23:18 Uzaga çekmedik dostluk / erteki | |
UZAGA ÇEKMEDIK DOSTLUK
Ertekiler
Çypar tilkiniň awy şowuna gün-güzerany gözgyny bolupdyr. Ol gaty horlandy we tapdan düşüp başlady. Birwagtlar towşanyň, sülgüniň semizini saýlap iýýän tilki indi alakadyr syçan tutup garbanmaga-da razy. Ynha bu gün ol amatlyja aw gözläp çölde selpäp ýördi. Gözleri ýanyp duran çal möjege pete-pet geläýmezmi?! Ol şeýle bir gorkdy welin aýaklary diýenini etmän saňňyldap gaçyp bilmän durdy. Ysgynsyzlykdan gözleriniň nury öçen tilkini görende onuň halyna möjegiň rehmi inipdir. Tilki möjekden özüne zeper ýetmejegini bilensoň tüýleri bulaýyk uzyn guýrugyny bulaýlap möjege ýaranjaňlyk edip başlapdyr. Şol günden başlap tilki möjek dostlyk açyp şikara çykypdyr. Bir semiz torsugy awlansoňlar birnäçe günden tilkiniň tüýleri ýalpyldap, güýç-kuwwatyna gelip başlapdyr. Dostlaryň işi rowaç bolsa—da günleriň birinde olar dowar sürüsini gorap ýören köpeklere sataşyp tasdan hem özleri aw bolan ekenler. Bir gün olar ýoldan barýarkalar ýagly etiň üstünden barypdyrlar. Olaryň ikiside onuň aşagynda gapanyň gurulgydygyny bilýärdiler. Öňräk möjek şeýle ýagdaýda gapana düşüp, taslanam çep aýagyndan dynypdy. Ol köp güzaplary görensoň ondan sypmagy başarypdy. Tilki bolsa ata-baba dowam edip gelýän hilegärligini edip, möjegi aldawa salmagy ýüregine düwdi: - Gözüň aýdyň kowumdaş, gökdäki dilegimiz ýolda sataşdy—diýip, ete tarap ümläp,söhbete başlapdyr—Bujagaz etden garbansak—ha ýürekse bolardy. --Oň bir sapar şunuň ýaly ýagly lukma aldanyp tasdanam janymdan umudymy üzüpdim. Şondan bäri gapandyr--duzak görsem olaryň daşyndan aýlanyp geçýändirin -- diýip, möjek gamgynlyk bilen gürrüň berende hem tilki pälinden galar ýaly dälmiş. -- Çöl haýwanlarynyň batyry, gaýratlysy sensiň möjek aga. Ajal kimiň kysmatynda bar bolsa şony alýandyr, mert bol!—diýip, möjegi gapana eltjek bolýarmyş. - Batyryňam jany iki däldir. Bir zerre akly bolan hergiz gapana barýan däldir. Beýle höwesli bolsaň lukmany özüň iýägin! -- diýip, möjek bu ýerden daşlaşypdyr. Şol wakadan soňra möjek bilen tilkiniň dostlugy bozulyp, gün-güzeranlaryny başgalapdyrlar. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Iki agajyñ söýgüsi hakynda erteki - 17.11.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |