13:53 Meniň dostum Gurbannazar -3/ dowamy | |
AÇ-AÇAN GÜRRÜŇ
Ýatlamalar
Gurbannazarlaryň öýleriniň içinde uzyn koridor bardy (häzir ony üýtgedip, uly jaý edipdirler), şol koridor göni Gurbannazaryň kabinetine barýardy. Onuň jaýynyň tekjeleri kitapdan doludy, her gezek barsaň, täze kitaby öňüňe oklap; — Şuny okadyňmy? — diýerdi: — Al, oka ahyry, zat okaňyzok-how. Bu halkyň intelligensiýasy boljak bolsaň, köp okamaly — diýerdi. Intelligensiýa barada, sungat barada, edebiýat barada... Bu gürrüňler elmydama ýanymyzda. Gurbannazar maňa “Türkmen intelligensiýamyz entek bärden gaýdýar, ýöne onuň şu durkuny saklap galanyna şükür etmeli. Türkmeniň gerçek ýigitleri, aýdaly, XIX asyryň düşünjeli mert türkmen adamlary Watanyň goragynda wepat boldular. Gökdepe urşunda şehit bolanlaryň sany-hasaby ýok. Ana, şonda türkmeniň gerçek ýigitleri gyryldy. XX asyra geçeliň. Rewolýusiýadan soň Jüneýit han, Eziz han, ýene-de bimäçeler gerçekleri yzyna tirkäp, Watan üçin, ar-namys üçin, halkymyz üçin göreşe çykdylar, ana, şonda-da ençeme gül ýaly ýigitlerimiz gyryldy. Şu gyrgynçylyk 1932-nji ýyla çenli dowam etdi, şonda basmaçylar diýip, ýene-de gyrdylar, olardan galan az sanly düşünjeli, sowatly türkmenlerem Staliniň 1937-nji, 1938-nji ýyllardakyrepressiýalarynda gyryldy, galan sowatly türkmenler 1941-1945-nji ýyllaiyň urşuna gidip wepat boldular, olaryň arasynda şahyrlaram ýazyjylaram, alymdyr mugallymlar-da bardy. Özem, üns beriň, beýleki halklaryň görnükli intelligensiýasy urşa gitmediler, olara eýdip-beýdip bron alyp, saklap galdylar, biz şonam edip bilmedik. Galanja intelligensiýanyň wekilleriniň köpüsi Aşgabadyň 1948-nji ýylyň ýer titremesinde ýer astynda galdylar. Şu zatlary göreniňde entegem gowy-la — diýip, çekip oturan çilimini küldana basyp söndürýär. — Gurbannazar, häzir näme, şu günki gün barada aýdanymyzda, ynha, biz bar-a, men-ä halkyma gulluk etmäge taýýar. — Eh, sen, halkyna gulluk etjek kändir welin, edil gulluk edip biläýjekleri çagalar bagynda saýlap goýandyrlar, hiç ösdürmezler. Bu hemme döwür şeýledir, ýurduňda başga halk agalyk etse, araňda biri saýlanaýjak bolsa, ony her edip, hesip edip ýoklarlar, ösdürmezler. Olar ösüp ýetişeberseler: “O näme, bu näme?” diýip sorag goýup başlarlar, bu bolsa agalyk edýänler üçin gerek zat däldir, düşün ahryn. Gurbannazar beýleki dostlarynyň ýanynda şu gürrüňleri edýärmi ýa-da ýok, ony bilmedim, ýöne meniň bilen şunuň ýaly gürrüňler etmegi gowy görerdi. Bu meniň şol wagt komsomolyň uniwersitetdäki ýolbaşçysylygym üçin bolmagam mümkin. — Sen sered-ä, respublikamyzyň iň ýokarky wezipelerinde beýleki milletleriň wekilleri otyr. KGB, MWD, KPT, Ministrler Sowetinde halkyň ykbalyny çözäýjek ýerlerde biziňkiler ýokdur, bolaýanda-da bir nalajedeýinlerdir — diýip, bir anekdot aýdyp berdi. — Moskwanyň köçeleriniň bir ýerinde Moskwa adamsy serhoş bolup, laýa bulanyp ýatyr, muny gören türkmen ýaňkynyň ýanyna baryp: “Eý, bolup ýatyşyň nähili? Aşgabada barsaň, bolmanda bir edara başlyg-a bolardyň!” — diýipmiş. Düşündiňmi sen şu zatlara... Gurbannazary şu pursatlar diňlemek diýseň gyzyklydy, juda gowudy, ol gürrüňini dowam etdirip, türkmenleriň dünýägaraýşyna, häsiýetine, umuman, bolşuna ünsüňi çekýärdi. Gurbannazar: — Men türkmenlere käwagtlar haýran galýaryn. Bir seretseň, hemme zada gözi ýetip duran ýaly, ýene bir seretseň, dünýäde iň yza galan halklaryň arasyna goşup goýberäýmeli. Bir seretseň mundan rehimli, mundan mert, mundan gaýduwsyz, şundan çydamly, şundan ynanjaň halk ýok ýaly. Ýene bir seretseň, şundan namart, şundan ýagşylygy bilmez halk ýogam ýaly — diýerdi. — Ine, sen görýärmiň, Derýa, düýn raýkom ýa-da ministr bolup ýörenleriň öňünde iki bükülip ýörenler, bu gün şolar işden pyzylaýsa, ony ýaňky adamlar depeläbem geçjekler. (Bu ýagdaýlara özüm ençeme ýyldan soň gabat geldim. Seniň öz ýetişdiren, ýola salan diňe işdeş ýoldaşlaryň däl-de, hatda öz ýakynlaryň, uly wezipe eýelänlerinden soň, seniň bilen salama-da sataşaslary gelenok. Senden gaçýarlar. Hemme zady diňe öz güýjüm bilen gazandym diýdirjek bolýarlar). Hany, seniň adamkärçiligiň?! Iň bolmanda öz çagalaryňdan utan, olar hemme zada düşünip otyrlar ahyryn. Onsoňam, “Mal eýesine çekmese — şumluk” diýipdirler. Şu nädogry hereketleri ýaşlaram görüp dur. Olaryň “Ýokary wezipä namartlyk edip geçse-de bolýar” diýen pikire gitmekleri mümkin. Olar “Namartja olam —- sagja olam” diýen nakyla gulluk ediberseler nähili bolar? — Gurbannazar, ýaňky nakylyň-a türkmene mahsus däl. Megerem, şol nakyl biziň dilimize başga bir halkdan geçen bolmaly. — Eger-de başga halkdan geçip, biziň aramyzda mesgen tutan bolsa, onda şoňa görä adamlar türkmeniň arasynda az däldir. — Gurbannazar, juda beýdip alyp gidibermäli. Biziftem geçmişde dünýä gymmatlyklaryna goşan goşandymyz az däldir. — Men ony bilýärin, emma düşün, diňe geçmiş bilen ýaşap bolmaýar. Şu döwür, şu XX asyrda näçe ylmy açyşlar boldy? Awtomobil, uçar, raketalar we ş.m., emnia şol açyşlarda ýekeje-de türkmen ýok, näme üçin ýok? Ana, şu zatlaryň sebäbini edebiýatda, okuwda, sungatda, ikibaş söhbetdeşlikde adamlara düşündirjek bolmaly. 0l ýene gyzykly pikirlere gümra bolýardy. Onuň taryhdan, tehnikadan, syýasatdan düşünjesi aňyrdanlygy gömüp durdy. Men gürrüňi dowam etdirjek bolup: — Gurbannazar, seniň şu aýdýan pikirleriň Gerseniň “Byloýe i dumy” diýen eserinde-de bar — diýipdim. — Hawa, aýt, hany diňläli. — Diňleseň, Gersen rus halky barada käbir ýerlerde erbet zatlary ýazýar. Meselem, şol kitabynyň bir ýerinde şeýle mysal getirýär: “Biziň rus halkymyzyň käbir biderek häsiýetleri bar. Men bir gezek şeýle bir wakany gördüm. Bir şäherde gubernator işine barýar. Ýolda oňa her kim iki bükülip, salam berýär. Edaranyň öňünde bolsa, bar çinownikler oňa garaşyp durlar. Şweýsar onuň paltosyny emaý bilen çykaryp, elindäki çotga bilen onuň paltosynyň garlaryny kakyşdyiyp, asyp goýýar. Gubematoryň aýakgabyny çykaryp, ony süpürip, köwüş goýulýan ýerde goýýar. Şu edilýän hormatlary gubernator hezillik bilen kabul edýär. Şol günem merkezden biri gelip, gubematory işden boşadýar. Indi bolsa, hälki bükülýänler işden pyzylan gubernatory görmedik bolýarlar. Men Russiýadan çykmankam, şu biderek häsiýet diňe rus halkyma degişlidir öýdýärdim, ýöne men ýalňyşýan ekenim. Goý, watandaşlar meni bagyşlasynlar, beýle häsiýet nemeslerde-de, iňlislerde-de, fransuzlarda-da, italýanlarda-da ruslaryňkydan kem däl ekeni. Umuman, bu adamzadyň kemçiligi ekeni. — Ana, görýärmiň, Derýa, rus ýazyjylary, rus akyldarlary öz halkynyň kemçiligini kitaplarda aýdypdyrlar. Bizem şony etmeli. Ine, menem saňa I. B uniniň “O ba” diýen powestinden şu gürrüňlerimize kybapdaş ýerini aýdyp bereýin? (Men ýene-de “Gurbannazar bu zatlary haçan okap ýetişdikä?” diýen soragy özüme berýärin). Obadan çykman ýaşap ýören dogan hemme ýerleri aýlanyp ýören doganyndan soraýar: — Beýleki ýurtlaryň adamlaram biziňki ýalymy? Ýok beýle däldir, biziň ruslarymyz ýaly däldir. Ana, biziň rus nemeslerimize seredip göräý, rus ýewreýlerine syn et. Hemmesi özlerini päkize, tutanýerli alyp barýarlar. Hemmesi biri-birlerini tanaýarlar, biri-birlerine hormat goýýarlar. Kömek edýärler. Eger-de başga bir ýere göçüp gitseler, hat alyşýarlar. Ene-atalarynyň, maşgala dostlarynyň suratlaryny ogullaryna, agtyklaryna goýup gidýärler. Çagalaryny okuwly, bilimli edýärler. Olary söýýärler, olar bilen seýil edýärler. Özleriniň deňi saýýarlar — ana, çagalaryna ýatlamaga zat bar. Bizde hemmeler biri-birine ýagy, göriplik, gybatçylyk, biri-biriniňkä ýylda bir gezek barýarlar. Tötänden bir myhman geläýse, diňe şonda öýleriniň içini tertibe salyp başlaýarlar. Aý, näme, gürrüň edip! Myhmana bir döwüm çöregi gysganýarlar, hamala, myhman bulary garyp goýjak ýaly... Gurbannazar soňra türkmen eserlerinde şunuň ýaly meseleler barada juda az ýazylýanlygyny aýdýardy:— Türkmen özi barada nähili pikir edýär? 0l özüni tanaýarmy? Öz hereketlerine baha berip bilýärmi? Ynha, men saňa türkmen ýigitleriniň, gyzlarynyň obadan Aşgabada gezmäge gelişlerine baha kesip bereýin. Ynha, bararlar rus bazaryna, çigitden kiselerini doldurarlar-da, ýöräp barýan ýerlerini hapalarlar. (Köne rus bazarynyň töweregi Aşgabat ýaşlarynyň, köplenç, gezmäge çykýan ýerleridi, köne uniwermagdan tä telefon stansiýasyna çenli bimäçe attraksionlar bardy). Soňra agram ölçelýän gapanyň üstüne münüp? agramlaryny, boýlaryny, güýçlerini ölçärler. Şol ýerdäkilere özlerini aldadarlar, özleriniň bar pullaryny sowup, obalaryna gaýdarlar-da, barybam, “Men Aşgabady gezip gaýtdym, ol ýerdäki şäherli oglan-gyzlary aňkardyp gaýdandyryn-how” diýer. “Ýogsa-da, manty bilen gutaplary erbet däl ekeni. Gelin-gyzlaryň bar höwesi şol moroženoýe” diýip güpülärler. Teatr, kino, opera, muzeý, kitaphana — muňa barýanlar az-azdyr. Ynanmasaň, özüňem syn edip göräý, bar-da.” — Ana, şonuň üçinem terbiýeçilik işine biperwaý garamaly däl. Her bir edebi eseri okyjy okap, birazajyk hem bolsa dünýägaraýşyny giňeltse, özi barada pikir etse, ol eseriň gowy boldugy. Onsoňam, bu zatlar diňe şahyr, ýazyjy, hudožnik, mugallyma däl-de, hemme adamlara degişlidir. — Dogry, Gurbannazar, men, ine, mikroraýonda ýaşaýaryn. Arada bir zada ünsüm çekilipdi. Mikroraýonyň ýaşaýjylary köpmilletli. Şonuň üçin okuwçylar mekdepden gaýdyp gelýärkäler olaryň ejeleri: “Wolodýa, Sergeý, Andreý, geliň öýe, öý işleriňizi edip, soň oýnamaga çykyň” diýýärler. men hiç wagt türkmen eneleriniň “Myrat, Oraz, Baýram, öý işleriňizi ediň, soň oýnamaga çykyň” diýen sözlerini eşidemok. — Şuny gowy belläpsiň. Derýa, ýöne bir zady welin unutmagyn, Hudaýa şükür, biziň gelin-gyzlarymyz türkmeniň abraýyny sakladylar. 100 yyidan gowrak wagt özge halkyň garamagynda türkmen gelin-gyzlary bir-ä milli geýimlerini ýitirmediler, birem özge halka, millete durmuşa çykmadylar. Mertebesini belent sakladylar.Gurbannazaryň ýaşlar barada aýdan pikirlerine indi-indi düşünýärin. — Türkmenlerden gowy kadrlar ýetişdirmek juda kyndyr. — 0l näme üçin куn — diýip, men sorapdym. — Kynlygynyň sebäbi: “Bu zatlara düşünersiňgowy sen, okaberseň Pawlik Morozowy sen” — diýip, Mämmet Seýidowyň degişmesini aýdardy. Pawlik Morozow kim? Ol öz ene-atasyny satan adam. Partiýa üçinem edil şonuň ýaly türkmenler gerek. Sen kimiň goly astynda? Şony bilýärmiň? — Biz respublika ahyryn, biziň öz konstitusiýamyz bar, onda milletiňe garamazdan, hemme deň. — Eh, sen! Bir zada syn et! Ukyply adamlardan ukypsyz adamlar elmydama kändir. Ukypsyzlar ukyplylara gabat gelse, kakyp goýbärler. Agalyk edýänler türkmenleriň arasyndan ukyply, iň başarjaň adamlary döwlet işine, dolandyryş edaralaryna almazlar. Olar nämä gerek? Olar köpeliberseler, gerekli-gereksiz soraglary goýup başlarlar: “Biziň nebitimiz, gazymyz, pagtamyz nirä, näçe manatdan gidýär?” diýip başlarlar. Şonuň üçinem, olar ýaly işgär göze göründigi gaýdyryp goýbererler. Bahana-da, näçe diýseň tapylar: sünnet, galyň, öwlüýäde töwir galdyrypsyň. Gepiň gysgasy, gowşaklary, nalajedeýinleri ýokary çekmeli. Islän wagtyň ýüpüni dartyp oturar ýaly adamlar gerek. Sen hem ahmal bolma, duýduklary gaýdyryp goýbererler. Sen sorap gör okuwçylaryňdan: “Respublikamyzda näçe gaz öndürilýär? Näçe nebit çykýar? Olardan näçe girdeji bolýar? Köpüsi bilmez. Emma pagtany welin, hemmesi biler. Hatda haýsy raýonyň näçe pagta öndürýändigini bilerler. Bu zatlar halk nebitden, gazdan daşrak bolsun diýlip edilýär. Sebäbi ondan gelýän girdejiniň sany-hasaby ýok. Hany, olaryň biziň halkymyza peýdasy barmy? Pagtaňyz bilen boluberiň diýýärler, sebäbi näme? Sebäbi ýer ýüzünde pagta öndürmek yza galan halklaryň paýyna düşýär diýlip hasap edilýär. Sen pagta öndürýän döwletleri sanap göräý. Şolaryň haýsysy gowy ýaşaýar? — Nätdiň-aý muny, Gurbannazar? — Men-ä hiç zat edemok, ýoldaş komsomol. Hazar deňzi ýaly deňiz hemme halklara ýetdiriberenok. Şunuň daş-töweregini dünýä belli kurortlar etse boljak, hasam, Esenguly, Çekişler, Awaza, Çeleken töwereklerini. Bu ýerleriň deňziniň suwy örän arassa. Gowy howasam bar. Onsoňam, bir zada üns ber, her bir deňziň gyrasynda ýaşaýan halklaryň deňiz floty bolupdyr, bizde şolam ýok ahyryn. Haýran galaýmaly, deňiz bizde, deňiz ministrligi bolsa, deňiz ýok respublikada ýerleşýär. Men Gurbannazary diňleýän, öýe baryp şu pikirleri ýazyp goýsam, soňra gerek bolar diýýärin. Emma, arman, hiç zat ýazmandyryn, gündelik aladalar bilen bolup ýörüpdiris. Bu hem, mümkin, türkmenleriň bir aýratynlygydyr... GURBANNAZARLARYŇ ÖÝÜNDE Hälki aýdyşym ýaly, Gurbannazarlaryň öýleriniň myhmansyz bolan wagty seýrekdi. Günleriň birinde ol maňa jaň edip: “Hany, durman gel, özem gowuja bolup gel, öýde myhmanlar bar”— diýdi. Onuň “gowuja bolup gel” diýen jümlesine men düşünýärdim, edil onuň diýşi ýaly hem etdim. Sagat irden 10-lar töweregidi, men “gowuja bolup”— iki çüýşe arak alyp, Gurbannazarlara bardym, içki öýünde Annaberdi Agabaýew, Ýuriý Rýabinin, Eduard Sklýar hem-de ýalňyşmýan bolsam, Annaly Berdiýew dagy stoluň başynda oturyp, edebiýat barada jedelleşip, meniň baranymy hem duýman galdylar. Men şu ýerde Eduard Sklýar bilen tanyşdym. Oturylyşyk uzaga çekdi, bularyň edebiýat barada edýän gürrüňleri meniň üçin hem örän gyzyklydy. Biri bir pikiri orta atar, beýlekisi onuň garşysyna ýene bir pikiri aýdar— ynha, bir hezillik, ýöne diňläp oturmaly. Meniň bolup oturyşymy görüp, Eduard Sklýar Kedriniň goşgusyndan iki setiri aýdyp goýberdi: “U poetow ýest takoý obyçaý, W krug sadýas oplýowywat drug-druga...” Annaberdi Agabaýew bu goşgyny terjime eden eken: Şahyrlaryň edähedi, jem bolup, Bir-birini çykarmakdyr püçege... Men işe gitm elidim, oturanlardan rugsat soradym, şonda Annaberdi: — Gurbannazar, sen bagtly adam, şunuň ýaly dostuň bar, meniňem dostlarym az däldir welin, ýöne şunuň ýaly irden öýüme “gowuja bolup” gelýänini göremok. Annaberdiniň bu öw güsini halam an durmadym. Gurbannazar bolsa: — Meniň dostlarym şeýle-dä — diýip meni ugratmaga çykdy. Gurbannazarlaryň öýündäki oturylyşyklar uzaga gidýärdi, men käwagtlar şolarda galýardym: — Indi giç, gaýdyp oturma, men ýatyp uklap bilmerin, gije gaýtma, galaý bu gije — diýip, meni alyp galardy. Gurbannazarlaryň öýi duz-çöreklidi. Onuň bu nahary halaýan, muny halamok diýen gürrüňini men-ä eşidemok. Ýöne onuň gowy görýän zady gowurdagy eredip, bir çemçe ýagy ýüzüniň ugruna içip goýbererdi. — Şuny senem öwren, saglygyň üçin gaty gowy zatdyr. Saglyk barada aýtsam, Gurbannazaryň “meniň pylan ýerim agyrýar” diýenini eşidemokdym. 0l sagat adamdy. Bir gyzykly zat, Gurbannazaryň bumy ys almaýardy, şuny men geň görerdim: — О nähili ys alaňog-a? Burun diýilýän zat diňe dem almak üçin däl-de, ys almak üçinem döredilendir ahyryn?! — diýenimde, ol: — Eger “Şipr” ýa-da “Karmen” odekolonyny bumumyň deşiklerine eltip ysgasam, şonda bir erbet zadyň ysy gelýär — diýip gülerdi, — Aý, onuň burun bolaýşyny — diýip, men ýene-de degişmämi dowam ederdim. 0l bolsa: — Şunuň ýaly owadan, grek burun Türkmenistanda-ha ýokdur, dünýäde-de ýok bolaýmasa... — Ýok, bumuň görnüşine zat diýip biljek däl, ýöne mazmuny ýok, goşgynyň formasy bolup, mazmuny bohnasa nädýäňiz? Tankyt edýäňiz, menem seniň burnuň formasy örän oňat, ýöne mazmuny ýok diýýärin. — Haý, türkmen, şunuň ýaly buruna-da at dakyp bilýäňiz?! — Diňe burnuň däl, saçyňam-a ýaman ir agarypdyr — diýip, ony gününe goýamok. — Aý, bir dostuň Aşyr bolsa, ýene biri Derýa bolsa, gözüňem agarar— diýip, yzyny goşga öwrüp goýberer: “Razy, çalarypdyr, gara saçlarym, Razy, hemä çalarmandyr ýüregim... Hawa, “Jahan aýlanyp dur, oňatlyk örän...” “Düýnüň özi garaşypdyk ýaşlyga, A bu gün bolsa geçip barýar şol ýaşlyk.. Eýýäm ençeme ýyllar geçipdir, ýöne Gurbannazaryň ornuny meniň kalbymda başga hiç kim tutup bilenok. Şol boşlugyna dur. Bir gün dynç alyş günüdi, ol maňa jaň edip, gelmegimi haýyş etdi. Men bardym, ol “Kil munda!” diýip, kakasynyň ussahanasyna alyp girdi. Men şu ussahana birinji gezek girişimdi. Bu ýerde şaý-sep ýasamak üçin hemme gurallar bardy. Gurbannazar: — Ynha, men saňa gülýaka ýasalyşyny görkezeýin — diýip, bir guraldan eýran kümüş apbasysyny geçirdi, onuň gömüşi üýtgedi, soň ol meniň gözümiň öňünde bir täze gülýaka ýasady, ýüzüne diňe altyn çaýaýmaly edip goýdy. — Altyny kim çaýýar? — Ejem bilen Hally. Men indi şol kysmy gülýakany gyzlaryň ýakasynda dakynanyny görsem, her gezek Gurbannazaryň ýasanydyr öýdýärin. Zergärçiligiň bu öýde ata-babadan gelýändigini men bilýärdim, ýöne Gurbannazaryň özüniň kümüş ussaçylygyndan başy çykýandyr öýdemokdym. — Tüweleme, Gurbannazar, Hudaý saňa eçilip bilipdir. — A, ty как dumal-a? Seret, Magtymgulynyň söýgülisi kim bolupdyr? Meňli bolupdyr, meniň söýgülim kim — Hally. Magtymguly zergär bolupdyr gerek? Menem azda-kände kümüş ussasy. Magtymguly şahyr bolupdyr gerek? Bolupdyr. Menem azda-kände şahyr... Gör, bu bolýan zatlary — diýip degşerdi. — Gurbannazar, sen üstesine sazanda-da, dutary azda-kände, elbetde diňe meniň bilen, çalýaň ahyryn. — Ha-ha! Bu zatlar öňküleriň üstüne. Elbetde, eger-de men gündelik ýöreden bolsam, onda okyjy üçin ýekeje güni hem sypdyrman aýdyp bererdim, ýöne nätjek-dä, entek gündelik ýöretmek türkmen intelligensiýasynyň häsiýetine girmändir. Şindem bir pille. DOSTLUK GATNAŞYKLARY Men häli gürrüň beripdim. Gurbannazarlaryň gapysy ir diýmän, giç diýmän, elmydama açykdy. Gurbannazaryň özi hem käwagtlar wagtyna garamazdan “ Ýörüň, pylanylara gideliň” diýip, ýanyndakylar bilen kim-de bolsa, bir dostunyňka gidibererdi. Bir gezek ýarygijeden soňdy. Gapy kakyldy, açyp görsem Halyl bilen Gurbannazar. — Türkmeniň iki beýik şahyry gelip gije gapyňy kaksalar, özüňi bagtly hasap etmeli gerek, Derýa?! — diýip, Gurbannazar ikisi öýe girdi. Çaý-çörekden soň şeýle bir goşgy okaşyk boldy welin, arman, şol döwürde magnitofonym ýokdy-da. Halyl bilen 1969-njy ýyldan bäri goňşy bolup oturdyk, ilki köne uniwersitetiň howlusynda, soňra bolsa altynjy mikroraýonda. Anyk ýadymda däl, ýetmişinji ýyllaryň bahar paslydy. Gurbannazar, men, Nury Halmämmet, Baýramguly Amangeldi bir ýerden gelýärdik, wagt giçdi, bahar ýagşy bolsa şeýle bir guýýardy welin, edil bedreden guýulýan ýalydy. Şu ýagşyň astynda Nury: “Gurbannazar, men şu taýdan hiç ýere gymyldajak däl, siz nirä gitseňiz gidiberiň, munuň ýaly ýagşy Hudaý elmydam berip duranok, gymyldajak däl” — diýdi. Gurbannazar bolsa: — Ana, munuň kakyny tutup başlady, aý, men maňlaýy gara, elmydama Annaberdi bolsun, Nury bolsun, şular ýaly oturylyşykdan soň alada baryny berýärler-how, gör-ä, munuň bolup durşuny — diýdi. Biz 10-njy mikroraýondadyk. Men: — Şu ýerde Aşyr Bäşimow ýaşaýar, şolara baraly — diýdim. Ust-başymyz görer ýaly däl, Aşyryň gapysyny kakdyk, ol bizi mähirlilik bilen garşy aldy, emma Nury şol duran ýerinden gymyldaman, ýagşyň astynda durdy. Gurbannazar bardy - gaýtmady, men bardym — gaýtmady, soň bir seretsek, ýitirim bolup bir ýere gidipdir. Şonda Gurbannazar: — Entek duruberiň, menem-ä Annaberdi bilen Nura bir gün iş bolaryn, ana, şonda görüberýäs — diýdi. Megerem, Gurbannazar Nury hem Annaberdi bilen köp tirkeşenden soň, her hili ýagdaýlara gabat gelýän bolara çemeli. 1972-nji ýylllarda SK KPSS alkogolizme garşy göreş diýip karar çykardy. Bir ýerden Gurbannazar, Baýramguly, Amangeldi Amanow dagy jaň edip, maňa piwo satylýan ýere bar diýdiler. Hemmämiz bileräk bardyk. Şol wagtam piwo gutardy. Indi näme etmeli, nireden hem bolsa piwo tapmaly. Biz “Sumbar” dükanyndan çüýşeli piwo alyp çykdyk, şol bada ýüz ugra açyp, suwsuzlygymyzy gandyrjak bolanymyz hem şoldy welin, iki milisioner biziň ýanymyza gelip, bize azar berip başladylar: “Näme üçin içýäňiz, şu taýy içilýän ýermidir?”, ýogsa, dükanyň daş-töwereginde serhoş bolup ýatanlaram bardy, olar bilen işleri ýok, biziň sypatymyzy medeniýetli gördülermi, nämemi, bilmedik. Gurbannazar: — Biz erbet adamlar däl, içip ýykylyp ýöremzok. Bu Amangeldi Amanow — poligrafyň direktory, Derýa Baýramgulyýew — aspirant. Şol ýerde bize Begmyrat Ussaýew hem goşulypdy, munam goýberenoklar. — Begmyrat Ussaýew— uniwersitetiň dosenti hem şahyr, Baýram Amangeldiýew — Gosplanyň işgäri, menem Gurbannazar Ezizow — şahyr — diýip, ýanyndaky Pribaltikada çykaran kitabyny milisionerlere görkezdi. Olara geregem şoldy öýdýän. Gurbannazaryň elindäki kitaby aldylar-da: — Indi şu adamlaryň biri şu ýerden gymyldasa, hemmesine sen jogap berersiň — diýdi. Telefon apparatdan jaň edip, “jenaýatçylaryň” uly bir toparyny tutduk, tizräk maşyn iberiň — diýdiler. Ýeri, bular üçin şahyr, mugallym ýa-da türkmen intelligensiýasy kim? “Şular ýaly adamlary köpräk tutuň” diýen buýruklary bar ýaly. Indi näme etmeli, bu uly masgaraçylyk, ertir bütin Aşgabat eşider. Gurbannazar Amangeldi Amanowa, Begmyrat Ussaýewe: — Siz bir gidiň şu ýerden, biz öz günümizi göreris-dä — diýdi. Bulary sypdyrdyk, şol bada aňyrdan sirenasyny gygyrdyp, milisiýanyň maşyny geldi. Içinde dört-bäş sany milisioner çykyp, biziň ýanymyza geldi. Şolaryň ulusy meni tanaýdy. Ony milisiýa işlemek üçin komsomoldan iberen özüm ekenim. 0l öňki bizi saklap oturanlara: — Şulardan başga işiňiz ýokmy? Azar bermäň bulara! — diýip, bizi uly biabraýçylykdan sypdyrdy. Gurbannazar bilen Baýram bolsa: — Indi bar işimizi taşlap, barja zadymyzy satyp, bir ýerde komsorg bolup işlemesek armanly galarys, ýeri, ýaňkylara şahyr, dosent, direktor hiç kim, hiç zat, emma bu komsomol — partiýa işgäri bolsa abraýly, nähili bolýar bu zatlar? OGUL KÜÝSEGI G urbannazaryň, Baýramgulynyň,Amangeldiniň, Aşyryň gyzlary bardy, hemmesi ogula garaşýardylar. Gurbannazar “oglum bolanok” diýip, juda alada edýärdi. 0l: “Siz ogully atalar, bu aladany bileňzok” diýerdi. — Ogul boldurjak bolsaň pylan zat iýmeli diýdiler — iýdim, ogul bolmady, ýene-de biri pylan zat etmeli diýdi, onam etdim, ýene-de bolmady, indi men-ä ýöne oturybermesem, ile gulak salmaga-da gorkýan — diýip gülerdi. Şu ýerde bir zady okyja aýtsammykam, aýtmasammykam diýip, pikir öwrüp, ahyry aýtmagy göwnüme makul bildim. Günleriň birinde men, Tokar, Gurbannazar Ýalkym obasyna - Baýramgulylara gezmäge gitdik we olarda ýatmaga galdyk. Baýramgulynyň aýaly Orazsoltan gelnejemiziň aýagy agyr eken. Ine, daňdanlar öýde hysyrdy başlandy, bir salymdan soň Baýramguly: “Buşluk, ogul boldy” diýip geldi. Oglunyň adyna biziň hatyramyza Nökergeldi diýip at dakdylar. Häzir Nökergeldi Amangeldiýew respublikamyzyň tanymal aýdymçylarynyň biri. Bimäçe gyzdan soň ogul görmek türkmen üçin uly begenç, bagt. Indi habary kimden al? Menden al. Men Gurbannazara, Amangeldä, Aşyr Bäşimowa: “Ogul boldurjak bolsaňyz, wagty ýetiberende meni öýe çagyryp, hyzmat etseňiz bolany, hökman ogul bolar, enşalla! Meniň aýagym düşýär” diýip, degşip ýaňkylara aýtdym. Ine, Hudaý tarapyn, Aşyr Bäşimowyň ogly boldy, men has beleň alýardym: “Ine, görýäňizmi, öňki güni Aşyrlarda oturdyk, aýdýan-a meniň aýagym düşýär diýip”. Elbetde, bu meniň üçin degişme, ýöne Gurbannazar bilen Amangeldi, dogrudanam, wagty ýetiberende meniň yzym dan aýrylanokdylar. Amangeldilerde oturyp, uzynly gije küşt oýnap geçirdik, ertesi Amangeldiniň ogly boldy. Bol, bol, Derýa bol. Indi: “Gurbannazar, senem meni sypdyrma, hökman ogul bolar” — diýýärin. Iki gije Gurbannazarlarda bolduk — gyz boldy. — Eh, sen, meni aldadyň. — Bolar, enşalla, bolar, Gurbannazar — diýip hemmämiz Gurbannazaryň oglunyň bolaryna garaşýardyk. Ogul boldy, arman Gurbannazar ony göriip bilmedi. Gurbannazaryň ogly Diller institutynyň iňlis dili fakultetini gutaryp, häzir sag-aman işläp ýör. Tüweleme, gowy ýigit bolup ýetişdi, öýli-işikli boldy. Gurbannazaryň nesli dowam edýär. Ýaňy-ýakynda Gurbannazaryň ogly öýlendi. Tüweleme, gowy toý edildi. Toýa Gurbannazaryň ýakyn dostlarynyň biri A. Agabaýew ýolbaşçylyk etdi. Şu ýerde bir guwandyryjy zat, olam Gurbannazaryň maşgalasyna toý etmek üçin Eýran türkmen işewürleri kömek etdiler. Bu bolsa, Gurbannazaryň goşgularynyň Eýran türkmenleriniň arasynda-da uly hormata eýediginiň hem-de olaryň arasynda populýar bolandygynyň alamatydyr. Bu guwandyryjy faktdyr. Türkmenler: “Ýagşylyk ýerde ýatmaz”, “Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler” diýipdirler. Eden ýagşylyklary üçin, Gurbannazaryň dostlarynyň adyndan köp sag bolsun aýdasym gelýär. Şu ýerde gelnejemiz Hally barada iki agyz söz aýdasym gelýär. Türkmenfilmiň “Gelin” diýen filmi bütin dünýäni aýlanyp çykdy. Bütin dünýäniň kinotomaşaçylaryny türkmen gelniniň päkligi, wepalylygy haýran galdyrdy, olaryň birnäçesi ynamsyzlygam edipdirler, XX asyrda munuň ýaly wepalylyk galan däldir diýip. Emma ýalňyşýarlar, ine, Hally gelnejemiz Gurbannazaryň öýüniň ojagynyň oduny öçürmän, bütin häzirki zaman türkmen zenanlaryna, gelin-gyzlaryna görelde bolup otyr. Bu gahryman aýal, hakykatdanam, gahryman aýal. Gurbannazaryň aýaly Hally gelneje barada, onuň ejesi Gülnabat daýza barada näçe oçerkler, balladalar döredilse-de, bärden gaýdarmyka diýýärin. Şularyň, şular ýaly maşgalalaryň türkmen halkynda barlygyna men guwanýaryn. Olar azam däldir. Ine, şunuň ýaly zenanlar biziň halkymyz üçin merdana ýigitleri, ojagyna wepaly gelinleri ýetişdirer durarlar, enşalla! Hally gelneje, Gülnabat daýza ýaly maşgalalaryň edep-ekramy-da, jemgyýetde, maşgala ojagynda, il arasynda özüni alyp baryşlary, perzende berilmeli terbiýesi bilen bütin türkmen zenanlaryna, aýal maşgalalaryna, nesil dowamatynyň sakasy bolan juwan gelin-gyzlarymyza göreldedir diýip, gaýtalasym gelýär! MAŞYN Gurbannazar maşyn edindi. Gyzyl reňkli “Ziguli” maşyny. Şol wagt hem Pribaltikada gyzyl reňkli kitaby çykypdy. Muňa hemmämiz begenýärdik. Gurbannazara maşyn sürmegi öwretmäge-de Baýramguly ikimiz başladyk. Maşyn sürmäge ýene-de şol ilerik baýyrlyklara, düzlüge giderdik. Gurbannazara maşyn sürmek kyn düşýärdi. Bir gezek ilerden özi rola münüp, öňki Lenin prospektinden gaýtdy. 0l aljyraýardy, bizem iki ýanyndan eýle sür-de, beýle sür diýip, ony hasam aljyradýardyk. Şol barmana Hudaýberdiýew köçesi bilen çatryga ýetende çatrygyň ortarasynda Gurbannazar maşyny siirüp bilmän duruberdi. Gapdaldan maşynlar signal berip, ony has beter aljyradýardylar. Şonda Gurbannazar: — Bulara sered-ä, yzlaryndan ýagy kowalaýan ýaly-la bularyň, hany şu ýerden gozganman dursam, nädersiňiz-ä? — diýip, maşynyň motoryny söndürdi oturyberdi. Rula Baýramguly geçdi. Gurbannazar deňimizden geçýän maşynlara seredip: — Duruberiň entek, gowy bir öwreneýin sürmäni, onsoň görersiňiz gapdaldan geçmäni — diýipdi. GURBANNAZARYŇ AÝRATYNLYKLARY Gurbannazar ýyly geýinmäni gowy görerdi. Şol barada Kerim Gurbannepesowyň bir degişmesini aýdardy... Bir gezek Gurbannazar gyşyň güni Kerim agalara baranda içerik girip, plaşşyny çykarypdyr, soň penjegini, soň žemperini, soň ýeňsizini, garaz, ýöne çykaryp durmuşyn... Şonda Kerim aga: — Boldy-how, Gurbannazar, deriňe ýetýäň beýdip — diýip, oňa degipdir. Gurbannazar degişmäni gowy görerdi. “Ýumorsyz adam ýarym adam, onuň bir zady kem ýalydyr” diýerdi. Sungatyň, edebiýatyň wekilleri barada özüniň pikirini göni aýdardy. Şol wagt talyp bolup okap ýören hemem populýar aýdymyň goşgusyny ýazan Allaýar Çüriýewe “Berekella, Allaýar, “Yüregimde ýalyn lowlar” diýen setirleriňi ajaýyp tapypsyň, molodes, şunyňy gaty oňarypsyň, köpräk şular ýaly setirler bilen goşgy ýazsaň, abraý taparsyň” diýerdi. Artistlerden, dram aartistlerinden Hajy Annamämmedowyň ussatlygyny bellärdi. Juma Ýazmyradowa: — Şu artistiň talanty üýtgeşik, durşy bilen talant bolup dur, ýöne ownuk zatlara köp dalaşýar, obraz döretmeli” diýerdi. Ýaş artistleriň arasynda elmydama Juma aýratyn sarpa goýardy. Meniň pikirimçe, Gurbannazar Ezizow türkmeniň ilkinji şäher şahyrydy. Meniň şu pikirim, elbetde, hökman dogrudyr diýip bilmen, ýöne alymlar Ezizowyň şu taraplaryny öwrenerler diýip pikir edýärin. Gurbannazaryň gowy görýän zatlarynyň biri, olam krossword çözmekdi. “Ogonýok” žumalynyň her sanyny tapyp alyp, şondaky krosswordy çözmän aýrylmazdy, çözüp bilmedik sözlerini oňa-muňa jaň edip sorardy. “Ogonýok” žumalynyň indiki sanyna garaşyp, ondaky jogaplary görüp, öz çözgütleri bilen deňeşdirip görerdi. Gurbannazar krosswordyň 90 göterimine çenli özi çözerdi, soňam: “Görýärmiň, ediberşim i?” diýerdi, öz-özüne “Berekella, Gurbannazar!” diýerdi. Men Gurbannazara türkmeniň ilkinji şäher şahyry diýip aýdanymda, onuň döredijiligi barada däl-de, özüniň beýnisiniň berkän ýeri şäher diýip aýtjak bolýaryn! Ahmet Gurbannepesow bilen ikisi jedelleşýärler: “Şäher adamsy gowumy ýa-da oba adamsy?” — Meniň pikirimçe, şäher-ä şäher welin, ýöne paýtagt barada aýratyn bir zat bar. Paýtagtda ýaşaýan adamyň jogapkärçiligi juda uly bolmaly. Kimiň öňünde diýeniňde — öz halkynyň öňünde, esasan, paýtagta gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň öňünde. Paýtagtda ýaşaýanlary obadan gelen adamlar görende: “Baý, tüweleme, türkmen ösüp gidipdir” diýmeli. Paýtagtlylar özüniň dünýägaraýşy bilen, myhmansöýerligi bilen, mylakatlylygy bilen tapawutlanmalydyrlar. Özem şu ýerde Türkmenistanyň hemme ýerinden iň gowy wekiller ýaşamaly. Paýtagt adamlary özüniň watandaşlarynyň aladalary bilen ýaşamaly. Paýtagtda ýaşap, “5 sygrym bilen 50 sany goýnum bolaýsa” diýen pikirli adamlaryň bärde işi ýok. Paýtagtyň kynçylygyna döz gelmeli, ýöne, görüň-ä, öz obalarynda biabraý bolanlaram paýtagta gaýdyberýärler. Sebäbi bu ýerde ýaşaýjy kän, belki onuň pesligi, namartlygy bu köpçülikde bilinmän galar. Paýtagt durmuşynda şeýle zatlar seýregem däl ahyryn... Onsoň şol adamlara wezipe dagy ýetäýse, Alla ýaryň... Gurbannazar: — Derýa, seniň bu aýdýan zatlaryň üçin, şu zatlary pikir edip bilýäniň üçin, gel, men seniň eliňi gysaýyn-la — diýer. Ahmet bolsa ýuwaş-ýuwaşdan biziň pikirimize ulaşyp: — Elbetde, oba adamy ýönekeýje, şo-ol zähmeti bilendir. Umuman, men oba adamyny gowy görýärin. Bärde şäher adamynyň hasam, paýtagt ýaşaýjysynyň özüniň düşünmegi gerek, sen paýtagtlymy, diýmek, sen bütin Türkmenistanyň, türkmenleriň häzirki hem geljekki durmuşy bilen bolmaly. Diňe öz aladaň bilen ýaşamak paýtagt ýaşaýjysyna gelşenok. — Ýok, meniň pikirimçe, şäher adamy gowy, ol kalby arassalyk bilen tapawutlanýar, giň, ownuk-uşak zatlar bilen kän işi bolmaz. Gözýetimi giň, özüniň mertebesini gorar, jomartlyk bilen tapawutlanýar. Oba adamy bilen şäher adamyny men gürrüň açylandan tanaýaryn. — Ahmet, oba adamlary zähmetsöýer bolýarlar. Olar şähere gelibem, şäherdäki deň-duşlaryndan ökde çykýarlar, birbada agyr bolsa-da, soň rüstem çykýarlar. Dogry aýdýarsyň, şäher ýigidiniň öýi üstünde, nahary taýýar, eklenç barada aladasy ýok, köp zatlara biperwaýlyk bilen seredýär. Bu pikiriň bilen ylalaşsa bor, Ahmet — diýýärin. — Ýöne, şol oba ýigidi şähere gelen badyna “Menem sizçe bardyryn, ine, görersiňiz” diýip, soň öz maksatlaryna ýetjek bolup, öz mertebelerini depeledýän ýerlerem az däldir. Bir uly adam bolup ýetişende bolsa, şol özüniň ýaşlykda gören horluklaryny başgalara-da görkezjek bolýar, bu bolsa onda ýaramaz häsiýetleriň ösmegine ýol açýar. — Ahmet, men Derýa bilen ylalaşýaryn, ol köp zady dogry aýdýar. Men Gurbannazar bilen Ahmede ýüzlenip: Ýüwrük münüp, toý tutup, Dost-duşmana göz etsem... — diýip, türkmen aýdymynyň iki setirini okap:— Ýeri, bolýarmy şu? Näme üçin hökman dost-duşmana göz etmeli, ýok, men muňa düşünemok — diýenimde, Gurbannazar ýene Mämmet Seýidiň degişmesini aýdyp goýberer: Bu zatlara düşünersiň gowy sen, Okabersen Pawlik Morozowy sen... Gurbannazar ýetişip gelýän ýaş şahyrlardan Kakabaý Gurbanmyradowy, Atamyrat Atabaýewi, Nobatguly Rejebowy, Orazguly Annaýewi bellärdi. Bu ýaş şahyrlar ýygy-ýygydan Gurbannazaryň ýanyna üýşerdiler. Olar bilen oturyp poeziýa, edebiýat, tankyt barada köp gürrüň edilerdi. Bu ýaş şahyrlar Gurbannazara uly hormat goýardylar. Gurbannazar hem, umuman, ýaşlara hemme tarapdan görelde bolup bilýärdi. Gurbannazara meňzejek bolýardylar. Men bir gün Gurbannazara: “Seniň şahyr dostuň Atamyrat Atabaýewi bir beladan-a sypdyrandyryn” diýenimde, ol: “Indi senem şahyrlara kömek etjek dälmi? Bu seniň — hakyky komsomolyň borjy bolmaly ahyry” diýipdi. Soňky döwürlerde, hasam, Kakabaý bilen köp tirkeşipdi. Bir giin Kakabaý, Ýuriý Rýabinin dagy bilen Gurbannazar öýe gelip, goşgy okaşmak edipdiler. 1960-njy ýyllarda her ýylyň güýz aýlary talyplary pagta ýygmaga äkiderdiler. 1962-nji ýylda uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary Tejeniň “Prawda” kolhozynyň “Jylaw” diýen ýerinde pagta ýygdylar. Şonda Gurbannazaryň gürrüň berşine görä, juda syçanly ýyl bolupdyr. Gurbannazary bolsa talyplar öz brigadasynyň aşpezi edip belläpdirler. Tejende nahar bişirenlerinde ýer ojagyny gazana laýyk edip gazýarlar, gazanyň agzy bilen ýer bolsa, bir gönülikde bolup duruberýär. Gurbannazar nahary ýetişdiripdir. Talyplar bolsa, günortanky çekimden soň, hersi öz gap-çanaklary bilen nahara tarap ýöräp ugraýarlar. Gurbannazar nahary atarmazdan öň etini gowy duzlapdyr, eti gaýnandan soň çorbasyna-da ep-esli duz atypdyr. Pagta brigadiri bolsa, bu ýaş oglan nahary oňararmyka, oňarmazmyka diýip, Gurbannazar gazanyň ýanyndan aýrylanda, ondan soraman, nahary datman ýene-de duz atypdyr. Nahar örän duzly bolupdyr. Talyplar gelip Gurbannazara: “Ertirki nahara duz galdyrdyňmy?” diýipdirler. Garaz, “Gurbannazaryň nahara duz atyşy ýaly” diýen gürrüň pagtadan gaýdýançalar galmandyr. Annaberdi Agabaýew Gurbannazaryň goşgularynda bimäçe meňzeşlikler bar diýýär. Bu olaryň biri-birleri bilen jedelleşenlerinde orta çykýan mesele bolmaly. Meniň pikirimçe, hemme kämil zatlarda meňzeşlik bar. Gowy adamlar, gözeller, aňrybaş tehnikada-da meňzeşlik bar, bu bolsa Gurbannazaryň goşgularynyň kämilliginiň alamatydyr. Gyşyň uzak gijeleri Gurbannazarlaryň öýlerinde oturyp, edebiýat barada jedeller edilerdi. Soňra Gurbannazar täze goşgularyny okap bererdi, özem “Nähili, bolupmy?” diýip sorar. Men: — Gurbannazar, “Sagat çot kakyp dur, şyk, şyk, şyk” diýenden “Sagat wagt sanap dur...” diýip alsaň, has türkmençeräk bolaýjak ýaly-la” — diýýärin. — Bu pikiriňi göreris — diýýär. Emma goşgusy welin, ýene öňküligine çapdan çykar. Ýene bir degişmesi bardyr. Birimiz: “Indi dynç alaýsak, öýli-öýe gaýdaýsak, wagt bir çene ýetdi, onsoňam, kelläm agyrýar” diýsek, ol şol bada: — Eh, sen, kelläm diýme-de, şutaýym agyrýar diý— diýip, kellesini görkezer: “Sende kelle barmy, agyrar ýaly, şu taýym agyrýar diýip görkez” — diýip degişerdi. Gurbannazar ýene-de türkmeniň geçmişi, ykbaly hakda gürrüň açar. — Görüň-ä muny, dünýä ýüzünde ençeme halklar ýaşaýandyr, emma ýekeje-de halylary ýokdur. Biziň türkmenlerimizde diňe bir halkyň içinde haly sungatynda özboluşly teke göli, ärsary göli, ýomut göli, beşir göli, garaz, sanasaň sogaby bar. Özem bir halkyň dünýä gymmatlyklaryna goşandy. Ýa-da, gawunlaryny alyp görüň. Waharman, garrygyz, göktorly, zamça, gülaby. Oturyp pikir edýärsiň welin, bular halkyň geçmişde ägirt bolanlygynyň alamaty. — Gurbannazar, ahal, ýomut atlary barada, ýorunja barada näme diýjek sen? — diýýärin. — Ahal, ýomut atlary dünýä belli atlar, ýöne ýorunjanam türkmenler döredipdirmi? — Hawa-la, Gurbannazar — diýip, men “Gurbannazaryňam bilmeýän zadynyň üstünden bardym-ow” diýip hondan bärsi bolýaryn. — Aýtsam, türkmen seleksionerleri ýörite at üçin iýmit diýip, baryp-ha, Parfiýa döwleti parlap ösýän wagty ýorunjany oýlap tapypdyrlar. Şonuň üçinem ýorunja otunyň hakyky mekany Turkmenistan bolmaly. Syn edip görseň, ýorunjadan doýan atlaryň endamy ýalpyldap durandyr. 0l ot şu ýerden dünýä ýaýrandyr, şuny bilip goýuň. — Berekella, Derýa, men şuny bilmeýän ekenim. Ýa-da türkmen dili barada gürrüň açar: “Geliň, kim bir söze köp sinonim tapmaşak?” diýip, özi seret diýen söze sinonimleri tapyp başlar: “Seret, eset, gara, bak, gözle, äňet, nazar eýle. Şunuň ýaly dilde beýik-beýik eserleri döretse bolar” — diýer. Gurbannazaryň gowy häsiýetleriniň biri, olam, arasyna tow düşen maşgalalary ýaraşdyrmakdy. Men olaryň atlaryny tutup oturmaýyn. Ýöne Gurbannazar iki juwanyň öýkeleşen wagty olary ýaraşdyrmaga ökdedi. Men şonuň usullaryny uniwersitetde partkom bolup işleýärkäm ulandym, gowy netije berýardi. Gurbannazarlarda saz çalyp otyrys, ikimiz. 0l sazdan tutýarys, bu sazdan tutýarys. Gurbannazar maňa: — Derýa, näme üçin “Sen-sen” sazyny biziň ajaýyp mukamçylarymyz çalmandyr-a? Ýogsa, eline birinji gezek dutar alan şol sazdan başlaýar. — Gurbannazar, dogrudanam, nädip şol saz ussatlar tarapyndan unudyldyka? Şu gürrüňler baryp, 1970-nji ýyllarda bolupdy. XX asyryň 90-njy ýyllarynyň ortalarynda men Büzmeýiniň Garadaşaýak obasynda ýaşaýan Seýitmuhammetlere bardym. Onuň öýünde meşhur sazanda Ýagmyr Nurgeldiýew saz çalyp oturan eken. Men Ýagmyr aganyň dutarynyň kirişlerini gow şadyp, ony ýygnajak bolanda, oňa Gurbannazaryň aýdan şol sowalyny berdim: — Ýagmyr aga, näme üçin ussat sazandalar, şu döwrüň ussatlary türkmeniň “Sen-sen” diýen sazyny çalanoklar, bolmasa, hemme dutarçynyň ilki öwrenýän sazy şondan başlanýar-a? — diýenimde, ol: — Aý, ol birhili, ýeňil saz bolany üçin ussatlar özi üçin... garaz, çalmandyrlar — diýdi. — A siz çalaýyň. Meselem, Mylly Täçmyradow “Enäni”, “Nar agajyny”, hatda Çary Täçmämmedow “Ýarow jany” ýeňil sazlar diýip çalman goýmandyrlar ahyry — diýenimde, ol: — Hany, göreli-le çalyp, seniň diýýäniň dogry bolmagy mümkin — diýip, ýaňky sazy şeýle bir çaldy welin, özem haýran galdy oturyberdi. Meniň guwanýan zadym bolsa, aradan iki-üç gün geçmänkä telewideniýede ýaňky sazy Ýagmyr Nurgeldiýew çalyp goýberdi, soň radioda ýaňlandy. Gurbannazaryň bir wagtky aýdan şol pikirini şu döwürde durmuşa geçirenim üçin özümden göwnüm hoş boldy. SÖZSOŇY Hawa, ýazsaň ýazyp oturmaly, her günüň, her aýyň, her ýylyň barada, ýöne men şu ýerde häzirlikçe sözümi tamamlajak bolýaryn. Entek Halyl Kulyýew barada, umuman, uniwersitetiň 1960-njy ýyldan başlap, tä 1982-nji ýyla çenli döwri barada, ondaky okan talyplar barada, olaryň dünýägaraýşy barada, mugallymlar barada, uniwersitetiň ýolbaşçylary barada, umuman, häzirki zaman ýaşlaryna aýtmaly zatlar köp. Aýdara zat köp, aýtmasam, okyjymyň öňünde uly günä etdigim bolar. Şu ýerde beýik türkmen sopusy Mäne baba barada aýratyn durup geçesim gelýär. Mäne baba ölüm ýassygynda demini sanap ýatyrka, onuň talyplary başujunda otyrlar. 0l üm bilen talyplaryň birine “Şol tekjedäki kitaby al” diýýär. Talyp kitaby eline alýar. Pylan sözi tapyp, manysyny okap ber diýýär. Talyp şol sözi tapyp okap berýär hem-de halypasyndan bir sowal bermäge rugsat soraýar. Rugsat berilýär. Ýaňky talyp: — Halypam, özüňiz-ä soňky ýola barýarsyňyz, häzir şu dünýä bilen hoşlaşjak bolup dursuňyz, edil şu wagt şol sözüň manysyny bilmek size näme üçin gerek boldy? — diýip soranynda, Mäne baba: — Eý, oglum, hemä bilmän ölenden, bilip öleniň ýagşydyr — diýipdir. Men oýlanýaryn, eger-de, şu beýik pikiri nemes, iňlis, fransuz, arap, rus aýdan bolsady, onda ýaňky sözler olaryň okuw mekdepleriniň iň görnükli ýerinde ýazylyp goýlardy. Ýöne bu pikiri, bu ajaýyp mähek daşy ýaly sözleri aýdan türkmendi... Sowet döwründe türkmenler birnäçe özge halklar bilen gatnaşykly ýaşamagy öwrendi. Şol halklardan biziň gündelik durmuşymyza giren bimäçe däpler bar. Olaryň biri hem doglan günüňi bellemek. Gurbannazaryň doglan güni Mart aýynyň 1-i, meniňki -— Martyň 4-i, men Gurbannazardan üç ýyl, üç gün ýaş. Ýylda-da doglan günümizi bellärdik. Fewral aýynyň ahyrlarynda: ’’Martyň 1-i ýetip gelýär, nähili belläris? Şuny, gel, ikimize ortalyk bolar ýaly, Martyň 2-sine belläýeli” — diýip, ikimiz ylalaşýarys. Soň nähili bolýar? — Martyň 1-ine Gurbannazarlara üýşýäris, 2-sine-de şol ýerdediris, soň Martyň 3- 4-ine bizde, yz ýanam aýyň 8-ine aýallaryň şol mahalky baýramçylygy ýetip gelýändir. “Bahar aýynda dogulmak, gör, nähili hezillik” diýerdi. Ýogsa-da, Täleýnama boýunça Fewral aýynyň 20-sinden Mart aýynyň 20-si aralygynda doglan çagalar, eger gowy terbiýe alan mahallarynda geljekde belli adamlar bolup çykýar. Gurbannazar Ýazyjylar birleşiginde lşleýärdi. Bahar aýlary Ýazyjylar birleşigine ýerlerden köp goşgy iberilýän ekeni, bularyň bolsa hemmesini okamaly, jogap ýazmaly, şonuň üçin Gurbannazar Mart aýy ýetiberende: “Goşgular ýagyp başlar-ow indi” diýerdi. Men bolsa oňa jaň edip: “Ýoldaş Ezizow, men bir ajaýyp poema ýazdym, siz şony okap, öz gymmatly pikirleriňizi aýdaýsaňyz — diýenimde, ol: — Jan, Derýa, oýun etmesene, şondanam bir oýun bolarmy? — diýerdi. — Dur entek, okajak däl diýiberme. Men bir beýik simfoniýa-da ýazdym , ony Nury Halmämmede diňledip görjek, senem diňläp göräý — diýenimde ol jak-jaklap gülüp: — Onda poemany saza geçirip, ikimizem Nura aýdyp bersek, Nury ýykylyp, soň galmaýaram — diýerdi. ...A rada Gurbannazarlara bardym. Gurbannazaryň ejesi Gülnabat daýza Gurbannazaryň ogul agtygyny gujagynda oýnadyp oturan ekeni. Gurbannazaryň agtygynyň adyna Abdyleziz diýip, onuň atasynyň adyny dakypdyrlar. Goý, adyna mynasyp ýigit bolsun! Gurbannazaryň nesli dowam edýär. Şu ýerde Gülnabat daýza Gurbannazaryň Krymdan ýazan hatyndan bir goşgy okap berdi, ol goşguda meniň adym hem bar eken. Şol goşgudan bir bendini okyja ýetireýin diýdim: ... Tokardan aýrylyp çalardy başym, Derýasyz saýramaz bagymda guşum, Hany Annaberdi - ol galam-gaşym, Loňkum sag-amanmy, ol ýerde, begler? Gurbannazary iň soňky gezek görşüm şeýleräk boldy. Men öýde otyrdym, telefon jyfmyrdady, aňyrdan Mele Badaýew maňa: - Derýa Kulyýewiç, Krasnowodskiden dostumyz Wladislaw Saparow gelipdir, ol seni görmän gitjek däl diýýär. Biz saňa “Türkmenistan” restoranynyň öňünde garaşýarys, gaýrat et-de, gel. Wladislaw Saparow uniwersitetiň ýuridiki fakultetini gyzyi diplom bilen tamamlap, Krasnowodskide sudýa bolup işleýärdi. Biz restoranda agşamky naharymyza başlanymyzam şoldy welin Gurbannazar Orazmyrat Gurdow, Ýuriý Rýabinin, Orazguly Annaýew, moskwaly şahyr Wasiliý Şabanow (onuň şoldugyny soň bilip galdym) dagy bilen girip, bir stoluň başynda oturdylar. Olar bizi görmediler. Restoran adamdan doludy. Men Mele bilen Wladika: - Pul ýagdaýyňyz gowumy? - diýdim. - Arkaýyn bolaý - diýlenden soň, ofisianty ýanyma çagyryp, Gurbannazaryň oturan stoluna iki çüýşe şampanskini biziň hasabymyza goýmaly diýip tabşyrdym. Ol diýenimiz ýalam etdi. Gurbannazar şondan soň bizi gördi we biçak begendi. 0l: “Oglanlar, siz şeýle bir gowy iş etdiňiz, myhmanyň ýanynda biziň abraýymyzy göterdiňiz, sag boluň, sag boluň, ine, türkmeniň türkmen bolýan ýeri” diýdi. Soň biz stolumyzy birikdirdik... Iň soňky duşuşygymyz eken, iki günden soňam şum habar geldi... ...Gurbannazaryň tabydyny öýden alyp çykanymyzda, Beki Seýtäkow Kerim Gurbannepesowyň elinden tutup: — Gurbannazarymyzam ýitirdik — diýdi. Şu ýerde Halyl şahyryň setirleri ýadyma düşýär: Gör, neneň hekaýat, bolmasam-da men, Adamlar öljek däl, baky ýaşajak. A men bolsa, adamlardan aýrylyp, Bir minudam ömür sürüp biljek däl... Dünýä hiç kime baky berilmändir, hemme-de gitmeli, ýöne wagty bilen bolaýsa-da! Ýok, toba estagpyrylla, men Ýaradanyň birnäçe işleri bilen razylaşyp bilemok... Şeýdip institutyň gapysyndan girip, ýokarky gata, talyplaryň ýanyna barýaryn.Gurbannazaryň: ... Häzir bolsa galdy soňky basgançak, Basym çyk, basymjak okuw başlanjak!... - diýýän sesi bolsa, şo-ol gulagymda ýaňlanyp dur, ýaňlanyp dur!.. 2000-nji ýylyň Fewral aýynyň 9-y. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |