurator, edil sowukda üşän ýaly eginlerini silkip, ellerini bolsa, ýuwunýan ýaly biri-birine sürtdi, ― Seni şol kiriafly Iuda bilen söhbet etmezinden öň pyçaklap giden bolsalar, has oňat bolardy. ― Sen meni azat etseň nädýär, igemon, ― diýip, garaşylmadyk ýerden tussag haýyş etdi, ― onuň sesinde howsala peýda boldy, ― meni öldürjek bolýandyklaryny süňňüm syzýar. Pilatyň ýüzi sandyramadan ýaňa gyşardy, ol agyna gyzyl damarjyklar ören gözüni Iýeşua aýlap gepledi. ― Eý, betbagt, sen ýaly agzyndan beýle gepler çykan adamy Rim prokuratory nädip azat etsin! Eý, taňrylarym! Ýa-da öz ýeriňde meniň bolmagymy isleýärmiň? Seniň pikirleriňe men goşulmaýaryn! Meni diňle: eger şu demden başlap, jyp edip agzyňy açsaň, bir adam bilen sözleşseň, menden ägä bol! Tekrarlap aýdýaryn, menden ägä bol! ― Igemon... ― Sem bol! ― diýdi, Pilat we şu wagt ýene balkona uçup giren garlawaja gazaply nazar aýlap: ― Bärik geliň! ― diýip gygyrdy. Kätipdir sakçylar girip, öz ýerlerini eýelänlerinden soň, Pilat Kiçi Sinedrionyň jenaýatçy Iýeşua Ha-Nosriniň üstünden çykarylan ölüm jezasyny tassyklaýandygyny yglan etdi, kätip bolsa, Pilatyň aýdanlaryny derhal göçürdi. Ýene bir demden soň, prokuratoryň gaşynda Mark Krysaboý durdy. Pilat oňa jenaýatçyny gizlin gullugyň başlygyna tabşyrmaly, aýny wagtda oňa Iýeşua Ha-Nosrini beýleki jenaýatçylardan aýra saklamak hakynda, şeýle hem. Iýeşua bilen bir zat dogrusynda gepleşen ýa onuň haýsydyr bir soragyna jogap beren her bir gizlin gullugyň hyzmatçysyny iň agyr jeza höküm etjegim hakyndaky permanymy hem ýetirmeli diýip buýruk berdi. Markyň bir yşaraty bilen sakçylar Iýeşuanyň daşyna üýşdüler-de, ony balkondan alyp gitdiler. Soňra prokuratoryň garşysynda kaddy-kamaty gelşikli, çypar sakgally, kükregini örten sowuda şirleriň ýaldyrawuk tumşuklary çekilen, harby demir papagyna täç sypatynda bürgüt peri sünjülen, şempiriniň kemerbendi altyn nokatlar bilen bezelen, üç gatly deriden bolan aýakgabynyň ýüpleri tä dyzyna çenli oralan, gyrmyzy reňkli plaşy çep egnine taşlanan hoşroý bir ýigit peýda boldy. Bu legionyň serkerdesi legatdy. Prokurator ondan Sebastiýa kogortasynyň häzir niredeligini sorady. Serkerde sebastiýalylaryň häzir ol ýerde jenaýatçylar baradaky çykarylan höküm yglan edilýänçä, aýlawyň öňündäki meýdançany gabap durandygyny habar berdi. Şonda prokurator serkerdä Rim kagortasyndan iki kenturiýany bölüp aýyrmagy buýurdy. Bu kenturiýalylardan biri Krysaboýyň baştutanlygynda jenaýatçylary öldürmäge gerekli bolan gurallar ýüklenen arabalara we jellatlara Takyr Depä barýança gözegçilik edip, ol ýere ýetip baranlaryndan soň, depäniň ýokarsynyň üstüniň bir tarapyny gabawa almaga gerekdi. Ikinji kenturiýa bolsa, häziriň özünde şol Takyr Depä ugrap, derhal onuň töweregini eýeläp, gabap durmak üçin zerurdy. Prokurator diňe şu maksat bilen, ýagny, Depäni gorap durmak üçin serkerdeden kömekçi atly polk ― Siriýa goşunyny ibermegi haýyş etdi. Serkerde çykyp gidenden soň, prokurator kätibe ýüzlenip, Sinedrionyň prezidentini we onuň iki agzasyny, şeýle hem Ýerşalaim ybadathanalarynyň sakçylarynyň serdaryny köşge çagyrmagy buýurdy, soň ýene şol buýrugyň üstüne goşdy: ― Şeýlebir zat ediň ki, men çagyrylan şu adamlar bilen geňeş geçirmezimden öň, prezident bilen özbaşdak duşuşaýyn. Prokuratoryň emri tiz ýerine ýetirildi. Soňky günlerde Ýerşalaimi örän birehim gyzdyrýan Gün heniz ýokary derejä ýetmänkä, bagyň üstki eýwanynda, onuň basgançagyny gorap duran bir jübüt ap-ak mermerden ýolbarsyň ýanynda prokurator Sinedrionyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Iudeýanyň beýik hezreti, baş ruhany Iosif Kaifa bilen duşuşdy. Bagda ümsümlik höküm sürýärdi. Emma prokurator sütünleriň arasyndan geçip, düýpleri haýbatly pil aýaklaryny ýada düşürýän hurma daragtlary ösüp oturan bagyň Gün nuruna gark bolan üstki balkonyna çykdy. Onuň göz öňünde, onuň öz halamaýan Ýerşalaim şäheri özüniň asma köprüleri, galalary we ― iň esasy ― tutuş binasy uly akulanyň töňňe pisint hamyny ýatladýan, mermer daşlardan hem altyndan bina bolan, görki hiç bir tarypa sygmaýan uly ybadathanasy bilen suratlandy we prokuratoryň jam ýaly gulaklaryna juda alysdan ― galanyň daş diwarly köşk bagynyň aşak eýwanyny şäher meýdanyndan aýryp duran peslikden adamlaryň wagtal-wagtal kä perýada, kä nagra meňzäp gidýän gohy eşidildi. Prokurator ol tarapda ― meýdanda soňky günlerde Ýerşalimde ýüz beren tertipsizliklerden jünbüşe gelen bihasap märekäniň toplanandygyna, bu mähelläniň jenaýatçylaryň üstünden höküm çykarylmagyna bitakatlylyk bilen garaşýandygyna, gygyrýanlaryň bolsa, janserek suw satýanlardygyna göz ýetirdi. Prokurator ýakyp barýan Gün tygyndan özüne pena tapmak üçin ilki bilen baş ruhanyny balkona teklip etdi, Emma Kaifa hormat bilen üzür sorap, teklibi kabul edip bilmejekdigini aýtdy. Şonda Pilat saçy seýrekleşip başlan başyna plaşynyň gaýtarma papagyny /kapýuşon/ geýip, söhbete başlady. Bu söhbet grek dilinde geçdi. Pilat Iýeşua Ha-Nosriniň işini derňäp çykandygyny we ölüm jezasyny tassyklandygyny aýtdy. Şeýlelikde, bu gün amala aşyryljak ölüm jezasyna üç garakçy: Dismas, Gestas, War-rawwan, şeýle hem, olar bilen birlikde Iýeşua Ha-Nosri-de höküm edilipdi. Halky ýoldan azdyryp, Kaýsara garşy gozgalaň turuzjak bolan, garpyşykda Rim häkimiýetiniň eline düşen başky iki jenaýatçy prokuratoryň öz ygtyýaryndady, şonuň üçin olaryň täleýi hakda gürrüň hem bolup biljek däldi. Soňkular, ýerli häkimiýetler tarapyndan ele salnan War-rawwan we Ha-Nosri bolup, olar barada Sinedrion höküm çykarypdy. Kanuna we däp-dessura görä, şu iki jenaýatçydan birini bu gün girip gelýän gutly pasha baýramynyň şanyna azat etmek lazymdy. Gepiň gysgasy, prokurator şu iki jenaýatçydan haýsy birini Sinedrionyň azat etjekdigini bilmek isleýärdi: War-rawwanymy ýa-da Ha-Nosrinimi? Kaifa sorag düşnükli diýen manyda baş egdi we jogap berdi: ― Sinedrion War-rawwany boşatmagy soraýar. Baş ruhanynyň şeýle jogap berjegini prokurator oňat bilýärdi, emma onuň wezipesi, özüni beýle jogaba geň galan edip görkezmekdi. Pilat bu wezipäni uly sungat derejesinde ýerine ýetirdi. Onuň gaşlary tekepbir ýüzünde maňlaýyna çenli göterildi, ol baş ruhana haýran galmak bilen göni seredip: ― Dogrusy, bu jogap meni geň galdyrdy, ― diýdi ol mylaýym äheňde, ― säwlik dagy bolaýdymyka diýip gorkýaryn. Pilat öz pikirini düşündirdi. Dogry, ― Rim hökümeti ýerli dini edaralaryň hukugyny asla kemsitjek bolýan däldir, muny hezreti alyjenap baş ruhanynyň özi hem oňat bilýändir, ýöne bu işde edil häzir ýalňyş goýberilendigi anyk. Elbetde, görnüp duran bu hata düzedilse, Rim häkimiýetlerine bähbitli bolardy. Hakykatdanam, War-rawwan bilen Ha-Nosriniň jenaýatlarynyň arasyndaky düýpli parh bardy, agyrlygy boýunça deňeşdirer ýaly däldi. Telbeligi aýdyň görnüp duran ikinji jenaýatçy özüniň tutyraksyz gepleri bilen Ýerşalaimde we başga käbir ýerlerde adamlaryň ynjalygyny bozmakda aýyplansa, birinji jenaýatçynyň aýby diýseň agyrdy. Ol halky açykdan-açyk gozgalaňa çagyrmak bilen çäklenmän, ýene özüni ele saljak bolan sakçylardan birini öldüripdi hem. War-rawwan Ha-Nosrä garanyňda has howplyrakdyr. Ýokarda aýdylan sebäplere görä, prokurator baş ruhanydan Sinedrionyň kararyny gaýtadan görüp çykmagy we iki jenaýatçydan zyýansyzragyny azat etmegi soraýar ki, şol zyýansyzrak jenaýatçy, şübhesiz, Ha-Nosridir. Şeýle dälmi? Kaifa Pilatyň gözlerine göni bakyp, Sinedrionyň hökümnamany üns bilen öwrenendigini, şoňa görä-de, War-rawwany azat etmegi niýet edýändigini ikinji gezek ýuwaş, emma kesgitli aýtdy. ― Be-e!? Hatda meniň haýyşymdan soňammy? Rim häkimiýetiniň adyndan gepleýän şahsyň haýyşy hem wajyp bolmaýarmy? Hezreti alyjenap, üçünji mertebe hem tekrarla jogabyňy? ― Üçünji mertebe hem, War-rawwany azat etjegimizi mälim edýäris ― diýip, Kaifa ýuwaşja aýtdy. Mesele çözülipdi, aýdara başga söz galmady. Ha-Nosri indi o dünýä gidip barýardy, diýmek, prokuratoryň ýowuz azarly kelle agyrysyny indi hiç kim dowalap bilmeýärdi; bu derde ölümden başga em ýok. Emma, häzir Pilatyň aňkasyny aşyrýan närse bu pikir däldi. Ýaňky balkonda ýüze çykan şol ýakymsyz demikdiriji duýgy onuň ähli endam-janyny soka salnan ýaly edýärdi. Häziriň özünde ol özüniň bu ýagdaýyna düşünmäge synandy, ýöne düşünmek juda kyn bolup çykdy: prokuratoryň göwnüne höküm edilen Ha-Nosri bilen nämänidir bir zady aýdyşyp ýetişmedik ýaly, hatda onuň haýsydyr bir pikirini soňuna çenli diňlemedik ýaly boldy. Pilat bu pikiri hyýalyndan geçirdi, ol nähili tiz peýda bolan bolsa, şonça-da tiz gaýyp boldy. Pikir-ä gaýyp boldy, emma demikdiriji howsala häli hem öňküligine galdy, edil ýyldyrym dek bir çakan şu demde öçen: «Bakylyk... bakylyk başlandy...» diýen başga bir gysgajyk pikir hem bu ýagdaýy düşündirip bilmeýärdi. Kimiň bakylygy başlandy? Muňa prokurator düşünip bilmedi, emma bu bakylyk hakyndaky matal ýaly bir pikir şu jyzyrama gün tygynda hem ony gagşatdy. ― Ýagşy, ― diýdi Pilat, ― goý, şeýle bolsun. Indi ol daş-töweregine göz aýlap, ýüz beren özgerişlige geň galdy. Gunçalary pür açylan bägül buta we ýokarky eýwanyň etrapynda hatar düzlüp duran serwi daragtlary gaýyp bolupdy, enar daragty hem, ýap-ýaşyl maýsalykdaky ak heýkel hem, maýsalygyň özi hem gözden ýitipdi. Bu gözel tebigatyň ornuny nähilidir bir gyrmyzy çökündi eýeläp, bu çökündide suw otlary gögerip, nirädir bir ýere süýşüp başlady, Pilatyň özi hem şu otlar bilen bile gidip barýardy. Indi iň bir ýowuz gazap, ejizligiň gazaby ony bogup hem köýdürip, allaowarra äkidip barýardy. ― Dünýäm daralýar, ― diýdi Pilat, ― dünýäm daralýar! ― Ol sowuk we nemli eli bilen plaşynyň ýakasyndaky düwni çözdi, plaş syrylyp gumak ýere düşdi. Bu gün howa dymyk, nirededir bir ýerde çagba ýagýar ― diýdi ― Kaifa prokuratoryň gan guýlan ýüzünden gözüni aýyrman we onuň enteklerem çekjek barça azaplaryny göz öňüne getirip, «Bä, bu ýyl nisan aýy örän ýowuz geldi-ow!» ― Ýok, ― diýdi Pilat, ― howanyň dymyklygyndan däl, Kaifa seniň bilen duranym üçin demigýän, ― soň ol gözlerini süzüp ýylgyrdy-da, üstüne goşdy: ― Özüňi gora, baş ruhany. Kaifanyň şar gara gözleri has-da şöhlelendi, ýaňy prokuratoryň keşbinde nähili geňsi alamat ýüz beren bolsa, indi Kaifanyň hem ýüzünde şeýle taňlyk peýda boldy. ― Nämeler diýýärsiň, prokurator? ― Tekepbir we hatyrjem äheňde diýdi ol, ― Höküm çykarylandan soň, maňa howp edýäňmi? Hökümi özüň tassykladyň-a! Gulaklaryma ynanmaýaryn. Biz Rim prokuratorynyň owal pugta oýlanyp, soň öz pikirini beýan edýänligine öwrenşipdiris. Biziň gürrüňimizi biri eşidäýen-ä däldir hernä, Igemon? Pilat baş ruhana öli gözlerini dikdi, dişini akjardyp mylaýym ýylgyrjak ýaly etdi. ― Aý ýok-la, baş ruhany! Bu ýerde biziň gepimizi kim eşidip biler? Menem şu gün öldüriljek şol ykmanda, diwana ýigide meňzeýänmi? Ýa çagamydym men, Kaifa? Men nirede näme diýjegimi bilýärin. Baga sakçy goýulandyr, bütin köşk goragdadyr, diýmek, hatda syçanlar-da deşik-köweklerden girip bilmez bu taýa! Ol-a syçan eken, hatda ol, ady nämedi... Kiriaf şäherinden gelen hem. Ýogsa-da, sen ony tanaýaňmy, baş ruhany? Hawa... eger bu ýere şonuň ýaly adam giräýen bolsa-ha, girenine müň puşman ederdi. Ind-ä bu gepime ynansaň gerek? Hullasy, hezreti alyjenap, bilip goý, şu günden başlap sen dynjyňy-aramyňy ýitirersiň! Sen hem, kowumlaryň hem, ― Pilat şeýle diýip, eli bilen sag tarapda, ençe uzaklykda lowurdap duran ybadathana yşarat etdi, ― muny saňa ― Pontiý Pilat, Altyn Naýza göteren atly nöker bolan men aýdýandyryn! ― Bilýärin, bilýärin! ― diýip, gözlerini ýyldyradyp gara sakgally Kaifa gorkusyz aýtdy. Ol elini göge uzadyp, kelamyny dowam etdi: ― Iudiýa halky, ony wagşyýana adawat bilen ýigrenýänligiňi, ony köp agyr hupbatlara duçar etjegiňi-de bilýär, emma doly boýun syndyryp bilmersiň! Hudaý öz penasyna alar bu halky! Eşitgeý, hawa, gutradly patyşa zarymyzy eşitgeý we bizi jellat Pilatdan azat etgeý! ― Aý, ýok! ― diýdi Pilat we indi gepledigi saýyn, ýene-de köňli aram tapyp: indi jögülik etmegiň hem, rowan jümle düzmek üçin söz gözlemegiň hem hajaty galmandy. ― Sen patyşalyga meniň üstümden köp mertebe arz etdiň, indi nobat maňa geldi, Kaifa! Indi men nama ýazyp göndererin, iberemde hem, Antiohiýadaky dikmä däl, Rime hem däl, gönüden-göni Kapreýa ― imperatorynyň özüne ibererin siziň bu ýerde, Ýerşalaimde ganym gozgalaňçylary ölümden gutarýandygyňyz hakynda. Ana, şonda Ýerşalaim ilini, owalky ýagşy niýetim boýunça, siziň nepiňizi gözläp, Süleýman kölüniň suwy bilen gandyrmaryn! Ýok, suw bilen däl! Özüň ýatlap gör, siz üçin men köşk diwaryndan imperatoryň ady ýazylan galkanlary ele almaga we görüp durşuň ýaly, ýalňyz özüm bu ýere goşun sürüp gelmäge mejbur boldum, indem, Erşalaimde ýüz berýän wakalaryň şaýady bolmaly boldum. Aýdanlarym ýadyňda bolsun, baş ruhany! Häzir seniň Ýerşalaimde görüp duranyň bir kagorta goşun derýadan damja! Häli bu şäher topragyna, bütewi Fulminat goşuny, arap atly goşunlary gelerler, ana, şonda gulaklaryň ajy-ajy nala-perýatlar eşider! Ana, şonda sen jenaýatçy War-rawwany ölümden halas edeniň, ýagşylyk hakynda wagyz eden akyldary bolsa, nähak ýerden ölüme ýollanyň üçin müň gezek puşman edersiň! Hezreti alyjenap ruhanynyň ýüzünde hal-hal gyzyl tagmalar peýda boldy, gözleri ýanyp başlady. Ol hem prokuratora öýkünip, dişlerini akjardyp ýyrşardy-da, jogap gaýtardy: — Şu aýdan gepleriňe, prokurator, özüň ynanýarmyň? Ýok, ynanýan dälsiň! Halky was-wasa salan şol filosof Ýerşalaime dynçlyk alyp gelmedi, tersine — dynçlygy bozdy, muny özüň hem, eý, çapyksuwar, örän oňat bilýänsiň. Sen ony, halk arasyna pitne ýaýratsyn, dinimize howp salsyn, bütin halky Rim gylyjyna garşy goýsun, diýen niýetde azat etmekçi bolduň! Indi men, Iudeýanyň baş ruhanysy, diri bolsam, dinimizi bigadyr etmäge ýol bermerin, halkymy o tetellilerden goraryn! Eşidýäňmi, Pilat? Şeýle diýip, Kaifa elini haýbatly göterdi: — Ana, gulak sal, prokurator! Kaifa dymdy, şonda prokuratora ýene deňiz güwlän ýaly, onuň tolkunlary bolsa, beýik Irad bagynyň diwarlaryna gelip urulýan ýaly bolup duýuldy. Bu güwwüldi aşakdan prokuratoryň aýaklaryna, ondanam ýüzüne syçraýan ýaly boldy. Pilatyň ýeňse tarapynda, köşk ganatynyň aňyrsynda bolsa gamly kernaý sesledi, ýüzläp aýaklaryň batly gürpüldisi, demirleriň jaraňly sesi eşidilýärdi. Rim pyýada esgerleri prokuratoryň buýrugyna görä, gozgalaňçylara we garakçylara jeza berilmeginden ozal bolýan elhenç parada şaýlanyp, köşkden çykyp başlapdylar. — Eşidýäňmi, prokurator? — diýip, baş ruhany pes owaz bilen tekrarlady, — Eýsem, şularyň hemmesini aýaga galdyran — Kaifa gepläp durşuna iki elini göge galdyranda gara gaýtarma galpagy başyndan ýere gaçdy, — emelsiz garakçy War-rawwandyr öýdýärsiňmi? Prokurator aýasynyň arasy bilen sowuk dere çümen maňlaýyny syrdy, ýere seretdi, soňra gözlerini süzüp, asmana garap, lap-lap ýanýan Günüň laýyk depesine çykanyny, Kaifanyň kölegesiniň bolsa, mermer ýolbarsyň guýrugynyň öňüne ýelmeşip galanyny gördi-de, perwaýsyzlyk bilen ýuwaş diýdi: — Çäş bolup gidipdir. Gürrüňe gyzyşypdyrys, indi işi dowam etdirmek lazym. Ol baş ruhanydan mylakatlyk bilen üzür sorady we iň soňky, gysga geňeş üçin zerur bolan adamlary çagyrdyp, jenaýatçylara degişli soňky düzedişi berýänçe, Kaifadan magnoliýa daragtynyň saýasyndaky kürsüde garaşyp oturmagy haýyş etdi. Kaifa elini kükregine goýup, hormat bilen tagzym edip, şu ýerde, bagda galdy, Pilat bolsa, balkona gaýtdy we özüne garaşyp duran kätibe legion serkerdesini, kogorta jarçysyny şeýle hem, Sinedrionyň iki agzasyny we buthana sakçylarynyň serdaryny çagyrmaga buýruk etdi. Olar bagyň pesdäki eýwanynda, fontanly aýmançasynda söhbet meýdanynda prokuratoryň teklibine garaşyp otyrdylar. Pilat kätibe häzir yzyňdan ýetip bararyn diýip, özi köşgüň içine tarap gitdi. Kätip geňeş ählini toplamak bilen bent bolan wagty, prokurator gara perdeler bilen günden goraglanan otagda nähilidir bir adam bilen duşuşdy; otaga güneş şuglasy düşmeýän bolsa hem, nätanyş adamyň ýarym ýüzi başyndaky gaýtarma galpak bilen örtülipdi. Bu duşuşyk örän gysga boldy. Prokurator bu adama pyşyrdap bir-iki agyz söz aýtdy, şondan soňra ol otagdan gaýyp boldy, Pilat bolsa, sütünleriň arasyndan geçip, baga çykdy. Bu ýerde prokurator hemme çagyrylan adamlaryň gatnaşmagynda, Ieşua Ha-Nosri barada çykarylan ölüm jezasyny tassyklandygyny dabaraly äheňde, emma gurak takyklady we resmiýet ýüzünden, jenaýatçylardan haýsy biri ölümden gorap alnyp galynsa makul bolar diýip Sinedrion agzalaryndan sorady. «War-rawwany» diýen jogaby eşidip: — Örän oňat — diýdi prokurator we kätibe derhal muny Protokola girizmegi tabşyrdy, kätibiň ýerden alyp beren plaşyny gysymlap, dabaraly röwüşde: — Wagt boldy! — diýdi. Şundan soň, bu ýere ýygnananlaryň hemmesi iki tarapyna adamyň huşuny alaýjak ýiti ys ýaýradýan bägül nahallary gür oturdylan giň mermer basgançakdan pese ― köşk derwezesine tarap düşüp başladylar. Bu derwezeden tep-tekiz, giň meýdana çykylýardy. Meýdanyň aňry başyndaky Ýerşalaim söweş meýdanyna ýerleşdirilen mahabatly sütünler we mermer heýkeller bu ýerden anyk görnüp durýardy. Bu alyjenaplar topary meýdana çykyp, hemme tarap deň görnüp duran, içi giň açyk daş sekä mündiler. Pilat süzülýän gabaklarynyň astyndan gözlerini süzüp, töweregine nazar aýlap çykdy we derhal ýagdaýa düşündi. Onuň häziriň özünde geçip gelen aralygy, ýagny köşk derwezesinden tä daş sekä çenli bolan aralyk boşdy, emma sekiniň öň tarapyndaky meýdany Pilat görmedi — ony märeke ýuwudypdy. Eger-de Pilatyň çep tarapynda Sebestiýa esgerleri üç hatar bolup, sag tarapda siturys ýaly kömekçi kogorta nökerleri hatar bolup, daş seki bilen onuň yzyndaky boş aralygy gorap durmadyk bolanlarynda, märeke bu ýerleri hem gurşap alardy. Şeýdip, Pilat bigerek el ýaglygyny ýumrygynda sykyp, süzük gözleri bilen töweregine howsalaly seredip, daş sekä çykdy. Emma onuň gözleri gün şuglasyna süzülmändi, ýok! Prokurator nämüçindir, ölüme höküm edilenleri görmegi islemeýärdi: bilýärdi ki, häzir onuň yzyndan şol jenaýatçylary hem bu sekä çykaryp başlarlar. Ullakan daşgaýanyň başynda, adamlar deňiz kenarynda goýy jähekli ak plaş peýda bolany hem şoldy welin, gözi hiç närse görmän duran Pilatyň gulagyna «A-a-a» diýen owaz tolkunly gelip uruldy. Aýlaw tarapdan dünýä gelen bu seda ilk-ä çala eşidildi, soň gök gümürdisi ýaly birnäçe sekunt güwläp durdy-da, soň ýene peselip başlady. Prokurator: «Meni gördüler» — diýip oýlady. Goh-galmagal tolkuny suslanyp, diňmek derejesine ýetende, ýene duýdansyz güýçlenip başlady we bu gezek ozalkysyndan hem batlyrak öwç aldy welin, göýä deňiz tolkunynyň üstünde köpürjükler peýda bolşy ýaly, bu galmagal arasynda sykylyk sesi we güýçli goh arasyndan aýallaryň gulaga çala çalynýan pygany eşidildi. «Jenaýatçylary daş sekä alyp çykdylar... — diýip, köňlünden geçirdi Pilat, — märeke men taýa yňanda, birnäçe aýaly basyp, mynjyradan bolsa gerek, bu — şolaryň nalasy». Ol dem alman, bir salym garaşyp durdy, häzir märeke ýüregindäki ähli howry döküp, öz-özi köşeşmeýänçä, ony hiç kimiň hiç hili güýjüň köşeşdirip bilmejegini Pilat bilýärdi. Ahyry şeýle pursat geldi. Prokurator sag elini ýokary göterende, märekäniň ahyrky sesi hem öçdi. Şonda Pilat kükregine güýjüniň baryndan köpräk yssy howa sorup, şeýlebir gygyrdy welin, onuň gyryljyk owazy müň-müňläp adamlaryň başynyň üstünde ýaňlandy: — Kaýsar imperatoryň ady bilen! Şu sözleri diýeni hem şoldy welin, birnäçe üzük-ýoluk dagal sözler gelip uruldy — hatar bolup duran esgerler naýza we demir nyşanalaryny ýokary galdyryp, ýakymsyz ses bilen: — Beýik Kaýsar hezretleri aman bolsun! —diýip haýkyrdylar. Pilat adyl başyny göterip, ony gün tygyna diredi. Gabaklarynyň aşagynda ýaşyl ot çakyldy, bu otdan onuň beýnisi ýanyp başlady, şonda arameýleriň dilinde boguk ses bilen aýdan sözleri märekäniň dilinde perwaz etdi: — Jenaýat edeni, gozgalaňa başlany hem-de kanuna we dine howp salany üçin Ýeruşalaimde ele salnan dört sany jenaýatçy masgaraçylykly ölüme — dara asmaga höküm edildi! Işbu ölüm bu gün Takyr Depede amala aşyrylýar! Jenaýatçylaryň atlary şudur: Dismas, Gestas, War-rawwan we Ha-Nosri. Ine, olar garşyňyzda dur! Pilat jenaýatçylara seretmän, eli bilen sag tarapa yşarat etdi, emma olaryň şu ýerde, bellenen ýerde durandygyny ol oňat bilýärdi. Märeke göýä geň galan ýaly ýa-da köňli teselli tapan dek, ençe wagta çenli gowur-gowur edip durdy. Ahyry gowur diňdi we Pilat sözüni dowam etdirdi: — Indi olaryň üçüsi ölüme höküm ediler, sebäbi, kanuna we däp-desura görä, Kiçi Sinedrionyň islegi bilen we Rim häkimiýetiniň tassyklamagyna görä, mukaddes pasha baýramy mynasybetli şöhratly Kaýsar imperator hezretleri ölüme höküm edilenlerden birine onuň ýiten ömürini sylag edýär! Pilat sözleri gygyryp-gygyryp aýdyp durşuna, aýny wagtda, gulgulanyň ýerini dury dym-dyryslygyň eýeläp başlanyny duýup ugrady. Indi ne bir «tyk» eden ses, ne-de birewiň ýuwaşça dem alyşy eşdilýärdi onuň gulagyna, hatda bir salym töweregindäki ähli barlyk düýpden gaýyp bolan ýaly hem duýuldy. Onuň nazarynda, öz ýaman görýän bu şäheri bütinleý ölen ýaly, ýalňyz özi başyny asmana diräp, Güneşiň dik şulasynyň astynda gowrulyp duran ýaly boldy. Pilat ümsümligi ýene bir az diňledi, soň gygyryp gepläp başlady: — Häzir siziň göz öňüňizde azat edilýän jenaýatçynyň ady... Ol ady aýtmazdan öň, ýene bir mertebe saklanyp, ýene-de bir zat ýadymdan çykan bolaýmasyn, diýip, göwnünden geçirdi, nämeüçin diýeniňde, bagtly jenaýatçynyň ady yglan edilenden soň, bu ölen şähere jan girjegini, ondan soň aýdylan sözleriň birini hem hiç kimiň eşitmejegini ýagşy bilýärdi. Pilat öz-özüne «Hemme gepi aýdyp boldummykam? — diýip, sesli pyşyrdady. — Howa. Ady galdy!» Soň ol «r» harpyna ugry berip, dym-dyryslyga gark bolan märekä tarap gygyrdy: — War-rawwan! Pilatyň nazarynda güneş jaraňlap, birden ýarylyp giden dek, ýalyn bolup gulagyna guýlan dek boldy. Bu ýalyn tupanynda gykylyk, goh, perýat, gülki we sykylyk sesleri joş urup, bütin meýdany asmana göterdi. Pilat yzyna öwrüldi, büdüremezlik üçin gözüni aýak astyna düşelen reňbe-reň düşeklere dikip hiç kime seretmän, basgançak tarapa ýöräp başlady. Indi onuň yzyndan, daş tagtyň üstüne bürünç teňňeleriň, hurmalaryň jöwenek ýaly ýagyp başlanyny, märekäniň bolsa, ýüz beren mugjyzany — ajal çeňňegine düşen adamyň indi ol çeňňekden nähili gutylyp çykjagyny, jeneýatçynyň sorag wagtynda ýara düşen ellerini legionerleriň biygtyýar agyrdyp çözüp başlanyny, onuň bolsa, agyrydan ýüzüni çytyp, «waý-waýlap, däli adamlar ýaly manysyz ýyrşarşyny öz gözleri bilen görmek üçin, üznüksiz nagra çekip, bir-birini depgiläp, bir-biriniň egnine dyrmaşýandyklaryny Pilat görmese-de, anyk göz öňüne getirýärdi. Aýny wagtda ol galan üç jenaýatçyny ellerini çözmän, sakçylaryň şäheriň çetindäki Takyr Depä alyp barýan dogry ýola çykmak üçin basgançak tarapa äkidip barýandygyny hem göz öňüne getirdi. Pilat tagtdan düşüp, onuň penasyna geçenden soňra, özüniň howpdan azatdygyny duýup, (indi ol ölüme höküm edilenleri görüp bilmeýärdi), gözüni açdy. Onuň ýaňky şol ýerde durup aýdan geplerini, indi jarçylaryň käbiri arameý dilinde, başgalary grek dilinde gygyryp tekrarlaýardy, çala, emma anyk eşidilýän bu gohlar märekäniň assa-assa peselip başlan nalasy bilen goşulyşyp gidipdi. Pilatyň gulagyna ýene has hem golaýlaşyp gelýän atlaryň dükürdisi we guwançly tüýsde gysga-gysga çalynan harby kernaý sesi hem eşidildi. Bu seslere jogap deregine bazaryň ýanyndan Aýlaw meýdanyna alyp çykýan köçedäki öýleriň üçegine çykan oglanlaryň gulagy kamata getirýän ýiti sykylyklary we «po-oşt, po-oşt!» — diýip gygyran owazlary ýaňlandy. Meýdanyň adamlardan arassalanan böleginde duran bir esger birden aladalanyp, elindäki baýdajygy silkdi, şonda prokurator hem, legion serkerdesi hem, kätip hem, sakçylar hem ýöremegini bes etdiler. Atlaryny has-da dözümliräk çapdyryp, atly nökerler meýdana girip geldi, ol halkyň, toplanan ýerinden aýlanyp geçip, Takyr Depä iň gysga ýoldan çaltyrak ýetip barmak üçin, armytdyr üzüm ýapraklaryna bürenip, daş diwary boýlap uzalýan ýoldan gelýärdi. Iň öňde atyny sepjidip gelýän gowresi ýaş oglan ýaly, gara beden siriýaly komandir ýigit Pilata golaýlaşandan soň, çirkin owaz bilen bir zatlar diýdi-de, gylyjyny gynyndan sogurdy. Onuň münen, derläp ak köpük bolan gara aty ürküp, art aýaklarynyň üstünde durdy. Komandir gylyjyny gynyna salyp, atynyň boýnuna gamçy urdy we jylawyny boş goýberip, dar köçä tarap sürdi. Galan suwarylar üç-üçden bolup, onuň yzyndan köçäni çaňydyp, at çapdyryp barýarkalar, bambukdan ýasalan ýeňil naýzalarynyň ujy zol-zol bökýärdi. Başlaryndaky ak selle sebäpli ýüzleri has hem garaýagyzrak görünýän bu suwarylar — atly nökerler ap-ak dişlerini syrtardyp, prokuratoryň ýanyndan şemal dek ýelip geçdiler. Atly goşun hemme tarapy çaňa büräp, dar köçä ok ýaly atylyp girip gitdi, iň soňunda, Pilatyň ýanyndan gün şöhlesine ýalpyldap kernaý, jygyny arkasyna asan suwary geçdi. Pilat närazy terzde ýüzüni çytyp, eli bilen agyz-burnuny çaňdan saklap, köşk bagynyň derwezesine tarap ýöredi, serkerde, kätip we sakçylar oňa tirkeşdiler. Wagt ertir sagat onlardy. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -2: romanyň dowamy - 04.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |