13:08 "...Ýöne ýürekdäki yşkym dileme!" | |
"...ÝÖNE ÝÜREKDÄKI YŞKYM DILEME!"
Edebi tankyt
• Şahyr Ogultäç Oraztaganowanyñ döredijilik dünýäsine syýahat ...Meniñ elime galam alan badyma, kelläme şu pikir geldi. Dogrudanam, heniz ýüzbe-ýüz bolup görmedik kişim hakynda makala ýazmakçy bolýandygymy köpleriñ geñräk görmegi hem mümkin. Öñde bir dana kişi: "Siz döredijilik adamynyñ kimdihini bilesiñiz gelýän bolsa, ol onuñ ýazan eserlerinde bardyr" diýipdir. Men şol paýhasdan ugur alyp, elime galam aldym. Edebiýatda örän gadymy döwürlerden bäri ýörgünli bolan "gaýybana söhbetdeşlik" diýip bir düşünje bar. Bu adalga ýüzbe-ýüzlikde däl-de, haýsydyr bir eşidilen ýa-da okalan ýazgylara esaslanylyp pikir ýöredilýän düşünje. Bu şeýle bolupdy. Zehinli şahyr Ogultäç Oraztaganowanyñ "Edebiýat we sungat" gazetinde (03.05.2015 ý) "Lebap täsirleri" ady bilen goşgular çemeni çap edilipdi. Goşgularyñ hemmesi bir agyr ýitgä bagyşlanyp döredilen goşgulardy. ...Men yşkdan ýanany bilmen gandyryp, Yzymda bir bölek arman galdyryp. Gursagymy duýgulardan dolduryp, Ýöräp barýan seniñ ýörän ýoluñdan... Neýlediñ yşk gidýär aýagyn taýyp, Şonda-da özümi bagtyýar saýyp. Gara saçlarymy howada ýaýyp, Ýöräp barýan seniñ ýörän ýoluñdan. ("Seniñ ýörän ýoluñdan") ...Süpürip gözümiñ çygyn, Melhemläp ýüregmiñ tygyn. Parladyp yşkymyñ tugun, Men bu ýerde saña duşdum, Men bu ýerde seni tapdym. Adyñ heýkel ~ goýdum asyp, Bu syrymy bilmen bukup. Ykbalymy bagra basup, Men bu ýerde saña duşdum, Men bu ýerde seni tapdym. ("Men bu ýerde seni tapdym") ...Dünýämde gaý turdy ~ muny geñledim, Uly ilden gözýaşymy gizledim. Senk gök asmandan, ýerden gözledim, Sen nämüçin meni idäp gelmediñ?! ...Men indi dolanyp barýan yzyma, Sen nämüçin meni idäp gelmediñ?! ("Sen nämüçin gelmediñ?!") Goşgular toplumyny tutuşlygyna okap çykanymdan soñ, goja göwnüm ejizläp, gözüm nemlendi. Men edebiýat nazaryýetinde hyýalbentlik hem-de umumylaşdyrmak diýen çeperçilik usullarynyñ ulanylýandygyny bilýärdim. Herhal goşgularyñ taglymy göwnüme durmuş hakykaty ýaly bolup, hiç ýadymdan çykmady. Şol pursat jañ edip soraýyn diýsem-de, şahyryñ salgysyny bilemok. Ahyry bir gün nesibe çekip, Ogultäç Oraztaganowanyñ "Galkynyş" gazetinde işleýändigini eşitdim. Zenan şahyra duýgudaşlyk häsiýetli hat ýazdym. Soñ ol hatyma jañ üsti bilen jogap berdi. Ýakynlarynyñ biriniñ Lebap topragynda ýogalandygyny, agzalan goşgularyñ bolsa Türkmenistanyñ Medeniýet hepdeliginiñ Lebap welaýatynda geçirilen günlerinde dörändigini aýtdy. Ine, Ogultäç bilen "Gaýybana söhbetdeşligimiz" şol günden soñ başlandy. Ogultäç teleýaýlymda goşgy okaýar diýseler, ileri-ileri süýşüp diñledim. Gazet-žurnallarda çap edilýän oýlanmalaryny, goşgularyny hiç kimi ýanyma getirmän okadym. Ol "Garagum" žurnalynyñ 2014-nji ýylyñ 10-njy sanynda şahyr Gurbandurdy Orazow bilen söhbetdeşliginde: "Goşgularyñy ýatdan bilýärin diýsem-ä ýalançy. Ýöne "Hijran halkasy" atly kitabyñyz hemişe ýadymda. "Çykdyk ala gözli gyzlañ düýşünden" ýaly gowy gören setirlerime bellik hem edipdirin" diýýär. "Ony duýgular bilen ýazylan goşgulary has hem halaýanlygymdan görýärin" diýýär. Ogultäjiñ öz döredijiliginde-de iniñ jümşüldedýän, ýüregiñi gorjaýan duýga ýugrulan şeýle setirler az däl. Asyl onuñ şygyrlarynuñ hemmesi duýguçyl. Bir posa alardan ýa-da bererden, Gudratlydyr yşka düşmek ~ lowlamak. Hiç hazyna çalyşmaryn yşkymy, Oñ öñünde gelişmeýär ownamak. * * * ...Aýdylşyna görä has ozaldanam, Aşykmyşyn bir-birine Asman, Ýer. Şeýdip ýagýan ýagyşlara döneýin, Gör-ä onuñ gülleri-de mydam ter. Gözüm gidýär söýgüsinine Zeminiñ, Gözün gidýär ~ yşka düşmüş gök asman. Ýagyber sen ýagyş, düşündim saña, Neneñ bolar gitseñ ýara sataşman?! ("Guý ýagyş") Seniñ söýgiñ durşy bilen sowal ol, Seniñ söýgiñ atylmadyk pal ýalam. Eger-de ýalñyşýan bolsam bagyşla ~ Meni tora saljak bolýn a:l ýalam. Seniñ söýgiñ ýyldyrymyñ uçguny, Seniñ söýgiñ ~ bulut Gökden bölünen. Men nädip özümi ikä böleýin, Bolmaýar-a ol duýgyny bölübem. ("Seniñ söýgiñ") Gürrüñiñ şygryñ duýguçyllygyna ýazany üçin, irräk döwürde okan bir makalam ýadyma düşdi. Sözme-söz ýadymda däl. Edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýew bir syn-seljermesinde: "Duýguly goşgulary ýazanyñyzda okyjylary kösemäñ. Goşgynyñ taglymyna okyjy 2-3 gezek okap düşünmeli bolmasyn" diýen ýaly pikirleri aýdypdy. Ýok, Ogultäç şahyr beýle ýazmaýar. Onuñ goşgulary duýguçyldyr. Ýöne hemme zat düşnüklidir. Biziñ şu logikamyz hakynda çyndan oýlanyp görseñ poeziýanyñ talaby şeýle. Owal-ahyr goşgy diýen närse JEMGYÝETIÑ BELLI BIR TOPARY ÜÇIN DÄL-DE, UMUMYADAMZAT AÑYÝETI ÜÇIN ýazylýar ahyryn. Ogultäç Oraztaganowa şygryýetde öz ornuny tapan şahyr. Birwagtlarda Türkmenistanyñ Gahrymany şahyr Gözel Şagulyýewa sorag beripdirler. - Siziñ ähli goşgularyñyzyñ ýekeje setirini eşitdigim tanaýaryn. Şahyr şeýle derejä nädip ýetmeli? - diýip. Şonda Gözel şahyr: - Meñzäsiñ gelmegem, höwes etmegem bardyr. Ýöne ony ýol hasap edip bolmaz. Ýaş şahyrda şu endik bar diýseñ, beýlekilere-de degmän duranok şu ýagdaý. Äheñinden, söz urşundan, ulanyşyñdan özüñi mälim etmegiñ syryny gözlejek bolmaly - diýip, jogap beripdi. ("Ýürekden Watan diýýän", "Garagum" 05.2016 ý.) Ogultäç Oraztaganowanyñ döredijiliginde enä bagyşlanan goşgular agdyklyk edýär. Elbetde, her kimem enesini gowy görýändir. Ýöne ony çeper beýan etmek islendik kişä başardanok. Muhabbetdir gujagynda duýdugym, Pentden doly sözleridir uýdugym, Höwes eýläp, dyzyna baş goýdugym, Güllär gider bütin dünýäm, eje jan! ("Eje jan") "Durmuş - göreş" diýen wagtyñ çagakam, Gülmekdenem gaýdamokdym, eje jan! Sypalal ukladan gara gözleriñ, Ýaşa dolar öýdemokdym, eje jan! ...Bozup aradaky serhetleñ baryn, Gel, otur söhbet, geñeş edeli! Käbäm indi-indi düşünjek bolýan, Aýdyşyñ deý durmuş göreş ekeni. ("Durmuş göreş ekeni") Ukladarsyñ meni "huwwa-huw" bilen, Halas etjek boldum damja suw bilen, Uka gidýän her gün çoh arzuw bilen, Girmezmiñ şu gün bir düýşüme, eje?! Seni ýatlap, eýe bolýaryn güýje, Diýrdiñ: "Ejizleme, özüñi tije. Höwes edip garaşsamam her gije, Nämüçin düýşüme gireñok, eje?! Ýanymdalygyñy duýarym ýaly, Şygyrdan köşk-eýwan gurarym ýaly, ...Ýerinden syçraplar turarym ýaly, Girmezmiñ şu gün bir düýşüme, eje?! ("Eje") Umuman, gyz-gelinleriñ iñ ýakyn syrdaşy öz mähriban ejesi bolýar. Käbäñ şu barlykda seniñ bütin ömrüñe durmuşy öwreden göreldr mekdebiñ, iñ ýakyn maslahatçyñ. Onsoñ ýokarda şahyrdan getiren, bir seretseñ ünjüli, bir seretseñem, enesinden köp razy gyzyñ ýürek sedasy öz okyjysyny bir pursat oýlandyrmazmy?! Muña çeper edebiýatda liriki gahrymanyñ şahsy ykbalynyñ şöhlelenmesi diýip düşünsek-de, bu ~ şahyryñ hususylygyñ üsti bilen umumylygy berip bilmek ukybynyñ hem güwänamasydyr. Edebiýatyñ üstünligini, ýetmezini çyndan saýgaryp bilen zehinli ýazyjy Osman Ödäýewiñ (ýatan ýeri ýagty bolsun, ussadym) bir ýazgysyndan mysal getireýin. "Bu gün bagtyýarlyk şygryýeti ýurdumyzda bolup geçýän beýik dabaralara, täzeliklere, toý, baýramlara günübirin seslenýär. Şahyr halka, Watana, mähriban Prezidentine bolan çäksiz söýgüsiji uly buýsanç bilen beýan edýär... Gözel Şagulyýewanyñ, Atamyrat Atabaýewiñ, Orazguly Annaýewiñ, Döwletgeldi Annamyradowyñ, Hojaberdi Baýramowyñ, Ogultäç Oraztaganowanyñ... döredijiliginiñ mysalynda aýtsak şygryýetimiziñ dili baýlaşdy, mazmuny goýazylaşdy, manylaryñ hem-de öwüşginleriñ datlylygy artdy, netijede estetiki añ öñki, asylky edebi-taryhy watanyna dolanýar" ("Döwür hem şygyr", "Edebiýat we sungat, 24.05.2013 ý). Şu sanawda ady agzalmaga mynasyp bolan Ogultäç Oraztaganowanyñ döredijiliginde hem hormatly Arkadagymyza, Garaşsyz Diýarymyza bagyşlanan goşgularyñ, poemalaryñ birgiden kökeni bar: "Muña Arkadagly Türkmenistan diýerler", "Döwlet guşy - göwünleriñ hoşy", "Seni baky söýerin", "Eziz Watansyñ", "Elwan gülleriñ ülkesi", "Gujagyñy ýaz görýän"... Geliñ, şu eserlerden käbir bentleri okap göreliñ! Bir ynamdan müñläp Ynam döresin, Goý, olary Döwlet guşy gorasyn! ("Döwlet guşy" - göwünleriñ hoşy") Garaşsyzlyk! Wysal bolan arzuwym, Garaşsyzlyk! Ak ýollaryñ aýdymy. Eziz Arkadagyñ adyn alkyşlap, Bu aýdymy joşup-joşup aýdaly! Gorañ ony, söýüñ ony apalap, Ýyllardan ýyllara güllesin gitsin! Watanyñ buýsanjy Arkadagymyñ Ýörejek ýoluna ak güller bitsin! ("Garaşsyzlyk") Sen diýip urýar meñ ýüregim, Watan, Sen diýip ýaşaýan, şeýle bor mydam. Seniñ barlygyñda pes tutup päli, Sähelçe zat bilen ederin mydar! ("Şeýle bor mydam") Bu setirlerdäki hormatly Arkadagymyzyñ taýsyz tagallasy bilen ýetilen belent sepgitlere, oñyn özgerişlere, Watana bolan söýginiñ beýany liriki gahrymanyñ kasama çalym edip duran ýürek kelamy bolup gursagyña dolýar. Ogultäç Oraztaganowanyñ döredijiliginden añlaýşyma görä, ol özüne ylahy berlen şygryýet diýen jadyly sungata ykbal diýip düşünýärn şol ykbal seni heniz barylmadyk, ýetilmedik menzilleriñ mährem gujagyna oklasyn, Ogultäç dogan! Hangylyç TAGANGYLYJOW, mirasgär, Türkmenistanyñ ussat mugallymy. # garagum_2018 | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |