23:01 Ýagşyny ýatlap... | |
ÝAGŞYNY ÝATLAP...
Ýatlamalar
Men bu ýazgymda türkmeniň meşhur şahsyýetleriniň biri, Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň akademigi, halkara Magtymguly baýragynyň eýesi Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Baýmuhammet Atalyýewiç Garryýewiň ylmy işleri barada käbir zatlary ýatlamakçy. Onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerini aýlanyp, ýaşulylardan eşidenlerine, öz tapan köne ýazuw ýadygärligine esaslanýan ýa-da türkmen bagşylarynyň baý repertuarlaryndan jikme-jik öwrenip, olar hakda toplan maglumatlaryna daýanan ylmy ýazgylarynyň, ylmy çaklamalarynyň netijeleriniň türkmen edebiýaty öwreniş ylmy üçin gymmaty egsilmezdir. Onuň 600-dan gowrak ylmy işleri hem makalalary özünde jemleýän mirasy XVIII- XX asyrlarda ýaşap geçen türkmen nusgawy edebiýatynyň naýbaşy wekilleriniň ömri we döredijiligi baradaky ylmy hazynadyr. Men Baýmuhammet Atalyýewiçiň (oňa uludan-kiçä hemme kişi «Baý aga!» diýip, ýüzlenýärdi) Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde işlän döwri barada gürrüň etjek bolýaryn. Geçen asyrlaryň 60-70-nji ýyllarynda türkmen intellegensiýasynda halk döredijiligine, nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerine, umuman, türkmen halkynyň taryhy geçmişine uly gyzyklanma başlandy. Bu gyzyklanmanyň sebäpkärleriniň biri hem Baýmuhammet Garryýewdi. Onuň taýýarlamagynda ýa-da redaktorlygynda türkmen halk dessanlary, edebiýatymyzda uly yz galdyran nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri yzygiderli neşir edilip, halka hödürlenýärdi. Azady, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Zynhary, Kätibi, Aşyky, Şabende, Magrupy, Talyby, Misgingylyç, Mätäji, Mollanepes ýaly şahyrlaryň mirasyny öwrenip, olar baradaky ilkinji maglumatlary töwerekleýin seljerip ýazan ençeme ylmy işleri, olaryň eserler ýygyndysy hut akademik Baýmuhammet Garryýewiň ady bilen aýrylmaz baglanşykly. Ol uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetinde talyplara leksiýa berende, auditoriýanyň içi talyplardan hyryn-dykyn dolardy. Biz rus filologiýasy fakultetinde okap ýörendigimize garamazdan, aram- aram professor Baýmuhammet Garryýewiň leksiýalaryny diňlemäge ýörite barardyk. Türkmen döwlet uniwersitetinde okap ýören döwürlerimizde şahyr Gurbannazar Ezizow: «Professor Baýmuhammet Garryýew bilen dosent Hojaberdi Hanowyň leksiýalaryny sypdyrmaň» diýip aşaky kursuň talyplaryna tabşyrardy. Şindi seredip otursak, Gurbannazar eýýäm talyplyk döwürlerinden professor Baýmuhammet Garryýewiň ylmyna, bilimine, sowadyna hem pedagogik kämilligine muştak bolupdyr. Baýmuhammet Garryýew ýakymly pessaýja sesi bilen leksiýa başlardy. Mümkingadar, sapak üçin goýberilýän wagtynyň gymmatynyň her minudynyň mazmunly bolmagy üçin çalşardy. Baýmuhammet Atalyýewiç arakesme wagtynda (ol döwürde ýokary okuw mekdeplerinde 90 minutlyk okuw sagady ikä bölünerdi — her 45 minutdan soň 5 minut arakesme berlerdi) auditoriýadan çykyp gitmezdi. Bu ýagdaý bolsa okuwçylara oňat täsir ederdi we olar özlerini erkin duýup, Baýmuhammet Atalyýewiçiň daşyna üýşüp, sorag baryny bererdiler we olara jogap alardylar. Baýmuhammet Garryýewiň ylym-bilim gerimi diýseň giňdi. Oňa berilýän soraglardiňe dünýä halklarynyň folklory, dünýä edebiýaty bilen çäklenmezdi. Gory ýetik uly alyma medisina, taryh, geografiýa, etnografiýa boýunça berilýän sowallar hem jogapsyz galmazdy. Onuň ýolbaşçylygynda kurs işi, diplom işini, kandidatlyk, doktorlyk iş ýazmak her kime ýetdirmeýärdi. Meniň özüm hem bu halypanyň ýolbaşçylygynda aspiranturada boldum. Onuň«men şu gün ýadaw, ertir gelersiň» diýeni ýadyma düşenok. Haçan barsaňam, ýazyp elten kagyzlaryňy okap baha keserdi, indiki üns bermeli meseleleriňi, okamaly edebiýatlaryňy salgy bererdi. Günleriň birinde men Baýmuhammet Garryýewlere bardym. Howa yssydy, emma Baýmuhammet Atalyýewiçiň howlusy bagly-bakjaly bolansoň, örän salkyndy. Men şu ýerde onuň inileriniň biri, dünýä belli açyşynyň awtory, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty, dosent Nury Atalyýewiç Garryýew bilen tanşyp, gürrüňdeş boldum. Meni geň galdyran zat, Nury Atalyýewiç fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty hem bolsa, onuň edebiýata degişli meselelere garaýşy oňa filologiýa ylymlarynyň doktorymyka diýdirýärdi. Onuň türkmen dramaturgiýasy barada garaýşy çuň eken. Ol maňa: «Türkmen dramaturgiýasy ýaňy dörän žanr, entek «biziň dramaturglarymyz» diýip agzymyzy dolduryp atlaryny tutup bilmeris diýýänlerem bar. Şonuň üçin türkmen dramaturglary eser döredenlerinde bar ünsüni diňe Şekspire, Molýere, Gogola berip ýörmän, türkmen edebiýatynyň halk döredijiliginiň nusgalaryndan hem görelde alsalar gowy boljak. Daşa gidip oturman, Mollanepesiň «lstäpki gözel ýary» diýen şygryny alaý. Bu şygyr drama eseriniň aýratynlyklaryny özünde jemlän eser ahyry. Görýäňmi, türkmen şol döwürde hem sahna bilen tanyş bolmasa-da, dramaturgiýa meňzeş eserler döredipdirler. Şolardan görelde almaly. Olar beýik nusgalar ahyry. Biziň alymlarymyz bolsa, türkmen edebiýatyny, bir görseň, onuň, bir-de, munuň bir-de başga biredebiýatyň yzyna tirkejek bolup, azara galýarlar. Haçana çenli beýdip ýörjek siz?» diýdi. Men, dogrudan hem, özümi birhili oňaýsyz duýdum. Sebäbi Baýmuhammet Atalyýewiçe elten ýazgylarymda «türkmen dramaturgiýasy rus dramaturgiýasynyň täsirinden döredi» diýen pikirim bardy. Men gürrüňi edilýän uly alym hem tanymal pedagogyň talyplaryndan Gowşut Şamyýew, Hojanepes Meläýew, Gurbannazar Ezizow, Atamyrat Atabaýew, Annaberdi Agabaýew, Osman Öde ýaly zehinli ýazyjylardyr şahyrlaryň köpüsi milli edebiýatymyzyň keşigini çekip, at-abraýa mynasyp boldular. Meniň pikirimçe, geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda türkmen edebiýatyna ady agzalan zehinli hem ukyply ýazyjy-şahyrlaryň gelip goşulmagynda Baýmuhammet Atalyýewiç ýaly talapkär mugallymlaryň bolmagynyň ägirt uly hyzmaty bardyr. Bir maşgalada dört alym! Onda-da filologiýa, fizika-matematika ýaly ugurlardan ylmyň düýbini deşen diýilýän alymlar ýetişýär. Munuň sebäbi nämedekä? Men bu barada kän oýlandym, Baý Atalyýewiçiň ömri barada birnäçe maglumatlary okap gördüm. Seredip otursam, Baý Atalyýewiçiň ejesi Hüýrjemal eje öz döwrüniň sowatly aýallarynyň biri bolupdyr. Hüýrjemal eje birnäçe dil bilýäreken. Gurhany arap dilinde okaýar eken. KakasyAtaly aga hem sowady ýetik adam bolupdyr. Öz dogduk obasy Gökjede ol çagalary okatmak üçin mekdep açyp, şol mekdepde okuwçylara dünýewi bilimlerden sapak beripdir. Mekdebiň maksatnamasyny Hüýrjemal eje düzüpdir. Mekdebiň jaýy bolmany üçin, olar öz jaýlaryny mekdep edip, özleri bolsa, wagtlaýyn jaýda ýaşapdyrlar. Diýmek, ylym öwrenmek, bilim almak bu maşgalada öňden gelýän däp eken. «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýleni. Elbetde, şeýle maşgalanyň çagasy bolsaň, şeýle maşgalada önüp-ösüp terbiýelenseň, göreniň-eşideniň ylym-bilim boljakdygy düşnükli bolsa gerek. Men arada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri Žanna Baýmuhammedowna Garryýewa bilen gürleşenimde, ol öz ejesi Jeren barada gürrüň berdi. Ejesiniň ýokary bilimi bolmasa-da, juda sowatly aýal bolandygyny aýtdy. Ol hemme çagalaryna bilime ýol açyp beripdir. Žanna gürrüň berýär: «Kakam elmydama, goý, işde bolsun, öýde bolsun, tapawudy ýok, ol köplenç öz kitap-kagyzlary bilendi, bize ilki bolup ylma söýgi döreden ejem hasap edýärin. Ýogsa-da, ejem käwagtlar degşip: «Ynha-da, sizi okuwa-bilime gije-gündiz diýmän höwes döreden-ä men welin, abraýy akademik kakaňyza gidýär» diýerdi. Baýmuhammet Atalyýewiçiň çagalarynyň hemmesiniň diýen ýaly alymlyk derejeleri bar. Aýna, Amangül, Enejan (Žanna), Dürli (Lina) — bular alymlyk derejelerini alan kämil hünärmenler hökmünde tanalýarlar. Bir hakykat özüni duýdurýar. Okuwy, bilimi, ylmy güýçli professor bolsun ýa-da akademik bolsun, tapawudy ýok, olaryň auditoriýa girip, sapak bermeli bolanda, talyplara öz öwredýän dersini gowy düşündirip bilýänleri we bilmeýänleri bar. Gynansak-da, käbir professorlaryň sapaklarynda talyplar özlerini oňaýsyz duýýarlar. Tersine, käwagt ýönekeý mugallymyň sapaklary weli, şowly geçýär, talyplar şeýle mugallymyň sapaklaryny sypdyrmajak bolýarlar. Mugallymçylyk hem uly sungat. Baý Atalyýewiç mugallymçylykda-da, ylymda-da kämil çykan ussatdy. Ol gürrüňdeşini özüne maýyl etmegi başarýardy. Bu professoryň, akademigiň mugallymçylyk usulyýeti, okadyş, öwrediş, tälim beriş täri juda kämilligiň hem hakyky nusgasydy. Ol her sapagynda talyplaryň ünsüni haýsy meselä gönükdirmelidigini bilýärdi, ol özüni talyplaryň öňünde diňe alym ýa-da mugallym ýaly alyp barman, köp halatda, onuň özi hem şu okadýan sapagyny öz talyplaryň bilen bile öwrenýän ýalydy. Bu bolsa alymyň uly mugallymçylyk ukybynyň örän ýokarydygynyň aýdyň mysalydy. Beýle adamlar ýatdan çykmaýar. Derýa BAÝRAMGULYÝEW, Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy. "Diýar" žurnaly, № 7, 2010 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |