22:52 Döwürmi ýa özümiz? | |
Gülälek Begjanowanyñ Nukdaýnazar sahypasy üçin ýörite çykyşy
Nukdaýnazar
05.08.2018 ý. Saýtlaryň birinde okan bir goşgym meni şulary ýazmaga iterdi. Ol goşgyny kim ýazypdyr, näme maksat bilen ýazypdyr bilemok welin, hakyt "süýde gara" diýýäniň biri bolmaly meň pikrimçe. Aýallaryň iýýän çöreginden tä hajathanasyna çenli tankytlapdyr. Olaryň makiyažy, geýýän köýnekleri, hatda aýakgabylaryny hem tankytlan bu kişi beýle ýanyp ýazar ýaly şeýle ýagdaýa özi düşüp gordümikä? Ýada gelini, gyzy ýada dogany şeýlemikä?- diýen sorag ýüze çykýar. Meň pikrimçe, muny ýazan adam ilki bilen-ä ýazmak üçin ýazýana meňzeýär. Çünki häzirki döwürde aýal-gyza gara sürtmek bolsa iýip otyran çöregini taşlap ylgaýarlar. Näme üçin?! Görýän seriallaram erkeklere tankytlamana ullakan mowzuk. Nämemiş, şolardan görüp zenanlarymyz azýamyş bolýa razylaşaýyn ýone aýal serial görüp azýan bolsa erkek näme görüp ýada näme eşdip azýarka?... Çünki zenan zenan bilen azanok ahyry... Häzir bulary okap, meni gowja gepleri bilen saýgylajagyňyz ikiuçsuzdyr. Men zenan ýada erkek tarapyny tutamok dogry zenanlarymyzyň içinde päli dogrudan hem azanlary köp bolaýmasa az däldigini bilýäris ýone şu taýda sorag ýüze çykýar olar näme üçin jemgiýetimizde köpelýärler nädip bu gunki gül ýaly gelin ertir biriniň gujagyna girýär?! Hany töweregimize syn salalyň aýal maşgalaň tapýan pulyna gün görüp soňam onuň üstüne erkeklik satjak bolýanlar azmy eýsem onsoň hemmä her kime ýüzüni saraldyp solup pul tapyp gelip öýünde ýene "ýatan öküzlerine" ýaranmak olara ýag ýaly ýakýanam däldir. Ýada gül ýaly zenanyň dyrnagyça bolmaýan bozuk birini "ikinji"adyny berip tapanjasyny Hudaýa ýaranýan ýaly onuň öýüne daşasa, soňam bar zäherini aýalyna eňteriberse zenan nähilli netije çykarar?! Diýmek dar geýmek özüňe seretmek edil şo"ikinji"ýaly bolmak, hatda ondan hem öňe geçmek meseläň çözgüdi. Onsoň olar hem gözellik salonlaryna öwrenşerler dar köýnege sygman ýörän birine elnje öwrüler duruberer. Ýada gyz maşgalyny ynandyryp öýlenip soňam öýünde "ejemogluna" otagda arlap duran arslana öwrülýän erkekler hem bar. Dogry ejeleriň başymyzyň üstünde orny bar ýöne... Öýüňe gelen gelin hem edil seňki ýaly ejäniň balasy, günden ýelden goran çagasy onsoň gelde sen oňa azar ber kime ýarar? Bular diňe deňizden damjalar agtarsaň ilçilikde bulardan beterleri hem bar ýöne şol zenanlara akyl satýan erkekler sorasym gelýär "siz nirde ýalňyşdyňyz?!" türkmen erkekleri hiç teni halal bolmadyga seretmezdi hem. Hany ol elime erkek eli degmesin diýip erkek bilen hatda salamlaşman oňýan zenanlarymyz?! Olar biz üçin ýoöne erteki ýalydyr häzirkizaman jemgiýetinde erkek aýal tapawudy ýok esasy ynsan, adam bolmak kynlaşyp barýar. Lebiz, ygrar bular könelşen sözlere owrülip barýar. Siziň araňyzda aýal aýaldyr ol ähli zada çydamly bolmaly, "äri är edýänem gara ýer edýänem aýal" diýänsiz welin indi o döwürlerden oba göçdi. Zamanyň döwrüň bu taýda baglanşygy ýokduram welin, esasy her kim öz mülkine eýe bolsa, bu zatlar edil çaýyr ýaýran ýaly ýaýramazdy belki. Gurduň awuna göz dikýän şir utançdan ölermis diýýäler garrylarymyz häzirki wagtda şo aw tilkiňki bolsada sorag ideg edýän ýok... Nämemiş bäş günlik ýalançy edenini edibermelimiş. Beren bäş manat karzyňy yzyna sen alýan bolsaň saňa o şirin jany beren Alla senden bügünki edenleriň hasabyny ertir soramazmy?! Jemgiýetimizde işleýän aýallara garşy gaty erbet garaýyş bar onam özüňiz bilýäniz. Meniň düşünmeýänim hem şol işlemek halal gazanç etmegiň nämesi aýyp?. Wagtynda gidip wagtynda gelýän aýallara şeýle gara çalmana utanmaýanlar hem bar aramyzda. Meň pikrimçe biziň beýnimizde kellesi bilen ýöreýän gurçuklar bar. Öz edeniň ilden görýän warsakylaryň ýaýradýan şeyle gurçuklaryna gulak gabartmazlyk ýada dinlemezlik kyn däl ahyry. "Erbediň dermany onuň gowy tarapyny taryplamakdyr" diýipdir Rumy elbetde birine diňe kemçiliklerini aýdyp ýamanlasalar onsoň ol özüni barja gowuluklaryny unudup erbetliklerin garşysyna hiç zat etmez, beter erbetleşer. Gysgaçasy, siz erkekler, ahyry öýüňizdäki mülkiňize şir yzynam düşürmäň, şagal yzynam ol mülk sizinki bolsun, oňa eýe çykyň, haçan gutarjagy näbelli bolan salgymlaryň yzyna düşmäň, del atyrlar sizi bihuş etmesin. Öýüňizdäki garagözleriň ejesem şolarda kem däldigini unutmaň. Bu bir akýan wagt gideni gaýtaryp geçmişi dolap bolýan däldir yzymyza seredenimizde ýüzümiz gyzarmasyn çagalarymyza pylanyn ogly pylanyň gyzy diýdirmäliň. Ýada şunuň ejesi şeýle kakasy beýle diýip çagajyklarymyzyň ýüzüni gyzdyrmalyň. Esasy zat bolsa bäş minutluk keýp üçin "çemçeläp ýygnanymyz okaralap dökmäliň". Zenanlarymyz zenan bolsun erkeklerimiziň ornuna dawa etmaliň, öýümizdäki erkekleriň öňünde däl mydama arkasyn duralyň,diýenim bolsun diýip 2 aý ejemiziňkide öýkelän bolan bolmalyň birden şol wagt adamyňyzdan ät galmagyňyz ahmal ahyry ☺. Erkegimiz erkek bolsun "men erkek ýitirýän zadym ýok" diýmäň. Sizden etjek haýyşym bu. Häää birem şu gelin gyzlaň gybatynam bes edäýseňiz. Ýazanlarymy okap nämeler diýjegiňizi bilemok welin bu meniň düşünjäm. Dogrumy, ýalňyşmy bilemok, ýöne häzirki zaman jemgyýetinde erkek-aýal tapawudy ýok, her kim özüne jogap bermelidir. | |
|