15:54 Jogap / hekaýa | |
JOGAP
Mistika we fantastika
Dwar Ew iň soňky sepi altyn bilen dabaraly berçinledi. On iki sany telekamera onuň her bir hereketini sypdyrman yzarlaýardy. Göni ýaýlymdaky görkeziliş bütin Äleme ýaýraýar. Ol dikeldi-de, Dwar Reýne baş atdy, soňam ýene-de sähel salymdan aragatnaşyk zynjyryny birikdirjek işlediji gaňyrçagyň ýanyna geçdi. Bir wagtyň özünde togsan alty million dünýäni – ähli ýaşalýan saýýaralaryň hasaplaýyş enjamlaryny bir bütewi başulgama – hemme galaktikalaryň paýhasyny özünde jemleýän ýeke-täk kibernetiki enjama birikdirýän gaňyrçagyň ýanyna... Dwar Reýn özüni synlaýan we diňleýän trillionlarça ýaşaýjylara ýüzlenip, söz sözledi. Soňra ol az-kem dymyp durdy-da, seslendi: -Wag boldy, Dwar Ew! Dwar Ew gaňyrçagy gaýtardy. Dessine kuwwatly güwwüldi eşidilip, togsan alty million saýýaralaryň hemmesine energiýa akyp ugrady. Tükeniksiz uzyn dolandyryş enjamynyň ýüzünde dürli reňkli ýylpyldylar gyrpmaga başlady. Dwar Ew tesdi-de, uludan dem aldy. -Birinji sowaly bermek hormaty siziňki, Dwar Reýn! -Minnetdar,-diýip Dwar Reýn dillendi:-Bu sorag, mundan öň hiç bir kibernetiki enjamyň jogap berip bilmedik soragy bolar. Ol dolandyryş enjamyna öwrüldi: -Hudaý barmy? Şol pille-de, kuwwaty on iki süňňüňi saňňyldydan doldurýan owaz, jinnek ýalam säginmesiz ýaňlandy: -Hawa. INDI Hudaý bar!!! Oslagsyz wehim Dwar Ewiň ýüzüni eňşitdi. Ol gaňyrçaga tarap topuldy. Şol pursadam bulutsyz, tämiz asmandan inen ýyldyrym ony duran ýerinde ýakyp-ýandyrdy-da, gaňyrçagam hemişelik eredip, berçinledi... ©Frederik Braun | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||