20:29 Wyždanyny ýitiren jemgyýetde ar damary ýarylan syýasat | |
WYŽDANYNY ÝITIREN JEMGYÝETDE AR DAMARY ÝARYLAN SYÝASAT
Publisistika
Wyždan ýitgisi diñe Türkiýä mahsus zat däl. Tokaý kanunlarynyñ ýöreýän, genosidiñ jenaýat bolmakdan çykan, uly döwletleriñ Ysraýyly goldamak we ýarag kömegini etmei üçin ýaryşýan dünýäsinde wyždan diýilýän zat bireýýäm ýitdi. Emma şahyryñ aýdyşy ýaly, "Ähli reñkler çalt hapalanýardy, birinjiligi ak reñke (Türkiýä) berdiler". Eýýäm birnäçe wagt bäri, jemgyýetiñ çüýrändigini, çüýredilendigini, hemme zadyñ haçanam bolsa bir gün düzelen güni bolaýan ýagdaýynda-da adamyñ çüýremegini añsat-añsat aradan aýryp bolmajagyny ýazyp gelýärin. Umytsyzlygynyñ düýp gözbaşy-da şu. Jemgyýet wyždan ýitgisine uçran bolsa, ol ýerde syýasatyñam, ahlagyñam deregi bolmaz. Jemgyýetiñ nähili beýle ýagdaýa gelendigi, getirilendigi bolsa aýry gürrüñ. Bu sowalyñ gysga we anyk jogaby: ykdysadyýete we syýasata höküm edýän synplaryñ we ýolbaşçylaryñ absolýut hökmürowanlyk sürme islegleri, ahlak-moral taýdan gowşaklyklary, etiki ýerliksizlikleri, çig-çarsylyk derejesindenem pesdäki sowatsyzlyklary. • Syýasy partiýalar bähbitparaz bandalara öwrülende Demokratik ýurtlarda hökmany suratda bolmaly zat hasaplanýan syýasy partiýalaryñ maksatnamasynda jemgyýetleri belli bir ideologiýanyñ we düşünjäniñ çäginde has gowy dolandyrmak, halka has gowy ýaşaýyş-durmuş şertini üpjün etmek, agzybirligi, jebisligi, azatlygy, asuda durmuşy, howpsuz geljegi gazanmak ýaly işler bar. Olar gatlaklara şulary wada berýär, häkimiýete şu wadalary durmuşa geçirmek üçin talaşgärlik edýärler. Hakykaty aýtmakdan çekinmesek, onda häkimiýetiniñem, oppozisiýasynyñam, häzir syýasy arenada çykyş edýän ownukly-irili partiýalaryñ hemmesi bolmasa-da, köpüsiniñ umumy bähbidi belli-belli adamlaryñ gara nebisleriniñ oýun sahnasyna we peýda araýan bandalara öwrülmegi. Häkimiýeti saklap oturan partiýa şu manyda banda gurluşyna eýe. Ykdysady, syýasy bähbitlerin şahsy karýera edinmek mümkinçiligi merkezden aşaklygyna tor mysaly ýaýylýar. "Bäşli banda" diýilýänlerden, AKP-den gurluşyk alýan ownuk gurluşyk firmalaryndan, janpenaly gezýän mafiýa hekemlerinden, tarykat-jemagat toparlanmalaryndan, hukukçy alym bolansyraýan jahyllardan, teleýaýlymlarda, mediýada çykyş edýän sowatsyz, akylsyz, etikadan binesip täze fetwaçylardan başlap, partiýa ýakyn durýan tanşynyñ üsti bilen firmada süpürijilige işe geçene, obanyñ azançysy ýa bir döwlet edarasyna işe girene, ýokary okuw jaýlaryna sümülenlere çenli uzaýan peýdakeş banda bu... Ýurdy weýrançylyga iterýän, halky açlygyñ bäri ýanyna elten partiýanyñ nädip şindizem häkimiýet başynda oturyp bilýändigine geñ galýanlaryñ şuny gözden sypdyrýandyklartny pikir edýärin: AKP toruna haýsam bolsa bir ýerinden baglanan giñ halk köpçüligi bar. Şeýle-de bu gatlak häkimiýet partiýasyna goldaw berende özüni-de häkimiýetiñ parçasy ýaly duýýar. Meñzetmek ýaly bolmasyn welin, diñe has gowy gürrüñ berip bilmek üçin aýdýaryn: Guramaçylykly işler torunda-da ýagdaý şeýle. Merkezden (reýsden) alynan güýç aşaklara bakan ýaýylýar, iñ aşakdakylaram mundan peýdalanýar we merkeze bähbit gatnaşyklary bilen mäkäm baglanýar. • Ýalan-ýaşrygy syýasatyñ taktikasy saýýanlar Häkimiýet partiýasynda ýagdaý şeýlekä, birem oppozisiýadaky partiýalardyr toparlar bar. Bularyñ käbirleri dagy döwleti ele salmaga synanyşýan etniki milletçi, faşistik döwletçi, yslamçy-faşistik we ş.m. ideologik toparlar. Olaryñ maksady ideologik häkimiýet, emma bir ýoluny tapyp häkimiýet toruna baglanmak we şondan güýç alyp peýdalanmak üçin jemlenişipdir. Käbirleri-de kipaýatsyz ambisiozlaryñ gara nebislerini kanagatlandyrmaga synanyşýan tekge mysaly toparlardan başga zat däl. Oppozision partiýalaryñ kerwenbaşysy RHP dagy öz içinde şahsy bähbit we kürsi eýelemek ugrunda biri-birleri bilen gidişmekden ýaña, hakyky syýasat bilen meşgulanmaga wagt tapanok. Düýn şeýle boldy, şu günem şeýle. Syýasy şertler şular ýaly hapa bolansoñ, adamy garalamak, ýalan sözlemek, duzak gurmak, ikiýüzlilik, düýn ak diýeniñe bugün gara diýmek, düýn öñe sürenleriñ doly tersini öñe sürmek, galplyk, kimi görseñ şoña ýallaklamak ýaly ýaramaz gylyklar syýasatda aýyp hem saýylmaýar. Meselem, AKP-niñ başlygy-da bolan ýurduñ prezidenti garşydaş lideri garalamak üçin taýýarlanan galp wideolary ýalana çykarmagyñ we ötünç soramagyñ ýerine "zehinli çagalaryñ döredijiliginiñ önümi" hökmünde oñlamakdan utanmaýar. Meselem, üsti açylman galan jenaýatlar döwrüniñ syýasatçylaryndan Asena Meral hanym "Bizi Bäşdepe däl, Saraçhana senzuralaýar" diýende, Kylyçdaroglynyñ ýerine Imamoglyny goldamak üçin Saraçhana bakan ýelk ýasap, şindi poplyga baş goşan Imamogly bilen gol tutuşyp surata düşendigini ýatdan çykarana meñzeýär. Muharrem Inje diýilýän dagy daşyna özi ýaly birtopar kelesañy üýşürip häkimiýete garşy oppozision iş alyp barýan ýaly görünse-de, häkimiýetiñ syýasy bileleşigini goldamak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýar. Gaýtam ol bu bolşuna müýnürgemelidirem öýdenok. Häkimiýetiñ tarapyna geçmäge peýlenýän partiýalardan-a Konstitusiýanyñ depgilenmegine, konstitusion düzgüniñ ýykylandygyna garşy ýeke agyz söz eşidilenok. Aklyçaşan garry Döwlet Bahçeliniñ partiýasy MHP-ni dagy agzabam durjak däl, ol ýeriñ dolandyryş düzüminde syýasy däl-de, psihologik bozulmalar bolup geçýär. Ýagny, olardan munuñ jeza we ahlak taraplaryny gözlemek ýalñyş bolar. • Aýyp bir gezek sumat bolansoñ, şumluk çar ýana ýaýraýar Wyždanyny ýitiren jemgyýetlerde syýasatyñ ar damary ýarylýar, aýyplar ýitýär. Syýasatyñ ar damary ýaryldymy, şumluk çar ýana ýaýylýar. Gyzyksyz ýaly bolubam biler, emma soñky günlerde plagiat aýyplamasy bilen bir gatlagyñ ýazyjylaryñ birini linç etmäge synanyşmagy-da aýtjak bolýanlarymdan aýry däl. Şumluk hemmämize bulaşýar, duşmançylyk, ýigrenç, görübilmezçilik daş-töweregimizi zäherleýär. Hemmämiz şol zäherli howadan dem alýarys. Arassa bolup galmagyñ, gowy adam bolmagyñ kynlaşýan, ynam bildiren daglarymyza gar ýagýan, wyždan bilen birlikde akyl-paýhasyñam ýitirilen günlerini başdan geçirýäris. Eýsem-de näme etsek gowy bolar? Çökmekden, boýun bolmakdan ar damarymyzy gözümiziñ göreji ýaly goramaga, wyždanymyzy ýitirmezlige dyrjaşalyñ. Ar damary ýarylan syýasaty dost-duşman diýmän tankyt etmekden çekinmäliñ. Ilki özümizden we ýakynlarymyzdan başlap şumlugyñ ýaýramagynyñ öñüni aljak bolalyñ. Käbir makalalar bolýar. Ýogsa-da, men bu makalany nämüçin ýazdym? Adamy duýgulandyrmakdan geçen, kime nähili peýdasy bolup biler? Bular iç dökme makalalary. Özüñiz gowy bilýänsiñiz, hiç zady üýtgemejegiñi bilip duranam bolsañ ýazman durup bolmaýar. Bulam şolar ýaly makalalaryñ biri, ine. Bagyşlarsyñyz-da... Oýa BAÝDAR. bilgi@t24.com.tr "T24" internet gazeti, 01.02.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |