ÝOGSAM
Kalbyma şeýle bir ýara salypsyň,
Peýdasy ýok indi näçe aýtsaňam,
Ahmyrly, dünýäniň toryndan çykyp
Parhy ýokdur, indi yza gaýtsaňam.
Tyg düşen kalbymda saňa orun ýok,
Yşkyň derýasyna gaýyksyz atdyň,
Seni söýüp, seni apalap ýörkäm,
Duýgymyň gapysyn ümsümje ýapdyň.
Arzuwlarym aýagyma çolaşyp,
Umytlarym seni menden sorady,
Ýel öwsende uçup giden duýgulam,
Nägilelik bilen gazap daragy.
Gark boldum söýginiň düýpsüz deňzinde,
Söýgimden tolkunlar asmana galsa,
Maňa çyn söýgiňi rowa görmediň,
Özgeden kemem-ä söýmändim ýogsa.
Gurbanmämmet MEREDOW.
Goşgular