08:27 "Ýaşap ýetişmänkäñ geçýär hepdeler" | |
«ÝAŞAP ÝETIŞMÄNKÄŇ GEÇÝÄR HEPDELER»
Edebi tankyt
Şu makalany ýazmak üçin men az tyýkyramadym. Talapkär okyjylar tarapyndan şygyrlary, poemalary, sözüň asyl manysynda, ürç edilip okalýan şahyrlarymyzyň biriniň döredijiligine syn-seljerme ýazmaga «gorum» barmyka öýdüp. Döşüne poeziýa güli dakylan Gurbannazar Ezizow şahyrçylyga baş goşan adamlary «goşgy ýazyp bilýän» we «şahyr» diýip, iki topara bölüpdir. Haçanda, liriki gahryman bu hupbatly ýoluň jogapkärçiligine düşünen gününden başlap, «goşgy ýazyp bilýän» gutaryp, «şahyr» başlanýar diýipdir. Gürrüňini etjek bolýan awtorym bolsa, haçandan bäri şol toparlaryň ikinjisinde özüne ymykly orun tapan şahyr. Bu topara düşenleriň öz okyjylaryna ýetirjek bolýan pikirini «aýlap urmak» edähedi bar. Bu ynjyk hakykat edebi prosesde duýgynyň, aňyň, dünýägaraýşyň kem-kemden kämilleşýändiginden alamat. Aslynda hem ençeme tonna topragy eläp, gyzyl tapmak, elbetde, ýürege ýakyn gyzyl ýaly sözi tapmakdan juda aňsatdyr. Şahyr Hojaberdi Baýramowyň goşgularyna hem mahsus häsiýet bu. Hut şonuň üçin hem seljermämde pikir çaprazlygynyň ýüze çykaýmagyndan tyýkyrýardym. Herhal, öz kalbymyň emrine ýesir düşüp, döwet galamyma ýapyşdym. Edebiýat nazaryýetinden, aňryçägem bolmasa, habarlydygym, indi onlarça ýyl bäri çeper döredijilige, esasanam, edebi mirasymyza ymtylyp ýörşüm, kalbyma sowuklyk eçildi. Hojaberdiniň goşgularyny okanyňda, dogrudan-da, birbada aňyňa, kalbyňa diň salanyňy duýman galýarsyň, sözüň şygryýetdäki güýjüniň müň bir öwüşginlere besle nen owazyndadygyna, duýga ýugrulandadygyna göz ýetirýärsiň. Onuň goşgularyny gaýtalap okarsyň weli, şygryň duýga bendi düşen «meni», bir görseň-ä, älem syrlaryna akyl ýetirmegiň külkülüne düşendir, ýene bir baksaňam, öz başyndaky dumanly duýgularyndan saplanmagyň ser-sepilidir: Isgenderde şah neýlesin, bitmedik bolsa gamyş, Mis dünýäni tutmazmydy, gömülip galsa kümüş, Bilmenem köne dünýäde tanyş känmi, nätanyş?! «Kun» bilen biten barlyk — ýa:z, «Peýekunda» garagyş, Nurana jemalyň görkez, didaryňa zar etme! Dünýäler dünýä garylyp, jemal bolan dünýede, Sözüm soňy sözsoňy däl, şu güne-de, düýne-de, Alajyň nä, garabaşy ham-hyýallar düýnese, Bir bady-saba döner men, mensiz galjak dünýede, Nurana jemalyň görkez, didaryňa zar etme! Bu ýollaryň ýolbeledi ýolsuz galsa neýlär men, Toý-meýlisiň tomaşasy meýsiz galsa neýlär men, Asman göçen tüweleýler gaýsyz galsa neýlär men, Bir ölüm, bir ömür — jübüt, taýsyz galsa neýlär men, Nurana jemalyň görkez, didaryňa zar etme! («Garagum», 1. 2019 ý.) Garaz, ula goýberilen atyň seýsiniň azabyny duýsaň ýagşy. Onsoňam, ula goşulan bedewler atoglanyň küýsegine görä däl-de, seýsiň islegine görä çapylýar ahyryn. Men gürrüňini edýän şahyrymy ýetginjek ýyllaryndan bäri tanaýaryn. Ol menden 67 ýaş kiçi. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň ahyrynda Swerdlowskiniň (häzirki Ýekaterinburg) Ural döwlet uniwersitetiniň žurnalistika fakultetini tamamlap, etrabara «Zähmetkeşler sesi» gazetinde işleýärdi. Döredijilik duşuşyklarynyň birinde men oňa elimdäki gazeti uzadyp, «Şu goşgynyň bir kemi bar ýaly, şony aňýaňmy?» diýdim. Ol goşgyny okap gördide, şu jogaby gaýtardy: «Awtor aýdasy gelýän zadyny şahyrana dilde aýdyp bilipdir. Goşgynyň aşa zor ündewi bir bentdäki şojagaz şowsuz sazlaşygy örtüp dur ahyryn. Onsoňam, adaty sözlemlerde beýan edip bolmaýan bolsa, onda ol jümleler duýga ýugrulan şygra degişlidir». Bu jogapdan soň men onuň ýiti gözli, talapkär okyjydygyna — edebiýatçydygyna hem ynandym. Onuň bilen çeper döredijilik barada bir gezek söhbetdeş bolan, eýýäm ikinji duşuşygyna howlugýar. Onuň keremara söhbetlerine hem şahyranalyk mahsus. Muny onuň galamdaşlaram, okyjylaram inkär edenoklar. Hojaberdiniň döredijiliginde meniň dilimiň senasyna öwrülen bir bent bar. Ony onuň geçen uruş barada ýazan poemalarynyň birinden okapdym: Bozgunç ysly bu topragyň jigeri, Diňe guýy gazmak üçin oýulsyn! Eger esger gerek bolsa jahanda, Goý, ol hormat garawulna goýulsyn! Umumadamzat bähbidine ýugrulan parahatçylyga çagyryş şahyrana dilde, gör, nähili aýdylýan eken?! Şahyryň guşganat şemallara atlanyp ýören köňli hemişe türkmeniň nesil dowa matyna şygryýetden boglan solmajak bir çemen goýup gitmegiň arzuwynda. Arzuw etmäge, onda-da şahyr aslyna, hiç hili böwet ýok. Asmanyň göwsünden, Ýeriň ýüzünden, Uçýan şemallara atlanyp bu gün. Gitdi säher tämizligne garylyp, Serhede sygmadyk guşganat göwün. ...Zeminde adamlaň, Arşda pelekleň, Arasynda ýitirip men özümi. Şygryýetden gurup bir köşgi-eýwan, Aýdyp bildimmikäm kalbym sözüni?! («Garagum», 4. 2017 ý.) Şahyryň bu köňül sowalyna talapkär hem juda ynjyk okyjy hökmünde meniňä berip biljek jogabym: «Kabul». Ynsan kowmy owalahyr barmak basyp sanaýmaly mukaddesliklere sežde, togap edýär. H.Baýramowyň şol mukaddeslikleriň haýsy biri hakynda ýazsada, öz teşne okyjylaryna «Bäh» diýdirip bilýän şygyrlary, poemalary barmak büküp sanardan has köp. Geregiňiz mysal bolsun: ...Dergähiň çar ýana açyk, Açykdyr Hak tarapyňam. Älem içre ykrar tapan, Şan-şöhratly taryhym sen. Şu günüňe, ertiriňe, Beýanatdyr ýürek sözüm. Ömre barabar ygrarym, Berk binýat sen, garagözüm! Şuglaň göýäki bir kuýaş, Zemini besleýär nura. Gel, togap edeli, dogan, Berkarar, bagtyýar ýurda! («Garagum», 4. 2017 ý.) Bu kasama çalym çagyryş şahyryň başbermez ylham atynyň synmajak möwji. Şahyr Guldurdy Sähetdurdyýew: Ertekiler tamamlanýar toý bilen, Durmuş weli başlanýandyr toýdan soň - — diýýär. Şol «toýdan soň başlanýan durmuşy» poeziýada açyp görkezmekde gep bar. Türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrmagy başaran Osman Ödäýew «Anyk durmuş — munuň özi bary-ýogy çig maldyr, fantaziýa üçin mümkinçilikdir, oňa bahana boljak zatdyr. Diňe hakyky zehin şol çig maly ýagşyja eýläp, fantaziýanyň içinden geçirip, sungat eserini döredip bilýär» («Edebiýat we sungat», 10.01.2014 ý.) diýip, hakyky çeper eseriň nähili kemala gelýändigine anyk kesgitleme beripdi. Şu ýerde Hojaberdi Baýramowyň meniň içki dünýämde harasat gopduran «Kör» atly şygry ýadyma düşdi. Şol goşgyny okap, ýetmiş ýaşy arka atyp ýörşüme, henize-bu güne çen kör adamlaryň durmuşynda görüp bilmedik hakykatyma göz ýetirdim. Bütin ömrüni batyllykda geçiren agam ýadyma düşüp, gözlerimiň owasynyň çygjaranynam duýman galdym. Şahyr batylyň durmuşyny, lap edip aýtdygym däl welin, asyl sungat derejesine götermegi başarypdyr. Men goşgyny okap, jigerimiň ezimezim bolandygyny şahyra til kakyp ýetirenimde, ol: «Wah, jan agam, seni şeýle ýagdaýa salaryn diýib-ä ýazmandym men ony. Men öňde-soňda goşga juda oňat düşünýän okyjyny şahyrdan ýokarda tutýaryn. Ýüregiňi gorjap bilen bolsam, ikimiziňem utuşymyz bar ol ýerde» diýdi. Türkmenabatdaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, türkmen şygryýetine anyk we adyl baha bermekde ykrar edilen Baýram Akadow bu goşgyny okap: «Kör» — şygryýetiň taryhyna girmäge mynasyp portret» diýipdir. Özümä onuň bu kesgitlemesi bilen ylalaşmazlyga het edip biljek däl. «Kör» pelsepesi şahyryň ýene bir goşgusynda: Bir haýyşym — öňde-soňda bitiriň, Ölä aglasaňyz, bagra ýetiriň, Idekläp däl, arka alyp getiriň, Gözlüleň ýanynda kör ynjamasyn! — diýen röwüşde öz mynasyp dowamatyny tapýar («Balkan» 24.02.1996 ý.). ■ Elkyssa, POEZIÝA näme?! Bu jadyly sungatyň kesgin jogabyny aýdyp biljegi taparyn öýdemok. Türkmeniň zemintap şahyry, alym Halyl Kulyýew öz wagtynda: «Men poeziýanyň nämedigine düşünsem-de, ony ile düşündirerden heniz ejiz gelýärin» diýen eken. Hojaberdi şahyrda «Poeziýa» atly bir muhammes (bäşleme) bar. Şondan bir bölegi okyjylar bilen okaşyp paýlaşmasam, şygryýet baradaky gürrüňim guraksy boljaga meňzeýär: ...Dag daga urup başyn, darkaş gurup sil bile, Ýaza gurban ýaýlalar öwrülende gülgüne, Haka aýdyp berjegim aýdyp bilmän dil bile, Öz yşkymdan heserläp, dönen çagym bilbile, Kalbymyň owazasyn çarýana beren sen-sen. ...Asman — Zemin arasy, Arşy-älem dar maňa, Sen bolmasaň bu jahan meňzär gury manzara, Bir darbaz — bazygär men, ger dönmänkäm bizara, Eçil ylham genjiňi, gaýra goýman tizara, Bolma kalbym senasyn pynhana beren sen-sen. («Edebiýat we sungat» , 26.01.2018 ý.) Bu goşguda şahyr «Poeziýa» atly närsä ylmy nukdaýnazary bilen dälde, özüniň ýeregöge sygman ýören ylahy pelsepesi, eger isleseňiz — ylahy görgüsi bilen ýüzlenýär, owalahyr jogapsyz sowala jogap agtarýar. Şygryýet sungatyna gadyr goýýan üşükli kişiler Hojaberdiniň döredijiligi bilen içgin tanyşanlaryndan soň, şahyryň şol täsin hem gizlin «sungaty dünýeden» paýsyz galmajakdygyna magat göz ýetirýärler. Bu gün türkmen poeziýasynda «Bagtyýarlyk döwrüniň şygryýeti» diýen adalga kemala geldi. Bu edebiýat äleminde döwrüň öňe çykaran üstünligi. Şu beýik hakykata gulluk edip ýaşaýan şahyr Hojaberdi Baýramow halky agzybirlige, bagtyýarlyk döwrüniň gadyryny bilip ýaşamaga, şu eşretli ýaşaýşa buýsanyp ýaşamaha çagyrýan birgiden kämil goşgularydyr poemalary ýazdy. Onuň döreden «Ýaşa türkmen Arkadaga buýsanyp», «Bitarap, parahat Türkmenistanym», «Türkmeniň bagtyna ýaşa, Arkadag!», «Berkarar Diýar», «Türkmeniň goşa ganaty», «Arkadagyň aýgydy — Aşgabat Aziadasy», «Baky oduň huzurynda», «Arkadag. Awaza. Berkarar Diýar» ýaly poemalary bu aýdýanlarymyzyň anyk mysalydyr. Geliň, bile okap göreliň! Başyňda pasyrdap durka Baýdagyň, Ýaňlanýarka Baş Mukamyň — Aýdymyň. Saýlap alan Garaşsyzlyk aýgydyň, Bilen da:ş ýarýarka ykbalyň Türkmen. Başyňa täç edip Arkadagyňy, Ýaşa! Dowamata sapsyn ýollaryň! Ýaşa! Goşalanyp gelsin ýazlaryň! Dädäm pahyr diýerdi: «Ene-atasynyň dakan adynyň yzyna bir täsin söýünç bilen lakam tirkelýän adamlary bihal bilmegin!». Hojaberdini birinden sorap tanamaly däl kişiler bilen hemsöhbet bolanymda, onuň isminiň yzyna «şahyrdan» başgada «pälwan» adynyň hem tirkelýändigini bilip galdym. Ol 17-25 ýaşlar aralygynda türkmen toýlarynda göreş tutulanda böke pälwanlaryň hatarynda tanalýan eken. Onuň şygyrlaryndaky: «Ýigitleri bökesidir toýlaryň», «Bilinden tutaňda demir bedeniň, Baldyr ejiz gelip, dyz ynjamasyn» ýaly setirlerem şahyryň pälwançylygyň tilsimlerine kökidamary bilen düşünýändiginden habar berýär. Ýazyjy Osman Öde oňa sowgat beren kitaplarynda: «Hojaberdi! Ikimiziň ruhumyz bir, onsoň biziň özümizem biribirimizden uzakda bolmaly däl. Men Balkanda ýeke-täk inim bar — Hojaberdim bar diýip, guwanyp ýaşap ýörendirin. Hojaberdi, bu dünýäde yz galdyryp ýaşaly!», «Hojaberdi! Sen meniň ýüregimiň baş öwredilmedik bedewi-joşguny. Seni görsem, ýatlasam göwnüm galkynyberýär. Seni öz doganym hasap edýärin. Ömrüň uzak bolsun!», «Hojaberdi! Çar ýanyň ýapylaýanda-da, Hudaý tarapyň açyk bolsun!» diýen ýazgylary galdyrypdyr. Döwrümiziň ýene bir ajaýyp şahyrlarynyň biri, «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Didarberdi Allaberdiýew bolsa: «Til kakyp, günde-günaşa Hojaberdiniň sesini eşdip durmasam, keýpim özözünden gaçyberýär. Okan kitaplarymyň birinde: «Azda-kände dälişgelik heserine uçramadyk şahyr ýokdur» diýlip ýazylypdyr. Men oňa heran-haçan «Däli akgam, kakabaş şahyr» diýip ýüzlenýärin» diýýär. (Meniň Hojaberdiniň döredijiliginden okan şygyrlarymda «Kakabaş» sözüne on ýerde gabat geldim. Belki, şahyryň öz hasabynda bu söz hasam köpräkdir. Keý-Kowusda «Sözle, seniň kimligiňi aýdaýyn» diýen bir dana sözlem bar. Şahyryň goşgularynyň birindäki «Öldürse öldürer, ýöne, Dälini düzetmez taýak» diýýän setirlerini hem ýadymdan çykaryp bilemok. Aslynda şahyr «Kakabaş, däli» sözlerini çuňňur pelsepe bilen beslemegi ussatlarça başarypdyr. H.T.). Aslynda Didarberdi onuň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden «Pyragy» poemasyndan on iki bentden ybarat bir muhammesi höwes bilen ýatdan labyzly okap bermegi halaýar: ...Her setiriň, her bendiň, bogun-bogun sökeläp, Paýhasyňa imrindim, zer dänäňi çokalap, Umman saldym kiştimi, bagrym bilen kürekläp, Inmişem güzeriňe, käkilik deý käkeläp, Hyrydary set müňdür, açsaň dükan, Pyragy! ...Diwanyňa gark bolan sillere bent neýlesin, Maghy ummanyňa suwsan, gullara dert neýlesin, Ahti-imanyň görüban, küren-u-kent neýlesin, Panyga akyl ýetirgen şygryňa gunt neýlesin, Per baglap uçmasa haýran, seni okan, Pyragy!... Men bu söhbetimi makalamyň göwrümini ulaltmagyň hatyrasyna däl-de, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň jaýdar nygtaýşy ýaly: «Hojaberdiniň okalýan şahyrdygyny» ýene bir öwra tekrarlamak islänim üçin ýazdym. H.Baýramowyň döredijilik älemine nazar aýlap ýörşüme men ol dünýäniň durşuna duýga ýugrulandygyna magat göz ýetirdim. Bir duşuşygymyzda onuň «Men goşgynyň, ilki bilen, duýgynyň önümidigine bütin düýrmegim bilen ynanýaryn. Sebäbi goşgy ynsany agladyp, güldürip, begendirip, gynandyryp, gaharlandyryp, ýaman pälinden gaýtaryp bilýän sungat. Duýgudan dörän şygyrlara akyly, aňy, maslahat bermegi heranhaçanam goşsa bolar» diýeni hakydamdan gidenok. Hakykatdan hem, öňem bir dananyň nygtaýşy ýaly, kalbyň owazy bolup döreýän şygyr, islendik bir guralyň kömegi bilen döredilýän sazdyr mukamlardan ýokarydyr. Şahyryň ynsanperwerlige ýugrulan beýik işler barada döreden kantatasyndaky setirlerem, ilki bilen tämiz duýga ýugrulyp, soňra juda ýürekdeşlik bilen ata Watanymyza bolan beýik söýgibuýsanja öwrülýär. Hojaberdiniň döredijiligindäki — şygyrlaryndaky setirleri, biparh okamak, asla mümkin däl. Mysal gerekmi?! Baş üstüne: Özümidi okýylanyň, Öňe, yza oklaýanyň, Tary gara — hernä alny, Süýdi bolsun akmaýanyň... * * * Daglaryň başyna çökdümi bulut, Ýa daglar çekdimi buludy başa... * * * Ýalňyz wagtyň Hudaýyňdan nalama, Ikiň biri däl-ä Taňrynyň özem. Söýüp bilýän Biribara gargamaz, Söýülýän gözeliň Alladyr özem... * * * Yhlasyň bolsun bir kitap, Beýany müň bir bolup gez!... * * * Birden bu dünýäden gitmeli bolsam, Ýa dynmaly bolsa bu dünýä menden. Kimligimi biljek bolup kösenmän, Gözläň şygyr ýazan depderlerimden... * * * Dagy näme?! Herki zadyň wagty bar, Menem muňa ömürbaky gelmedim. Başarmadyk zadym, başarýanymy, Başarmadyklara aýdyp bilmedim... Şahyr bilen onuň döredijiligi barada guralan bir söhbetdeşlikde ol buýsanç bilen «Poeziýa meniň üçin ähli zat» diýýär («Edebiýat we sungat», 1.04.2016 ý.). Men Hojaberdi Baýramowy öň şygryýetden gurýan köşki-eýwanyna niçe aralaşdygymça, onuň bu sözleriniň hakykat bilen bir jan, bir tendigine hasam aýdyň göz ýetirýärin. Öz dünýägaraýşyny kämil duýga beslenen şygyrlara siňdirip bilmek, şahyr üçin iň uly bagt bolsa gerek. Elbetde, duýgyň seni aldap hem biler, ýöne ol barybir adaty zat däl-de, duýgulygyna galar. Duýgy bolsa reňkli, ýada reňksizdigine garamazdan, kalbyň önümidir —edil şygryýet ýalyda. Hojaberdiniň goşgularynda bu hakykat hasam aýdyň ýüze çykýar. Ol ynsan ähliniň maddy däl-de, ruhy bakylykdygyna ynanýar. Şonuň üçin hem oňa: ...Ömür ýalňyz, ölüm ýalňyz, Maňa olaň biri ýetik. Dergähden çykjagym hakdyr, Bir şygyr diwanyn bitip. Soňra, goý, eňresin ölüm, Için tutup ýalňyzlykdan. Men munda baky galaryn, Öz bagtymdan ýarylyplar — diýeninde, eliňi gursagyň üstünde goýup, müň mertebe ynanasyň gelýär. Ömür salynyň bäş müçesini eýýämhaçan arka atyp, altynjy müçäni ýarpalap barýan halypa şahyryň şygryýet, hakyky manysynda, ykbalyna öwrülipdir. Oňa bu hupbatly hemem lezzetli ýoldan «sowlup galmazlyk» bagty berlipdir. «Hiç kim bizi beýik adam bolmaga borçly etmeýär, ýöne adam bolmak weli, biziň borjumyz» diýen jümläni men Resul Gamzatdan okapdym. Eger şeýle bolýan bolsa: Baky gelmäniňe ýetikdir aklyň, Bir kerwene çatylanyň duýjak bol! Ýaşanyňa degýän bolsa bu dünýä, Garaz, gitjek günüň ertä goýjak bol! («Garagum», 1. 2019 ý.) — diýýän Hojaberdi Baýramowyň öz poeziýasy bilen häzirki zaman türkmen edebiýatynda öz adyny ýazyp bilýändigini hem aýdasym gelýär. Şahyr barada gürrüň edeniňde, aýtjak zadyňy düşündirjek bolup azara galman, onuň şygyrlaryna ýüzleneniň ýerlikli bolýandygyny gaýtalap aýdasym gelýär. Aýn bolmasa, özara gürrüňlerde «Baky berlen ömür barmy, näme?» diýmek ýoň bolupdyr. Biziň gürrüňini edýän şahyrymyz bolsaöz döredijiliginde bu ömri, her niçigem bolsa, bakylyga öwürmegiň külkülü ne düşüp ýörene ogşaýar. Edil şu pursatda onuň şu goşgusy badabat gulagymda ýaňlanýar: Ýaşap ýetişmänkäň geçýär hepdeler, Aýlar geçýär, ýyllar geçýär eý, aman. Göwnüme bolmasa, hepdeler, aýlar, Ýyllar bolmalsyndan juda gysgalan — Ýaly, uly gymmaty ýok günleňem, Her günüň bahasy bir güne ýetik. Şeýdip ömür salyň uzalyp barýar, Seniň ömür salyň ujundan kertip. Günlerde nä günä?! Dogup, ýaşmakdan, Gaýry alaç tapman barýar eplenip. Juwan görünse-de aý-u-ýyllardan, Ýaşap ýetişmänkäň geçýär hepdeler. Sagyňda — saralan güýzler, soluňda — Soňlanmajak ham-hyýallar gerinýär. Adam ogly şeýdip ýaşap ýörşüne, Ömür oňa ömürbaky görünýär... Ynsan ogly, aslynda çig süýt emip ulalansoň, iň soňky pursatdada, ýaşamakdan umydyny üzmeýär, ýaşadykça ýaşasy gelýär. Gurbannazarda bu pelsepe: Kim aýdypdyr ýalan diýip barlyga, Ýaşanyňa juda degýär bu dünýe — görnüşde öz beýanatyny tapsa, ol Hojaberdide: Ýaşanyňa degýän bolsa bu dünýe, Garaz, gitjek günüň ertä goýjak bol! — diýen çagyryşda örboýuna galýar. Men bu mysallarda iki şahyrdaky meňzeşligi däl-de, döredijilik dünýäsine muwapyk ruhy birligi görýärin. Öz goşgulary bilen türkmeniň dünýä nusgalyk kalbyna kybap köşkieýwan gurmagy, merdana halkymyzyñ guran ertekiden zyýada döwletini, şöhratly düýnümizi, bagtyýar şu günlerimizi, nurana ertirlerimizi wasp etmegi başarýan halypa şahyra: «Zehiniň gor küýzesi gowzamasyn, döwet galamyň ujy kütelmesin, ilhalar şygyrlaryň dowamat tapsyn, hepdeler ýaşap ýetişmänkäň geçýänem bolsa, ýazyp ýetişmänkäň geçmesin!» diýesim gelýär. Hangylyç TAGANGYLYJOW, mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy. | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |