13:50 Ýatdan çykmajak pursatlar | |
ÝATDAN ÇYKMAJAK PURSATLAR
Ýatlamalar
Meşhur adamlar bilen bolan duşuşyk pursatlary, şeýle duşuşykda edilen ýagşy gürrüňler, olaryň zybanyndan eşidilen hoşamaý sözler yadyňda galgyç bolar eken. Muny men türkmeniň meşhur ogly, çyn adam, hakdan içen şahyr Kerim Gurbannepesow bilen öz ömrümde seýrek bolan duşuşyklardan, didarlaşyklardan çen tutup aýdýaryn. Ine, sol duşuşyklaryň biri barada söz açasym gelýär. Kerim şahyr bir gezek ýoly düşüp, işleýän edarama salama gelende, meniň aýdym, sazdan başymyň çykýandygyny, şu temadan ýazjak makalalarymy, ýatlamalarymy okaýandygyny aýdyp: ''Şu gün Sahy bagşynyň ýyl sadakasyny berýändirler, ýoldaş bol, görnüp gaýdaly'' diyip, maslahat etdi. Sahy bagşynyň ýogalanyna telim ýyl geçenem bolsa, Kerim aga her ýyl onuň sadakasyna baryp, doga-dileg edýän eken. Şu pursat beyik Magtymgulynyñ "Är ýanynda gezseñ, är sen" diýen parasatly sözleri ýadyma düşdi. Duz dadylap, bagşynyň hatyrasyna ýagşy doga-dilegler edildi. Bakyýete giden adamyň sadaka ýeri bolansoň, bu yere ýygnananlar ümsüm ýagdaýda otyrdylar. Ýöne Kerim aganyň alçaklygy, göwnaçyklygy muña ýol goýmady. - Adamlar, Sahy bagşy halk köpçüliginiň adamsy bolupdy, Şonlugyna-da ýadymyzda galdy. Ol hiç mahal ümsüm oturyşlygyň adamsy bolan däldir. Onuň ömri toy-tomaşa, şatlyk-şagalaň bilen geçendir. Hana, Bibi ejemiz otyr. Ol muña diri şaýatdyr. Bagşyny ýagşyłykda yatlalyň, ruhy şat bolar - diyip, Kerim aga ümsümligi bozdy. - Bibi eje, bagşy aýdym aýdyp otyrka ýadyna düşmedik sözleri ýadyna salaýmaň bardy welin, senem-ä bu kärden bihabar däl bolmaly. - Kerim janyň ýadyna düşýän zady. Men bolmasam, Sahy eýse Sahy boljakmy - diýenden, Bibi ejåniň ýüzi ýagtylyp, göwni galkynyp gitdi. Şahyryň degişmesini sonra bagşynyň şägirtleri, Türkmenistanyň bagşysy Gurbandurdy Jeňow, at gazanan bagşylar Nurmyrat Annaýew, Sülgün Meretgeldiýewa we beýlekiler alyp göterdiler. Sahy bagşy bilen bolan täsin wakalary, ýagşy gürrünleri ýatladylar. Şeýdip, sadaka ýeri ýakymly ýatlamalara doldy gitdi. Adamlaryň kalby bagşynyň hatyrasyna edilen ýagşy ýatlamalardan nurlandy. Munuň esasy sebäpkärem hormatly hem söýgüli şahyrymyz Kerim Gurbannepesow boldy. Şondan soňky ýyl hem Sahy bagşynyň ýyl sadakasyna Kerim şahyr bilen bile bardyk. Bu gezegem giden bir ýagşy gürrüňler edildi, öten-geçen bagşy sazandalar, halypalar yatlanyldy. Bu iki ussat köp ýyllaryň dowamynda döredijilik gatnaşygyny saklap geldi. Türkmenistanyň halk artisti, meşhur bagşy Sahy Jepbarow şahyr Kerim Gurbannepesowyň sözlerine onlarça biri-birinden şirin aýdymlary döretdi. Olar halkyň söýüp diňleýän aýdymlary boldular. Baryp, 1957-nji ýylda Sahy halypanyň Kerim aganyň meşhur «Altyň biri» diýen goşgusyna döreden aýdymy Türkmenistan boýunça geçirilen sungat bäsleşiginiň ýeňijisi bolupdy. On- dan bäri ýarym asyrdan köp wagt geçen-de bolsa, ol aýdym biziň beýik Galkynyş eýýamy- myzda hem uly isleg we söýgi bilen dinlenilýän aýdym bolup galýar. Ýeke bu däl, iki ussadyň ylhamynyň joşa gelmeginden dörän «Gumly gözel», «Gök çaý», «Ös, mekgejöwenim!», «Poçtalyon», «Ýarap borka» we beýleki aýdymlar hem türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň hazynasynda ömürlik orun aldy. Kerim aga Sahy bagşa uly hormat goýýardy, sylaýardy. Sahy halypa-da Kerim şahyra atalyk mähri bilen garaýardy. Şonuň üçin-de olar biri-biriniňkä myhmançylyga barsa, orunlary tördedi. Kerim şahyr "Jepbar agań zürýady" diýen goşgusynda Sahy bagşynyň ýene onlarça asyrdan hem diňlenjekdiginiň waspyny ýetiripdi. Ýeri gelende ýatlasak, Kerim Gurbannepesow bilen soňky gezek bagşynyň ýyllyk sadakasyna baranymyzda, bagşynyň ýalňyz perzendi Soltan Jepbarow bu goşgyny labyz bilen ýatdan aýdyp beripdi. Ýöne şol gezek Kerim aga bilen in soňky görşüşimiz boldy. Müň dokuz yüz segsen sekiziň güýzüniň başynda bu beýik ynsanyň özi aramyzdan bakyýete göç eýledi. Öňräkden bäri gulagymda galan bir pähimi ýatlaýyn. Öten-geçen akyldarlaryň biri şeyle diyipdir: «Beýik adamlary belent çynarlara deňemäň. Parhy bardyr biler bolsaňyz. Bir gün gara ýel geler, tupan turar. Çynar ýykylyp, ýanyny ýere berer. Onuň saýasam şo pursat özi bilen ýitip gider. Beýik adamlar aramyzdan gitseler-de, olaryň saýasy ýitmez. Olaryñ bitiren işleri il-güne miras galyp, saya salar. Şondan ötri beýik çynarlaryň özüni beýik adamlara deñän». Bu gün Kerim aga biziñ aramyzda yok. Onuñ şygyret älemi, halkyna galdyryp giden baý hem gaýtalanmajak edebi mirasy, ynsanyýetçilik, adamkärçilik sypatlary, ýaňky parasatly aýtgyda nygtalyşy ýaly, onun şypaly saýasy ony tanaýyan, ony hormatlaýan adamlardan aýrylyp gitmez, olar bilen ömür bile bolar. Mämmet ORUSOW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. "Edebiýat we sungat" gazeti, 19.09.2008 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |