16:21 Yşka düşen iblis | |
YŞKA DÜŞEN IBLIS
Geň-taňsy wakalar
Kaliforniýaly sekretar gyz Meri Kestings görenleri haýran edýän wenger ýigidi bilen Ýewropa deñzinde syýahatdaka tanşypdy. Salamdan başlanan tanyşlygyñ soñy pynhan duşuşyklara baryp diredi. Meri dokuz aýdan soñ dünýä inen 4 kilograma golaý "möjek çagasyny" görüp, tas akylyndan azaşypdy. Dünýä inen betnyşanyñ ähli ýeri uzynlygy 3 sentiment bolan tüýler bilen örtülgi, çykarýan sesi möjegiñkä meñzeş, aýakdyr elleriniñ dyrnaklary aşak egilendi. - Bu çaga eger asyryñ ortasynda doglan bolaýsa, wampir (ertekilere görä, hamala gije gabyrdan çykyp, dirileriñ ganyny sorýan öli adam) diýip atlandyrardylar. Onuñ gany, hamy, organlary barlananda, adatdan daşary zady ýüze çykardy. Çaga hem-ä adam, hem-de haýwan - diýip, Los-Anželesiñ klinikasynyñ aýratyn bölüminde çaga bilen iş alyp barýan lukman Ferens Mitski žurnalistler bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy. Onuñ ýigrimi üç ýaşly ejesi telbelikden aýñalyp bilenok. - Ýaş ene däliremä golaý. Ol edil beýleki eneler ýaly öz çagasyny söýýär, şonuñ bilen birlikde-de, ýüreginden ýigrenýär. Şeýle-de, ondan halys gorkýandygam bize belli - diýip, lukman Mitski gussa bilen baş ýaýkaýar. Hawa, bir bakyşdan dörän söýginiñ netijesi şeýle boldy. - Ol gara saçlydy, gözleri ýanyp durdy - diýip, Meri Hestings geçeni ýatlaýar. - Sypaýy, ünsli şähdaçyk ýigidiñ yzyndan aýallar agyzlaryny suwardyp seredişýärdiler. Men ony bütin durkum bilen söýdüm. Biz syýahatdan soñ duşuşmalydyk, ýöne Mihaý gara bermedi. Şondan soñ Meri biçäre öz ýigidini ýekeje gezegem görmedi. Ýogsam gelinligi oña öz öý adresini, telefon nomerini beripdi. Meri ahyry Mihaýyñ beren adresini gözläp ugrady, ol hem... gonamçylyk bolup çykdy. - Häzir özümiziñ gatnaşygymyzy ýatlap otyryn weli, göz öñümde bolup geçen käbir geñ ahwalatlar janlanýar - diýip, Meri metbugat habarçylaryna gürrüñ berýär. - Onuñ elleri mydama jübüdedi, aram-aram daşyna çykarardy, ýöne elligini aýyrmazdy, öz aýtmagyna görä, lukmanlaryñ talap etmegi boýunça şeýle edýärmiş. Göwresi durşuna çöpürdi. Güni halamaýardy, alagarañky ýerde keýpi göterilerdi. Hereketi sessizdi, ys alşy juda güýçlüdi. Men aslynda duhini az sepinmegi halaýaryn, şonda-da onuñ meni korablda añsatja tapyşyna oturyp-oturyp geñ galýaryn. Aý dogup, dumly-duş ýagty çaglary ol öz kaýutasyndan çykmazdy, hiç kimi, hatda meni-de görmek islemezdi. Bir gezek gije gapysyny kakanymda möjegiñ uwlamasyna meñzeş ses eşitdim. Ilki geñ galdym, soñam göwnümedir öýtdüm. Mihaýyñ gök önümleri iýmezligi meni has hem geñ galdyrýardy. Çaga kakasynyñ agynjak özi: gözleri ýanyp dur, ys alşy juda güýçli, iñrik garaldygam çyñsap ugraýar. ...Bu, näme, hakykatmy ýa-da nobatdaky "degene gözüm menden däl" etmeklikmi? Ony wagt görkezer, elbetde. "CM" "BALKAN" gazeti, 25.02.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |