20:31 Ýaşlyk bilen duşuşyk | |
ÝAŞLYK BILEN DUŞUŞYK
Goşgular
Gelýäň köçe bile, Köçe dolup dur Ýüregiňden üzlüp galan ýaşlykdan. Golaý geldigiňçe, galpyldaýaryn hem keýpihoşlukdan, hem mätäçlikden. Sen bolsa habarsyz, Belki, habarly Meň başymda gopýan harasatlardan! Geçip barýaň çala başyňy yrap, Hem özüňi gorap “seresaplardan”. Aldyňmy salamňy, Ýa-da aňk bolup, Bujagaz bagtdakam galdymmy gapyl!? Herhalam özümi köşeşdirýärin Ertirki günüme edip tagapyl. Ertirki diýýänmi, Hawa, ertirki, Bir geçen gün gaýdyp gelmez hiç haçan. Ölçelgi ömüriň sanalgy güni Dälmi orta ýaşyň gapysyn açan! Edil şu gapyda duş geldim saňa, Eý, sen meniň ýaşlygymyň örküji! Kän gözläpdim, kän aýlanyp, kän ýyllap, Ahaly, Murgaby, Kesearkajy. Sen ýene-de iç döküşmän meň bile, Nirä gidip barýaň öňümden ätläp Saňa däl, özüme esedip durun miwesi sowulan daragty ýatlap. Hany on sekiziň meý piýalasy, Göteremde buldurardy al şerap. Bu gün bolsa el-aýagmy ýitirýän Nirede içdikçe ýüzüňe garap, Ýaşlyk piýalasyn doldurýan şerap!? Bijeli oglan aglamasyz bolsa-da, Men nädip galarkam saçyň daraman. Sag bol sen, ezizim, saklanyň üçin Ýaşlygymy ytygsatman, yraman. Juma ORAZOW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 31.01.1979 ý. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |