18:15 Ybraýym Halyl / türkmen halk dessany | |
YBRAÝYM HALYL
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Rowaýatçylaryň aýtmaklaryna görä, bu dessana “Ybraýym Halyl” hem-de “Ybraýym Halylylla” diýer ekenler. Bu rowaýatda aýdypdyrlar “Bu dünýäden bir ýüz ýigrimi dört müň pygamber geçdi. Olarnyň ulusyna Ybraýym Halylylla diýer ekenler”. Ybraýym Halylylla bu jahana iberilende oňa üç zat berlen. Olarnyň birinjisi sahu-jemallyk-owadanlyk, ikinjisi baýlyk, üçünjisi bolsa Pygamberlikdir. Ybraýym Halyl bu jahana gelip, niçime ýyllar pygamberlik sürdi. Ahyry bir gün Gurban aýynyň dokuzy diýlen güni Ybraýym Halyl agşam namazyny okap, mal-garalaryna gümra bolmak bilen boldy. Ine, şol wagt birden Jebraýyl essalamyň ganatlarynyň owazy gulagyna geldi. Ol owazdan şeýle sözler eşidildi: - Eý, Ybraýym Halyl, seniň başyňda agyr bir hupbat bar. Sen... gurban çalmaly. Ybraýym Halyl şol owaza kalbynda razylyk jogabyny berdi. - Lepbeý perwerdigär - diýip, ol owazga jogap gaýtardy. Şol günüň ertesi Gurban aýynyň ony güni diýlende namazyny okap, gurban çalyp başlady. Ol niçeme garyp-gasarlaryň, ýetim-ýesirleriň garnyny doýurdy. Üç günläp gurbanlyk etdi. Emma dördünji güni Ybraýym Halyl ertir namazyny okanda, ýene Jebraýyl essalam gelip aýtdy: - Eý, Ybraýym Halyl, seniň bu kesen gurbanlygyňy Alla kabul kylmady. Indi sen bu dünýäde iň eziz görýän zadyňy gurban çalmasaň, huda şondan başgasyny kabul kylanok. Ybraýym oturdy-turdy, pikir etdi: “Be, meniň bu dünýäde iň eziz görýän zadym nämekä?! Mal-gara bolsa, ola-ha hudanyň ýoluna. Aýalym Bibihajar, olam bir aýaldyr-da näme! Ýa ol eziz diýilýän zat meniň oglum Ysmaýyl janmyka?” Ol bu sözni ýene ençeme gezek gaýtalap aýtdy. “Ýa eziz oglum Ysmaýyl janmyka?”.. Şol wagt: - Hawa, hawa, Ysmaýyldyr - diýip, Jebraýyl essalam şowurdap asmana galdy. Bu sözlerni eşiden Ybraýym Halylnyň ini tikenekläp gitdi. Gözleri gubarlady. Süňňi gowşap, ysgyn-mygardan gaçdy. Nähilem bolsa, Bibihajar Ybraýym Halylyň aýaly, ol habarny oňa aýdar boldy. - Eý, Bibihajar, hudadan bizge şeýle bir buýruk geldi. Biz hudanyň buýrugyna kaýyl bolmalydyrys. Onuň buýrugyny berjaý kylmalydyrys. Ol bize buýruk edipdir. Biz oglumyz Ysmaýyl jany gurban çalmaly bolduk. Ony sen nähili görýäň? Hak buýrugydyr bi - diýdi. Onda Bibihajar aýtdy: - Eý, pygamberimiz Ybraýym Halyl, eger-de hudadan buýruk gelen bolsa, ola-ha bir ogul, ýüz oglam bolsa gurban çalmaly bolarys... Hawa, bu halda Bibihajar Ybrajýym Halyla göwünlik berdi. “Ýeri, aýallygyny edip, şermendeligine tutup, uly ili bilen aglap, dadyperýat edip, goh ediberse nädersiň? “Onyň bolmaz” diýip, gygyryp dursa nätjek? Nähilem bolsa ol göwünlere teselli berdi”. Soň Ybraýym Halyl aýtdy: - Bibihajar, onda hany Ysmaýyl jan nirede? - diýdi. Bibihajar az-kem gamlanyp: - Ysmaýyl jan bu mahal molladadyr, ol okuwdadyr. Mollada okap oturandyr - diýdi. Ybraýym Halyl ogly Ysmaýyl jany molladan alyp gelmek üçin mekdebe gitmekçi boldy. Ol wagtlar Ysmaýyl jan on dört ýaşyndady. Ýedi ýyl bäri ol mollada okardy. Ders-sapaklar alardy. Haknyň buýrugyna yrza bolup, Ybraýym Halyl ogly Ysmaýyl jany alyp gelmek üçin onuň okaýan mekdebine tarap ugrady. Ybraýym Halyl mekdebe ýakyn baranda, oglanlary okadýan ahun çagalara sapak berip, özi bir sebäp birlen daş çykypdy. Ine, görse, bir tarapdan Ybraýym Halyl ýetip gelýär. Ahun Ybraýym Halylny görüp, derhal onuň öňünden çykdy. Ol ikewler salamlaşdylar. Saglyk-amanlyk soraşdylar. Ondan soňra ahun nazar salsa, Ybraýym Halylnyň gözlerinde ýaş, ýüzünde bolsa gan-pet ýok, asla onuň ýüzünde adam ruham galmandyr. Ahun Ybraýym Halylnyň bu bolşuny görüp, oňa haýran galdy. Sebäbi ol pygamberini henize-bu güne çenli şeýle halda görmändi. Şu ýerde ahun pygamberiniň egnine elini goýdy. Soňra ol aýtdy: - Pygamberimiň Ybraýym Halyl, aýdyň siz, ne ahwalat bar, ne syr bar. Ony bize beýan kylyň. Näme ahwalat bolan bolsa, olarny maňa aýdyň - diýdi. Şu ýerde Ybraýym Halyl Ysmaýyl jany okadýan ahuna garap, başa gelen ahwalatny beýan edip bir söz diýdi: Ýalňyz perzendimiň eziz pederi, Ysmaýyly gurban dilär hudaýym. Budur bize haknyň beren gadyry, Ysmaýyly gurban dilär hudaýym. Ysmaýyl jan gurban üçin gelipdir, Bu işlerge aklym haýran bolupdyr, Bu dünýäde kimler ölmän galypdyr, Ysmaýyly gurban dilär hudaýym. Diňle indi Ybraýymnyň sözüni, Ýaradandan aýra tutmaz özüni, Hak ýanynda gara kylma ýüzümni, Ysmaýyly gurban dilär hudaýym. Ybraýym Halyldan bu sözni eşiden ahun gözlerini ýumdy. Süňňi gowşap gitdi. Göýä onuň gözleriniň öňünde Ysmaýyl janyň damagy çalnyp barylýana döndi. Ahun ep-esli wagtlap sandyrap durdy. Ahun bir zamandan soň özüne gelip, elini Ybraýym Halylnyň eline goýdy: - Eý, pygamberimiz Ybraýym Halyl, siz bu hudanyň ýaradan bir bendesi. Allanyň iň eziz görýäni sizsiňiz. Dini yslam ymmatynyň eýesi sizsiňiz. Hudanyň eden işine närazy bolmagyn. Hak buýrugyna barça kaýyldyr - diýip, Ybraýym Halyla göwünlikler berip, bir söz diýdi: Ymmatyň eýesi Ybraýym Halyl, Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim! Bize kysmat etdi ýaradan Jelil, Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim! Ysmaýyl jan meniň jigerim görki, Älemiň guwanjy, jahanyň görki, Gözümiň göreji, bilimiň berki, Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim! Gördüňizmi bu jahandan doýany, Heý, barmyka şum ajalnyň goýany, Adamyň ganaty, ýeriň bezegi, Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim! Ahun aýdar bu gün aýralyk güni, Razydyryn bu gün soýsalar meni, Jahanda amanat bu dünýe maly, Hak buýrugna yrza bolgun, ezizim! Ahundan bu sözlerni eşidip, Ybraýym Halyl aýtdy: - Hak buýrugyna alaç bolmaz, ahunym. Ol berjaý kylynmalydyr. Mundan zyýat gep bolup bilmez. Allaga ikilik bolmaz. Bar, ahunym, meniň balam Ysmaýyl jany çagyr - diýenden Ysmaýylny çagyrmaga gitdi. Ahun çagalaryň okap oturan jaýyna baryp girdi. Ahun jaýa baranda çagalar çök düşüşip, tegelenişip okaşyp otyrdylar. Ahun seredenden Ysmaýyl janyň şöhlesini, onuň mährini görüp, onuň dili basyldy. Oňa bu ýowuz habaryny aýda bilmedi. Ol eýläk-beýläk ýöredi, emma ýene dili diýen etmedi. Bu ýowuz habaryny ahyry aýtmalydygy ýadyna düşdi. Ol göwnüni bire baglap, bu habarny aýtmakçy bolup, ilki Ysmaýyl janyň çat maňlaýyna geçip, onuň maňlaýyndan ogşap, oňa aýtdy: - Eý, Ysmaýyl jan, balam, daşarda ataň Ybraýym Halyl durandyr. Ol saňa garaşyp dur. Ol seni çagyrýar, Ysmaýyl jan - diýip, sözüni oňa aýdarman boldy: Älemniň bezegi, jahan çyragy, Ysmaýyl jan, ataň çagyrýar seni. Dawut aždar bolan dünýä diregi, Ysmaýyl jan, ataň çagyrýar seni. Tiz bol balam, ataň girýan bolmasyn, Gül ýüzüňe hijran ody çoýmasyn, Muny görüp, şeýtan horram gülmesin, Ysmaýyl jan, ataň çagyrýar seni. Hak işine çäre barmy, dermany, Zowal barmy, haknyň kylan permany, Ýoldaş borsuň, balam, hüýri-gulmana, Ysmaýyl jan, ataň çagyrýar seni. Ahun aýdar, hazan degdi gülüme, Ylym berip, guwanjakdym boýuňa, Huda jennet gülün düşär ýoluňa, Ysmaýyl jan, ataň çagyrýar seni. Ahunyň bu sözlerini eşiden Ysmaýyl janyň ini dyglap gitdi. Ol bir belanyň barlygyny bildi. Şonda-da hiç bir zatdan habarsyz ýaly bolup, tarsa ýerinden turdy, elini döşüne goýup: “Lepbeý, mollam” diýip, tagzym edip durdy. Soňra ol gapa tarap ugrady. Emma ol gapa ýetmänkä, ahun beýleki oglanlara gözüni ümledi. “Siz bir sellem daş çykyň” diýen yşaraty kyldy. Ahun Ysmaýyl jany alyp daş çykdy. Görse, atasy elini döşüne goýup, elip ýaly bolup, ýüzüni aşak salyp dur. Onuň ýüzlerinde gan-pet ýok. Ruhy öçene meňzeş. Ony görüp, Ysmaýyl janyň ini dyglap gitdi. Ol şonda-da atasynyň göwnüne zat getirmejek bolup, ylgap gelip, gülümjiräp, atasyna salam berip, oňa garap bir söz diýdi: Essalawmaleýkim, eziz pederim, Men seni hoş gördüm bu gün, jan atam. Maksada ýetiren jennetde hüýrüm, Men seni hoş gördüm bu gün, jan atam. Neçün bu gün ýüzüň gamgyn salar sen, Bilmen ne külpetler özüň alar sen, Bilmen neçün syryň menden gizlär sen, Men seni hoş gördüm bu gün, jan atam. Janym atam, bir söz diýgin sen maňa, Boýnum burup, gulak goýaýyn saňa, Kadyr Alla rehim kylsyn zaryňa, Men seni hoş gördüm bu gün, jan atam. Ysmaýyl diýr bu gün on dört ýaşymda, Boýnum burup, tagzym edýän gaşyňda, Perwaz eýläp, men aýlansam daşyňda, Men seni hoş gördüm bu gün, jan atam. Şu ýerde Ybraýym Halyl ogly Ysmaýyly gujaklap, ony bagryna basdy. Ysmaýylyň aýaklaryndan hem maňlaýyndan ogşady. Soňra ol aýtdy: - Ysmaýyl jan, ýör oglum öýe gideli. Men kadyr hudaga boýun boldum. Onuň: “Ysmaýyl jan, seni gurban çaljak” diýmäge birbada dili barmady. Ol syrny birbada aýda bilmedi. Näler aýtjak bolýar, ýene bolanok, onuň dili basylýar. Teýahyr näme diýjegini bilmän: - Ýör, oglum Ysmaýyl jan, ýör, öýe gideli. Ýör, balam, gideli - diýip, ogly Ysmaýyl jana garap, ýaýdana-ýaýdana bir söz aýtdy: Älemde guwanjym, ýeke perzendim, Ysmaýyl jan, ýör öýmüze ýör indi. Jigerim, daýanjym, jennetim, genjim, Ysmaýyl jan meniň bilen ýör indi. Ne diýer sen ataň eden işine, Rehim eýlegin gözden akan ýaşyna, Çarhu-pelek tor gurupdyr daşyma, Ysmaýyl jan meniň bilen ýör indi. Ylym berip guwanjakdym başyňa, Ne kylsa yrza men hakyň işine, Hudanyň edeni köňül hoşuma, Ysmaýyl jan meniň bilen ýör indi. Ybraýym diýr, bu gün dünýä azary, Hemmäniň üstünden geçýär güzeri, Hak her kime bir salypdyr nazary, Ysmaýyl jan meniň bilen ýör indi. Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylga ýene aýtdy: - Wah, ylym berip, boýlaryňa guwanyp bakjakdym. Hak işine çäre bolmaz. Ýör ogul - diýdi. Şonda-da hiç bir syrdan zat bilmeýän ýaly bolup, Ysmaýyl jan: - Ýör atam, ýör. Indi gideli -diýdi. Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylnyň elinden tutup, soňra ol öýe tarap ýöredi. On-on bäş ädim ädip, Ysmaýyl jan yzyna garady. Görse, ýedi ýyl okadan ahuny ak sellesini tegeläp, olarnyň yzyndan garap, gözlerinden ýaş akdyryp dur. Gapdalynda ýedi ýyllap bile okan dostlary bularam hiç bir zada düşünmän, gözlerini tegeleşip durlar. Şu ýerde Ysmaýyl jan atasyny gujaklady-da: - Eý, atam, janym atam, bir azajyk saklan. Men ahunym bilen hoşlaşaýyn - diýip, atasyndan rugsat aldy-da, ylgap baryp ahunyň boýnundan asyldy. Ahunam Ysmaýylny gujaklap, ony ýokary göterip, aýagyny ýere degirmän, esli wagt saklady. Görse, ahunyň gözünden akýan ýaş Ysmaýyl janyň ýüzüne damýar. Şu ýerde: - Eý, ahunym, ýedi ýyl men seniň eliňde okadym. Bir ýalňyşlyk, säwlik bolandyr. Siziň göwnüňize degen ýerim bolandyr. Bu ýagdaýlarga düşünemok. Eger men gaýdyp gelmesem, menden razy boluň - diýip, ol ahuny bilen hoşlaşyp, oňa garap, bir söz aýdar boldy: Atama deň bolan eziz pederim, Dolanyp gelmesem, menden yrza bol. Medetkärim bolsun kadyr hudaýym, Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol. Bilmen ne çün atam äkider meni, Ýere salyp durar gamgyn ýüzüni, Bilmen ne köňüle salar özüni, Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol. Hyzmat eýläp gullugyňda durjakdym, Sapak okap, ençe ylym aljakdym, Gurhany men didelerme syljakdym, Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol. Ysmaýyl diýr, gözüm açyp görenim, On dört ýaşa çenli ylym berenim, Biý mollada okan dosty-ýaranym, Gaýdyban gelmesem, menden yrza bol. Şu ýerde ahun Ysmaýyl janyň ýüzüne garap, onuň maňlaýyndan, ýüzünden ogşady. Ysmaýylny ýene bagryna basdy. Soňra ol aýtdy: - Eý, Ysmaýyl jan, biz senden müňde bir razydyrys. Senem bizden razy bolgun - diýip, gözlerinden ýaş akdyryp duran ahun Ysmaýyl jana garap, bir söz aýdarman boldy: Bize kysmat ozaldan, Ýaradan permana, balam. Hiç bir çäre gelmez elden, Ýaradan permana, balam. Çarhy pelek çarhyn çalan, Kimler aglap, kemler gülen, Seni bizden aýra salan, Ýaradan permana, balam. Kimse mundan ädim äden, Kimse doýan, kimsi dadan, Seni bizden alyp giden, Ýaradan permana, balam. Ahun aýdar jana tenden, Müň bir yrza balam senden, Senem razy bolgun menden, Ýaradan permana, balam. Ahun ýene Ysmaýyl jany bagryna basyp, onuň maňlaýyndan ogşap, arkasyndan sypady-da, oňa soňky gezek garap: - Bar, Ysmaýyl jan, saňa Alla garaşyk etsin - diýdi. Soňra Ysmaýyl jan atasynyň ýanyna ylgap gitdi. Atasynyň ýanyna gelip: - Ýör, atam, indi gideli - diýip, ol atasynyň elinden tutdy. Ataly ogul ýola düşdüler. Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylny özüniň sag taýyndan ýöretdi. Ol oglunyň kä kellesinden, kä-de egninden sypap barýar. Özem pikir edýärdi. “Ýeri, indi Ysmaýyl jany ol ýere eltmänkäm bu syrny aýtsammykam, eger bu syry oňa aýtman eltsem-ä bolmaz” diýip, içini gepletdi. Ýene dili basylyp diýen etmedi. Ýeri, Ybraýym Halyl nädip aýtsyn. Eger aýtmalam bolsa, oňa “OglumYsmaýyl jan, oglum, şol ýere baryp, seniň damagyňy çaljak” diýip aýtsynmy? Aýtmakçy bolsaňam-a diňe şeý diýmeli. Ybraýym Halyl näçeler aýtjagam bolsa bolmady, dili basyldy. Ahyry oňa tirkeşip, orta ýola baryberenlerinde Ybraýym Halyl sakga durdy. Oglunyň ýüzüne garap: “Eý, oglum Ysmaýyl jan, sen indi bäri bakgyl” diýdi. Ysmaýyl jan atasyna garady. Şu ýerde Ybraýym Halyl aýtdy: - Eý, oglum Ysmaýyl jan! - Näme, atam, näme? - diýip, Ysmaýyl jan atasyna seretdi. Ýene Ybraýym Halyl dillendi. - Eý, oglum, men seni häzir öýe alyp barýan. Emma näme üçin alyp barýanymam sen entek bileňok. Ysmaýyl atasyna garap: - Bilemok, atam, men hiç zat bilemok. Aýtgyl, atam, öýümize myhman-mediwan geldimi? Ýa eneme dagy bir zat boldumy? - diýdi. Ybraýym Halyl oglunyň ol sowallaryna jogap aýtdy: - Wah, balam, myhman-mediwanyň çaky bolan däldir. Sen bäri gulak salgyl - diýip, ogly Ysmaýylny näme üçin alyp barýanyny beýan edip, ogluny bagryna basyp, orta ýolda bir söz diýdi: Bu işler bizlere geldi hudadan, Gurban üçin alyp barýan, jan balam. Iki dünýe yrza bolgul sen menden, Gurban üçin alyp barýan, jan balam. Ne diýer sen ataň eden işine, Rehim eýlegil gözden akan ýaşyma, Çarhy-pelek tor gurupdyr daşyma, Gurban üçin alyp barýan, jan balam. Ybraýym diýr, sendiň köňlümiň hoşy, Ýaňy on dördüňe ýetirdiň ýaşy, Sen bolarsyň hüýr gyzlaryň ýoldaşy, Gurban üçin alyp barýan, jan balam. Atasy Ybraýym Halyldan bu sözlerini eşiden Ysmaýyl jan teswir güldi-de, şol ýerde ol aýtdy: - Eý, atam, sen meniň janym atam, ertirden bäri ýüzüňi sallap, gamgyn bolup ýörşüň şondanmydy? Atam, sen hergiz beýle bolmagyn. Huda bizni peşgeş beripdir. Hudanyň ýolunda gurban bolsam, ne armanym bar! Eý, atam, “Oglum ýok” diýip, asla gam kylmagyl. Mydam köňlüň hoş bolsun. Men jan berenimde ýanymda gülüp oturgyl, atam. Hudaý bizi sylapdyr. Ol bize sylag kylypdyr - diýip, şu ýerde atasyna garap, Ysmaýyl jan bir söz aýtdy: Budur bize haknyň beren sylagy, Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman. Kabul bolsun hemme guluň dilegi, Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman. Gurban bolsam ýaňy nowça çagymda, Aglamagyl, gülüp otur ýanymda, Huda jennet gülün düşär ýoluma, Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman. Ysmaýyl diýr, hak işine müň yrza, Jennet ýolun hak beripdir karyza, “Oglum ýok” diýp, atam bolmagyl gümra, Hak ýolunda gurban bolsam, ne arman. Ysmaýyl jandan bu sözlerini eşiden Ybraýym Halyl haýran galdy. “Be, meniň beýle merdana perzendim bar eken-ow! Tüweleme!” diýip, ol perzendini bagryna basdy. Pygamber şol ýerde ýene aýtdy: - Eý, oglum Ysmaýyl jan, balam jigerbendim, sen meniň günämi ötgül. Henize bu güne çenli pygamberlik bilen, mal-gara bilen meşgul bolup, asyl seniň merdanalygyňam bilmändirin. Meniň günämi ötgül, balam. Indi wagt az galdy. Tä öýe ýetýänçäk meniň öňümden ýöregin. Seniň kaddy-kamatyňny synlap, gözlerimni ýagşy gandyraýyn. Meniň diýenimi etgil, öňümden ýöre, oglum Ysmaýyl jan - diýip, şu ýerde bir söz aýtdy: Hak buýrugna yrza bolan perzendim, Düş öňüme, boýňy göreýin, oglum. Budur jigerbendim, dinim-imanym, Düş öňüme, boýňy göreýin, oglum. Gözläp tapa bilmen güler ýüzüňni, Sürteýin gözüme gadam tozuňny, Gidýän diýip, aýra salma özüňni, Düş öňüme, boýňy göreýin, oglum. Bu dünýäden kimse gider, kim galar, Bize bu aýralyk gör, kimden geler, Bu gün üstümizden salypdyr güzer, Düş öňüme, boýňy göreýin, oglum. Ybraýym dilegim kadyr Alladan, Bizlerer kysmatdyr kadyr hudadan, Jebraýyl emrine ýollagan bizem, Düş öňüme, boýňy göreýin, oglum. Şu ýerde atasyndan bu sözlerni eşiden Ysmaýyl jan ömründe birinji gezek aglady. Gözlerini ýaşa dolduryp, atasyny gujaklady: - Eý, atam, janym atam, ol işni maňa buýurmagyn. Indi men ylymly-sowatly boldum. Senden öňe düşsem, onda aýdarlar: “Be, bu atasyndan öňe düşd-ow” diýip, ulus-il maňa güler. Meniň ýüzüm gyzar. Eý, atam, maňa şeýtan güler. Atam, ol şeýtanny güldürmäli. Jan atam, maňa öňe düş diýmegil - diýip, şu ýerde atasyna garap, bir söz aýdar boldy: Närazy bolma atam, huda berendir, Sizden öňe düşmek uýatdyr, atam. Eziz ogluň dergähiňde durandyr, Sizden öňe düşmek uýatdyr, atam. Sizden öňe düşsem, il muny biler, Uýalmakdan ýaňa gül ýüzüm solar, Şeýtan-melgun muňa birehim güler Sizden öňe düşmek uýatdyr, atam. Ysmaýyl diýr, atam, gamgyn bolmagyl, Hudanyň halanyn agyr görmegil, Ýörgül, atam, orta ýolda durmagyl, Sizden öňe düşmek uýatdyr, atam. Bu sözlerini eşiden Ybraýym Halyl ogly Ysmaýylga aýtdy: - Bolýar, oglum Ysmaýyl jan. Seniň göwnüňe degmäýin - diýip, ogluny özüniň sag tarapyndan ýöredip, onuň käkillerinden sypalap, ýene ýola düşdüler. Emma bu wagta çenli “Ybraýym Halyl öz ogly Ysmaýyl jany gurban çaljakmyş” diýen habar ymmata ýaýrady. Bu habarny eşiden halaýyk: ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli erkek, aýal, oglan-uşak, garry-gurty - hemmeler Ybraýym Halylyň obasyna ýygnanypdy. Ýygnanan halaýyk obaga sygmandy. Ýaşulular özara maslahatlaşyp, obanyň gapdalyndaky uly dagyň etegindäki giň meýdana barmaly edipdiler. Şol meýdana halaýyk ýygnanypdy. Hemme gerek zatlary hem tapyp, taýyn edip goýupdylar. Halaýyk üýşüp dur. “Şeýle-de bir pajyga bolarmy? Şeýleki hanjar bilen öz perzendiň damagy çalnar oguşýa?!” diýşip, adam bary hümürdeşip durdular. Ine, seretseler, bir tarapdan Ybraýym Halyl gelýär. Onuň ýanynda ogly Ysmaýyl jan hem bar. Olar has ýakyn geldiler. Üýşüp duran adamlaryň hümürdisi artdy. Olar ýakyn geldigiçe Ysmaýyl janyň şöhlesi halaýyga düşdi. Halaýyk olarny gördi. Adamlaryň aýaklarynyň ysgyny gaçyp, mejallary bolman, hemmeler aşaga bakyp oturdylar. Ysmaýyl jan gelip, halaýyga mübärek gollaryny galdyrdy. Bu onuň halaýyga salam berdigidi. Soň ol iki elini döşüne goýup, halaýyga tagzym etdi. Bu bolsa onuň halaýyga “Hoş galyň” diýdigidi. Ysmaýyl jan soňra yzyna garady. Görse, özüniň ýedi ýyllap okadan ahuny sellesini tegeläp, gözýaş edip dur. Ahunyň ýanynda Ysmaýyl janyň ýedi ýyllap bile okan ýoldaşlaram gözýaş edip durlar. Ysmaýyl jan bularnyňam huzuryna bardy. Olarga baş egip: “Hoş galyň, mähriban ýoldaşlarym” diýdi. Soňra ol aýlanyp baryp görse, hemme zatlar taýyn edilipdir. Ullakan çukur gazylypdyr. Dört-bäş boý ýüp bilen ak saply pyçak hem-de ýassyk ýaly çalgy daşy bar. Ysmaýyl jan bularny birin-birin synlady. Olarnyň hemmesini barlaşdyryp geçdi. Hemme zat ýerbe-ýer bar. Ine, bir görse, bir tarapda ejesi Bibihajar Kybla taraplarga garap, ellerini döşüne goýup: - Eý, hudaý-a, biz hemmesine razydyrys. Güýç-kuwwatlarga mydar bergil. Ýüreklerge aram bergil - diýip, Hudaga tagzym edip durardy. Ysmaýyl jan ylgap baryp, mähriban ejesiniň öňünde çök düşdi. Ol: - Bimar bolmada dideleriňi hun edip, ak süýt berip emdiren mähriban enem, belki, ýaşlyk çaglarym göwnüňe degendirin. Agyran-ynjan bolsaň, senem menden razy bolgul - diýip, gülüp ejesiniň maňlaýyndan ogşady. Şu ýerde Bibihajar ogly Ysmaýyl jany gujaklady. Soňra onuň her ýaňagyndan bir ogşady. Şol pursat Bibihajarnyň gözlerinde bir katra ýaş togalanyp gitdi. “Hoş balam” diýip, onuň bilen hoşlaşdy. Şondan soň Ysmaýyl jan ylgap atasynyň ýanyna gitdi. Ybraýym Halylyň huzuryna bardy. Ol atasy Ybraýymga aýtdy: - Eý, atam! Bu işlerni berjaý kyljak bolsaň, örän merdan bolgul. Hergiz aljyramagyl. Göwnüňe gorky getirmegil. Eger-de göwne gorky getirseň, seniň üstüňden şeýtan güler. Ol şeýtany hergiz güldürmegil, atam! Mert bolgul - diýip, atasy Ybraýym Halylga maslahat berip, Ysmaýyl jan bir söz diýdi: Janym atam, gurban çalar bolsaňyz, Bu işleriň baryn berjaý jaýlagyn. Şeýtan güler, göwne gorky salsaňyz, Güldürmegin, onuň bagryn daglagyn. Güler ýüzüň hergiz şikest tapmasyn, Şemli çyragyňy tozan tutmasyn, Jan howluma dyzanymda sypmasyn, Gol-aýagym mäkäm güýlüp baglagyn. Haýp boldy nowça çagda gezenim, Şeýle ýazylandyr kysmatym meniň, Gözüň görüp eremesin ýüregim, Ýüzüm bir az aşagrajyk towlagyn. Ysmaýyl diýr, nury-iman diläp, Ýitirmegil özüň şol dem aljyrap, Köňlüňni baglagyn, ýüzüňi salyp, Pyçak ýiti bolsun, ony sazlagyn. Ysmaýyl jan sözüni tamam edip, takdyra ten berip, hudaýy ýat edip, çukuryň gyrasyna baryp ýatdy. Ybraýym Halyl gapdaldaky dört-bäş boý ýüpi alyp, Ysmaýyl janyň el-aýagyny mäkäm güýldi. Soňra ak saply pyçagy alyp, Ysmaýyl janyň arka tarapynda çök düşdi. Ybraýym Halyl ak saply pyçagy ýokary göterdi. Ol Ysmaýyl janyň aýdyşy ýaly, çep eli bilen oglunyň kellesini tutup, ýüzüni aňyrrak edip, “Bissimilla” diýip, pyçagy ýokary göterdi weli, gapdalda duran Ysmaýyl janyň enesi Bibihajarda gurbat galman, soň aşak oturyberdi. Ybraýym Halyl “Bissimilla” diýip, Ysmaýyl janyň bokurdagyna pyçagy dartdy. Pyçak, göýä, buzuň üstünden ýüzen ýaly, taýyp, typyp gaýdyberdi. Ybraýym Halyl “gan şowlap gidendir-ow” diýip pikir etdi. Görse, ol ak saply pyçak yzam etmändir. - Eý, bar hudaý-a, bu nä hekmet boldy? - diýip, ol pyçagyny ikinji gezek dartdy. Ýene bolmady. Şol ýerde Ybraýym Halylyň gahary geldi: - Eý, Alla, indi näme günäm bardy? Ryswaýy kyldyň meni - diýip, nagra tartdy, ýaňky pyçagy gapdalda ýatan çalgy daşyň ýüzünde goýup, bir dartdy welin, ýaňky pyçak çalgy daşny misli bir ýumşajyk bagry kesen dek iki böldi. Şol wagt asmandan bir owaz ýaň berip geldi: - Eý, Ybraýym Halyl, saklan! Seniň kesjek gurbanyň, ynha, bärden barýar. Huda seni ýalkady, dilegleriň baryny hem-de gurbanlaryňyzy kabul kyldy. Ogluňny kesme-de, bärden barýany kes - diýip, yzy üzülmän, asmandan owaz geldi durdy. Şonda Ybraýym Halyl: - Bu nä gudrat boldy? - diýip, asmanga garady. Görse, ýokardan şahlary burum-burum bolup duran gara goç aýaklaram güýlüngi, çaluwa taýýar bolup, Ysmaýyl janyň gapdalyna çukuryň gyrasyna patylap gaçdy. Ybraýym Halyl oglundan aýrylyp, ol gara goçny gurban çalmaga durdy. Soň bolsa Ysmaýyl janyň üstüne özüni oklady. Ysmaýyl janyň gol-aýagyny çözmän, gözünden ýaşlar akdyryp, bir söz diýdi. - Tur indi, balam, Alla bizni sylady, azat eýledi - diýip, bir söz aýdar boldy: Hak buýrugna yrza bolan perzendim, Turgul balam, Alla azat eýledi. Sensiň nury-didäm, dini-imanym, Turgul balam, Alla azat eýledi. Gurban bolmak üçin meýdana geldiň, Ýaradan buýrugyn boýnuňa aldyň, Ähli musulmannyň nusgasy bolduň, Turgul balam, Alla azat eýledi. Käpir-şeýtan bizni azdyrjak boldy, Azdyra bilmedi, armanda galdy, Hudanyň synagy bizden sowuldy, Turgul balam, Alla azat eýledi. Ybraýym diýr, oglum, razy men senden, Meniň üçin geçdiň şirin janyňdan, Huda aýyrmasyn nur-imanyňdan, Turgul balam, Alla azat eýledi. Ybraýym Halyl bu sözni tamam edip, ogly Ysmaýylnyň el-aýagyny çözdi. Olarnyň ikisi-de ýokary galdy. Bularny gören halaýyk yzlaşyp, ataly-ogluň üstüne eňdiler. Ol wakanyň salgyny berer ýaly bolmady. Halaýyk Ybraýym Halylny, Ysmaýyl jany, Bibihajary, ahuny gujaklap durdular. Külli musulmanlarnyň köňülleri Hudadan hoşal boldy. - Şeýle hoşal ýaşamagy Hudaýym hemmelere miýesser etsin - diýip, Ybraýym Halylnyň bu kitap-rowaýaty tamam bolýar. - Ine, bu kitap-rowaýatnyň söhbeti şeýleräkdir. Tamam. “Ybraýym Halyl” dessanyny ýazyp alan Akmuhammet Aşyrow. Mary şäheri, 1983-nji ýyl. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |