10:45 Ýürege ýakyn sözlerden | |
ÝÜREGE ÝAKYN SÖZLERDEN
Sözler
Erkeklik her gün şol bir zenana aşyk bolmakdyr. * * * Dyz üstünde ýaşanymdan aýak üstünde ölmegi saýlaryn. * * * Modasy geçmedik bir zat bar olam kepen, häli jübüsi ýok özem bir kişilik. * * * Watan üçin ölmek bolsa ykbalym, şol ykbalyň elleinden öperin. * * * Baýdaklary pasyrdadýan üstünde dökülen gandyr, watany Watan edýän ugruna berlen jandyr. * * * Basan bir garyş toprak ugruna jan bermesiňiz watanym diýmäge utanyň. * * * Bu watan taryhyň dilinden düşmejek dessan, Derýasy galkandyr, daglar gahryman. Her daşy göwher bolan bu watan, Sessiz jan berenleriň syrlaryndandyr. * * * Şerap gören mesligi, zenan gören düşegini oýlaýar... ýöne ne içmesini bilýän bar, ne-de söýmesini. * * * Erkek küýsedim diýmez... oturar we çilim otlar. * * * Biraz adam bol diýjek, ýöne seni kyn ýagdaýda goýmak islämok. * * * Ne jennedi görmek isleýän ne-de jähennemi, çünki men ejemi gülen wagty hem gördüm, aglan wagty hem. * * * Köçe çyrasy ýaly bolma eý ýar... Kime ýananyň belli bolsun. * * * Islän isleýän ýerine gitsin,zynjyryny üzüp giden iti men ikinji gezek gapyma baglamaryn. * * * 50 teňňelik şokoladyň beren bagtyny berip bilmeýän erkekler bar... * * * Azan sesini söýýän... içgi içilenok, ogruluk edilenok, hiç kim sögenok ýagny hemme 3minutluk adam bolýar. * * * Şemal näçe güýçli bolsa-da, gaýalardan diñe tozan alyp gidýändir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||