15:57 Ynsan ruhundan habar | |
YNSAN RUHUNDAN HABAR
Psihologiýa
Men, Belent Tañrynyñ bereketli dergähinden daşlanyp kowlan Şeýtanyñ şerinden gaçyp, Allatagala sygynýaryn. Belent Tañrynyñ çäksiz Mähriban (we) möçbersiz ady bilen, başlaýaryn men bu işi. Ruh hakda Gurhanyñ SEÝIR süresinde, şeýle-de Töwratda, Injilde we beýleki asmany kitaplarda aýdylýar. Ruh ~ geljegi bar zatdyr. Özi hem Allanyñ emri bilen peýda bolandyr. Allanyñ ýaradan zatlary iki bölege bölünýär. Biri ~ maddasyz zatlar. Ikinjisi ~ maddasy bar zatlar. Ruhuñ hilleri iki zeýilli bolýar. Olaryñ biri RUHUL-SOLTANY, ikinjisine RUHUL-HAÝWANY diýilýär. Ruh adamynyñ bedeninden aýrylyp hem ýene gelip bilýär. Adamynyñ jany ruhul-haýwana girmeýär. Ýaman işi edýän jan ondan ruhuñ razylygyna ýa närazylygyna garamazdan, bir işi edýär. Janyñ şol eden ýaman işiniñ soñunyñ oýlanyşygy bolmaly. Soñuny garaman edilen iş, iş eden bedeni demir syhyñ ujuna mündürýär. Hemişeki wagtlar jeza agyr bolanda, günäkäri demir naýzanyñ üstünde oturdar ekenler. Naýza dürtülen adam naýzanyñ üstünde tizden sakyrdamaga başlaýar. Ol sakyrdap oturşyna-da ölýär. Soñuny saýylmadyk işleriñ ahyry şeýle gutarýar. Jezanyñ çekilişi iki hilidir. Biri bedeni, ýagny, eýesi dirikä çekýär. Şonda adam özüniñ dünýä bolan garaýşyny ýitirýär. Onun haly peselýär. Gamgynlyk dumany serine urýar. Gijeler jan eýesi ýatanda, ruh gezelenje çyksa, abat ýerde görünmeýär. Ýa-ha suwa gark bolup barýar, ýa-da batga batýar. Şeýlelikde, ruh bilen jan gamgynlygy paýlaşýar. Ruh ýok bolup gitmeýär. Beden harap bolsa-da, ruh haraplykdan amandyr. Diñe bedene bolan täsiri tamamlanýar. Ruhuñ jaýy adamyñ ýüregidir. Ýürek bolsa adamyñ eýesidir. Ruh heýkelden çyksa, sakçy perişdeler ony yzyna goýbermeseler adam wepat bolýar. Bu ýagdaý diñe perişdeleriñ RUHY saklamagy bile amala aşanok. Şertleri bar. Her bir adamyn adyna ýazgy bar. Onda kimiñ haçan dünýeden gaýtmalydygy beýan edilýär. Adam nesibesine görä öljek bolsa, onuñ ýapragy saralyp başlaýar. Saralyp ýetjek derejesine ýetende, ýaprak sapagyndan tänýär. Ýere gaçn badyna-da adam wepat bolýar. Adamyñ akly, jany we ýüregi üçüsi onuñ pyglynyñ başlanýan ýeridir. YLHAM diýen täsirli, göze görünmeýän PYGYL hem bar. Işiñ adama başartmadyk ýerinde, bir adamy ölümden gutarmaly ýerinde, adamyñ öz akly, jany we kalby hemişe ýagdaýdan baş alyp çykmaýar. Ýyldyrym çaltlygynda atylan okdan sowulmaly ýerler bar. Şonda Tañrytagala bendesiniñ ýüregine ýetişiklilik pyglyny salýar. Musa keliýmiñ (a.s) kakasynyñ zamanasynda Pyrgun kapyryñ "MEN TAÑRYÑYZDYRYN!" diýip BENI-YSRAÝYLLARY Müsürde horlaýan wagtlary, palçylar pal atyp, münejimler gurra taşlap: "Seniñ şäheriñde bir oglan dünýä injek. Şol oglan ahyry seniñ başyñy iýjek?" diýýärler. Pyrgun kapyr hemme erkek göbeklini şäherden hol beýläk çykarýar. Özi hem şol ýerde. Netijede, ýetmiş müñ erkek oglanjygy öldürýär. Musanyñ kakasy Taaryh, Pyrgunyñ baş weziriniñ biri. Ol Pyrgunyñ ýanynda iñ bir ynamly adam. Pyrgun oña: "Sen o şähere baryp, pylan işi bitirip gel" diýýär. Taaryh Müsüre gelýär-de, işini bitirýär. Ýolugra: "Öýüme bir aýlanaýyn-la" diýip, aýalynyñ ýanyna barýar. Hal-ahwal soraşýar. Töwerek aýallary munuñ gelmegini gaty bir geñ zat hasaplap, daşyna ýygnanýarlar. Bolsa-da, ol bende ugur tapyp, aýalyna ýanaşýar. Musanyñ RUHY enesine geçýär. Musanyñ kakasy gaýdyp täze barlan şäherçä ýetýär. Bir günden bir gün Musa keliým (a.s) dünýä inýär. Gurrandazlar her gün ençe gezek gurra taşlaýarlar. Gymyldy bolsa añlaýarlar. Palçylar pal atýarlar. Täleýçiler täleý garap, hemmesi biragyzdan: "Seniñ soñuña çykjak oglan dünýä indi" diýýärler. Musanyñ enesi ogluny öýünden äkidip, bir gowaga salýar. Gijeler gidip emdirýär. Musa barmagyny sorýar, dem alýar. Emma barlag ýiti. Bu çaganyñ haýsy köçededigini bilýärler. Öýleri bir ýanyndan dökmäge başlaýarlar. Şonda Musanyñ ejesi näderini bilmän aljyranda, Allatagala onuñ ýüregine YLHAM salýar. Ene gyzy Merýem bilen Musany pagta dolap sandyga salýar, içine suw girmez ýaly edip, Nil derýasyna atýarlar. Merýem derýanyñ gyrasy biken sandygy yzarlaýar. Sandyk Pyrgunyñ köşgüne sowulýan kanal bilen akyp, Pyrgunyñ aýaly Asyýanyñ suw alýan ýerine barýar. Ahyrda Pyrgun ony ogullyga alýar. Dirilik, bu ~ göze görünmeýän zatlaryñ hataryndadyr. Ölüm hem şonuñ ýalydyr. Magtymguly atamyz "Ölmek hak, dirilmek hakdyr" diýmeýärmi näme?! Heýkeliñ diriligini owazy, hereketi, ylymy, islegi, sungaty esasynda bilip bolýar. Musulman dünýäsinde şeýle hekaýat bar. Ierusalimdäki Aksa metjidi salynýan wagty, şol zamana adamlaryñ şol metjidi Allatagalanyn islegine görä salmagy başarmandyrlar. Şonun üçin Hudaýtagala JYNLARY, DÖWLERI, PERILERI iş tartypdyr. Olaryñ patyşalaryny, aksakgallaryny Süleýman pygambere boýun edip, nökerlerini jemläp, metjitde işlemegi, her hili suratlar çekmegi, owadan nagyşlary salmagy we iñ agyry-da deñizleriñ aşagyndaky gymmatbaha daşlary tapmagy buýrupdyr. Jynlar toparyny kem-kemden pugta işledip başlaýarlar. Sebäbi Süleýman pygamberiñ öler wagty golaýlapdyr. Soñabaka jynlary halys ýatyrman işledýärler. Olar gyrylýar. Şol wagt metjit ýetişmänkä, Süleýman tamam bolýar. Muny jynlara duýdurman gizläp, ýerine agaçdan Süleýman ýasap, her gün ir bilen kabulhananyñ agzyndan görnüp geçilýän ýerde dikýärler. Jynlar ir bilen agaçdan Süleýmanyñ öñünden geçse, o ýerde ölüdigini Alla tarapyn añmandyrlar. Allatagala sary garynjalara: "Agaç Süleýmany iýin!" diýip, höküm edýär. Garynjalar sanlyja günde agaç pygamberi iýýärler. Allatagala şemala: "Ýa şemal, ýyk şol agaç pygamberi!" diýýär. Jynlar ir bilen salamlaşyp geçip durkalar, birden agaçdan Süleýman ommalyp gidýär. Muny gören jyn, döw, periler çar ýana dagap gidýärler. Diri zatda hökman owaz, hereket bolaýmaly. Bu nyşanlar bolmansoñ, agaçdan suraty çekilen Süleýman ýykylýar. Eger Heýkelde Ruh bolmasa, onda ynsanda garyşyk eserler, ýagny her hili üýtgeşik pygullar sadyr bolmaz. Ruh bedende bolanda, adamda diriligiñ nyşanlary peýda bolýar. Jemläp aýdylanda, ruh adamynyñ ikinji diriligidir. Ruhuñ bäş haly bardyr. Onuñ ýok wagty bu mesele hakda Allatagala şeýle diýipdir: "Ynsana wagtlardan bir wagt geldi, ol şol wagt palçyk bolup ýatyrdy". Ruhuñ ruhlar äleminde ýüze çykmagy. Ruhlar jesetlerden iki müñ ýyl owal ýaradylypdyr. Bu ýyl hasaby şol planetanyñ hasaby bilen her bir güni biziñ bir müñ ýylymyzdyr. Müñ ýyly güne aýlap, güni hem biziñ 1OOO ýylymyza zarg etmeli ~ öwürmeli. Şonda näçe million ýa milliard wagt-gün emele geler?... Ruhuñ bedene bolan baglanyşykly wagty. Allatagala aýdyldyr: "Men dem sürdüm (ÜFLEDIM) ruhuny, ynsanyñ palçykdan jesedine". Ruhuñ bedenden aýrylýan halaty hakda Allatagala aýdan: "Her bir jan eýesi, ölümni dadar". Ruhuñ jesede gaýtarylyp girizilmek halaty barada Allatagala aýdypdyr: "Biz owalky bolşy ýaly, ruhy bedene tizden gaýtararys". Ruhuñ haly bilen baglanyşykly ýene-de käbir zatlary aýdasymyz gelýär. Ruhuñ jesede bolan baglanyşygynyñ peýdasy - aýyby älemlerde we nazarýetiñ çäginde bolan zatlary akyl, göz we eşitmek ýaly esbaplar bilen kemalyýetli bilmekligi kesp etmek üçindir. Ruhuñ bedene ~ jesede girmeginiñ peýdasy ~ onuñ Allatagalanyñ sungatyny, tobany kabul edijiligini, YRSGAL berijiligini kime ýalkamak üçin, birnäçelerine ryswalyk üçindir. Kyýamatda-da dowzaha salmak üçin köp zat, uly orun... berýändir. Magtymguly "GARYP, SEN ÝYGLAMA ŞIR DEK BOLAR SEN" diýlen sözleri ýöne ýere aýdanok. Çünki, Muhammet aleýhissalam: "Garyplyk, soñy şatlykdyr. Bir adam garyp bolsa we şol garyplygyna şükür etse, şonda kyýamat güni ol garyp jenneti bolar. Eger-de iliñki bolup dur, biziñkä bolanok diýen ýaly samahylla başlasa, oña garyplykdan magşarda peýda ýok" diýen. Ruhuñ jesetden aýrylmagyndaky peýdasy ~ dirilikde, barlykda ruhun jeset bilen söhbetdeşliginde emele gelen nejis zatlardan ruhuñ arassalanmagyna peýda edýär. Görde jeset çüýreýär. Ähli halal-haram iýen-içen zatlary bedene siñende peýda bolan haramlyklar, hapalyklar ýok bolup gidýär. Ruh arassalyga çykýar. Ýöne weli, ruh jeset eränden soñ, rahatmyka beri? Eger jesediñ eýesi bolan adam arassa adamlardan bolsa, elbetde ruha ýetýän paý, jennetde, ýa käbeýhanada ýa obalarynyñ golaýyndaky öwlüýälerde uçup-gonup ýörmek miýesser edýär. Emma jesediñ eýesi haramhor bolsa, elbetde, ruha dynçlyk ýok. Bu HALAL bolmalydygyny añladýar. Alla, bendä bolan bergiñi tiz üzmeli. Şonda saña saýaly baglar garaşýar. Eger-de zandyýamanlyk etseñ, onda saña GÜNÄDEN ýasalan daglar garaşýar. Ruhuñ älemler dünýäsi. Allatagala ruhy älemleri ON SEKIZ müñ edip ýaratdy diýilýär. Muña garamazdan, Hudaýtagala älemleri san taýdan gysgaldyp, ikä bölüpdir. Olar haýsylar? Birinjisi ~ EMR-ÄLEMI. Ikinjisi ~ HAL-ÄLEMI. "Emr" sözi arap sözlerinden bolup, biziñ hakyky ene dilimiz ýaly ulanylyp başlapdyr. "Halk" we "Emr" diýen şerapatly sözler iki kysymdan ybarat bolup, biri ÄLEMÜL-EMR, beýlekisi-de ÄLEMÜL-HALKDYR. ▶ ÄLEMÜL-EMR NÄME? Älemül-emr hem iki kysyma bölünýär: Biri ASLY, MADDASY bolmadyk zatlar. Ikinjisi asly nämedir bir maddadan alnan zatlar. Ikisi hem Allatagalanyñ "KÜN!" ("BOL"!) diýen emri bilen dörän zatlar. Allatagala owwalyýat-ululyklara "KÜN!" diýipdir. Olar bolupdyrlar. "OW ALYÝAT diýen sözünden gelip çykýan many ~ IÑ ILKI ÝARADYLAN ZATLAR" diýmekdir. Şol iñ ilki, ýagny, owal ýaradylan zatlaryñ alnan maddasy ýok. "Ululyklar" diýeni, maddasyz dörän jisimlerdir. Olar ~ RUHDAN, AKYLDAN, GALAMDAN (Allanyñ galamyndan), LOWUHDAN (ykbal depderinden), ARŞDAN, KÜRSDEN, JENNETDEN, DOWZAHDAN ybaratdyr. Bu uly jisimler, hemişelik ýaradylan. Hiç wagt ýok bolup gitmeýärler. RUHA PERIŞDELER hem girýändir. "Eý Muhammet (s.a.w), men seni (seniñ ruhun aslyny ~ ilki nury, ondan jöwheri) ilki ýaratdym. Senden, aslyñdan hiç zat ýokdy. Janly zatlardan ilki ýaradylan zat - ruhdur" Emma muña garamazdan, akyl ilki ýaradylan diýilýär. Bu sözi-de arka atyp, käbir ýetişen alymlar, GALAM-dyr diýipdirler. Bu üçüsiniñ öz ýorgudy bar. Ruhuñ ilki ýaradylanyna şaýatlyk ~ ruh ähli janly zatlarda owal ýaradylan. Galam, jansyz zatlarda owal ýaradylan. Akyl janly zatlarda mesgen tutan. AKYL ilki ýaradylan diýlip, üç ýorgudy bir ýere getirilýär. Sebäbi-de bu üç sözi owal Tañry-Tebärek aýdan. Onsoñ üçden birini-de ýalana çykaryp bolanok. Dünýä giñişligini Alladan özge akly bar zatlar kesgitläp bilmediler. Dünýä giñişliginde bar zatlary, görünsin ýa görünmesin, owal-a Kuranyñ, Töwratyñ, Injiliñ we Zeburyñ we 114 kitabyñ üsti bilen bilinýär. Şeýle bolsa-da, kitaba ten bermeýän jisimler hem bar. Hudaýa ynanmaýan peläketler ol jisimlerden, akyl ýetirmek usuly bilen dünýäni kesgitläpdirler. Dogry, akyl ýetirmek diýlen zat, Alladan ýüz döndermek däl ahyry. Musulman alymlary Muhammet Horezmi, Mürze Ulugbek ýaly, Abu Reýhan Biruny ýaly adamlar uly açyşlary edipdirler. Italiýadaky Jordano Bruno ýaly, Marks, Engels, Lenin, Stalin ýaly hudaýsyzlara pähim nazarlarymy uzadýaryn. Olar dünýäni bäş zadyñ ýardamy bilen kesgitläpdirler. Hawa, şol bäş zat: - eşitmek; - ys almak; - tagam bilmek; - ten duýgulary; - görmek. Bu bäş esbap bolmasa, ýa olardan biri, ikisi kem bolsa, adam hakyky alym bolup bilmeýär. Adam çagalary şu bäş zadyñ ýardamy bilen dünýä akyl ýetirmegiñ esaplaryny ~ gurallaryny döredenler. Häzirki zaman MÜNEJJIM ylmyndaky birnäçe gurallaryñ gözbaşy şolardyr. Allatagala AKYL bilen asmanlara aralaşarsyñyz diýip, Kuranda Rahman süresinde aýdypdyr. Allatagala: "Siz, eý adam ogullary we gyzlary ýeriñ, asmana degişli her künjeklerine bararsyñyz" diýipdir. Onsoñ gep tamam bolýar ahyry. ▶ ÄLEMÜL-AHYRET NÄME? Ähli janly zatlaryñ jemyglaşyk güni. AHYRET günüdir. Janly zadyñ ahyry, soñy gelýär. "Kyýamat" nämedir? Allatagalanyñ "TURUÑ!" diýen hökmi bilen hemme janly-jandaryñ jesedi direlýär. Jan tene girýär. RUH jesede girýär. Hemmeler TURÝARLAR. ŞOL TURUŞLYGA "K Y Ý A M" ýa-da " K Y Ý A M A T" diýilýär. Adam bir zady almak islese onuñ eli derrew uzap başlaýar. El, barmaklar eýesiniñ islänini edip başlaýar. Kim ony herekete getirýän zat? Elbetde, bir güýç bar. Ol ~ belli zat. Şol bir zada uzan eli özüñ uzadandyryn diýme?! Gowy pikir ber-de uzat, aýyr! Özüñ uzadanyñda el uzaýan bolsa, keselli, doñan eli uzat-da hany. Ol näme uzanok-la? Sebäbi, ony saklaýan zat ~ güýç bar. Ol güýje Allatagala diýilýär. ▶ ÄLEMÜL-HALK NÄME? Allatagalanyñ bir zady, başga bir zatdan alyp ýaratmagyna ÄLEMÜL-HALK diýilýär. HALK ~ MAHLUK diýmekdir. Mahluk diýmek bolsa ÝARADYLAN, DÖREDILEN zatlar diýmekdir. Adamzat hem şol mahluk diýlen zada girýär. Käbir adam birine göwni ýetmese: "Ol-a bie mahluk ekeni" diýýär. Hamana diýersiñ, mahluk diýilýän zat, başga bir erbet zady añladýan ýaly duýguda düşünýär. Beýle däl. Älemül-halk ýa älemül-dünýä diýlen tagbir asmany kitaplardan başga-da ylmy ýollaryñ üsti bilen kesgitlenýär. Dünýä giñişligine we ondaky janly, jansyz zatlara akyl ýetirilende, adamzatdan başga bir görünmeýän, gizlin, güýçli zadyñ barlygyny akyl eýeleri bireýýäm kesgitlediler. Dünýä gurulup alymlar dünýäniñ maddasyny, gurluşyny, binasyny... anykladylar. Ýer togalak diýlende, birwagtky adamlar ölşüpdirler. "Ýer aýlanýar" diýeni oda atypdyrlar. Ony kapyr diýip yglan edipdirler. Şol wagtlar hem Injil bar. Töwrat bar. Ol kitaplara düşünen, manysyny doly bilýän kän bolan. Emma ol adygan inhjilhonlaryñ, töwrathonlaryñ eden we etdiren işlerini synlanyñda weli, olaryñ şol kitaplary çuññur bilmändikleri ýüze çykýar. Günüñ, Aýyñ we Ýeriñ hereketiniñ barlygyny, olaryñ tizlik mukdarlaryny, Aýyñ, Günüñ tutuljak wagtlaryny kesgitlän adamlar butparaz, otparaz adamlaryñ gazabyna giriftat bolupdyrlar. Emma musulman ýa butparaz, parhy ýok, olar hakykaty subut edup, ýitmejek yzlary goýup gidipdirler. Hristianlardan Gegel ýaly Allatagala bardyr diýen adamlar hakykatyñ eýeleridir. Şol sanda olardan has añyrda asly türkmen bolan, ÝAWAA-nyñ neslinden EFLAATUN (Platon) ýaly adamlar Allany tassyk edipdirler.(türkmen? - t.b.) Eflatun, dil baradaky meselede: "Dil Hudaý tarapyndyr" diýipdir. Emma ony masgaralanlar hem az bolmandyr. Biz size dini nukdaý nazary bilen ynsan ruhundan habar berdik. Türkmenler bu babatdaky dini ynanja uýup, ruhy belentlige ýetipdirler. Aslyna añ ýetiren türkmen Ýaradan şükür etmeli. Her bir millete Oguz han ýaly serkerdeleriñ nesli bolmak ýetdirmändir. Dünýä taryhynda batyr, agzybir, oýlanyşykly, sarpaly saýylan türkmenler şol wagtky syýasy we jemgyýetçilik ösüşlerine öz täsirlerini ýetiripdirler. Özüni bilen serkerde ýa patyşalar türkmenlerden görelde alypdyrlar. Ähli türkmeniñ atasy hezreti TÜRK-iñ agtygy Abdylla, emma ZÜLKARNEÝIN ady bilen meşhur kişini köpimiz bilmeýäris. (Soñky Zulkarnaýyn ~ Aleksandr Makedonskiý atly butparazdyr hem-de eždadymyzyñ adyny tötänlik bilen alandyr). Ol Allanyñ emri bilen Ýeriñ ýüzüne aýlanyp, otsuz, jaýsyz, eşiksiz, ýalañaç adamlara jaý salmagy, ot ýakmagy, geýmegi, mata dokamagy... öwredipdir. Ozalky ZULKARNEÝIN-iñ türkmendigini bilesi gelen adam KÄF (KHF) süresine seretse, oña göz ýetirer. Ol ýalan sözlemeýär. Şonuñ üçin Kurana giren her bir mesele şeksiz, şübhesiz dogrudyr. Amerikany Kolumb açdy diýýärler. Ýok, ony açan türkmen serdary Abdylla Merzebe ogludyr. Hawa, Amerika materigini-de türkmenler açandyr. Subutnama: Allatagalada ýalan zat ýok. Kuranda "ZULMATA-GARAÑKYLYGA GITDI" diýilýär. Şol garañkylyk Ýerin arka ýüzüdir. (Goşmaça maglumat üçin seret: Ahmet Bekmyradow "Amerikany türkmenler açdymy ýa-da "TÜRKMENNAMA" giriş" -t.b.). Türkmenleriñ owal Allanyñ, soñra dünýä halklarynyñ ynamyna girmegi, sap ýürek, arassa ganly bolmaklary, köp-köp uruş serkerdelerini, ylymly, akylly adamlary orta çykarypdyr. Olardan ALP-ARSLANY, ÄRTOGRUL BEGI, GAZAN GAPANY, SALYR GAZANY, AMANŞA GAPANY ýene-de onlarça, hatda ýüzlerçe serkerdelero agzap bolar. Gorkut ata ýaly akyldarlaryñ, döwlet ýolbaşçylarynyñ, geñeşçileriniñ dünýä boýunça iñ saýlamasy türkmenlerden çykan. Şu adamlaryñ her biriniñ uludan uly taryhy terjimehallary bar. Nurberdi han, Keýmir kör, Hojamşükür han, Gowşut han, Güljemal han, Sarahs hany Meñli han, Magtymguly han ýaly adamlar, ýene-de onlarça kethudalar türkmen taryhynyñ keşdesidirler. Baýram handyr ogly Abdyrahym han ýaly ruhubelent türkmenler dünýä taryhynda bellidirler. Ata-babalarymyzyñ ruhy baýlyklaryna akyl ýetirmek bilen ruhumyzy täzeden dikeltmek üçin jebislenjekdigimize, geljekde durmuşymyzy belent derejelere ýetirjekdigimize ynanýaryn. Taryhda Marynyñ, Ürgenjiñ we başga-da birtopar medeni merkezlerimiziñ tozdurylmagy, ondaky metjitleriñ, medreseleriñ ýykylyp, kitaphanalaryñ ýandyrylmagy uly ruhy urgy bolýar. Türkmenler Çingiz hanyñ sülsadyny üç aýlap gala goýbermän saklap bilipdirler. Muña gahar eden ganojak mongol jellatlary türkmenleri ýer bilen ýegsan edipdirler. Soñ ölmän galan türkmenleri şäherden, obalardan, çöllerden çöpläp getirip, bäş adamyny sanap, altynjyny öldüripdirler. Şol ölmän galanlarynt goýun güýlen ýaly güýlüp, olaryñ üstünde agaçdan düşek düşäp, şonda meýlis gurapdyrlar. Türkmenler şeýle ýagdaýlara sezewar bolsalar-da, ata-babalaryndan gelýän dini ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ýitirmän, XIX asyryñ ikinji ýarymyna gelipdirler. Emma XIX asyrdan irräk başlanan ors basybalyjylygy Söýünhan öwladyny (tekeleri, saryklary, salyrlary, ärsarylary, ýomutlary) XIX asyryñ in soñky çärýeginiñ başlarynda ~ 1881-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda özlerine tabyn edipdir. Şeýdip türkmenleriñ özygtyýarlylygy elden gidýär. Bu basybalyjylyk näme-de bolsa, türkmenleriñ dinine palta urmandyr. Emma ol ors syýasatynyñ soñy bolşewik diýen hudaýsyzlar toparyna aýlanýar. Olar billeriniñ kemerlerini dartyp, gün-günden artyp, ýeke bize ~ Orta Aziýalylara däl, tutuş adamzada urup bilen zarbalaryny urýar. Hudaýsyzlar adamzadyñ añyndan Allatagalany aýyrmak, her bir halkyñ MILLILIGINI ýitirmek maksadyndan ugur alypdyrlar. Türkmenler bu aýylganç sütemiñ astynda her bir tarapdan, esasanam ruhy taýdan pese gaçdy. Şol abanan allajy ýoluñ soñuna düşen adamlar ruhy taýdan keselläp ölýärdiler. Ölmese öldürýärdiler. Türkmenleriñ käbirinin kapyr bolup başlany mese-mälim bildirdi. Şeýlelikde, türkmenleriñ öz dilindäki ýazylmaly kitaplary, kinolary we başga birnäç halk bähbitli owaldan gelýän işleri, türkmençilikleri orsça beýan edildi. Türkmençe diýilýänlerem ors äheñinde ýazyldy. Şeýle zorluk esasynda biziñ ruhy ýitgimiz köpeldi. Ýöne ata-babalarymyzyñ, özümiziñ Alla diýen ýerimiz bar eken. Bizi Hudaý goldady. Gijäniñ garañkysy, säheriñ bagtly ýagtylygy bilen çalyşdy. Duýmankak diýen ýaly GÜN parlap dogdy. Ata-babalarymyzyñ üstüne ýagtysyny saçyşy ýaly, bize-de özüniñ nurly ýagtysyny, AZATLYK NURUNY, ÖZBAŞDAKLYK KUÝAŞYNY saçdy. Hudaýtagala öz aramyzdan ÄR döretdi. Ony bize mynasyp gördi. Döwlet guruş tejribeleri bilen akyl käsesi püre-pür doly beýik Adamy HALKYM özüne SERDAR saýlady. Gyzyl imperiýanyñ wagşyçylyklaryny doly suratlandyrmak kyndyr. Sürgünler, diri ýitmeklikler, ýarygije ýenjilmeler, ölenleriñ jesedini otlamak... bolan zatlardy. Atany ogluna, ogluny ata garşy, enäni gyzyna we gyzy enesine garşy zäherlemeklikler, garyndaşlary, daýydyr daýzalary, biri-birine duşman etmek ýörgünlidi. Gizlin jansyzlar... haçan "ýör" diýse gidibermeli. Zyndana baranyñdan soñ, uzaklaşyp duranoklar. Şeýle zalymlyklar, 1881-nji ýyldan başlan ruhy pesligiñ üstüne ýemek boldy. Bize seresaply, ynsaply, oý-pikirli, duýgusy, düşünjesi halkynyñ-raýatynyñ aladasy bilen bolan belent jogapkärçilikli adamlaryñ köpräk kemala gelmegi, türkmenlere mahsua bolmadyk ýigrenilýän zatlaryñ hemmesiniñ aramyzdan ýok bolmagy XXI asyrda türkmenleriñ özleriniñ gadymky ata-babalarynyñ adamkärçilik galypyna laýyk ýaşamaklary zerur. Halkymyzy ruhy babatda baýlaşdyrmak, milli aýratynlyklaryny saklamak, kämilleşdirmek, ony ösen döwletleriñ hataryna ýetirmegiñ we türkmen ruhuny aýgytly ädimler bilen dikeltmegiñ pursady ýetip geldi. Şol jähtden, biziñ owaly bilen galdyrjak bolýan ruhumyz nämekä? Ine, şony bilmegimiz we akyl ýetirmegimiz zerurdyr. Hoja Ahmet AHUN. "Edebiýat we Sungat" gazeti, 26.03.1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||