10:31 Göwne gelenlerden... | |
GÖWNE GELENLERDEN...
Sözler
Iki minut gürleşip günboýy bagtly bolmakdyr yşk. *** Bar bilen ýok şu ikisiniň arasyndadyr söýgi ''gel'' diýmäne şertler ýol bermez,''git'' diýmäne kalbyň... *** Yşk namaz okamak ýalydyr niýet edensoň töwerege seredilmez... *** Bir körüň bir kere ''sen gaty owadansyň'' diýmegidi yşk... *** Ony hiç görmezlik başgasy bilen görmekden has gowydyr... *** Siz bagtsyz wagty ýanyñyzda bolan erkek dünýäniñ iñ gowy kakasy bolar... *** Sözüni geçiren erkek ýokdur aşyk bolan zenan bardyr... *** Güýç erkege aýalyny ursyn diýip däl gorasyn diýip berildi... *** Bir erkek diňe erbet aýala uçranda birnäçe aýal islär... *** Erkegiň iň ahlaklysy bir aýala Allanyň amanady hökmünde garanydyr... *** Gyz aglasa söýendir belki, ýöne erkek aglasa ol gyzy hiç kim, hiç haçan şol erkek ýaly söýüp bilmez... *** Göwni aýran bolanyň çaýkap göreni köp bolar... *** Senin bar ýeriňe men etiket goýaryn diýipsiň, unutma senin ol etiketiňe men bahaňy ýazaryn. *** Sylag bolan ýerde gorky bolar emma gorky bolan ýerde hiç wagt sylag bolmaz. *** Bir zenanyň soraglaryndan, gohlaryndan ýadamaň çünki çyrpynyşlarydyr onuň, zenan sesiz galsa gorkuň... çünki zenan dymsa ähli zat gutarar. *** Zenanlar bilen uruş yglan etmäň... ýeňip bilersiňiz ýöne ony ýitirersiňiz... *** Bir gyz size akylly gürläp başlasa biliň size bolan söýgüsi gutarandyr... *** Bir zenan siziň bir gepiňizi ýyllaryň dowamynda saklap wagty gelende gerekli ýeriňize gowy otyrdyp bilýändir... *** Bir zenanyň iň gowy wagty 30 ýaşdan soňdyr... Sebäbi häli ýaş we owadandyr iň gyzyklysy indi akmak däldir. *** Söýgüden urgy alan zenanlary isleýşiňiz ýaly söýüp bilmersiňiz... *** Käbir zenanlar şeyle ynamsyz welin ''seni kim söýmedide beýle bolduň?'' Diýesiň geler... *** | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |