YNSAN WE YNSAP
Tomus paslynda, jöwzanyň ýaňy başlan döwründe, bir wagtlar ýokary okuw mekdebinde bile okan talyp dostlarym deňiz kenaryna dynç almaga geldiler.
Talyplyk ýoldaşlarym bilen telefon arkaly aragatnaşyk saklaýan bolsak-da, ýüzbe-ýüz bolmanymyza köp ýyl bolupdy.
Men olaryň dynç alýan ýeriniň salgysyny aldym-da, şenbe güni güni zyýapata çagyrýandygymy aýtdym.
Myhmanlar gelmänkä söwüş soýup, bazardan almaly gök, miwe we azyk önümlerinden ýükümizi ýetirdik. Garpyz alaýsak, ähli işimiziň bitdigidi.
Bazaryň edil girelgesiniň agzynda, ýük maşyndan bir ýaş ýigit garpyz düşürýärdi: “Bal ýaly süýji, köz ýaly gyzyl garpyzlar, almasaňyz armanda galarsyňyz!” diýen ýaly, suwjuk sözleri bilen müşderileriň ýürek-bagryna düşýärdi.
Tereziniň ýanynda duran zenan bolsa garpyz satmak bilen başynagaýdy. Onuň müşderileriniň yzy üzülenokdy. Nobatymyz ýetende:
- Garpyzlaryňyzyň azot-fosfor bilen arasy nedir?-diýip soranymda:
- Arkaýyn alyberiň, ýaşuly, özüm ekip, zähmet çekip, ajy derim döküp, kemala getirendirin. Bu garpyzlar mineral dökünleriň ysyny hem alan däldirler-diýip, ynamly aýdanda:
- Onuň ýaly bolsa, egsik bolmasyn, ogul, dördüsini beräýgin-diýip, hatamtaýlyk satanymy hem bilmän galypdyryn.
Ikisi zordan gujaga sygýan garpyzlary awtoulaga ýükläp ýola düşenimizde eden söwdamyzyň örän şowuna düşendiginden göwnüm gaty hoşdy.
Myhmanlar üçin dürli owkat-tagamlary taýýarlap, olaryň göwnüni tapdyk.
Sowadyjydan çykarylan garpyzlaryň turşumtyk kakýan tagamy bar bolsa-da, reňki gyzyldy.
Daň agarýança oturyp, talyplyk ýyllarymyz we başga-da bir topar ýaşaýyş-durmuş meseleleriň başyny agyrtdyk.
Ertesi gün säherde bedenimiziň käbir ýerlerinde gyzgylt örgünleriň görünmegi biziň üçin garaşylmadyk waka boldy.
“Ýeterlik gaýnadylmadyk, gowrulmadyk, bişmedik et, balyk, çig garpyz hem iýmedik. Onda munuň sebäp-syry nämekä?” diýip, oýlanyp otyrkam Sähetmyrat goňşymyz geläýdi. Ol şäher hassahanasynda lukman bolup işleýärdi. Idäp otyrsam, ony keýwanym çagyran eken. Lukman ýigit bizi ýekänme-ýekän gözden geçirensoň:
- Gök we bakja ekinlerine mineral dökünler köpräk düşende şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykýan wagty bolýar - diýip, degişli dermanlary ýazyp berdi.
Myhmanlary mekanlaryna eltip gelýärkäm, eden hezzet-hormatymyň mazasyny bozan gyzyl garpyzlary satyn alan ýerime bardym.
- Inim, düýnki bize satan garpyzlaryňyzyň dökünlerden ýüki aňryýany bilen ýetirilen eken. Aldap, müşderä haryt satmak aýp zatdyr, türkmençilikde hem halanýan zat däldir. Ynsap ynsany bezeýän zatdyr. Garpyzlar sebäpli, gadyrly myhmanlaryň ýanynda gelşiksiz hala düşdük - diýip, sakgalsapy eňegine çenli uzap gidýän ýigide arzymy aýtdym.
- Ýaşuly, bazarda harydyňy tiz we ynjytmany satjak bolsaň, ony öwüp, arşa çykarmaly. Söwdanyň esasy düzgüni şeýle bolýar. “Garry we arryk goýunyň, süňklek etini satýaryn, isleg bildiren gelibermeli!” diýip, ýören gassaba duşup görüpmidiň, asla duşmarsyň!” Harydymy mazamlamadyk, waspyny ýetirmedik bolsam, belki, siz hem ony satyn almardyňyz, şeýle dälmi?! - diýip, mönsüräp, bizi ähli işde etmişli hasap etmäge çalyşýar, özünde birjikde müýn bardyr öýdenok.
Ýakasyndan ebşitläp tutup, gaýta-gaýta silterläsim geldi. Beýle etsem, bu işiň günäkäri men boljak. Dişlerimi gaýrat bilen mäkäm gysdym. Damarlarymda joş urýan gaharyma döz gelip, bazardan tiz çykanymyz hernä gowy bolaýdy, bolmasa...
Şahymerdan SARY OGLY.
Jemgyýetçilik tankydy