21:35 Ýowuz ýyllaryñ pidalary | |
TARYHY HAKYKAT: Ýowuz ýyllaryñ pidalary
Taryhy makalalar
BOLŞEWIK BELASY hem-de oña duçar bolan ahunlar SSSR atly "gyzyl aždarha" geçen asyryñ başlarynda türkmeniñ däp-dessuryna, edim-gylymyna, din-imanyna talañ salyp, halky agzyna garadyp bilýän men-men diýen saýlantgy ogullaryny, talantly ýazyjy-şahyrlaryny, sahawatly baýlaryny, ahun-mollalaryny gyrgyna berdi. Olaryñ şu günki nesilleri bolan biz we gelejekki nesiller, şol ýowuz ýyllarda türkmeniñ azatlygy, erkinligi ugrunda göreşip janyny pida eden ata-babalarymyzyñ hatyrasyny belent tutmalydyrys we olaryñ atlaryny halkymyzyñ hakydasynda müdimilik ýaşatmalydyrys. Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolup, hemişelik Bitaraplyk bilen mizemezligini kepillendiren Türkmenistan Watanymyzda sowet zulmatyndan halas bolandan soñky buýsançly zamanamyzda öz röwşen ýoluny tapan taryhy hakykatlary bilmäge biziñ hemmämiz deñ derejede borçludyrys. "Edebiýat we Sungat", 1999 ý. ◆ ◆ ◆ Türkmeniñ geçmişine nazar aýlanyñda, ruhubelent, ýanbermez halkymyzyñ nijeme külpetleri başdan geçirendigine göz ýetirýärsiñ. Il-günümiziñ bereketli topragyna göz gyzdyran hökümdarlar, patyşalar, han-begler köp bolupdyr. Kir, Dariý, Aleksandr Makedonskiý, Çingiz han, Teýmirleñ, Skobelew ýaly basybalyjylaryñ atlarynyñ toýnaklarynyñ astyndan çykan tozanlar türkmen topragynda asmana göterilipdir. Türkmen şonda-da ýaga döş geripdir. Ata Watanyny, ene topragyny, din-ygtykatyny, däp-dessurlaryny gorapdyr. ▶ BOLŞEWIK HOWPY ~ MUSALLAT - TOWKY Pelegiñ başa salan ýowuz günlerinde bolşewik atly elleri otly, rehimsiz, haýbatly hudaýsyzlar ýurda eýe boldy. 1924-nji ýyldan soñ ahun-mollalar, işandyr pirler janlaryna jaý tapman başladylar. Bolşewikler adynyñ gapdalyna baý ady goşulanlary, olaryñ dogan-garyndaşlaryny, çem gelen molladyr ahunlary, işandyr hojalary, pirdir sopulary bir ýandan jezalandyrmaga, gyrmaga başladylar. Ata-enesine garşy duran, enelerini depgilän, bezzat, kezzap, ýalançy, ganojak, gabanýan doñuz ýaly, şeýle hem öñünden çykanyñ kellesini kesip bilýän, adam asmakdan, basmakdan gaýtmaýan, metjit-medresäni ýykmagy başarýan adamlaryñ bolşewikler bolandygyny ýatlamak gerek. Bolşewikler tutan adamlaryna rehimsiz darapdyrlar. Ýokary jeza bermezden öñ öz gabyrlaryny özlerine gazdyrypdyrlar. Olar öwlüýäleri düzlemekden, atylan adamlary çukura atyp, it gömen ýaly etmekdenem gaýtmandyrlar. Gynandyrýan ýeri, şol döwürde adamlaryñ birentegi bolşewikleriñ ýalan gürrüñine ynanypdyr. Olar hatda ekläp-saklanlaryñ hem ýüzüne hem gelipdirler, bolşewigiñ edenine däl diýenini atdyrypdyrlar. Bolşewikler käte birine jeza berjek bolsa, ony ýörite jaýa eltipdirler. Gapynyñ metr ýarym çemesi ýokarsyndan sapançanyñ agzy sygar ýaly deşijek edipdirler, şol deşigiñ añyrsynda adamy dikligini durzup, beýle tarapyndan ony atypdyrlar. Şondan soñ sapançanyñ sesi bilen bilelikde, başga-da bir ses, güpürdi eşidilipdir. Wessalam, iş tamam. Şondan soñ jeset guýa gaçypdyr. Guýy atylan adamlardan dolansoñ, meýitleriñ üstlerinw nebit ýa-da benzin guýup, olary otlap goýberipdirler. Munuñ şeýledigini gözleri bilen gören adamlar häzirem bar. Gepiñ gerdişinde, aslynda yslam dininiñ, oña gulluk eden pirlerdir ahunlaryñ, mollalaryñ we bu ugra berlen beýleki adamlaryñ jemgyýete edep-terbiýe bermekde, öwüt-ündewleri wagtz etmekde bahasyna ýetip bolmajak uçursyz iş edendiklerini bellemek gerek. Şol adamlar Gurhanyñ mukaddes kitapdygyny, arassa ahlagyñ, halallygyñ, watansöýüjiligiñ manysyny halka düşündiripdirler, wagyz edipdirler. Biz Allanyñ syýasatyny ýöredýän adama Peýgamber ýa-da Pygamber diýilýändigini şolardan öwrenmedikmi näme?! "Peýgam" we "ber" sözleriniñ pars dilinden gelip çykandygyny şolar bize düşündiripdi ahyryn. "Peýgam" diýen sözüñ "iberilen zat", "ber" diýilmeginuñ hem "bermeklik", "ýetişdirmeklik" diýen düşünjeleri añladýandygyna şolaryñ kömegi bilen göz ýetiripdik. "Ahund" diýen pars sözi hem "alym" diýen sözi añladýar. Meýletin okap, ahun bolanlara Allatagala ýardam beripdir. Halkyñ sylan adamlary bolan ahunlar obalarda medreseler saldyrypdyrlar, çagalary okadyp, hatly-sowatly edipdirler. Olar yslamy wagyz etmek bilen Allanyñ razyçylygy, Watanyñ, adamlaryñ hem iki dünýäsiniñ abatlygy üçin uly işler alyp barypdyrlar. Haýp, pelegiñ çarhynyñ ters aýlanýan zamanasynda şeýle ahunlaryñ birentegi atyldy, telimsi sürgün edildi, birtopary dereksiz ýitdi. Halkyñ arasynda gezenleri hem mydama gorky-ürküde boldy. Aşgabatdan Rejep ahun, Muhammetmyrat ahun, Mämmetşerip ahun, Bäherdenden Gurbandurdy ahun, Azal ahun, Durdymämmet ahun, Annameret ahun, Mäneden Seýit ahun, Kakadan Tahyr ahun, Sapar ahun, Sarahsdan Berkeli ahun we beýlekiler bolşewikleriñ pidasy boldular. Gürrüñimiziñ şu ýerinde il-günüñ söýgüsini gazanan takwa, mydama ýatlanjak ahunlaryñ ýene-de üçüsi barada birneme giñişleýin durup geçmegi müwessa bildik. ▶ ŞADY AHUN Şady Gökdepe etrabyndaky Gorjaw diýen ýere goñşulykdaky Babarap obasynda dünýä inýär. Ol çagalygyndan ylma höwesek bolupdyr, oba mollasynda okan wagty özgelerden tapawutlanypdyr. Her günki geçilen sapagy ertesi ahunyñ alnynda ýatdan aýtmaly eken, şonda Şady özüni üýtgeşik zehinliligi bilen tanadypdyr, öýlerinde-de onuñ ýakyn ýoldaşy kitap bolupdyr. Ol okajak bolup kitaby eline almazdan ozal, oña mähir bilen garapdyr. Şady kitaby täretsiz ellemändir. Onuñ mollalar bilen gatnaşygy gowy bolupdyr. Mollada okaýan oglanlar käte bilmedik zatlaryny Şadydan sorapdyrlar. Giñ göwünli Şady deñ-duşlary degşip bir zat diýse-de, ýylgyryp gidiberer eken. Käbir mollalar käte öz ýanyndakylara lakam dakypdyrlar, ýiti zehini bolmadyklara "kem neşe" diýipdirler, "kem neşeleriñ" hüjreden çykanyny asla görenler bolmandyr, olar hiç zada goşulmandyrlar. Eñeginde arasy üç barmak ýerden çykan dört sanyjak gyljagazy bolanlara "Çitir sakal" diýipdirler. Şular ýaly lakamlary almagy ýa-da birine at dakmagy halamadyk Şady örän saýhally adam bolupdyr. Şady ahun mydama halk bilen bolupdyr, ol iliñ begenjine tüýs ýürekden begenipdir, gynanjyna gyýlypdyr. Bolşewik belasy ylymdan ýüki ýetik Şady ahundan hem sowa geçmändir. Süteme çydamadyk ahun özüne gaçybatalga gözläpdir. Ol "Ýedi ölçäp, bir kesip" maşgalasy bilen Eýrana geçmekligi maksat edinýär. Ol sag-aman Eýrana geçipdir. Emma ýat ýere barany bilen hem oña arkaýyn gezmek miýesser etmändir. Sebäbi bolşewikler şeýle adamlary Eýrana gitseler-de ogurladyp getiripdirler (Orazmämmet Wafaýewi halta salyp getirişleri ýaly - t.b.). Bärik gelenlerinden soñam nämäniñ näme boljakdygy öz-özünden düşnükli. Getirensoñlar özlerine howply adam bolsa-ha näme, onuñ işi añsat, hälki guýyñ başyna barybermeli. "Günäkäriñ" işi ýeñil-ýelpaý bolsa-da, Sibirde gözüñ açylmaly. Eger oña razy bolmasañ, özüñe garaşyp duran gabra barybermelidir. Şady ahun hem ogurlanmaly adamlaryñ biridi. Ýöne ol jaýyñ içinden özüne gizlenmek üçin ýer edýär. Ol üstünden barlaýsa, daşaryk çykyp gaçmak üçin hem oñaýly şert döredýär. Herhal, Şady ahun ele düşmedi, başbitin, çagalarynyñ arasynda Eýranyñ bir obasynda dünýäden gaýtdy. ▶ ŞABASAN AHUN Şabasan ýaş wagty Tejen aýagyndaky gumlarda dogany bilen atalarynyñ goýunlaryny bakar eken. Munuñ daşyndn hakyny töläp, olaryñ sürüsine mallaryny goşan hem bolupdyr. Bir gün Şabasan sonarlap ýören süriniñ yzyndan gitse, ýolda ak selleli birki sany adam onuñ goýunlaryny bakyp ýören eken. Şabasan olar bilen gadyrly salamlaşýar. Soñra sorag-sowala ýol bermän, olaryñ biri Şabasana ýüzlenýär: - Oglum Şabasan, sen mally baý boljakmy ýa-da alym boljakmy? - diýýär. Şabasan: - Men alym boljak - diýýär. Onuñ jogabyny eşiden ýaşulular "Omyyn!" diýşip gözden ýitýärler. Şondan soñ Şabasana çöl haram bolýar. Ol goşuna gelip, ýürek gysmasyna çäre tapmaýar, ikibaka gezmeläp başlaýar, obadan doganynyñ gelerine howlugýar, depelere, gum gerişlerine çykyp, häli-şindi oba tarap seredipdir. Gepiñ gysgasy, dogany gelýär. Şabasan goýunlary doganyna tabşyryp oba gaýdýar. Gele-gelmäne kakasyna razy bolsa, okuwa gitjekdigini aýdýar. Kakasy şobada: - Oglum, okajak bolsañ, saña ýol bereris. Bir demem saklamarys, haçan giderin diýseñ ýoluñ açyk. Seni belet adamlara goşup, Buhara diýseñem, Hywa diýseñem ugradarys - diýip, oglunyñ göwnüni göterýär. - Men Töre ahunyñka gitjek - diýip, ol kakasyndan müñde bir razy bolup, sözüniñ üstüni ýetirýär. Şeýlelik bilen ol Töre ahundan tälim alýar. Onuñ Tejen aýaklarynda üç ýerdw medresesi bar. Babadaýhana ýetmänkäñ, ozalky "Hasyl" atly kolhozyñ bagynyñ gündogarynda, Tejen derýasynyñ günbatar kenarynda medresesiniñ ýeri, gumy kiçijik depeleri emele getirip dur. Men şol ýer ýitmesin diýip, ornunda 1990-njy ýylda hüjre saldyrdym. Bolşewigiñ gylyjyndan gan damýan döwründe Şabasan ahun Owgana aşmakçy bolýar. Ahunyñ maşgalasy hem-de olaryñ ýanyndakylar mallaryny sürüp, Sarahsyñ "Agarçeşme" diýen ýerinden günortarak ýerleşen "Duzoýuñ" ýeñsesi bilen Owgana geçmekçi bolýarlar. Olary araçäl sakçylary, ýokarlaryndan uçarlar bilen garşy alýarlar. Ot açyşlyk başlanýar. Olary ýer bilen ýegsan edýärler. Ahun aga şol ýerde şehit bolýar. ▶ ILLI AHUN Türkmenleriñ arasynda sowady ýetik adam hasaplananlaryñ biri hem Illi ahundyr. Ol 1931-nji ýylda Gazanjykda ähli çarwalara baş bolup, bolşewiklere garşy baş göteripdir. Ol bolşewikleriñ dişlerine çenli ýaraglanan jellatlaryndan heder etmändi. ...Ahun aga "Ataguýa" baryp, töwerekdäki çarwalary ýygnapdyr, olar bilen maslahat geçiripdir, ol Tejen aýaklarynda, Darganata çöllüklerinde bolşewiklere garşy söweş alyp barypdyr. Ýowuz günde ahuna syrdaş bolan aty Düldüli küýsetmändir. At janawer Muhammet pygamberiñ ak eşegi ýaly juda düşbi bolupdyr. Aýdyşlaryna görä, ahun aganyñ bir belli gylyjy-da bolupdyr. Gylyjyñ ýüzünde "Şu gylyjy gynyndan çykaryp duşmana salamda kesmese, meniñ aýalym talak bolsun. Eger-de şu gylyjy gynyndan çykaryp duşmana salmadygyñ-da, aýaly talak bolsun" diýlen ýazgy bar eken. 1931-nji ýylyñ sentýabr aýynda "Alynyñ ala meýdanynda" Illi ahunyñ adamlary dişine çenli ýaraglanan gyzyl polkuñ garşysyna agyr söweş alyp barypdyrlar. Polkuñ hatarynda bolşewiklerden aldanan özbek, türkmen, ors esgerleri hem bardy. Şol ýerde Illi ahunyñ adamlary agyr ýitgä sezewar bolýarlar. Başgaça aýdanyñda, olar ýeñilipdir. Çyryşly guýusynda bolan agyr söweşlerde Illi ahun ele düşýär. Bolşewikler ahun aganyñ ýoldaşlaryna ýaraglaryny taşlamaklaryny hem-de meýletinlik bilen boýun egmeklerini talap edýärler. Emma ahun aganyñ wepaly adamlary diri ele düşenlerinden ölenlerini gowy görüpdirler. Bolşewikler ahun agany gynap başlapdyrlar. Näçe gynasalar hem ahun olara boýun bolmandyr. Teý bolmajagyna gözleri ýetensoñ, bolşewikler Illi ahuny jezalandyryp öldüripdirler. Ol ene topragyna, din-ygtykadyna baky wepaly bolup galdy. Bolşewikleriñ zulum-sütemi onuñ şu günki erkinlige bolan ruhy ynamyny syndyryp bilmedi. Hoja Ahmet ahun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||