WYŽDANYNY ÝITIREN DÜNÝÄNIÑ WYŽDANYNY, AHLAGYNY ÝITIREN SYÝASATYÑ AHLAGYNY GORAMAK
Ahlagyny ýitiren syýasatyñ we onuñ şahsy düzüminiñ üsti çyzylmasa, jemgyýetdäki çüýremäniñ öñüne geçmek mümkin däl...
23-nji martda şenbe güni Stambulda Wyždan sudy bolýar. Dünýäniñ wyždanynyñ ýitip barýandygyny soñky gezek Ysraýylyñ Gazada edýän genosidi bilen ýene bir gezek aç-açan orta çykan şu günlerinde "Palestina Azatlyk" platformasynyñ geçirýän Wyždan sudunda Ysraýyl (halklar däl-de hökümet, hususanam ganojak Netanýahu hökümeti) jogapkärçilige çekiler. Diñe Ysraýyl däl, Gaza genosidi üçin Ysraýyla göni ýa-da gyýtaklaýyn goldaw beren ähli ýurtlar dünýäniñ wyždanyny ýitirmegine, hökmürowanlardan gelip çykýan wyždan eroziýasyna uçran gatlaklaryñam wagşylaşmagyna, hapalanmagyna, wyždansyzlaşmagyna şert döreden ähli häkimiýetler, ähli liderler, bularyñ gözegçiligindäki ýalan enjamlary, golastyndaky mediýa, töwereklerindäki bähbitçil döwre... Hem ähli uruşlaryñ, gyrgynçylyklaryñ, ýykgynçylyklaryñ hem-ä mäşe gysyjysy hemem meçew berijisi bolan läheñ uruş senagaty, dünýäni pyrlaýan we gana bulaýan kapital...
Dünýäni Sodom we Gomorra mysaly ýok bolup gitmäge iterýän bu şer güýçlerine garşy çar ýanda, ähli ýurtlarda göreşýän, goranýan adamlar bar. Hawa, olar barmak büküp sanaýmaly derejede az. Hawa, biz azlyk. Emma azlygymyz hemişe biziñ güýçsüzdigimizi añlatmaýar.
Bilýärin, soraýarlar: Ýer ýüzüni ele salan bu ullakan şer apparatyna garşy näme edip bilerler? Stambulda boljak Wyždan sudy kime näme tär edip biler? Çykaryljak aýyplaýjy kararlaryñ güýji näme güýji bar?
Şuña meñzeş ýagdaýlarda bialaçlykdan, ýadawlykdan, umytsyzlykdan gelip çykýan birmeñzeş soraglar soralýar. Şeýdip ýöwselligiñ, biperwaýlygyñ, gazanan ýeñillikleriñi elden gidermezlik gaýgysynyñ, "meni çakmaýan ýylana degmäýin" çekinjeñliginiñ, "dünýäni men halas etmelimi" gaçgaklygynyñ ýükleýän jogapkärçiliginden halas bolunýar.
Şeýle-de bolsa, aradan geçen müñýyllyklar hakda pikir öwrülende, taryhyñ "Dogruçyl bol, diñe mümkin bolmajak zady talap et" diýip bilýän, adamkärçilik mertebesini gaýduwsyzlyk bilen goramagy boýnuna alýan az sanly adamlaryñ yzyna eýerendigini görýäris. Uzak wagtlaýyn alanda gazanylan ähli iñ gowy zatlar şolaryñ göreşiniñ miwesidir.
Wyždan sudlary dünýäniñ wyždanyny ýitirmegine, adamkärçilik mertebesiniñ ýatdan çykarylmagyna garşy göreşýänleriñ derñew işleridir. 1967-nji ýylda şeýle sudlary düzmäge çagyryş eden Bertran Rasseliñ ady bilen baglanyşdyrylýan sud Wýetnamda edilen uruş jenaýatlaryny derñäpdi. 2003-2005-nji ýyllardq soñky mejlisini Stambulda geçiren, şoña gatnaşandygym üçin özümi-de nesibeli saýdyran Yrak Bütindünýä sudy Yraga çozulmagyna sebäp bolan agressorlary we çozuşy derñedi, günäkärleriñ garşysyna höküm çykardy.
Indem Stambulda Ysraýyl hökümetiniñ Gaza gyrgynçylygy derñelýär. Diñe Ysraýylam däl, onuñ iñ uly goldawçysy ABŞ we beýlekiler bilen birlikde.
Derñelende, günäkärleriñ garşysyna höküm çykarylanda näme bolar öýdýärsiñiz?
Hadysalar we şaýatlyk etmeler adamzat nesili gutaryp dynaýmasa taryh kitabynda öçmejek ýazgy bilen ýerini alar, hasam zyýady adamkärçilik mertebesiniñ ýitirilmändigini, adamzat wyždanynyñ dymyp oturmandygyny subut eder.
• Çüýrän jemgyýetiñ ahlagyny ýitiren syýasaty
Ýurdumyz barada aýdar bolsak, edil häzir köp kişiniñ başdan geçirýän horlugyny we howpurgadyjy hakykaty, ýagny jemgyýetçilik gurluşynyñ çüýrändigini, ildeşlerimiziñ görlüp-eşdilmedik erbetligiñ, gymmatlyklaryñ ýitip-ýok bolup gitmeginiñ, ahlaksyzlygyñ girdabynda çyrpynýandygyny uzak wagt bäri ýazyp gelýärin.
Şeýle çüýremäniñ özüni aç-açan ýüze çykaran ugry-da syýasat. Hapalanmaga iñ ýakyn ugur bolan syýasat hiç mahalam atyryñ ysy gelip duran gülälekli meýdan bolmandy, emma bular ýalam hapalanandygyny görmändik. Häkimiýet gatlagyndan başlap ("balyk kellesinden porsar" diýleni-dä!) syýasata sözüni ýöredýän ýalançylyk, kezzaplyk, galphorlyk, eden-etdilik, bikanunçylyk, adalatsyzlyk... Mysallaryny sanamagyñ hajaty ýok, çünki hemmeler hemme zadyñ ullakan biperwaýlyk bilen aç-açan edilýändigini gowy bilýär. Häkimiýet başynda oturanlaryñ gözümiziñ içine serede-serede, utanman-uýalman sözleýän ýalanlary, bäsdeşlerine garşy gurýan duzaklary (galp wideogörnüşler, fotomontaž suratlar we ş.m.), "saýlawlarda üstün çykmak üçin näme etseñem ýeridir" düşünjesi, häkimiýet güýjüni ulanyp saýlaw kanunlarynyñ we çäklendirmeleriñ bozulmagy, syýasy etikany äsgermezlik... Beýleki bir ýandan oppozisiýanyñ islendik böleginde syn edişimiz ýaly, häkimiýet bilen bäsleşmäge ukyply prinsipsizlik, düýnki hyzmatdaşlaryna şugunki gurýan duzaklary, saýlawda üstün çykmak üçin edilýän "ahlaksyz teklipler", öz saýlawçylaryny äsgermeýän bileleşikler, syýasy etikanyñ gowşaklygy...
Öñki döwürlerde görlüp-eşdilmedik derejede ýöntemlik göze ilýär. Bu ýöntemlige çig-çarsylyk hem diýip bolmaýar, çig-çarsylykdanam aşakdaky bolgusyz kadrlar, diñläniñe we tomaşa edeniñe degmeýän sene-meneler we gohlaşmalar, sögünç sözlere endik eden diller - Türkiýede syýasat arenasynyñ edil häzirki ýagdaýy-ha şular ýaly.
Şeýle ýagdaý biziñ durmuşymyzy garaldyp taşlaýşy ýaly, ýurduñ ertirlerine bil baglamagyñ, umyt etmegiñ öñüni baglaýar. Mümkinçilik tapanlaryñ, aýratynam ýaşlaryñ ýurtdan başyny alyp gitmäge, ýat ýurtlarda täze durmuşda ýaşamaga synanyşmaklarynyñ sebäbem şol ynamsyzlyk we umytsyzlykdyr. Ýitirilen ahlak, ýitirilen wyždan, ýitirilen ýurt, ýitirilen watan...
Ahlagyny ýitiren syýasatyñ we onuñ şahsy düzüminiñ üsti çyzylmasa, jemgyýetdäki çüýremäniñ öñüne geçmek mümkin däl.
Wyždanyny ýitiren dünýä garşy ähli ýurtlarda mertebe we wyždan göreşini alyp barýanlar "Ähli ýurtlaryñ wyždanly, parahatlyksöýüji, gowy adamlary! Dünýäni we adamkärçilik mertebesini gorap saklamak üçin birleşiñ!" şygary astynda jemlenişende azlyklar köplük bolar.
Munuñ ýaly ahlagyny we ugruny ýitiren syýasata, syýasatçylara, häkimiýetlere garşy ýurduñ arassalygyny saklap başaran wyždanly, edenli, ýagşy adamlary özara ideoligiki, etniki, ynanç, medeni çäkleri aşyp jemlenişenlerinde umyt täzeden doglar.
Gury arzuw edýärin gerek? Hawa, ýöne bütin bu hupbatlara döz gelip bilmek üçin mümkin däl zady arzuw etmekden başga alajym ýok. Onam köp görýän bolsañyz-a, gömüñ üstümi, ölüp gideýin.
Oýa BAÝDAR.
bilgi@t24.com.tr
"T24" internet gazeti, 22.03.2024 ý.
Publisistika