07:50 Ýigitlik bir gyzyl gül | |
ÝIGITLIK BIR GYZYL GÜL
Jemgyýetçilik tankydy
Ruhy atamyz Magtymguly "Ýigitlik - bir gyzyl gül" diýip ýöne ýere aýtmandyr. Ynsan ýaşaýşynyñ iñ hezil, iñ galagoply, iñ gyzykly döwri, megerem, şu döwür bolsa gerek. Hemme zat oglanlykdan, ýigitlikden başlanýar. Adam şu döwürde ösýär, kemala gelýär. Geçmişde türkmen halkynyñ at-abraýyny goran, namysjañ, batyr, daýhan, işeññir ýigitler bolupdyr. Olar türkmen topragyny gözüniñ göreji ýaly gorapdyrlar, maşgala namysyny hemme zatdan ýokary saýypdyrlar. Magtymguly, Seýdi, Zelili, Kemine ýaly söz ussatlary olara bagyşlap onlarça şygyr döredipdir. Şeýle ýigitler häzirem ýok diýip bilmen, olar häzirem bar. Ýöne weli käbir ýigitleriñ bolşuny görüp, olara asylzada, sada ýigitlerden görelde almaklaryny maslahat beresiñ gelýär. Ynha, badyhowa ýigitler bolýar. Olar özlerinden başgalary äsgermeýärler, mahlasy, özlerine artykmaç baha berýärler. Şol jahyllardan hiç haçan gowulyga garaşmak mümkin däl. Olat ýeke çykan gyzgan ýaly illersen üzñe, peýdasyz perişde. Meni ýene bir zat biynjalyk edýär. Olam käbir ýaş-ýeleñleriñ çylkasyzlygy. Olar geçip barýan gyz-gelinlere lak atýarlar, süwümsiz sözlerini aýdýarlar. Ýigitleriñ arasynda neşekeşlik belasynyñam doly aýrylyp gidibermeýändigi bizi gynandyrýar. Ýaş ýigitler 3-4, 5-6 bolup simde oýnaýarlar. Neşe çekip, gül ömürlerini kül edýärler. Olaryñ bu kesbi jemgyýetimize-de, nesillere-de uly zyýan. Käbir ýigitleriñ bolşy hem gynandyrýar, hem gaharyñy getirýär. Olar iş etmegi kyn görüp, oña-muña ýüz urýar. Barýarlar bazara, öñde goýlan stoljugyñ üstünde dürli-dümen üýşürip, olary on bahasyna gymmat satýarlar. Niýetleri hem halky çürkäp, çörek iýmek. Olaryñ aýdan zyýat, günden gözel gelinleri nirededir öýdýärsiñiz?! Olar Türkiýede, Eýranda, Hytaýda, Özbegistanda söwda edýärler. "Alym bolmak añsat, adam bolmak kyn" diýip könelerimiz aýdypdyr ahyry. Adam bolmak üçin özüñe basalyk bolmaly, özüñden özüñ talap etmeli. Adamkärçilik bolsa, esasan, oglanlykda, ýigitlikde kemala gelýär. Eýsem ýigitlere nämeleri maslahat bermeli bolar: ozaly bilen olara "Adam boluñ!" diýip sargasym gelýär. Şonuñ üçin hem şu aşakdaky edähetleri tutunyñ: 1. Ululara hormat goý! 2. Salamly bol! 3. Zähmeti söý! 4. Maşgala terbiýesine üns ber! 5. Hünär öwren! 6. Kiçilere görelde bol! 7. Päliñi pes tut! 8. Neşelerden, zynahorlykdan gaça dur! 9. Watany söý, Watana gowy gulluk et! 10. Gygyrma! 11. Sygyrma! 12. Sada bol! Alla olaryñ kalbyna gowulugy salsyn! Begmyrat TÄÇMYRADOW, Tejen etraby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||