14:57 Ýowuz ýalňyşlyk / hekaýa | |
ÝOWUZ ÝALŇYŞLYK
Detektiw proza
Mister Uolter Bakster eýýäm köp ýyllar bäri detektiw romanlary okamak bilen gyzyklanýardy. Şol sebäplem, ol, öz daýysynyň ýoguna ýanmagy ýüregine düwende, dynnym ýalyjagam hata goýbermezlik üçin näme etmelidigini takyk bilýärdi. Ol jenaýatçylykly wakalar bilen uzak dowam edip gelýän tanyşlygyndan, ganhorlugy amala aşyrmagyň iň gowy usulynyň, ony mümkin boldugyndan ýöntemleşdirmekdigi hakynda netije çykardy. Munuň üçin doly we aňk ediji sada usul zerurdy. Hiç hili ýasama alibi gerek däl, çünki onuň nirede bolsa bir ýerde inkär edilmeginiň howpy hemişe bar. Hiç bir ýagdaýda, “ganhorlugyň usulyny”, ýagny “modus operandini” çylşyrymlaşdyrmaly däl. Galp subutnamalary polisiýanyň garamagyna oklamak bolsa, düýbünden bolmaýar. Ýogsa-da, edil çürt-kesik beýem diýmeli däl, birje subutnamany ýasasaňam bolman durmaz, ýöne iň bir biderejigini, halys ýönekeýjesini. Wakany adaty öý ogurlygy ýaly edip görkezmeli, şonluk bilenem ähli nagt puly alyp gaýtmaly. Şonda ganhorluk şol lenji çykan jenaýatyň netijesinde ýüze çykan ýaly bolup görner. Tersine bolan ýagdaýynda bolsa, daýysynyň ýeke-täk mirasdary bolan ol, bada-bat birinji nobatdaky gümanlanýan diýlip hasap ediler. Ol çaklaňja külüňçäni edinende hiç hili howul-haralyga ýol bermedi. Özem bu hereketini, onuň täze eýesini anyklamaga mümkinçilik bolmaz ýaly amala aşyrdy. Külüňçänem ol, şol bir wagtda ogurlygaňam, ganhorlugyňam ýaragy hökmünde ulanmak maksady bilen edindi. Ol sähelçe säwligiňem özi üçin hatarlydygyna doly düşünýändigi sebäpli, etmekçi bolýan işiniň jinnek ýalyjak ownuk-uşaklyklaryna çenli ölçerip-dökdi. Ahyrynda-da ol özüniň hemme zady ýüz göterim göz öňünde tutandygyna ynanýardy. Şonuň üçinem, ägirt uly seresaplylyk bilen ol, işi gaýyrjak gijesini hem sagadyny saýlady. Külüňçe penjiräni aňsatlyk bilen sessiz döwmäge ýardam berip, öz niýetlenen işini aňrybaşy berjaý etdi. Ol myhman otagyna gadam basdy. Ýatylýan otagyň gapysy açykdy, ýöne daş-töweregiň rahatlyk bilen dem alýandygy sebäpli, ol ilki, işiň öý ogurlygyna degişli bölegini birýüzli etmegi müwessa bildi. Ol daýysynyň nirede nagt puluny saklaýandygyny örän ajaýyp bilýärdi, ýöne şonda-da, ol ogrynyň şol ýeri juda uzak wagtlap agtarandygyny çaklamaga mümkinçilik berer ýaly hereketleri etmek isledi. Aýyň ýagtysy iňňän ýitidi, ol bolsa öýüň içini örän oňat saýgaryp, ynamly we asuda işleýärdi. ***** Şondan iki sagat soň ol öýüne dolanyp geldi, bahym eşigini çykaryp, düşegine geçdi. Elbetde, polisiýa onuň eden ogurlygyny ertirden ir ýüze çykarmaly däldi, ýöne, olar şondan ir gelen ýagdaýlarynda-da, onuň bahanasy taýyndy. Ol alan pulundan hem-de külüňçeden dynypdy. Elbetde, ol özüniň ogurlan, şol bank banknotlaryndaky birnäçe sany ýüz dollaryny juda ýüregi sanjyp ýok edipdi, ýöne onuň pugta ynanjyna görä, ätiýaçlyk çäresi hökmünde muny şeýtmek barypýatan hökmanylykdy. Galyberse-de, gözgyny birnäçe ýüz dollar, daýysynyň mirasynyň iň azyndan bahasy bolan elli müňi bilen deňeşdireniňde, hiç zatdy. Gapyny kakdylar. Eýýämmi? Ol özüni parahat alyp barmaga mejbur edip, işigi açmaga ugrady. Gapyny açandan, ony bir gyra itip içerik şerif we onuň orunbasary eýemseklik bilen girdiler: -Uolter Bakster? Ine sizi tussag etmäge idin (order). Geýniň-de, yzymyza düşüň. -Siz näme meni tussag edýärsiňizmi? Ýöne näme üçin? -Döwüp ogurlyk etmek. Daýyňyz sizi gözi bilen görüpdir we ýüzüňizden tanapdyr. Ol siz ogurlyk edýärkäňiz ýatylýan otagyň bosagasynda ümsüm durupdyr we siz öýi terk eden badyňyza polisiýa bölümine gelip, kasamyň astynda ähli zat barada görkezme berdi. Uolter Baksteriň äňi aşak sallandy. Diýmek, ol, ähli gören çärelerine garamazdan, nirede bolsa ýalňyş goýberipdir-dä. Hawa, hiç hili şübhe ýok, ol jenaýaty kämil oýlap tapdy. Ýöne, ogurlyga şeýlebir gyzygdy welin, ganhorlugy düýpgöter ýadyndan çykaraýdy. ©Frederik Wilýam Braun | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||