19:04 Ýaşajyk hem garagolja mahalym... | |
![]() Ýaşajyk hem garagolja mahalym, Göwnüme, niçik bir aladam bardy: Obamyzyň deň-duş gyzlary meniň Adymy ýatladyp utandyrýardy. Şonda kemsinmekden ýaňa hamsygyp, Ejemiň ýanyna ylgaýardym men: Oglan bolmasam-da, näme sebäbe Maňa Azat diýip at goýupsyň sen? ...Durnalar hem ýyllar hatarlandylar, Eýe boldum akyl-paýhas känine. Ulaldygym saýy, howalandym has, Şeýle beýik ady göterýänime. Onda azatlygyň nury bar eken, Ömür ýolum garaňkyda geçirmän, Şol at eken nikapdan hem ýaşmakdan Azat eýläp, maňa bagty eçilýän. Ykbakyma gyzyl güller sataşdy, Görmedim geçmişiň gara sulbasyn. Hem görmedim aýal atly beýikleň Aglap-eňräp, gözýaş döküp ýörmesin. Hawa, ykbal maňa azatlyk berdi, Söýgi hem gözellik baky islänim. Saýlanalym bäri gögelelikden, Azatlykdyr ýüregimde beslänim. Umyt-ynamlarmyň öňe ümzügi, Ýaşaýyş hoş ýakýar bu şirin jana. Men-azatlyk gyzy, adym hem Azat, Bagt ýyldyzy bolup indim jahana. Azat AMINOWA, täjik şahyry. Terjime eden: Ahmet MÄMMEDOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |