16:07 "Indi ýazara ýeke setirimem galmady" | |
"INDI ÝAZARA ÝEKE SETIRIMEM GALMADY"
Publisistika
Wyždanlar garalýar, dünýäniñ özem adamlar bilen bile çüýräp barýar. Häzirki gözümize görünýän zatlar "medeniýet" maskasynyñ añyrsynda warwarlygyna dolanyp gelen dünýä Birinji Pars aýlagy uruşy wagtynda mazaly gojalan baýry nemes žurnalisti "Indi ýazara ýeke setirimem galmady" diýip ýazandan soñ öz janyna kast etdi. Ony öz janyna kast etmäge iterenem - gözi bilen gören uruşlarynyñ aýylgançlygy, başdan geçiren dramatiki tragediýalary, iñ beteri-de bialaçlygydy. Ýazmak, habar taýýarlamak, gözüñ bilen görmek diýen zatlar manysyny ýitiripdi, umyt tükenipdi. Edil şolar ýaly ruhy ahwalaty başdan geçirýänimi aýtsam, özüme ünsi çekjek, şowhun turuzjak bolýandyr öýtmäñ. Öz janyma kast hem etjek däl, iñ bolmanda häzirlikçe. Uruşyñ, ölümiñ, agressiýanyñ, ýamanlygyñ parahatçylykdan, ýagşylykdan rüstem gelen dünýäsinde ýaşyñam segsenden geçen bolsa, umydyñy suwlandyryp ýaşamak kyn düşýär. • Wyždanyny ýitiren dünýä warwarlygyna dolanyp gelýär XXI asyrda adamzadyñ parahatçylyga, adalata, tebigat bilen dil tapyşmaga, adam hukuklarynyñ berkemegine tarap uly-uly ädimleri ätmegine, sebitleýin deñsizlikleriñ belli bir derejede ýumşamagyna, etniki we dini çaknyşyklaryñ dialoglar bilen çözüp bilmäge bolan arzuw-hyýallar edilýärkä, häzir dünýä ýakyn taryhyñ iñ rehim-şepagatsyz, iñ ganly döwrüni başdan geçirýär. Günbatar gymmatlyklary, adam hukuklary, halkara hukuk gatnaşyklary, bil baglap we ynam edip bolaýjak näme bar bolsa, hemmesi tükge düşüp ýatyr, uruşlar bolsa sebitme-sebit ýaýrap barýar. Etniki, dini, mezhep çaknyşyklary uly gyrgynçylyklara baryp direýär, "kesekiniñ" çaga-çugasyny, ýaşyny, garrysyny öldüribermeli. Tehnologiýanyñ ösüşi, informatikadaky uly öñegidişlikler, emeli añ we beýlekileriñ adam azatlygyna, bagtyýar durmuşyna, demokratiýa itergi bolmagy umyt edilipdi, gaýtam tersine, adamy ezýän, bendileşdirýän, dünýäniñ hojaýynlartna gul edýän ýaramaz güýçlere öwürýär. Güýçliniñ tokaý kanuny doly güýjüni saklaýar. Dünýäde Palestinany goldap edilýän çykyşlar / Taýfun Joşkun, AA Kapitalizmiñ, ýarag monopoliýalarynyñ, tehnologiýanyñ hojaýynlarynyñ, doýdum-dolmaz, jeñbaz we gözi gyzaran ketdeleriñ golastyndaky, torundaky, täsir ediş halkasyndaky gatlaklar iñ telper instinktleri we gorkulary bilen biri-birleriniñ ýagysy bolýarlar. Wyždanlar garalýar, dünýäniñ özem adamlar bilen bile çüýräp barýar. Häzirki gözümize görünýän zatlar "medeniýet" maskasynyñ añyrsynda warwarlygyna dolanyp gelen dünýä. Bu setirleri aşa göwnüçökgün görübem, ýaman niýetliligime beribem bilersiñiz. Belkäm, dogry-da pikir edýänsiñiz, emma gülgüne äýnekleri dakmadyk bolsak, Pollýanna däl bolsak, umydymyzy dünýäni halas etjek fantastiki kinofilmleriñ gahrymanlaryna baglamadyk bolsak, onda edil häzir-ä ýagdaýymyz şular ýaly. • Çym-pytrak bolan Günbatar gymmatlyklary... Russiýa Ukraina çozanda, Günbatar dünýäsi Putiniñ Russiýasyna gazaply nägilelik bildiripdi. Agressora bildirilen nägilelige düşünse boljakdy, onda-da nähili! Milleti rus dirižýorlaryñ, kompozitorlaryñ, sungat işgärleriniñ konsertleri, sergileri goýbolsun edilýärdi, Dostoýewskiden başlap Tolstoýa çenli beýik rus ýazyjylarynyñ ady okuw kitaplaryndan çykarylýardy, sport duşuşyklary ýatyrylýardy. Isteriýa Bütindünýä Pişikler federasiýasy rus pişiklerine embargo goýmagy, halkara pişik ýaryşlaryndan çykarmagy makul bildi. Indem ýene şol öñki separatizm, aparteid çäreleri, adam hukuklarynyñ bozulmalary babatda agressoryñ tarapyny tutmak nysagy Germaniýada, Angliýada, ABŞ-da, Fransiýada ýoñ bolup barýar. Bu ýagdaý bir ýandan döwlet syýasaty hökmünde ýola goýulsa, mundan edara-kärhanalardyr guramalaram kem galanok. Dünýäniñ abraýly kitap sergilerinden hasaplanýan Frankfurt kitap sergisiniñ adminstrasiýasy özüniñ ygtyýarlygyna girmeýändigine garamazdan, 2023-nji ýylyñ jemi boýunça baýraga mynasyp bolan we çykyş etmegine garaşylan palestinaly zenan ýazyjynyñ baýragyny gowşurmagy-da, çykyşyny-da goýbolsun etdi. Adminstrasiýanyñ esasy wezipesi çeper edebiýatyñ, edebi döredijiligiñ birleşdiriji güýjüni berkitmeli, gaýtam tersine, Ysraýyla raýdaşlyk bildirip jarnama çap etmäge utanmady. "The Guardian" gazeti Netanýahunyñ karikaturasyny çeken suratkeşi işden kowdy. "Hamas" toparynyñ terroryna garşy çykmak bilen hir hatarda Ysraýylyñam uruş jenaýatlaryny agzan ýagdaýyñda, kim bolsañam ýüzüñden sypalyp goýulmaýar. Nemes mekdeplerinde palestin kufiýasyny dakmagyñ, Palestina azatlyk talap edýän demonstrasiýalary geçirmegiñ gadagan edilmegi bilen bir hatarda şübheli ýagdaýlaryñ habar berilmegi talap edildi. Käbir ýewropa ýurtlarynda Palestina raýdaşlyk bildirip demonstrasiýa geçirmek gadagan edildi. Adam hukuklary, demokratik gymmatlyklar, Günbatar gymmatlyklary (?) we beýlekiler dünýäni gaplap alan gabahatlyklar şertinde ýekän-ýekän ownaýar. Ähli uruşlaryñ hapa uruşdygyny, uruşýan ähli taraplaryñ hapalanýandygyny, arassa uruşyñ bolup bilmejekdigi hakykatyny görmezlige salyp, ölülerden öli begenip we wepat bolanlaryñ sanyny sanap, eýdip-beýdip agressora eýe çykylýar. • Şol ikiarada biz nirede gaýyp ýörüs? Indi teleýaýlymlarda syýasy habarlara seredemok. Hatda ýaman niýetliligimi perçinlän Ysraýyl-Palestina uruşynyñ (Gaza genosidi diýmäliñ aslynda) jedeliniñ edilýän köne harby gullukçylaryñ elleri taýakly agzyny dolduryp uruş düşündirişlerini berýän gepleşiklerine-hä asla takat getirip bilemok. Şonda-da hadysalardan doly çetde durmak mümkin däl. Muny hiç wagt oñarmadym. Üç maýmynyñ tüýsüne girip oýun oýnamagy we öz kiçijik dünýämde misgin bagtlylyk içinde ýaşamagy utanç saýdym. Geçirilýän harby operasiýalaryñ bar tutarygy döwlet howpsuzlygyny we asudalygy üpjün etmekdir. Netanýahu we Ysraýyl döwleti eýýäm ençeme ýyl bäri Palestinany we palestinalylary ýok etmäge dyrjaşyp gelende, şol tutarygy öñe sürýärdiler. Hatda uçarmansyz dolandyrylýan türk istrebitellerini urup düşüren ABŞ-nyñ öñe sürýän tutarygy-da alysda-da bolsa, öz ýurdunyñ howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmekdir. 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabryndan soñ Owganystana çozan we Yragy şer döwleti yglan edip, tutuş Ýakyn Gündogary dowzaha öwrende-de şol bir tutarygy öñe sürýärdi. Ýene bir üýtgeşme: Türkiýäniñ Daşary işler ministri Hakan Fidan Liwanda bir soraga beren jogabynda örän dogry ýagdaýda: "Ysraýyl ýerleri basyp alýar, ol ýerdäki ilaty göçüp gitmäge mejbur edýär, başgalary göçürip getirýär. Bulara göçüp gelýänler diýmeli däl, ogrular diýmeli" diýdi. Eýse, Demirgazyk Siriýada, Idlipde näme bolýar, ol ýerlerde demografik üýtgeşme geçirilmedimi? Men ýoldaş ministr ýaly agyr gürläbem bilemok: gorkýaryn, açyk gürlemäge miltim ýok. Emma muny atlandyrmaga synanyşýaryn, bütin şular ýaly ýagdaýlarda ähli ýurtlaryñ ulanýan "howpsuzlyk" bahanasyna aslyşmazdsan... Men uruşlaryñ öñüne böwet bolasymyz, çaknyşyklaryñ öñüni alasymyz, bigünä raýatlary gorasymyz, ikitaraply ülñüleri ulanmazdan zalymlara garşy durasymyz gelýän bolsa, ilki özümizden başlamaly diýýärin. • "Entegem umyt bar, doganjygym!" "Kenarda" çeper filminiñ ajaýyp jemleýji epizody: Atom urşy dünýäni ýok edipdir, ýaşaýyş soñlanyp barýar. Awstraliýada çaga-çugasy bilen hatara duran adamlara yza çekmezden ölmeleri üçin derman gerdejigi paýlanýar, ýüzünde "Entegem umyt bar, doganjygym!" ýazgyly mata bölegi zordan gymyldaýar. Ýaman niýetliligimden utanyp, "dünýäniñ we ýurdumyñ parahatçylykdan, ýaşaýyşdan ýaña gowy adamlara bolan umydy bar" diýesim gelýär. Şeýle telbeligiñ ortasynda ýeñiljegimizi bilip duranam bolsak, hemme ugurda, hemme ýerde sesimizi gataltmaly. "Arassa uruş ýok. Adamy, ýaşaýşy ýok etmegiñ dogry sebäbi ýok. Ýurtlaryñ, halklaryñ howpsuzlygy we asudalygy diñe başga ýurtlaryñ, başga halklaryñ howpsuzlygy saklanyp, ähli uruşlary bes edip goralýar" diýip bilmeli. Warwarlyga dolanyp gelişiñ we adamzadyñ öz-özüne kast edişiniñ öñüni alyp bilmesegem, taryh "Olaram bardy, adamzat üçin, ýaşaýyş üçin, hak-hukuklar we azatlyklar üçin jan aýaman göreşdiler" diýip ýazar ýaly bolmaly. Oýa BAÝDAR. bilgi@t24.com.tr "T24" internet gazeti, 18.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |