19:45 Bedew | |
BEDEW
Goşgular
(Mätäjä nezire) Men bu gün bolşuñy aýdaý, betbagt nyşanly bedew, At ýylynda bolmadyñ arassa ganly, bedew. Aýda bilmen aslyñyzy kakaşan hamly bedew, Athanañ deşik-deşik, gyşda şemally bedew, Bakylyp beslenjek indi, haçan kemally bedew. Toýda toýnaklañ ýerine "Žiguliler" ýaryşdy, Ahal-teke atlary iñlis bilen garyşdy, Gamly günde bedewler duşman bilen uruşdy, Kä hojalyk halyñy düzetmäge girişdi, Gadyrlykañ bolduñ sen, bigadyr hally bedew. Ölüp hem-de horlanyp az sanyñyz galypdyr, Gassaplar gazap bilen göz astyna alypdyr, Baýdak ýaly görküñiz garantga dek bolupdyr, Men diýen meleguşlar gör, nirede ölüpdir, Toý gününde şatlanman, bolduñ matamly bedew. "At çapandan, it çapsañ gowy görýän" diýýän bar, Bilmedik nä sebäpden, bu gün bizde bolduñ har? Dogrusyny dogry diýsek, soñ ugrunda köýýän bar, Bahañyz müñ tümendi, bäş köpük boldy bedew. Haýwanlaryñ içinde iñ akylly, başy sen, Ýow gününde ýigitleñ wepaly gardaşy sen. Bu gïn hossar gerek güni tapañok syrdaşy sen, Kylsa Begmyrat beýanñy, meñ göwnümiñ hoşy sen, Heý, ýene bolarmykañ, öñki dek belli bedew? Begmyrat TÄÇMYRADOW. "TOKMAK" žurnaly, 1991 ý. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |