22:13 Türkmen halysynda Leniniñ obrazy | |
TÜRKMEN HALYSYNDA LENINIŇ OBRAZY
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
Şekillendiriş sungaty muzeýiniň jaýynda beýik Leniniň 90 ýyllygyna bagyşlanyp açylan sergide W.I.Lenine bagyşlanyp dokalan türkmen halylarynyň ilkinji nusgalaryndan başlap, soňky döwürlerde döredilen halylara çenli görkezilmegi, bu serginiň tapawutly tarapynyň biridir. Türkmen halylarynda W.I.Leniniň portreti baryp 1925-nji ýyllarda peýda bolýar. Gazanjykda we Çelekende 1925-nji ýylda dokalan iki sany portret haly muňa mysal bolup biler. Bu halylarda Leniniň portreti esasy orun tutýar we özüniň çeperçilik çözüşi boýunça plakata ýakynlaşýar. Mysal üçin, gazanjykly halyçylar Gurban Arjanowa we Sapargül Hajyýewa tarapyndan dokalan halyda Leniniň suraty onuň tribunadan sözläp duran görnüşini ýadyňa salýar. Bu halylar soňky ýyllarda tapyldy we muzeýde birinji egzek tomaşaçylara görkezilýär. W.I.Leniniň portreti çekilen halylaryň ilkinji nusgalaryny arasynda hzir Baýramaly raýonynyň “Türkmenistan” kolhozynda ýaşaýan Bibi Ahmedowanyň 1927-nji ýylda dokan halysy hem tapawutlanýar. Bu halyda sowet eýýamynda ýüze çykan ideýalar halkyň gadymdan gelýän haly sungatynyň özboluşlylygy bilen utgaşdyrylýar. Halynyň çep ýokary çetinde “ТССР, 1927 г” we “Долой калим” diýen ýazgylar bada-bat gözüňe ilýär. Çep aşaky burçunda bolsa, W.I.Leniniň suraty we orak-çekiç nyşany dokalypdyr. Halyda türkmen taýpalarynyň birnäçe gölleri utgaşyklykda berlipdir. Munuň özi öň dagynyk ýaşap gelen türkmen taýpalarynyň agzybirlikde ýaşamaga, täze durmuş gurmaklyga ýetendigi hakyndaky çuňňur pikirleri jemleýär. W.I.Lenine bolan söýgi we minnetdarlyk onuň portretiniň hala çekilmegi arkaly aňladylýar. Hala rus dilinde “Ýok bolsun galyň” diýen ýazgynyň çitilmegi sowet häkimiýeti tarapyndan azatlyga çykan türkmen aýal-gyzlarynyň aň-düşünjesiniň oýanýandygyny aňladýar. W.I.Leniniň portreti şekillendirilen irki döwürdäki halylardan ýene-de biri 1929-njy ýylda gökdepeli A.Pälwangulyýewa tarapyndan dokalan halydyr. Bu eserde W.I.Leniniň portreti türkmen haly gölleriniň ortarasynda dokalypdyr. A.Pälwangulyýewa portretiň ýüz keşbini we reňkini umumylaşdyryp görkezipdir. Şeýle çeperçilik tärler portretiň halynyň umumy tekizligi we koloriti bilen baglanyşykly bolmagyna kömek edýär. Biz ilki döwürdäki Lenin portretli halylar barada söz açanymyzda, olary halk ussatlarynyň döredendiklerini unutmaly däldiris. Olaryň eserleriniň surat çekmeklikdäki primitiwligine garamazdan, örän uly ähmiýeti bar. Munuň özi halyda adamyň obrazyny real şekillendirmegiň ilkinji ädimleridir. Bu işde hut halkyň içinden çykan halk ussatlarynyň döredijilik inisiatiwasy has möhümdir. Haly-portreti A.W.Smekaliniñ eskizi boýunça Aşgabadyñ haly ussahanasynyñ halyçylaryndan D.Annagulyýewa we A.Taganmyradowa dokady. Halk ussatlarynyň bu döredijilik inisiatiwasy professional hudožnikler tarapyndan alnyp göterilýär. Profesional hudožnikler bilen halyçylaryň arkalaşykly işlemekleri netijesinde Lenin hakynda ençeme haly eserleri döredildi. Şeýle halylarda portret ussatlyk bilen görkezilýär. 1935-nji ýylda hudožnik Bäşim Nuraly halyçy Amansoltan Nuralyýewa bilen bilelikde Leniniň portretini halyda dokaýarlar. Bu haly proffesioanl hudožnik bilen halyçynyň arkalaşykly işlemekleriniň başyny başlaýar. 1936-njy ýylda hudožnik Ý.D.Krylowyň eskizi boýunça halyçylar Orazsoltan Hojamyradowa we Aýjemal Myradowa W.I.Leniniň portreti dokalan halyny döredýärler. Bulardan hem başga, halyda Leniniň ençeme portretleri dokalýar. 1943-nji ýylda hudožnik S.N.Beglýarowyň eskizi boýunça halyçylar Aýna Nuryýewa, Durdybike Aşyrowa, Gözel Agaýewa “W.I.Lenin bornewigiň üstünde” diýen uly haly-panno döredýärler. Soňky ýyllarda döredilen halylaryň arasynda “W.I.Lenin” (hudožnik G.W.Sosnin, TSSR-iň at gazanan halyçysy Durdygözel Annagulyýewa, halyçylar Aýly Taganmyradowa, Nabat Hojamowa, 1955 ý.), “W.I.Leniniň çagalyk döwri” (hudožnik A.W.Smekalin, halyçylar D.Annagulyýewa, A.Taganmyradowa, 1958 ý.) diýen portret halylary belläp geçmek gerek. Şu ýylyň 22-nji martynda Aşgabat haly arteliniň kollektiwi “Leninizm ýeňýär” diýen uly panno halyny dokap gutardy. Haly hudožnik G.W.Sosniniň eskizi boýunça TSSR-iň at gazanan halyçylary Ene Hydyrowanyň we Otaga Babaýewanyň ýolbaşçylyk etmeginde ýerine ýetirildi. Halynyň kompozisiýasy üç bölekden ybarat. Onuň merkezinde W.I.Leniniň 1917-nji ýylda sowet häkimiýetini jar edip duran pursaty şekillendirilipdir. Wladimir Iliçiň joşgunly keşbi parlaýan gyzyl baýdaklar, begenç bilen joşýan rewolýusiýa gatnaşyjylaryň figuralary bilen utgaşýar we dabaraly göreş döredýär. Kompozsiýanyň çep böleginde Lenin ordenli Türkmenistanyň adamlary, sag tarapda bolsa Leniniň ýeňişli baýdagynyň astynda üstünlige barýan kuwwatly sosialistik ýurtlaryň adamlary şekillendirilipdir. Gyradaky nagyşlarda biziň Watanymyzyň taryhynyň aýry-aýry epizodlary suratlandyrylýar. Halynyň bütin görnüşi leninizm dabarasyny dekoratiw sungata mahsus bolan çeperçilik bilen suratlandyrýar. Milli sungatyň gözel görnüşi bolan halyda W.I.Leniniň obrazynyň şöhlelendirilmegi türkmen halkynyň adamzadyň ýagty geljegine ýol açan bu beýik ynsana bolan çäksiz söýgüsiniň gös-göni beýanydyr. Nury HOJAMUHAMMEDOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 1961 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||