15:58 Bir gezek... / ýumoreska | |
BIR GEZEK...
Satiriki hekaýalar
Älhepus, şu küştçüleriñ nerwiniñ berkdigini! Oýna gyzdyklary, onsoñ dünýäni suw-sil alsa-da, beýle ýanlarynda top atylsa-da, baş galdyrjak gümanlary bolmaz. Öz gohlary özlerine ýetik. Bir gezek özüne "Men" diýýän kişileriñ biri "Salamymy almadyñyz" diýip, dükanyñ kölegesinde ala-goh bolşup oturan küştçülerden göwün etjek boldy. Şonda küşt klubynyñ müdiri Hudaýberdi aganyñ: "Sen, ýagşy ýigit, aslynda küşt oýnap oturan adamlara salam beriji bolmagyn. Küşdüñ başynda oturanlaryñ küýi salamda däldir. Salamyñyz jogapsyz galar. Ýöne, ynha, "Oýunçy utsun!" diýseñiz welin, hemmämiz özün bilmeý "Ýalmap ýuwutsyn!" diýenimizi duýman galarys" diýýäni ýadymda. Size ýalan, maña çyn - oba oglanjyklarynyñ biri-birine zyñan kesegi Hudaýberdi aganyñ böwrüne degende, onuñ kesek degen ýerini gaşap: "Haýt, garagollar, baryñ daşda kesekleşiñ, birden küşde degäýse nätjek!" diýýänem ýadyma düşýär. Il arasynda başga-da bir gürrüñ bar. Oýna gyzan ölemen küştçiniñ yzyndan "Gyzyñ gaçdy" diýen ýakymsyz habar gelipdir. Emma bu ýakymsyz habaryñ düýp manysy küşde kellesi gyzan pyýadalaryñ hiç biriniñ añyna ýetmändir. Gaýta "Al, gyz gaçan bolsa" diýşip, küştçüler her gezek malyny göçenlerinde biri-birine henek atypdyrlar. Şeýdip, "Gyz gaçdy" habary telim ýola gaýtalanyp, oýun tamamlanypdyr. Kimiñ gyzynyñ gaçanlygy añşrylmanam, garañky gatlyşanda öýli-öýüne dargaşypdyrlar. Hawa-da, küşdüñ iñ gyzykly ýerem şonda. Küşdüñ tebigaty şeýle, oýna kellesi gyzan adam bar zady unudýar. Ýöne her zadyñ öz ýagysynyñ bolşy ýaly, küşdüñem, küştçüleriñem öz ýagysy bolýar. Olam serhoş halda daşyndan oýna elini garyp, oýunçylaryñ göçjek malyny göçürtmän, etjek bolýan emelini etdirmän, bulagaýlyk edýän adam. Gizläp nädeýin, ine, günlerde bir gün biziñ oba dükanynyñ kölegesinde ýerleşen küşt "klubymyzyñ" hem hut şunuñ dek ýagysy döredi. Olam şeýle başlandy. Obamyzda täze klub jaýyny gurmaga girişdiler. Gurluşyk diýeniñem köp dürli adamyñ işleýän, gelim-gidimli ýeri bolýar. Gurluşygyñ gidýän ýeri oba dükanyndan o diýen uzakda bolmansoñ, bu ikaradaky gatnaw has ýygjamlaşdy. Has beterem, şäherden gatnap işleýän iki sany ýigidiñ dükana gatnawy köpeldi. Olaryñ biri Tokardy. Ýoldaşy onuñ adyny Tolik diýip tutýardy. Beýlekisi Kakawdy. Tokar hem onuñ adyny Kolik diýip tutýardy. Iş wagty-gutaryp-gutarmanka Tolik bilen Kolik dükanyñ töwereginde köw-söw edip ugraýardylar. Tanasalar-tanamasalar, gelen-geçene "Üçünji boljakmy?" diýip, ýoknasyz sowal bererdiler. Munuñ özi üç bolup bir çüýşe arak alyp içmegiñ yşaratydy. "Üçünji" boljak "suw meýilli gurbagalaram" tapylaýýardy. Olar dükanyñ güneş tarapyna geçip, bir çüýşäni "medeniýetlije" paýlaşýardylar. "Medeniýetlije" diýýänim olaryñ ýanynda göterýän bulgurlary bardy. Şoña azajykdan guýup içerdiler. Azajykdan guýup içseñem, aragyñ täsiri güýçli bolýarmyş diýýärler. Ülpetler kellelerini mis ýaly gyzdyransoñlar, küşdüñ başyna gelerdiler. Olaryñ agzyndan aragyñ ysy añkap durardy. Agzy arassa küştçi ýaşulularymyz bu ýagdaýy halamazdylar. Üstesine-de, ülperler halansa-halanmasa, ökdesiräp ellerini küşde garardylar. Dilewarsyrap, samyllap, gep-söz alyşdyrmazdylar. Hasa beterem, Tokar-Tolik göze-başa düşüp barýardy. "Haýsyñ güýçli bolsañ, geç añyrsyna. Täk özüm bir ýana, hemmäñiz bir ýana" diýip, Görogla dönerdi. "Berekella, Tolik jan, Täşli Tatlyñam bolsa, geçir tarapyña, gör, ediberşini" diýip, zordan küşdüñ göçerlerini saýgarýan Kolik ülpetine meçew berýärdi. Ýogsa bolmanda, goh-galmagal turaryndan howatyr edip, küşdüñ bir tarapyny oña beräýenlerinde hem, onuñ alyp barýan galasy ýokdy. Kim bilen dikse utulardy. Ýöne "Ýykylan göreşden doýmaz" diýenlerini edip, her gezek bir bahana tapyp, küşt tagtasynyñ başyndan turman oýkanar oturardy. Bu boluş ýaşuly küştçülere näler ýaranokdy. Küşdüñ mazasyny gaçyrýardy. Olar başda "Myhman sylagy üçin" geçirimlilik etdiler. Sypaýyçylykly sözler, hereketler bilen düşündireris öýtdüler. Ýöne "myhmanlar" sylaga düşünmän, gaýta ýekemsiräp başladylar. Özlerinden başga adam bardyram öýtmediler. Munuñ öñüni almak gerekdi. Ýogsa küşt klubynyñ çüpremegi ýa-da dargamagy, bolmanda, abraýdan düşmegi mümkindi. Küşt klubynyñ üstüne abanýan howpdan dynmagyñ onuñ ozalky abraýyny, mazasyny gaýtaryp getirmegiñ ýoluny gözlemeli boldy. Şu maksat bilen klubyñ müdiri Hudaýberdi aganyñ ýolbaşçylygynda ýörite topar işläp başlady. Dürli wariantlar gözlenildi, agtaryldy, ara alnyp maslahatlaşyldy. Ahyrynam Ata jozzukly warianty synap görmek dogry tapyldy. Ata jozzuk diýýänim obanyñ suwçusydy. Ýüzünden gany damjak bolup duran, dolmuş, kyrk ýaşlaryndaky, jozzuk ýüzli daýaw adamdy. Obada Ata atly köp bolansoñ, onuñ adyny tapawutlandyrjak bolup jozzuk diýip, lakamy bilen tutardylar. O-da küşdüñ ölemenidi. Işden sypynsa, kluba gelerdi. Bir döwürde ol içegen boldy. Ýöne näçe köp içse-de, meýdan işinde taplanan, etli-ganly pyýada bolansoñ, huşuny aldyrmazdy. Näçe guýsalar, myşlap içer-iýer oturardy. Kakasy aýrylansoñ, indi esli wagt bäri içmesini goýupdy. Klubyñ müdiri Hudaýberdi aga toparyñ agzalary bilen maslahatlaşyp, küşdüñ mazasyny gaçyrýan, klubyñ dargamagyna sebäp boljak bolup duran bozgaklaryñ garşysyna Ata jozzugyñ şol "uzakçyllyk" häsiýetinden peýdalanyp, bir emel salmak kararyna gelindi. Bu teklip Ata jozzugyñ özüne aýdylanda, ol ör-gökden geldi. - Hudaýberdi aga, öwlüýä jan kessin, indi bäş ýyl bäri men agzyma arak alamog-a, indem almaýyn-la - diýip, ol kes-kelläm garşy boldy. - Sen gürrüñiñ soñuny diñle, inim! Bu ýumşy biz hemme kişä ynanybam duramzok. Şu bozgaklar, aýdyşlaryna görä, aragy az-azdan içip, başyny aýlamaga endik edýämişler. Onsoñam... Ata jozzuk şu ýerde ýene Hudaýberdi aganyñ diýjek bolýan gürrüñini gutartman, sözüni böldi: - Men beýdip, guşa suw beren ýaly edip, damdyklap arak içen adam däl, Hudaýberdi aga. Beýdip içseñ, añkañy aşyrýar-a. Ýok, başga birini gözläñ. - Bize-de seniñ az-azdan içmezligiñ gerek-dä. Gurjak bolýan pyrryldagymyzyñ syram şunda-da - diýip, Hudaýberdi aga ahyryn öz pirimlerini Ata jozzuga düşündirdi, ony razy bolmaga yrdy. Täze başlanan hepdäniñ birinji günem klubda hemme zat öñküleri ýaly başlandy. Ýöne bu gün bir hili syrly gündi. Küşt klubynyñ agzalary, küşt oýnap oturan ýaly bolsalaram, serçä hepbik guran ýaly bolşup, bir zada garaşýan ýalydylar. Gün öýleden agyberende, gurluşyk tarapdan iki ülpetiñem garasy göründi. Olar dükana golaýlanlaryndan nejasatyny ýitiren tomzak ýaly, iki ýana urnup, gabat gelene "Ýoldaş boljakmy?" diýen şol bir sowaly berip başladylar. Gepleşilişi ýaly, Ata jozzuk küşdüñ başyndan tarsa turup, olaryñ üstüne abandy. "Baryñ, alyñ" diýip, olara öz pul paýyny uzatdy. Salym geçmänkä, Tolik dükandan bir çüýşe arak alyp çykdy. Olar dükanyñ beýle ýüzüne geçip, öz işlerine başladylar. - Halypa, biz-ä, nemisleriñ içişini edip azajyk-azajykdan, kem-kemden muhurjakdyrys - diýip, Tolik gep owadanlap, oýmakdan sähel ulurak bulgury jübüsinden çykardy. - Ýok, şepeler, men garşy-garşy agzymy ajydyp durman, bir gezek içýändirin. Meñ paýymy şuña emläýiñ - diýip, erñekli, uly bulgury giñ jalbarynyñ jübüsinden çykardy. Bu bulgury görenlerinden, Tolik bilen Kolik gözlerini tegeläp, biri-birine garadylar. - Beýle bolsa, al, özüñ guýnaý - diýip, öz bulgurlaryny arakdan dolduran Tolik çüýşäni Ata jozzuga uzatdy. Ata jozzuk gödeklik bilen çüýşäni bulguryñ içine başaşak tutdy. "Lakyr-lakyr" edip, şol demde çüýşäniñ esli bölegi guýuldy. Çüýşäniñ içi üzüldi. Muña Tolik bilen Koligiñ gözi hanasyndan çykaýjak bolýardy. "Alyñ, gitdik" diýip, Ata jozzuk, gadymky endigine görä, bulgury başyna çekdi. Ençeme ýyl bäri arak garasyny görmänsoñ, ajy arak baryp onuñ beýnisine zarba urdy. Beýlekiler biri-biriniñ ýüzüne syrly bakyşyp, öz kiçijik bulgurlaryny boşatdylar. Olar "Bir gezek içýändirin" diýensoñ, Ata jozzuk ýanlaryndan gider öýtdüler. Ata jozzuk welin giderli däldi. "Äl, şu arakda oýun bar-ow. "Zährimar" diýselerem, bokurdagyñdan geçiribilseñ bala dönýär" diýip dilewarsyraýardy, ýetişibildiginden çörekdir, beýleki zatlary symyşlaýardy. - Halypa, biziñ-ä añrymyza habar berdi, bärimize - tagam. Ýene gaýtalajak. Meýliñ bolsa, şertiñi bozaý. Ata jozzuk mürähede ýakyndy. Bu wagt-a hödür etdiler, hödür etmeselerem, öñki gürleşilşine görä, "reýsi" gaýtalamalydy. Ol indi "Siziñ ýaly gowy ýigitlere duşubam bolanok" diýip, göwünli-göwünsizlik bilen özüne uzadylan çüýşäni garbap alyp, erñekli bulguryny tutdy. "Hany, men size özümjik guýup bereýin" diýip, ol galanja aragy täze "dostlarynyñ" bulguryna paýlap berdi. "Suwçylygym bes-bellidir. Damja bölseñizem, deñ geler" diýip, ýoknasyz güldi. Tolik bilen Koligiñ welin gülki ýadyna düşenokdy. Olaryñ ýüzünden gar ýagýardy. - Ýetmese, dükan ýanymyzda, ýene alaýarys, hany gitdik - diýip, Ata jozzuk bir demde bulguryny boşatdy. Keýpine bäs etmeýän kişi bolan bolup, sag eliniñ başam barmagyny orta barmagyna süýkäp, elini silkdi. - Halypa, beýle köpden içýäñ welin, içiñi-bagryñy ýakaýanokmy? Ata jozzugyñ "Kimiñ içiniñ ýanýandygyny bilýän" diýesi geldi. Ýöne zordan saklandy. Dogry, ajy arak onuñam içegelerini yzarlap gidýärdi, kellesem sämäp ugrapdy, şonda-da çydamalydy. Syr bermeli däldi. - Arakdan basylmak bolmaýar. Basylsañ, ejizlik etdigiñ bolar - diýip, akul satan kişi boldy. - Hany duruñ - diýip, jübülerini sermelän boldy. - Häýk, içigary, pul beýlekem kostýumda galypdyr. Ýene bjr gaýtalaýjakdym welin. Neme jan, bar, ýene bir çüýşe getir, bolanyna görä bolsun. Ertir iki esse edip gaýtararyn - diýip, ýoñsuz ýumrugy bilen Toligiñ döşüne hütletdi. Ýumrugyñ zarbyna Tolik allaniçigsi boldy. - Tolik jan, erkek bol-da, ýene bir çüýşe getir, bar - diýip, Toligiñ "jübüsinde it uwlaýanlygyndan" bihabar, onuñ üstüne abandy. Tolik rejäñ geñ däldigini añyp, mekirlige ýüz urdy. - Halypa, bu gün edara görünmeli. Ertir gaýtalaýarys - diýip, gözüniñ gyýtagyny Kolihe aýlady. Kolik şepesiniñ sözüni tassyklady: - Bratok, biz gitmeli, ertire, soña goýaly... Ata jozzuk täze "dostlarynyñ" hersini bir elinde gujaklap, özüne dartdy. Soñam ikisinem itekläp goýberdi. Ülpetler entirekläp gitdiler, şo gidişlerine yzyna garaman sumat boldular. Küşt klubynyñ agzalary Ata jozzugyñ öz roluny oýnaýşyna tomaşa edip: - Aý, inim, sen suwçy bolman, artist bolmaly ekeniñ - diýşip, gülüşdiler. - Indi ýañkylar bärik gara berer öýdemok, dükana sowulman, göni öýlerine gaýtsalar gerek. Inim, iş bitirdiñ, indi bar-da, dynjyñy al - diýip, Hudaýberdi aga hoşallyk bildirdi. Ýöne Ata jozzugam şol gije ölen ýaly bolup ýatypdyr. Dañ bilen suwa gitmeli eken, oña-da gitmän, ýatyp galypdyr. Munuñ üçin brigadirden ýaglyja käýinjem alypdyr. Bolsa-da, ülpetler soñ küşt klubyna gara bermediler. Bize geregem şoldy. Mämmet ORUSOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |