16:50 Gülpam / türkmen halk dessany | |
GÜLPAM
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Rawylar andag rowaýat kylypdyrlar. Ençe-ençe rowaýatlar goşulyşyp, soňra şu kyssa hekaýatny döredipdirler. Geçmiş taryhda aýdylyşyna görä, Soltan Söýün ýa-da Soltan Hüseýin diýen adam köp ýyllap şalyk sürüpdir. Bu kyssa-rowaýatda dört akyldar hakynda hekaýat beýan edilipdir. Rowaýatlaryň birinde dört akyldar diýip, Soltan Söýün Baýkara, weziri Edlet, ýene bir weziri Alyşir Nowaýy hem olaryň dördünjisi Soltan Söýüniň aýaly Gülpam diýip aýdypdyrlar. Ýöne bular heniz dünýä inmänkäler, Baýkara atly bir akyl-paýhasly, parasatly bir adam bolupdyr. Ol aýdypdyr: - Geljek on ýylyň içinde bir guýrukly ýyldyz dogjakdyr. Şol guýrukly ýyldyz dogan wagtynda öz mähremiňe ýakynlyk etmeseň, onda senden öz ornuňy tutjak perzent, şalyga mynasyp bolar ýaly asyl perzent bolman, ýönekeý bir perzent bolar. Eger şol guýrukly ýyldyzy gören wagtyňda öz mähremiňe ýakynlyk etseň, onda senden şalyga mynasyp perzent öner. Bu syrny bilen Baýkara guýrukly ýyldyzyň dogan wagtyny bilmek üçin garawulyny bir beýik minara çykaryp, ony şol ýerde asmana gözegçilige goýdy. Şol garawul guýrukly ýyldyzyň doganyny görüp, Baýkara habar etmelidi. Garawul ýedi ýyllap guýrukly ýyldyzyň dogaryna garaşyp, asmana garap oturdy. Ýedi ýyl müddet geçdi. Ine, ahyry gaýradan bir guýrukly ýyldyz dogdy weli, şony Baýkaraga habar bermek üçin ol gijäniň ýarynda hasyrdap ugrady. Minaradan düşdi. Şonda bir çopan öýe baryp, nan-pan alyp geleýin diýip, galanyň etegine goýnuny düýrläp getirip, ýol üstünde sürüsini ýatyrypdy. Aňyrdaky minardan hasyrdap düşüp gelýän garawul süri goýny ikä bölüp, şapyrdadyp, Baýkaranyň köşk derwezesine tarap ýazzyny beriberdi. Şol wagt ol çopan garawulyň öňünden çykdy-da, oňa aýtdy: - Eý, Taňry bendesi, dur hany. Näme, gijäniň ýarymynda ylgap gelip goýny böljek bolýamyň? – diýäge-de, onuň ýakasyndan tutdy. Onda ol garawul aýtdy: - Goýber-how meni, çopan. Meni şu wagt saklama. Gyssagly men – diýende çopan: - Seni saklamda näme? Näme ederin öýtýäň. Saklajak seni – diýýär. Garawul ýene özelenip: - Goýber-how meni. Men şanyň bu ýerde goýan garawuly – diýdi. - Şanyň garawuly bolaňda näme? Şa seni garawul edip goýsa goýupdyr-da. Şanyň garawuly kän. Goýanda näme? Şanyň garawuly men diýip, gijäniň ýarymynda ylgap, goýny böljek bolup ýörmelimi sen? Şanyň garawuly diýenem bolýaň ýene. Sende näme yşarat bar? Aýt-da, näme yşaratyň bar bolsa. Ýöne men şanyň garawuly diýip gygyryp dursuň. - Meni mundan zyýat saklasaň, başyňa bela geler. Goýbergil meni. Men guýrukly ýyldyz gördüm. Şol guýrukly ýyldyz batmanka, men ony şaga habar bermeli. - Habar bereňde näme? - Patyşamyza men şol guýrukly ýyldyzyň doganyny habar bermelidirin. Sebäbi şol dogan guýrukly ýyldyz batmanka, patyşamyz öz mähremine ýakynlyk etse, onda bir dilewar, alym, şalyga mynasyp perzent galjakmyş. Onuň üçin men häzir şol guýrukly ýyldyzyň doganlygyny patyşamyza hökman habar bermeli. Çopan bu syrny garawuldan äşgär eşidip: - Onda muny şeýle diýip, maňa düşündirip aýt-da! Näme, beýle bolsa, olar ýaly dilewar, akylly perzent ýeke şadan galmalymy? Olar ýaly perzent bizdenem galsyn – diýip, bu-da taýagyny taşlap, öýüne tarap ylgady. Guýrukly ýyldyz gören garawul ylgap barşyna şanyň derwezesiniň gapysyna bardy. Görse derweze ýapyk. Garawul gyssanyp: - Derwezäni tiz açaweriň – diýip gygyrdy. Emma derwezebanlar aýtdylar: - Gijäniň bir mahaly gykylyklap, näme işläp ýörsüň? Patyşamyzy öldürmäge hyýallanyp geldiňmi? Seniň ýaly gije entäp ýören üçin şanyň derwezesiniň gapysy açylmaz. Ol ýapykdyr. Gije beýdip gygyryp ýörmede, owarra bol – diýdiler. Onda garawul ýene-de gyssanyp aýtdy: - Sen indi meni kän saklama. Aç derwezäni. Eger-de açmasaň onda heläk bolarsyň. Görýän welin seniň kelläňden gowurmanyň ysy gelýär öýdýän. Aç. Sen meni gije entäp ýören sergezdandyr öýtme. Men şanyň minarada goýup gaýdan garawuly. Guýrukly ýyldyz gördüm... - Ýeri, görseň görüpsiň-dä. Göreňde näme? Görenem ekeniň-dä şol guýrukly ýyldyzy. Näme diýjek bolýaň? Onuň emmasy näme? - Onuň emmasy şü. Guýrukly ýyldyz dogan wagty ony görüp, öz mähremiňe ýakynlyk etseň, bir akyldar, dilewar, şanyň ornuny tutjak perzent dogjakmyş. Şol syry men patyşaga gyssagly habar etmeli. - Onda şeýle diýip, gowja düşündirip aýt-da. Ýöne gohlap derwezäni açyň diýip, alagalmagal edip gygyryp dursuň – diýip, derwezeban derwezäni açyp, açaryny taşlap, öýüne tarap ýazzyny beräýdi. Derweze açylandan garawul şanyň köşgüne kürsäp urdy. Şol ylgap barşyna şany oýaryp aýtdy: - Patyşahym, şol aýdan guýrukly ýyldyzyň dogandyr. Häli-häzir ol batanok. Seretseň ýalpyldap görnüp durandyr. Patyşa garawulnyň başagaý halda bolup durşuny görüp aýtdy: - Sen bu syrny, ol guýrukly ýyldyzyň dogandygyny başga birine aýdaýan-a dälsiň-dä? Onda garawul hemmesini beýan kyldy: - Aýtdym. - Kime aýtdyň? - Bir çopan bilen seniň derwezebanyňa aýtdym. Olardan başga adama-ha aýdamok. Ine-de, ol syrny saňa aýdyp durşum. - Hä, sen-ä iş bitiren ekeniň-ow. Aý, indi alaç ýok. Näme-de bolsa menem galmaýyn – diýip, patyşa öz jaýyna girip gitdi. Indi ol garawul şol ýerde aňkaryp dur. Ahyry olam aýtdy: - Be, bu habary eşidenleriň hemmesi öýli-öýüne eňdiler. Menem olardan galmaýyn. Öýe baryp, menem öz mähremime ýakynlyk edeýin. Heý, bizdenem bir nyşan galmazmyka? – diýip, bu-da öýüne ylgady. Olaryň dördüsem şol guýrukly ýyldyz dogan gijesi guýrukly ýyldyz ýaşmanka öz mähremlerine ýakynlyk kyldylar. Hudanyň gudraty bilen olaryň dördüsindenem perzent galdy. Şol gadyr gijesi enäniň goýnuna geçen perzentler aýy-güni dolup, dünýäge indiler. Ine, bir Baýkaranyň ogly boldy. Oňa dogan gününden şalyk adyny dakdy. Onuň ady Soltan Söýün boldy. Ol perzent ýedi ýaşa ýetmänkä, şa öz oglunyň gulagyna akyl guýup ugrady: - Eý, oglum, sen menden soň şalyk sürmelisiň. Şalyk sürmeli çagyň sen üç adamy tanap almalysyň. Şol üçüň birisi gyzdyr. Ol gyz iliň akyldarydyr. Ony sen özüňe mährem aýal edip almalysyň. Baýkara ogluna ýene wesýet etdi. “Eger men kazam dolup ölüp gidäýsem, bu syrny ogluma kim aýdar” diýip, ol kitap ýazdy. Ahyry Baýkara öler wagty bolanda, ogluny ýanyna çagyryp: - Ynha, şu açar. Bu açar meniň genji-hazynamyň açarydyr. Şundan başga açar hazynamy açmaz. Şol hazynamyň içinde näme bolsa, men ölenimden soň şu açar bilen ol hazynany aç-da, şonda bar bolan kitaplary alyp okap, şonda ýazylan wesýetler bilen ýöregin – diýip wesýetler etdi. Baýkaranyň kazasy dolup, ol bu dünýäden ötdi. “Atamyň hazynasy altyn-kümüşden doludyr” diýip, Soltan Söýün pikir etdi, ol gyssanyp Baýkaranyň hazynasyny açdy. Görse bir topar kitap bar. Altynam ýok, kümüşem. Ol Baýkaranyň kitaplaryny alyp okaberdi. Ahyry ol kitaplaryň bir ýerinde wesýetleriň üstünden bardy. Wesýetlerde aýdylypdyr: - Eý, oglum, menden soň sen şalyk sürseň, üç sany akyldar bardyr. Şolarny halk içinden gözläp tapyp algyn. Bu işde kömek berjek bolmaz. Ýönekeý bir adam sypatyna girip, halk içinden olarny özüň tapyp alarsyň. Soltan Söýün Baýkaranyň wesýetlerine eýerip, şol garawulnyň ogly Edleti tapyp aldy. Soň ol kakasy Baýkaranyň wesýet kitabyny Edletiň öňünde goýdy-da, oňa aýtdy: - Ine, atam Baýkaranyň wesýet kitaby. Seni halk içinden gözläp tapdym. Ýene ikisini gözläp tapmalydyryn. Nädip şol iki akyldary tapyp bolarka? – diýip, Edlete maslahat saldy. Şonda olar ýönekeý lybaslary geýip, halk içine aýlanyp, şol iki akyldary tapmagy göwne düwdüler. Şol maslahaty makul bilip, olar halk içinde gezdiler. Olar göwne ýakmaz sowallary duş gelen kişilere berip aýlanyp ýörler. Eger-de şol sowallara jogap berip bilmeseler, onda olaryň duşundan geçibererdiler. Şeýlelikde, bular üç aý çemesi halk içinde aýlanyp tapyp bilmän: - Üç aýlap aýlandyk. Oba baryny sökdük. Onda-da olarny tapyp bilmedik. Biziň maksadymyz hasyl bolmady. Indi obadan saýlanyp, çölede bir çykyp göreli – diýdiler. Olar çöle tarap ugradylar. Çöle bakan tutdyryp barýarlar weli, ine, çöl eteginde özleri bilen deňeçer oglan goýun bakyp ýör. Olar ol çopan ogluny görüp eglendiler. Olar: - Şu oglanyň-a gözleri alym gözli. Özem alym sypatyna meňzeýär. Alym sypat oglan biziň şol gözläp ýörenimize meňzeýär. Edlet, sen sesiňi çykarma. Men oňa habar gatyp göreýin – diýip, Soltan Söýün onuň bilen salamlaşykdan soň: - Eý, çopan oglan! Saňa bir sowalym bardyr. Sowalyma jogap bergil. Aýt indi sen, dokuzyň üçe ýetýärmi? – diýende, ol çopan Soltan Söýüne jogap gaýtaryp aýtdy: - Serbeserdir. - Ol diýdigiňe düşünmedik. Serbeser diýdigiň näme? – diýip, Edlet sorady. Onda Soltan Söýün aýtdy. - Edlet, çopanyň jogaby dürsdür. Biz oňa düşündik. Dokuz aýky goýun bakyp alýan hakym üç aýky gyşyma ýetýär. Hutma-hutdur diýýä – diýdi. Olar goýun çopandan bu jogapny eşidip, ony öz ýanlaryna çagyrdylar. - Çopan, sen bäri gelgil – diýdiler, olaryň özlerem atdan düşüp, atlaryny idekläp, goýun çopanyň ýanyna bardylar, onuň bilen salamlaşanlaryndan soň bolsa Soltan Söýün elini ädiginiň gonjuna sokup, gamçysyny sogrup alaga-da, gamçynyň sapy bilen goýun çopanyň kellesindäki telpegini aýryp, onuň kellesine “tyrk-tyrk” edip kakdy. Ol çopan şol dem dilini çykardy. Soltan Söýün gamçynyň sapy bilen çopanyň kellesine kakyp dur, ol çopan bolsa dilini çykaryp dur. Şu ýerde olar aýtdylar: - Eý, çopan, biz seniň kelläňe gamçynyň sapy bilen tyrkyldadyp urup durus, sen bolsa diliňi çykarýarsyň. Bu näme etdigiň boldy? Bu nämäniň alamaty? Ýene Edlet aýtdy: - Biz düşünen däldiris. Sen gamçynyň sapy bilen onuň kellesine tyrkyldadyp, kakyp dursuň, ol bolsa dilini çykaryp dur. Düşünmedik. Onda Soltan Söýün aýtdy: - Eý, Edlet, sen düşünmedik bolsaň, saňa aýdaýyn. Men oňa düşündim. Men oňa: “Başa bela nämeden geler?” diýip, gamçynyň sapy bilen onuň kellesine tyrkyldadyp kakdym. Gördüň, ol dilini çykardy. Onuň şol dilini çykaryp durdugy “Başa bela iki barmak dilden geler” diýdigi. Ine, gördüň, ol çopan sowallarymyza sözlemezden jogap berip dur. Ýene-de Soltan Söýün aýtdy: - Goýun çopan oglan, seniň adyň näme? – diýdi. - Myraly. Maňa Alyşir Nowaýy hem diýerler. - Adyňy eşitdik. Biz şanyň ýasawullary. Sen ertir şanyň köşgüne bargyl. Olar Alyşir Nowaýyny şanyň köşgüne çagyryp, yzlaryna dolandylar. Olaryň aýdyşlary ýaly, Alyşir Nowaýy ara köp wagt salman, çagyrylan ýere, şanyň köşgüne bardy. Baryp görse, şol öňki gören iki atlysynyň birisi patyşa, beýleki birisi bolsa weziri eken. Muny ol köşge baransoň bildi. Wezirleriň ortasynda oturan jygaly Soltany gördi. Olarga salam berdi. - Essalawmaleýkim – diýip, köşge girdi. Onda Soltan: - Waleýkim essalam, Myraly – diýip, ony gapdalynda oturdyp, ondan ilki şalyk geňeşini sorady. Soňra bolsa: - Bar indi, goýnuňy bakyber – diýip, oňa rugsat berip goýberdi. Onda ol ýerde, şanyň köşgünde oturan garry wezirler aýtdylar: - Patyşahym, sen däldiran-ä dälsiň-dä? - Hä, ol nä diýdigiňiz boldy? - Çölde, goýun yzynda aýagy çarykly gezip ýöreniň bu köşkde nämesi bar? Biziň üstümizden basgyladyp, ondan geňeş soraýaň. Şalyk işlerini, şalyk geňeşlerini näme üçin soradyň? - Onuň akyly köp. Şonuň üçin ondan şalyk geňeşini soraýan. - Onda biziň akylymyz şol çarykly çopanyňkyça-da ýokmy? - Ýok. Siziň akylyňyz onuň akylyça ýok. - Onda şonuň akyly bilen öz akylymyzy deňeşdirip göräýeli. Şol akylyny deňeşdirse geläýsin. Şonda Soltan Söýün öz wezirlerine aýtdy: - Çyn bilen ýalanyň arasy näçe günlük ýol. Siz şony aýdyp beräýiň – diýdi. Wezirler aýtdy: - Onda, patyşahym, bize biraz möhlet ber. Biz ilki ony ölçäli, bileli. Soň anygyny saňa aýdaly – diýdiler. Patyşa olara aýtdy: - Baryň, size dört gün möhlet berdim. Bular, ýaňky garry wezirler öýünde kitap baryny açyp, her haýsysy bir karara geldiler. Ahyry jemlenişip bir karara geldiler: - Çyn diýýän-ä näme, şol alysdaky Hytaý atly ýurtdur. Çyn hut şol alys welaýat. Ýalan diýýänem näme, şäher diýdigidir-dä – diýişdiler. Olarnyň içinde: - O-how, dünýäde Ýalan diýen şäher ýok bolaýmasyn? – diýenlerem boldy. Patyşanyň beren dört gün müddeti tamam boldy. Ahyry bular çyn bilen ýalanyň arasy näçe menzil ýoldugyny takyk bilip bilmän, çaklama urup çykdylar. Olaryň birisi aýtdy: - Çyn bilen ýalanyň arasy dört günlük ýol – diýdi. Ýene birisi: On günlük ýol – diýdi. Patyşanyň olara gahary geldi: - Oturyň, murdarlar – diýdi. – Siziň göwnüňiz ýetmeýän şol çarykly çopana şu sowaly goýjak. Şol çopan çala sakynaýsa-da, siziň gözüňiziň alnynda şony dara asaýyn – diýip, ýene Myrala habar ýollady. Bu habar ýetip, Myraly taýagyny süýräp, şanyň köşgüne tarap ugrady. Ol köşge gelip: - Essalawmaleýkim – diýip, taýagyny süýräp, bularnyň mejlis edip oturan jaýyna girdi weli, Soltan Söýün oňa garap: - Waleýkim essalam, Myraly, murdarlaryň söhbetinden köňüller endipdir – diýdi. Şanyň beýle diýdigi “Hiç bir zada düşünmeýän galmagalçy wezirleriň derdeserinden köňüller gubardyr” diýdigidi. Onda Myralam: Ýagşylaryň söhbetinde işigem bir düýpdür – diýip, üýşüp duran köwüşleriň ýanynda oturyberdi. Ony görüp, Soltan Söýün aýtdy: Eý, Myraly, seniň ornuň ol ýer däldir, bir şerti aýdyp, soň sen meniň ýanyma geçgil – diýdi. Myraly: - Lepbeý, Soltanym! – diýip, ýerinden turdy. Soltan Söýün oňa soragy aýtdy: - Çyn bilen ýalanyň arasy näçe günlük ýoldur? Şony aýtgyl-da, sen meniň ýanyma geçgil –diýdi. Onda Myraly bir eliniň başam barmagyny ýatyryp, galan dördüsini galdyryp geçiberdi. Onda wezirler aýtdylar: - Biýä-hä, çyn bilen ýalanyň arasy dört günlük ýol diýdi. Ýene biri aýtdy: - Onuň ýokary galdyran barmaklarynyň her haýsysy ona ýöreýändir. Men aýtdym-a, çyn bilen ýalanyň arasy kyrk günlük ýoldur. Meniňki dogry geld-ow – diýip, bular ýene gygyryşyp, ýaka tutma bardylar. Bularyň bolup oturyşlaryny görüp, Soltan Söýün olarga garap: - Oturyň indi, jenjelçi murdarlar. Ine, serediň maňa. Gözüň bilen göreniň çyn, gulagyň bilen eşideniň ýalan. Olarnyň arasy dört barmak. Şuny bilmän, dört günläp, kitap açyşyp otyrsyňyz. Ýeri, onsoň onuňkyça neneň siziň akylyňyz bolar? – diýip, dört barmagyny göz bilen gulagyň arasyna goýdy. - Ine, çyn bilen ýalanyň arasyndaky ýol şüdür – diýdi-de, şondan soň olarnyň birnäçesini işden boşadyp, özüne wezir edinip Myralyny aldy. Soltan Söýün atasynyň – Baýkaranyň ýazyp giden Wesýet kitabyny Myralynyň öňünde goýdy. Soňra-da: - Indi bir gyz bardyr. Ol biziň hemmämizden akyllydyr. Ol bir ejiz maşgaladyr. Biz ol gyzy nädip tapmaly? Akylyny barlamak üçin her gören gyzymyzyň kellesine gamçynyň sapy bilen tyrkyldadyp kakyb-a bolmaz. Ol-a boljak zat däl. Ýeri, indi ol gyzy nädip tapmaly? – diýdi. Onda Myraly aýtdy: - Patyşahym, men bir ýoly saýladym. Günäkär hökmünde meniň boýnuma bir tanap salyň-da, idip ugraň. Biriňiz meni idip, beýlekiňiz bolsa arkama urup alyp ugraň. Nirede gyz-gelin bolsa, şol ýerden tartyň. “ Aýu, ol ýigitni näme beýdip urup ýörsüňiz? Ony näme beýdip horlap barýaňyz?” diýene “Bu ýigit, aýdanymyzy edýär. Näme iş buýursak, şol buýran işimizi edýär. Diýenimizi edeni üçin urýarys” diýip geçiberiň. Şoňa gaýtargy beren gyz bar bolsa, şol gyz biziň gözleýän akyldarymyzdyr. Bular birnäçe günläp şol ýagdaýda il içinde gezdiler. Baran ýerlerinde: - Toba-toba, bularnyň bolup ýörüşlerini, aýdylany edeni üçin, buýrulan işi bitireni üçin ol adamyny patyşamyzyň urduryp, beýdip horlap ýörşüni? – diýşip galýarlar. Ahyry olar şol akylly gyzyň – Gülpamyň üstünden bardylar. Ýoluň ugrunda bir aýal tamdyryna nan ýapyp dur. Onuň ýanynda bir gyz ol aýalyň ýapjak nanyny ýasap berip otyr. Olar bularyňam gapdalyndan şol öňki edýän oýunlaryny edip geçiberdiler. Nan ýapyp duran aýal: - Patyşamyz bu biçärä agyr jeza beripdir-ow. Onuň näme günäsi barka? – diýdi weli, Edlet: - Bu näme iş buýursak, şol buýran işimizi bitirýär, aýdanymyzy edeni üçin urýas – diýdi. Onda nan ýasap berip oturan gyz aýtdy: - Ursaňyz gowy etýäňiz. Etmeli işini özünden bilinçä ony uruň. Aýdyp iş etdirjek bolsaň, turup özüň edäýseň bolmaýarmy? Şol ýaşda öz etmeli işini özi bilmezmi? Uruň, gatyrak uruň – diýdi. Şondan soň olar ýerli-ýerden gowur turzup, “Tapdyk-da-tapdyk” bolşup, ol gyza ýene söz gatmak bilen boldular. - A gyz, aňryňyzdaky öýüň tüýnügi birneme gyşygrak ekeni. Öz işiňiz bilen boluň. Biziň günäkärimiz bilen işiňiz bolmasyn – diýdiler. Onda ol gyz: - Sizem öz ugruňyza gidiberiň. Öýümiz bilen işiňiz bolmasyn. Tüýnügi gyşygam bolsa, onuň tüssesi dogry çykýandyr. Günäkäriňizi taýaklaň-da geçiberiň – diýdi. Olar öz aralarynda sözleşdiler: Mundan başga bu dünýäde Gülpam bolmaz – diýşip, ýene şol gyza söz atdylar. - A gyz, bizi taňry myhmany alarmysyňyz? - Öz oňanymyz bilen oňsaňyz alarys. Olar şol ýerde atlaryny daňyp, Gülpamyň öýlerine geldiler. Ol gyzny synlap oturdylar. Ol gyz çal getirip, olarnyň öňlerinde goýdy. Şol zaman Soltan Söýün ol gyza söz gatdy: - Niçik näzenin ekeniňiz. Gatykny goýduňyz nansyz – diýdi. Onda ol gyz aýtdy: - Niçik myhman ekeniňiz? Baryny-ýoguny bilmez siz. Ol gyz hemme sözde üstün gelip duransoň, Soltan Söýün Gülpamy tanap, köşge getirip, özüne näzenin aýal edip aldy. Gülpam Soltan Söýüne köp nesihatlar aýdardy. Ol Gülpamyň wesýetleri, onuň akyl sözleri bilen işlerini ýörederdi. Şol akyldar Gülpamyň sözleri bilen ýörärdi. Ine, indi ol akyldaryň dördüsem köşkde jemlendi. Emma olarga gülüp-oýnap ýörmek miýesser bolmady. Wagtyhoşluklar nesip etmedi. Bir güni ol näzenin Gülpamyň başy ýassyga ýetdi. Soltan Söýün tebit-lukmanlary üýşürdi. Emma edilen emler ters geldi. Gülpamyň agyr dertden ýaňa barha peselýänini aňan Soltan Söýün pikir edip diýdi: - Eger näzenin Gülpam şu ýassykdan galman öläýse, özümem onuň ýanynda bolsam, özümem derdi-bela uçrasam gerek. Onuň üçin men näzenin Gülpamyň ölenini görmäýin. Görsem ýaman bolar – diýip, Myrala maslahat saldy: - Eý, Myraly, sen meniň gmaly günümde göwnümi açyjy dostum. Gülpamyň ýanynda Edleti goýaly. Sen bolsa meniň ýanym bilen ýörgül. Ol gara atlarny eýerläp, awa-şikäre gideli. Awam adamynyň göwnüni açýan kärdir – diýdi. Soňra-da: - Sen köşkde galgyl. Eger ajaly ýetip, köşkde näzenin Gülpam öläýse, näzenin Gülpam öldi diýip, maňa habar ýetiräýseň, seniň kelläňi alaryn – diýdi. – Eger-de Gülpamyň ölenini bilip, ony-da aýtmasaň, onda köşkdäkileriň bilen bile gyraryn. Ölenden soň köpräk saklap porsadaýsaň-a, yzy bilen özüňe zulum ederin – diýdi. Şanyň aýdanyna ýok diýseň-ä, ol seni şol wagt öldürjek. - Bolýar, patyşahym! – diýip, Edlet köşk içinde galyberdi. Soltan Söýün bilen Myraly çöle çykyp, awa gyzyp ugradylar. Elguşlar kakyp aldy. Tazylar ýetip aldy. Atlar böküp aldy. Ok-ýaýlar bile atyp aldy. Awuň keýpi-sapasy bilen näzenin Gülpamyň keseldigi bularyň ýadyndan çykdy. Olar menzil-menzil ýol geçip, bir depäniň üstünde bir çopanyň göçüp giden merthanasynda düşlediler. - Bu ýere tüýs keýikleriň etinden çiş-kebap edinip iýmeli ýer eken-ow – diýip, Soltan Söýün merthananyň kölegeräk ýerinde gyşardy. Awuň keýpi bilen ýadan Soltan Söýün tiz ukyga gitdi. Myralam ojar oduny ýakyp, çiş-kebap taýýarlap, ojarnyň ýalny sönüp közleri galandan soň çişleriň ujuna keýigiň etinden düzüp, çiş-kebap edip başlanda, bir baýryň depesinde bili kendir guşakly, egni donly, başy telpekli, aýagy çokaýly, eli taýakly bir pyýada Myralyny görüp, taýagyny bulady. Ony görüp Myraly: - Bu bir çöl söküp ýören, çöl gezip ýören çopandyr. Ondan indiki düşlejek ýerimiziň salgysyny alaryn – diýip barsa, ine, bu Edlet eken. Köşkde galan wezir Edlet bolsa nätjek! Edleti görüp Myraly: - Ýeri, Edlet, nä hyzmat? – diýende, Edlet aýtdy: - Şanyň näzenin aýaly Gülpam öldi. Onda Myraly Edlete diýdi: - Edlet, seniň bu ýere geleniňi şa biläýse, ol öldi habaryny getireniňi duýaýsa, onda ol seniň tohumyňy tükeninçä gyrar. Onuň wadasy bardyr. Eger näzenin Gülpamyň ölenini aýtsam, menem sylamaz, öldir ol. Ýöne men Gülpamyň ölenini onuň özüne aýtdyraryn. Sen bizden öň köşge, bazygähe ýetgil – diýip, wesýet edip ony ugratdy. Soň ol çiş-kebabyň ýanynda Soltan Söýüniň ýatan ýerindäki merthana golaýlady. Şol pursat Soltan Söýün düýş görüp ýatyrdy. Ol düýşünde näzenin Gülpamyň ölenini gördi. Oýandy, göz açyp görse, ýatan ýeri bir çöllük. Myraly oduň başynda tümüsgenip dur. Peslikde gara atlar otlaşyp ýörler. Soltan Söýün: - Ah, Myraly, düýşümde näzenin Gülpam öld-ow – diýdi. “Bä, näzenin Gülpamyň ölenini muňa nähili habar bererkäm” diýip, ot başyndan turup, Soltana tarap ýöräp ugrady weli, Myralynyň bagtyna bir şemaljagaz gelip, çakyjyň gülüni solduryp, bir ýapragyny gaçyrdy. – Ine, bolaýdy, şujagaz ýapragy mysal edeýin – diýip, ol ýapragy syňragynyň arasyna gysdyryp, Soltanyň ýanyna bardy. - Eý, Soltanym, şu gül daragtdan solup gaçdy. Bu serwi agaçnyň güli soldy weli, şuny öňki ýerine goýsaň, öňküsi ýaly bolup alşyp gidermikä? Solman ýene öňküsi ýaly bolarmyka? – diýip, Soltan Söýüne näzenin aýaly Gülpamnyň ölenini aýtjak bolup, oňa bir söz aýdarman boldy. Soltan Söýün Myralynyň birinji sözünden özüniň näzenini Gülpamyň ölenini bilip, onuň eýýäm ölendiginde düşünip, iki dost şu merthanada birek-birege gezekli-gezegine söz aýdyşdylar. Myraly sowal aýtdy, Soltan Söýün bolsa jogap berdi. Myraly: Serwi agaçnyň güli soldy, Bu gülni nätse bolar? Soltan Söýün: Serwiden tabyt ýasap, Gülden kepen etse bolar. - Gül görki bir näzik zatdyr, Ýetmese neýlese bolar. - Kimhadan kepen ýasap, Gül suwuny sepse bolar. - Aýyp etmegil, şahym, menden, Derdim artdy dembe-demden, Döwranym gitdi jahandan, Soltanym, neýlese bolar? - Dostum, sen gamlar iýsene, Dynç alaýyn, dost, goýsana, Ondan Gül öldi diýsene, Mundan yza gaýtsa bolar. - Menzil-menzil ýollar aşdyk, Gelip bu menzile düşdük, Gül ölenin sizden eşitdik, Soltanym, neýlese bolar? - Her iş gelse, yşbu sere, Geldik ikimiz bu ýere, Soltan Söýün hem Baýkara, Mundan yza gaýtsa bolar. - Myraly, neýleýin jany, Nädeýin yşbu-dünýäni, Goldan aldyrdyň Gülpamy, Turgul, gaýtsaň, gaýtsa bolar. Soltan Söýün gam-gussa batyp: - Eý, Myraly, sen bu sözlerni aýdyp duranyňdan gönüläp: “Soltan Söýün, seniň näzenin Gülpamyň öldi” diýäýseň bolmaýarmy? – diýdi. Onda Myraly: - Öldi sözüni ilkinji gezek sizden eşitdik, patyşahym! – diýdi. Soltan Söýün: - Onda Gül ölen bolsa, bu dünýäde ýaşap oturasy işimiz ýok. Ol çiş-kebaplaryň taýýar boldumy? Taýýar bolsa, olarny alyp gelgil – diýdi. Myraly kemsiz bişen çiş-kebaplary keserdip, Soltanyň öňünde goýdy. Soňra Soltan Söýün: - Eý, Myraly, ol meşiklerdäki meýlerdenem guýgul, gamlarny aýraly – diýdi. Myraly iki käse meý guýup: - Goluňy bäri tutgul Soltanym! – diýip, şanyň göwnüni açmak maksady bilen oňa meý tutup berdi. Özem şeýle diýdi: - Eý, dostum, bu şerapnyň agyza-ha içip tagamyny bilýär, burun ysyny alýar, gözem görüp ganýar, gel, gulagyňam göwni galmasyn – diýip, meýli käseleri çakyşdyrdy. Emma bu sözler bilen Soltanyň göwni açylman, bu dünýäde indi näzenin Gülpamyň ýokdugyny ýadyna salyp, golundaky meýli käsäni palçyldadyp, ýere urup goýberdi. Şatlyga derek onuň gözlerinden gyzgyn ýaş gelýänini Myraly gördi-de, ýene onuň göwnüne teselli bermek üçin bu dünýäden ötenleri birme-bir sanap: - Eý, dostum, Soltan Söýün, sen bu sözlerge gulak salgyl, gahba-pelek näzenin Gülpam deýin näzeninleriň, perizatlaryň, gör, nijemelerini panydan bakyýa göçürýändir – diýip, oňa göwünlik berip, bir söz diýdi. Eý, Soltanym, diňle sözüm, Gelenler geçdi gitdi. Ýurt soran ulug şalar, Patyşalar öldi gitdi. Älemde bu janlar heňňam, Ýalançydyr köne umman, Jylawynda ýüz-müň pälwan, Rüstem Zal öldi gitdi. Handyr ol goç ýigitler, Gamyşgulak bedew atlar, Gül dek gülgün perizatlar, Ýagşylar geçdi gitdi. Neýledi bilimli alymy, Öldürdi Eflatunny, Neýledi hezreti Lukmany, Tebipler öldi gitdi. Akyl-pikir kyl her haçan, Ýüz gonan bar, müň göçen, Tagty asmandan uçan, Süläýman öldi gitdi. Nowaýy, pida kyl jany, Nädeli yşbu dünýäni, Goldan aldyrdyň Gülpamy, Perizat öldi gitdi. Hatar-hatar il soran, Şäher-şäher ýurt soran, Patyşalar öldi gitdi. Ajala hile guran, Jadylar öldi gitdi. Bu sözlerni eşiden Soltan Söýün: - Eý, Myraly, indi bu ýerlerde bizler gam iýip oturmaly. Näzenin Gülpamnyň meýdini görmäge bir ýetişeli – diýip, iki dost ýarag-esbaplaryny, çiş-kebaplaryny şol ýerde taşlap, olarnyň hemmesinden geçip, at münüp, üzeňňilerini çakyşdyryp, köşge geldiler. Ýöne näzenin Gülpam öljek uçrunda bir wesýet eden ekeni. Ol: - Hany Soltan? – diýip soranda, oňa: - Ola-ha awa-şikäre gitdi – diýenlerinde, Gülpam aýdypdyr: - Soltan aňyrdan gelende meniň ölendigimi bilip gelsin. Çünki onuň hyzmatkärlerine ynanman, hergiz öňünden özüm çykardym. Özüm garşy alardym. Onuň üçin ol: “Meniň öňümden Gülpam çykmady-la” diýip, onuň menden köňli galmasyn. Aňyrdan gelende meniň ölendigimi bilip geler ýaly, baryňyz gara geýnip, gan ýyglap duruň. Meniň meýdimi hem köşgüň ortasynda goýuň – diýip aýtdy. Hawa, ol şol wesýetini edip, bu dünýäden geçen ekeni. Emma Soltan Söýün näzenin Gülpamyň ölenini aňyrdan bilip gelse-de, öňki öňünden çykyp garşy alan ýerinden Gülpam ýene çykaýjak ýaly bolup durdy. Soltan Söýün gelip ýetişende, beýleki hyzmatkärleri onuň öňünden çykyp, at julawyny tutdular. Soltan Söýün bilen Myraly at julawlaryny bu hyzmatkärleriň ellerine berip, köşge tarap ýöräberdiler. Görseler köşgüň öňünde halaýyk jemlenip, gara geýnip, gan ýyglap, tukat, matam tartyp durupdyr. Bir ýol açylyp, olar köşgüň işigine tarap ýöräp bardylar. Soltan Söýün, yzynda Myraly baryp, köşk içine urup girdiler. Görseler näzenin Gülpam şanyň köşgüniň ortasynda misli diri ýaly bolup ýatypdyr. Onuň owadanlygy, ýüzüniň nury köşk içine şöhle salyp durupdyr. Soltan Söýün ylgap baryp, näzenin Gülpamyň üstüne özüni oklady. Emma bireýýam jan jesetden çykyp gidipdir. Ol näzenin Gülpamnyň kellesini dyzynyň üstünde goýagadan: - Eý, Gülpam, seni alan ajal meniň gözüme bir görünsedi. Onuň bilen leşger tartyp bir söweş etsemdim. Arymny şondan alsamdym – diýip, näzenin Gülpamyň kellesini ýene dyzynyň üstüne goýup, şum pelegiň gerdişinden ýaňa ajala şikaýat edip, ondan nalap, bir söz diýdi. Çarhy pelekniň elinden eýlerem men dady heý, Çünki kyldyň bizni gamgyn, kimselerni şady heý, Niçe ýylky aşnalygmyz boldy bizden ýady heý, Jennetiň burçundaky tugumny ýykdyň bady heý, Diýmedimmi men saňa, nobat meniň jellady heý. Pyrkat eýýamyndan daýym hiç kim mençe lap urmasyn, Bu pelekniň hasratyny hiç kimse menden sormasyn, Mert eger tohum ekensoň, bimahal hazan urmasyn, Tiz göteriň jesedin, çyksyn ki gözüm görmesin, Tabydyn tizden ýasaň, getiriň harrady heý. Neýläýin gahba pelek otlarga saldy janymny, Ýarsyz men neýlärin bu tagty-täji, malymny, Käşgä görsem, leşger tartyp, uruş ederdim ajalny, Bimahal aldyň golumdan näzenin Gülpamymny, Kepenin tizden biçip, ýetiriň haýýady heý. Gelse ajalnyň mäsili, ajalny iýip-içmek bilen, Bu duralga çäre ýokdur, ýük taýlap geçmek bilen, Ata-ogul, dosty-ýardan saýlanyp seçmek bilen, Doýmaz-dolmaz ol gara ýer ahyry guçmak bilen, Öňi düzgün, soňy bozgun, ahyry bibady heý. Hapyzy deý göwsüňe daş urmadyň, Soltan Söýün, Akdyryp çeşmi rowanyň, görmediň, Soltan Söýün, Ýar bilen bir gabra neçün girmediň, Soltan Söýün, Gülki teslim kyldy jan, jan bermediň, Soltan Söýün, Tä kyýamat ahyra çen galar senden ady heý. Bu ajalna çäre ýokdur, günde ýüz-müň dady heý, Öňi düzgün, soňy bozgun, ahyry bibady heý. Haratlar tabyt ýasap, haýýat biçimçiler oňa kepen tikip, etmeli işlerini berjaý kylyp, näzenin Gülpamny Hyrat şäheriniň çetinde ýer-jaý edip, topraga tabşyrdylar. Şol ýerde Soltan Söýün näzenin Gülpamnyň gabrynyň üstüne özüni taşlady-da, aglap, zar-girýan bolup: - Eý, doýmaz-dolmaz gara ýer, beýle akyldar näzenin Gülpamny öz goýnuňa salyp, özüňe döndermegi niçik rowa gördüň? – diýip, hasrat çekip, Gülpamny ol ýerde, gabyr içinde goýup, dolanyň köşk içine geldi. Göwnüne bolmasa, näzenin Gülpam öňki oturan ýerinde oturan ýaly. Emma näzenin Gülpamnyň oturan ýeri indi gugaryp, boş durdy. Şol ýerde Soltan Söýün näzenin Gülpamny ýat edip, men indi näzenin Gülpamdan aýryldym – diýip, dady-perýat edip, ahu-arman edip, bir söz diýdi. Ýekewläp galdym men ol söwer ýarymdan Ala gözli Gülpamymdan aýryldym. Ýarymny aldyryp, galdym dünýäde, Köňül beren nigärimden aýryldym. Billeriň inçedir, ýüzleriň şemşat, Men neneň çeker men dat bilen perýat, Gara gözli, galam gaşly perizat, Ala gözli boz maraldan aýryldym. Ýadyma gelipdir gezen ýerlerim, Sabyr eýlesem, pelek bermez kararym, Gara gözli, galam gaşly nigärim, Ol näzenin Gülpamymdan aýryldym. Zagpyran dek gül reňňim saralyban solupdyr, Günde ýüz-müň tirelip, günde ýüz-müň ölüp men, Ýarymdan aýrylyban, ýalňyz galyp men, Gülpam atly hoş güftardan aýryldym. Men-ä şu gün näzli ýardan aýryldym, Ala gözli boz maraldan aýryldym. Şol ýerde Soltan Söýün: - Men näzenin Gülpamsyz bu jahany görmäýin – diýip, köşgi terk edip, Gülpamyň guburynyň üstünde bina gurup, şol ýerde boldy. Şondan kän wagt geçmänkä Soltan Söýün dünýäden gaýtdy. Soltan Söýüniň yzynda bolsa Alyşir Nowaýy dünýäden geçer bolanda, dünýä ýüzüniň tebipleri, alymlary, şahyrlary gelip, ony jaýlamakçy boldular. Dünýäniň ýüzünden gelenler Hyrat şäherinde ýygnandylar. Şol şähere üýşdüler. Hawa, Hyrat şäherinde şalar-begler, wezir-wekiller bardylar. Gadymdan bäri gelýän Hyrat şäheri henize-bu güne çenli bular ýaly ýasy görmändi. Rowaýatlarda aýdypdyrlar. Birnäçe ýoluň töweregi üýşen halaýykdan doldy. Şalaryň buýruk bermegi bilen Myralynyň meýitli tabydyny tutmagy özlerine uly bagt hasaplapdyrlar. Onuň üçin Myralynyň meýitli tabydy begleriň buýrugy bilen bir gije-gündiz ol ýerde ýygnanan adamlaryň ellerinde ýüzüp gezdi. Adamlaryň elleriniň üstünde goýlan tagtalarda gezip ýören jarçylar owaz çykdy. - Myralynyň meýitli tabydyny Soltan Söýün guburyna tarap gönülemeli. Şol taýda özi üçin taýýarlanan gubura depin kylynmalydyr... Jarçylaryň bu sesleri eşidilenden soň adamlaryň elleriniň üstünde goýlan tagtalaryň üstünde gezip ýören jarçylar biri-birlerine seslerini ýetirmek üçin: “Myralynyň meýitli tabydy Hyrat şäheriniň çetine, Soltan Söýün Baýkaranyň guburynyň ýanyna tarap öwrülmelidir!” diýip gygyranlaryndan soň, Myralynyň tabydynyň başujy öwlüýä tarap gönükdi. Adamlar Myralynyň tabydy üstlerinden geçenden soň ellerini degrişip galdylar. Ýa bolmasa, hasalylar ol tabyda hasasyny degrip galmagy özlerine uly bagt bildiler. Şonuň üçin şeýle hormatly eltilip, taýýarlanan gubura salnyp jaýlandy. Az möhletden soň ol akyldarlaryň dördünjisi Edlet hem derlukmyýadan der bakyga tarap sapar kylyp, bu hem dünýäden ötdi. Bularyň taryp rowaýaty şu ýerde tamamlanýar. Soltan Söýün Baýkaranyň, Myraly Alyşir Nowaýynyň, Gülpamyň hem-de Edletiň guburlary häzirki zamanda-da şol gadymky Hyrat şäherindäki, ondan daş bolmadyk ýerde bar diýýäler. Rowaýatlarda aýdylyşyna görä, bu dessan-rowaýatyň adyna Soltan Söýün Baýkara, Alyşir Nowaýam, Gülpamam diýipdirler. Ol şol atlar bilenem il içinde rowaçlanyp gezipdir. Rowaýatçylar ony dilden-dile, ilden-ile geçirip, biziň günlerimize getiripdirler. Tamam. Şu dessanlary 1983-nji ýylyň tomsunda bagşy Gurt Ýakubyň gürrüň bermeginde Akmuhammet Aşyrow ýazga geçirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||