12:25 Meniň dostum Gurbannazar | |
MENIÑ DOSTUM GURBANNAZAR
Ýatlamalar
“Dogan-garyndaşy bize Hudaý berýär, ýöne Hudaýa şükür, dostlary özümiz gazanýarys. Gurbannazar Ezizow. ELKYSSA Gurbannazar biziň bilen degşerdi: — Biziň haýsymyz: Gurbannazar, Tokar, Derýa, öň öleris, hany biliň şuny, bu gaty gyzykly zat, şeýle dälmi, Derýa?! - diýip Tokara ýylgyryp serederdi. — Men hakyky şahyr bolýan bolsam, onda men ir ölerin, hakyky şahyrlar elmydama ir ölýärler. Tokar bolsa: — Hany, goýsaňyzlaň biderek gürrüňleri, ondan-a bir goşgy okap ber — diýerdi. Gurbannazar bolsa ýene çyna berimsiz edip degişmesini dowam ederdi: — Ýok, ýok, dur entek Tokar, sen bilýärmiň, deňizde gämiler agyr ýagdaýa düşen halatlarynda adamlaryň nädýänlerini? — Bilýän, näme bilmän, biri-birlerini iýýärler. — Bilýän bolsaň, ýene-de bir diňläp gör. Olar umman içinde bir gaýykda galan mahallary ençeme gün açlykdan soň, ölmez ýaly gaýykdaky iň semizinden başlap iýýär ekenler. — Ýok, Gurbannazar, arkaýyn bol, biz Derýa bilen gürleşäge-de seni, sen aramyzda iň ejizi ahyryn, iýer goýberäýeris, şeýle dälmi, Derýa? — diýip, Tokar güldi. Gurbannazar bolsa: — Eh, siz, şahyram bir iýler oguşýa, bulardan hemme zada garaşaýmaly — diýip güldi. Bu dünýä baky gelen ýalydyk. Ýürekdeş gatnaşyklar, oturylyşyklar, degişmeler bize baky berlen ýalydy. Arkaýyndyk, bagtyýardyk. Eh, meniň mähriban dostlarym, doganlarym! Altmyşa ser urup, bu gün bu dünýä bäş günlüjek myhman gelendigime indi düşünip galdym. Bu durmuş juda süýji. Bu durmuş, dogrusy, eziz janyňdanam süýji. Geçen günleriň ýatlamalary näzenin zenan deýin melul edýär. Aý, hawa-da, ýaşlykda owadan zenanlaryň owadanlygy melul edýärdi, bu gün — şol eziz günleriň süýjüligi. Allatagala şükür edýän, ol ýaşyň bir çene barsa-da, lezzetsiz goýanok. Ýaşyňa görä, lezzet alar ýaly bir zatlar tapyp berýär. Her gün talyplaryň öňüne baranymda geçen günlerimi ýatlaýaryn. Olaryň gözelligi maňa itergi berýär. Olar meniň ýatlamalarymy uly höwes bilen diňleýärler. Men Allatagaladan müňde bir razy. 0l maňa döwletli ömür berdi, ol maňa perişde sypat dosty-ýar berdi. Elim uzadan ýerime ýetýär. Gurbannazar dostum şu günki günümizi bir gören bolsady... ÝATLAMA KITABYNY ÝAZMAK PIKIRI Eý, Gurbannazar, men şu kitaby ýazmak pikiri bilen kän ýyl gezdim. Men edil däli-diwana deýin seniň bilen hyýalymda gürleşdim. Seniň bilen dutar çalyşdym. Seniň bilen süýji-süýji gürleşdim. Seniň bilen baglanyşykly wakalar meniň hiç ýadymdan çykanok. Gurbannazar! Allatagalanyň seniň bilen dost-dogan edendigine meniň minnetdarlygymyň çägi ýok. Seniň bilen baglanyşykly iň bir ähmiýetsiz hasaplanjak wakalaram ýadymdan çykaramok. Gurbannazar! Maňa dostlarym köpden bäri sen barada ýatlama ýazmagymy haýyş edip ýörler. Puşkiniň, Nekrasowyň, Belinskiniň döwründe bolşy ýaly, neşirçiler indi türkmende-de döredi, muňa guwansa bor. Ýadyňa düşýärmi, bir kitabyňy çykarjak bolsaň näçe kynçylyklar bardy, bu günki gün bolsa ol kynçylyklar ýok, ýazyp bilseň, bes. Sen bolsa, “Yetginjek” diýen goşgyňda: Meň ullakan adam bolasym gelýär, Näme üçin meni goýberenoklar?! — diýip, belki, kitabyň çykarylmaýanlygyny, belki, başga bir göwün islegleriň amala aşmagynda öňde peýda bolýan böwetleriň barlygyny ýaňzydýardyň. Köňlüňdäki ýagşy niýetleriň aňsatlyk bilen başa barmaýandygyna, dogrusy, geň galýan ýalydyň. Bu — ýaşlar bilen ulular arasyndaky gapma-garşylygyň gynandyiyjy hakykatydyr. Sen barada ýazmagyň juda jogapkärlidigine-de düşünýärin. Ýöne seredip otursam, seniň bilen ençeme ýyllap duz-emek bolup, jedelleşip, oturyp-turşup ýörenler hem seýrekleşip barýarlar: Kerim Gurbannepesow, Halyl Kulyýew, Beki Seýtäkow we başgalaryň sanawyny uzaldyp oturmaýyn. Bu bir durmuşyň, tebigatyň kanuny-da. Onsoňam biziň türkmenlerimiz gaýry ýurtlaryň halklary ýaly döwürdeşleri barada ýatlama ýazsalar, geljekki nesil üçin seniň ýaşap geçen döwrüňi, ýoldaş-u-dostlaryňy has ýakyn tanamaga uly kömek bolarmyka diýýärin. Edil şu wagt-a seniň sesiň gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. Diňe özüň üçin mahsus goşgy okaýşyňy başga hiç kimden eşidemok. ...Gazaply kazy deý, mydam başymda, Sagat çot kakyp dur şyk-şyk-şyk. Düýnüň özem garaşýardym ýaşlyga, Bu gün bolsa geçip barýar şol ýaşlyk... Sensiz ýaşap ýörenimize eýýäm 25 ýyl geçipdir. Bütin bir jahyl ömri. Türkmeniň “Ömür keýigiň şahynyň kölegesinde kölegeleýän ýaly”diýmesine indi düşünýän... Seniň setirleriňi ýatlaýaryn: ... Düýnüň özem garaşýardyk ýaşlyga, Bu gün bolsa geçip barýar şol ýaşlyk... Hawa, Gurbannazar! 1999-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 29-yna men institutyň iňlis dili fakultetiniň 402-nji toparyna sapak bermäge girdim. Talyplaryň özüni alyp barşy, birhili, hemişekisi ýaly däl bolup gözüme göründi, stoluň üstünde bolsa iki sany tort tertiplije goýlupdyr. Men talyplara: — Bu gün kimiň doglan güni, hany, aýdyň, menem gutlaýyn — diýdim . Şonda toparyň starostasy ýerinden turup: — Ýoldaş mugallym, şu gün siziň dostuňyz Gurbannazar Ezizowyň dünýäden öten güni, şonuň üçinem biziň talyplar toparymyz şu günki sapagymyzy Gurbannazar Ezizowa bagyşlap geçireliň diýdik. Gurbannazar Ezizowyň goşgularyndan her talyp iki-üç sanysyny ýat tutup geldi, sizem, ýoldaş mugallym, Gurbannazar Ezizow barada biraz gürrüň berseňiz, bizem onuň goşgularyndan okasak, onuň ruhuny şat etdigimiz bolar, nähili görýäňiz, ýoldaş mugallym?! Men birbada aljyradym, ýüregim gürs-gürs edýärdi, ine, öňümdäki oturan talyplar. Olaryň dostum Gurbannazar Ezizowyň döredijiligine uly baha berip, ol barada köp zat biljek bolýandyklaryna men juda begendim. Ynha, indem şol talyplar goşgy okap başladylar: Sag bol ene mekan, Süýt emen ýerim, Aglama ene jan, Gaýdyp gelerin. Süpür gözýaşyňy, Bes et ahyňy, II üçin dogrupdyň Düşün ahyry. Döşüni paralap Duşman güllesi, Watan howp astynda Durýan pillesi. Merdem bol, ene jan, Bes et ahyňy, Men halkyň perzendi, Düşün ahyry! Tämizläp duşmandan Mukaddes ýerim, Sag-aman ýanyňa Gaýdyp gelerin!... *** Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen, Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly. Bolubersin gözelleriň ýetmezi, Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly. *** ... Men seni goradym ýaman gözlerden, Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan, Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden, Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan... *** ...Neçüýn beýle bolýar? Ilki ýalňyşyp, Soňra ökünç bile egilip ýörüs! Jaýymyzda çilim çekip, tüsseläp, Soňra tüssämize bogulyp ýörüs!... Meniň rus edebiýatyndan mugallym bolanymyň hatyrasyna öýdýän, bir ýigit bilen bir gyz Gurbannazar Ezizowyň “Rus halk aýdymyna öýkünme” goşgusyny okap berdiler: — Milenkiý, ty moý, Wozmi, menýa soboý. Tam w kraýu dalýokom, Budu tebe ženoý. — Synym düşdi saňa oglan, Derdiňe derman bolaýyn. Äkit oglan, äkit meni, Wepaly aýal bolaýyn. — Milaýa moýa, Wzýal by ýa tebýa, Tam w kraýu dalýokom, Yest u menýa žena. — Äkiderdim, näzenin gyz, Ýöne diňle beýanymy: Ýedi ýyldyr bagry girýan Gözi ýolda aýalymyň... — Synym düşdi saňa oglan, Suwsaňda derýa bolaýyn. Äkit oglan äkit meni Jana-jan uýaň bolaýyn. — Äkiderdim, näzenin gyz Ýurdumda çaýkanýa derýa. Ýedi ýyldyr bagry girýan Gözi ýolda ýalňyz uýam. — Synym düşdi saňa oglan, Sensiz sargaryp solýan. Äkit oglan, äkit meni, Gapyňda gyrnak bolaýyn. — Aýaklary misli gazal, Bedewimiň gözi ýolda, Sowul ýoldan näzli gözel, Gyrnak söýülmez biz ilde. — Milaýa moýa, Wzýal by tebýa, No tam w kraýu dalýokom, Çužaýa mne ne nužna. Kerim Gurbannepesowyň käbir oturylyşyklarda şeýle diýmesi bardy: “Göz öňünde tutulan duşuşyklardan tötänden bolan duşuşyklar, oturylyşyklar gowy bolýar”. Bu gezegem şeýle boldy. Sapakda bolup geçen garaşylmadyk söhbet meni biçak tolgundyrdy. Begenjime, sen barada ýatlama ýazmaklyga talyplaryň öňünde söz berdim. Ynha, indem şol sözümde tapylm ak üçin şol ýatlamany ýazmaga girişdim. ALLES ANFANG 1ST SCHWER - ÄHLI ZADYŇ BAŞLANGYJY KYN Nemesler hak aýdypdyr: alles Anfang ist schwer — ähli zadyň başlangyjy kyn. Işe başlamak — eýýäm işiň ýarysyny bitirene deň hasaplanýar. Iň esasy zat, men ýazmaga başladym. Diýmek, kitabyň ýarysy taýýar. Gurbannazar, men bu ýatlamany nähili ýazjagymy, haýsy edebi žanry, görnüşi ulanjagymy bilmedim. Ahmet Gurbannepesow: — Derýa, sen forma gözläp ýörme-de, ýadyňa düşen zatlary ýazyber. Indi Ezizow baradaky her bir deliliň ýyl geçdigiçe gymmaty artar. Men ýene-de oýlanýaryn, nämeden başlasamkam, haýsy ýerden alyp gitsemkäm diýip ýörkäm, Lew Tolstoýyň terjimehalyny ýazyşy ýadyma düşdi. Tolstoý hem öz terjimehalyny nämeden başlasamkam diýip ýörkä, onuň bir dosty: — Sen özüňi bilip başlan wagtyňdan alyp gaýdaý — diýipdir. Tolstoý onsoň şu sözler bilen başlaýar: “Men gara diwanyň üstünde ýatyryn, meni gundaýarlar, maňa bu ýaranok, men gygyrýaryn...” Men Gurbannazar bilen ilkinji duşuşan pursadymdan gürrüň berip başlaýyn. ... 1960-njy ýylda men Türkmen Döwlet Uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty fakultetine okuwa girdim. Şol ýylyň güýzünde uniwersitetiň häzirki jaýy ýetişdirilip, oňa talyplar Köşi bagyndaky uniwersitetden gelip okuwa başladylar. Türkmen, rus, taryh fakultetleri bitewidi, şonuň üçinem talyplar biri-birini tanaýardylar. Aşakky kurslaryň talyplary ýokarky kursdakylara syn ederdiler, olar bolsa tersine, — aşakky kursdakylara. — Beh, talyplar ýaman ownuk görünýärie-how — diýip aýtdy, soňam olaryň biri meniň kursdaşymdan: — Sen näçe ýaşyňda? — diýip sorady. Kursdaşym: — On ýedi — diýdi. — A sen näçe ýaşyňda? — diýip, menden soranda, menem: “On ýedi” diýip jogap berdim. — Baý-bow, bular juda ýaşla — diýdiler. Indi görüp otursam, şol ýyllar talyplaryň köpüsi, bizden öňki kursdakylar 20-30 ýaşlarynda ekenler (uruş sebäpli okuwa giç giripdirler), biz bolsak, olaryň gözüne hakykatdan-da gögele görünýän ekenik. Ýene-de bir aýratynlyk: filologiýa (türkmen-rus dilleri) fakultetinde okaýanlaryň hemmesi diýen ýaly geljekde şahyr, ýazyjy, hatda kompozitor hem, şahyr hem bolup ýetişdiler. Uniwersitetiň üçünji gatynda durkam kimdir: — Hanha, Gurbannazar Ezizow barýar, ol Hojaberdi Hanowa bagyşlap gowy goşgy ýazypdyr... — diýdi. ...Gijä galyp barýaň — okuw başlanjak, Öňüňde ýapgyt däl, dim-dik basganjak. Ýaýdanýaň, seredýäň depäňe bakan: “Ah, nädip çyksamkam, nädip çyksamkam? ...Häzir bolsa galdy soňky basgançak, Basym çyk, basymjak okuw başlanjak!... Ynha, men seni şonda birinji gezek yzyňdan görüp galdym. Altmyşynjy ýyllaryň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligini alymlar entek öwrenerler. Men alym bolmamsoň, bu barada gürrüň etjek däl. Emma şol döwrüň şahyrlaryna, ýazyjylaryna, sazandalaryna biziň — ýaşlaryň garaýyşlarynyň uly söýgä ýugrulandygyny welin, ýatlasym gelýär. Biz olaryň goşgularyny ýat tutardyk, özlerem bize goşgularyny okap bermegi gowy görerdiler. Biz, ýaşlar, olaryň döredijiliginiň aşygydyk. Olaryň ýanynda bolmak, goşgularyny diňlemek, bardy-geldi dostlaşyp bilsek, bizden bagtly adam ýok ýalydy. Dowamy bar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||