22:34 Senden yza galanlar... | |
SENDEN YZA GALANLAR...
Sözler
Men gidýärin diýemde, "gitme" diýeni däl, "menem gitjek ýalňyz gitmersiň" diýip biljek biri gerek... Hökmanmy dodaklarym bilen "gal"diýmegim, gözlerim "gitme"diýip aglaýarkaa... Her kimem başyny alyp çola ýerlere gidesi gelýändi, ýöne aklyndakylary sygdyrar ýaly goşhalta tapmazlar. Hiç tanamadyk adamymy küýseýän... Syr ýaly söýseň eger myradyňa ýetersiň, tohum hem toprak astynda gizlense gögerýändir. Görmersiň käte yöne söýersiň. Ahhh aýralyk, bir seniň bilen aýrylmadyk... Etme arkaňy diwardan başgasyna amanat, iň gowynyň içinde-de bar içinde bir damja hyýanat. Ony aldan bolmaly ýaşaýyşda birisi , Diňledikçe dymmasy, oýlandykça dymmasy. Bir başyna iki bolup özi bile kölegesi, Heýkelni ýontaýar ýalňyzlygyň ussasy. Gitmek isleýäni göýber, ruhy ýanynda bolmadykdan soň beden ýanyňda bolsa ne peýda... Yza seredýän bolsaň entägem ol gitmek däldir. Sen uzakdan janym diýseň meniň ýüregim gapyrgalaryma sygmaz bärde... Köp gülýän adamlary aýap saklaň, çünki birýerlerde gizlin aglaýandyrlar hemişe. Söýmedigi söýdürüp bilmersiň,ynan diýip ynandyryp hem bilmersiň...diňe ýekeje jogap öziň bilersiň... Ugrunda pida bermedik söýgüňi ýüregiňde göterip özüňe ýük etme... Göwün almany bilmeýäne ömür amanat edilmez unutma... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |