19:23 Tüýs bize gerek başlyk / ýumoreska | |
TÜÝS BIZE GEREK BAŞLYK
Satiriki hekaýalar
Göwnüme bolmasa, soňky döwürde biziň edaramyzyň başlygynyň kabulhanasynyň girim-çykymy köpeldi. “Köpelse, köpelipdir-dä. Döwür çylşyrymly, iş-alada-da artdy. Başlyk adam köpe gerek” diýilmegi mümkin. Dogry. Umuman aýtsam, menem şu pikirdäkiler bilen raýdaş. Ýöne meniň diýjek bolýan zadymyň bir “emmajygy” bar. Onuň telefonda edýän gürrüňine gulak goýuň. “Hä, başlaýarmy... Ýetişerin, ýetişerin. Ýok-la, sypdyryp bolmaz. Maşyn garaşyp durandyr. Ugraýan”. Niçikmi, başlyk kabinetini eliniň tersi bilen ýapyp, kellesini kabulhanany bezäp oturan näzenine tarap ýarym öwrüp: “Men gitdim. Sagat birden bärde bolman. Ýygnakda diýäý” diýipb ýeňsesini görkezenden soň, meniň ýaky diýýän girim-çykymym hem başlanýar. Başlygyň maşynynyň garasy ýitenden soň, kabulhananuyň gözi-gaşy sürmelisi we onuň iň ýakyn joralarynyň hyşy-wyşysy artýar. Sessiz çagyrýan yşaratlar köpelip başlaýar. Meniň bu sözlerime pitiwa etmejek bolýanyňyzy bilýän: “Bi-ýä bir hiliräk bolýar. Başlyk beýik kürsüsini saklap otyrka, özünem ýygnak-pygnak diýip, az wagtlyk işde ýok wagty onuň kabulhanasyndaky elpe-şelpelik näme?” örän ýerlikli sowal. Bu hiç bir kada-kanuna geljek zat däl ahyryn. Hawa-da, ýaňky sowal siziň kelläňize agram salyp durmaz ýaly, men bu ýagdaýyň syryny açaýyn. Aýtsam, edil şol sagatlarda, minutlarda telewizorda “Baýlar hem aglaýarlar” diýen köp seriýaly meksikan kinofilmi görkezilýär. Dogrusyny aýtsam, bu uly bir hadysa. Köçä çyksaňam, bazara barsaňam, işe barsaňam, öýe gelseňem, awtobusyň üstünde-de – asla hemme ýerde hemmeleriň gürrüňi şol hakda. Ol ho-ol ýetmiş näçinji ýylda ýaýran ýoň ýaly, ähli kişä “ýokuşan”. Äl, şol ýoňuňam degmedik adamsy galmadaý... Men, kelläm gyzyp, gürrüňimiň örüsini giňeldip barýan. Ýaňky kabulhanaly gürrüňe gaýdyp geleýin. Hawa, başlygyň garasy ýitenden, onuň kabinetindäki reňkli telewizoryň “çarşagy” toga dürtüler. Haý diýmänem, edil bellenilen minutda hemme kişä öňräkden bäri tanyş bolan “Baýlaryň...” mylaýym sazy ýaňlanyp ugrar. Akyllyja gyz Mariannanyň bagy-bossanlykdaky bir o ýandan, bir bu ýandan garaýan şeýtan bakyşjygy bar kişiniň ünsüni özüne çeker. Lap edip aýtdygym däl, şol kino gidip durka, adam barynyň gulagyny kesseňem duýjak däl. Ähli göreçler telewizoryň ekranynda. Kabinetiň içi dym-dyrslyk. Käwagtlar kimdir biriniň uludan dem alýandygyny aňşyrmak bolýar. Kimdir biri “Ind-ä pylan zat bolar-ow” diýen tamasynyň çykmanyna “wah” diýip hyrçyny dişleýär. Şeýdişip, filmiň gahrymanlary bilen bir jan-bir ten bolşup otyrkaňam, kino gutarar. Bagyşlaň, kino däl, onuň nobatdaky seriýasy gutarar. Ýaňky “agzyndan gan aldyrjak ýaly” bolup oturanlar, ukudan açylan ýaly bolup özüne gelerler. Edil şol pursatyň özünde-de ýaňky ekranda tomaşa edilen wakalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagy başlanar. Şonda ilki söz adatça, sport synçylarynyň dili bilen aýtsaň, “meýdança eýesiniňki”, ýagny, kabulhananyň keýwanysy Jjahankanyňky bolýar. - Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, munuň seriýalarynam gaty gysga edipdirler – diýip, ol bu kinony döredijilere igendi. – A, gyz, nämäň-nämedigi belli bolmanka, gutaraýýar. Biçäre Mariannanyňky ýene paşmady. Garamaňlaý gyz eken görgülijik. - Ester ýok bolup gitmese, Luis Albertonyňam, Marinannanyňam dişi ýyrşarmaz – diýip, kabulhana eýesiniň ýakyn jorasy Maralka duýgudaşlyk bildirdi. - Baryp ýatan Garaçomak-laý – diýip, ýene biri öňki aýdylanlaryň üstüni ýetirdi. Ah, Marianna, gözel Marianna! Sen diňe bir öz aşygyň Luis Albertony ýa-da senden hantama bolup, saňa guwanyp ýören Leonardony özüňe ýüpsüz daňyp goýaňok. Seniň ýaşaýan owadan köşkleriňden has uzakdaky biziň edaramyzda-da, belki, diňe biziň edaramyzda däl, başga-başga ýerlerde-de saňa daşyňdan aşyk bolanlar köp bolandyr. Şeýle ýigitler biziň edaramyzda-da ýek-tük bar. Mysal üçin diýsem, ynha başlygyň şofýory. Heniz öýüniň dulunda gara saçlyny oturtmadyk. Ataşka sen diýip edil “ölüp” ýatyr. Arman kinoda bolaýýaň. Aşgabadyň köçelerinde hezip ýören gyz bolanyňda, ol saňa bir salymlygam gün bermezdi. Her zat ederdi welin, seni ile bermezdi. Ol oturýar-oturýa-da: “Wah, men Luis Alberto bolan bolsadym. Şeýdip, Esterden basylyp, ýanyp-bişip ýörmezdfim. Bir günde bellisini ederdim” diýip jigerini paralaberýär. Onuň bu bolşam gyzlara ýaranok. Has beterm, kabulhananyň perisi, heniz durmuşa çykmadyk Jahanka muny halanok. “Ataşkany diýsene, gyz, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Marianna diýip sürüp otyr. Şondan başga gyz gapyşan ýaly. Ýeri, Mariannadan saňa näme peýda diýsene. Çyn aşyk bolýan bolsaň, şu edarada-da Mariannaça-da gyz bar-la” diýip, käte ol gyz-gelinleriň arasynda-da dillenýär. Ataşka diýseň wäşi oglan. Degişmäni-gülüşmäni halaýar. Gyzlaryň özüni Mariannadan gabanýandyklaryny aňyp, hasam bolmajysyny bolýar. “Dagy näme! Marinanna taý gerljek barmy? Özüm-ä şoň gapysyny süpürmelem bolsa, süpürerin” diýip, gzylary gabaýandygyny bildirjek bolup, kabulhananyň bir çetinde edilýän gürrüňlere ýylgyryp oturan Akjagül daýza gözüni gypyp yşarat edýär. Maralkanyň bolsa Luis Albertonyň özüni alyp barşyna syny oturýar. “Nähili akylly, kanagatly ýigit. Gurşunly kenek ýaly. Tüýs iňlisleriň žentelmehn diýýäni. Söýmäni başarýar. Boýy-syratam biriniňkiçe bar. Barjamly maşgalanyň çagasyna meňzänok. Zadym bar diýip, işini ahmal edenok. Biziňkiler bolsa, sähel baýasalar, azyp başlaýarlar” diýip, ol öz endigine görä zeýrendi. Dogrusy, onuň “biziňkiler” diýýänine özi düşýän bolmasa, men-ä pylan diýsem ýalançy. Dogry< Ataşkanyň ýa-da Meýliskanyň aýda-rowanda keýpini bäşläýmesi bar. Näme, o-da ilde ýok zat däl. Beterinden saklasyn, Maralka-da ýöne bir zadyny aýtsa aýdaýýar. Şo ýeriniň ýigitlerem ak guş däl-le. Bagyşlaň, ýaňky Akjagül daýza diýýänim bilen Ýaýlym aga dogrusynda iki agyz aýtmasak, gürrüňimiz kemter geler. Akjagül daýza edaranyň jaý süpürýäni, ýaýlym aga – bagban. Olar “Baýlaryň...” ýekeje seriýasynam sypdyrman görýärler. Özlerem kinoda bolup geçýän wakalara çyny bilen ýanyp-bişýärler. Her kim öz deňini gözlär diýişleri ýaly, bularyňky kinodaky ýaşy durugşan adamlar bilen. Käte olara igenýärler, ýeri gelse, maslahat berýärler. Ýaýlym aga Albertolaryň ýaşulysy, ýagny Dony bilen gidişýär. Onuň pähimine, sabyr-takadyna, kanagatyna, oturyp-oturyp, haýranlar galýar: “Elhepus, bu adamyn-aýt. Giňligiňem bir çeni-çaky bolar-da. Ýalandan-çyndan aýalyna, ogluna, gelnine ýekeje ajy söz aýtsyn-la. Men-ä tüpeň çeneseňem, aýtmazmyka diýýän. Özüm-ä şoň ýerine bolsam, Esteri dagyny edil dalaberjek ýaly. Oñ welin azaryna-da däl-aýt. Beýle-de bir adam bolar oguşýa”. Akjagül daýza Ýaýlym aganyň sözleriniň üstüni ýetirýär: “Asyl diýeniň bärden gaýdýar, Ýaýlym aga. Öňlerem bolar eken şolar ýaly arkaly adamlar. Hany indi öñki zaman barmy? Dünýäň gowlugy azalyp, ýamany artyp barýar. Ogluňa-gyzyňa eýle bolmaň, beýle bolmaň diýip, uzak gün kellämiz çişiň, dilimiz peltekleýär”. Hawa-da, muňa duermuş diýerler. Her kim öz gijeýän ýerini gaşaýar-da. Bu günler-ä, näme, hudaýa şükür, telewizorda “Baýlar...” gidýär. Başga gepe-gürrüňe kän bir elem degenok. Şu günki kino görüşlikden soňky gürrüňi şu ýerde jemläýsem boljakdy welin, o diýenimiz paşmady. Munuň sebäbem Akjagül daýzamyzyň soňky aýdan ýekeje jümlesi boldy. Dargamagymyza az galanda, ol: “Siz-ä biljek däl weli, gyzlar, men-ä şu ýetimje Mariannanyň maksadyna ýetenini görmesem, şu dünýäden armanly gitjek” diýip, çakyr sesi bilen morta bir zadyny aýtdy oturyberdi. Bu-da aňyrdan haýdap gelýän başlygyň gulagyna iläýmezmi. Ol kabulhana aýak basandan biziň barymyz ör turup dymdyk. Hernä beýle bolmady. Biziňem Hudaý diýen ýerimiz bar eken. Ol sesine, goluna bat berip şeýle diýdi: - Beýdip, göwnüçökgünlik etme, Akjagül! Men seniň ýaňky aýdan sözleriňi şuş-şu wagt aýalymdanam eşidip gaýtdym. Biz buça-buça zatlary göre-göre gelýäris ahbetin. Izaura gyrnagy ýadyňa sal. O pahyry şeýdip kösänlerinde-de ölmedik, munda-da ölmeris. Giň boluň! Ynha bu bolaýdy. Başlyk gürlese, bap-başga bolaýýar. Tüýs bize gerek başlyk. Mämmet ORUSOW. “Türkmenistan” gazeti, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |