23:47 Zatura / fantastiki hekaýa | |
ZATURA
Mistika we fantastika
– Eje! Eje - diýip Denni Budwing gygyrdy. Wolter bilen Denniniň ejesi ogullarynyň ýatýan otagynyň gapysynda durdy. – Wolter! - diýdi ejesi. – Jigiňiň üstünden tur we onuň burnundan çekmegiňi bes et. Bolmasa onuň burny piliň holtumy ýaly bolar. – Aý, hawa - diýip, Wolter aýtdy. – Beýle bolsa onda oňa uzyn gulak hem gerek bolar. Ol Denniniň burnuny goýberip, gulagyndan tutdy. – Bes et diýdim - diýdi hanym Budwing. – Denni günäkär, seret ol meniň rasiýamy döwdi - diýip, Wolter rasiýassyny ejesine görkezdi. Rasiýanyň antennasy döwükdi. – Ony bilgeýişleýin etmedigine ynanýan - diýdi, hanym Budwing. – Heläkçilik boldy - Denni hüňürdedi. Aşakky gatdan jenap Budwing aýalyna seslendi: – Gijä galýas. Hanym Budwing çagalarynyň maňlaýyndan öpdi we: – Aşhanada size nahar goýdum, kakaň ikimiz gijä galmaly däldiris - diýdi. – Bu garagoly hem ýanyňyz bilen äkidiň! - diýip Wolter zeýrendi. Hossarlary öýden gidensoň Wolter telewizoryň öňüne geçdi. – Meniň bilen daşara çykyp bilelikde kowalaşdym oýnarmysyň? - diýip Denni agasyndan sorady. – Sen bilen men, men we sen, jogabym ýok. Hakykatdanda Denni oýun oýnamak isleýärdi. Ol Woltere şapkasyny zyňdy emma Wolter üns bermedi. Soňra bolsa oňa beýzbol topuny zyňdy we top Wolteriň kellesine degdi. Wolter ornundan turdy we "Sen garagol, dur bakaly" diýdi we Dennä topuldy. Denni ylgap otagdan, soňra öýden çykdy. Garşy tarapdaky seýilgähe tarap ylgady. Denniniň yzyndan agasy ýetdi we ony ýere ýazdy we üstüne mündi. "Heý, bu näme?" diýdi. Çagalaryň gapdalynda agaja daýanýan uzyn inçe guty bardy. Wolter doganynyň üstinden turdy-da, ony alyp gitdi. "Heh, bir içgysgynç manysyz oýun" diýip, gutyny Denniniň üstüne zyňdy-da "seniň ýaly çagalar üçin" diýdi. Denni gutydaky ýazgylary okady "JUMANJI, TOKAÝ BAŞDANGEÇIRMESI". Soňra ony goltugyna gysdyryp agasynyň yzyndan öýlerine tarap ylgady. Denny guta seretdi. Guty tokaý haýwanlarynyň suratlary bilen örtülendi. Wolter dogry aýdypdy, bu çagalar üçin manysyz we içgysgynç oýun. Denny guntynyň aşagynda gysylyp duran başga bir gutyny gördi. Bu guty has täsindi. Uçýan tarelkalar, roketalar we kosmosdaky planetalaryň suratlary çekilendi. Içinde bir oýun tagtasy bardy. Ýer planetasyndan Zatura adyndaky gögümtil bir planeta gidip gelýän reňkli kwadratlardan düzülen ýol bardy. Denni roketa şekilli oýun figurasyny Ýer planetasynyň şekiliniň üstünde goýdy. Soňra oýundaky nurbaty towlady. Ol ýoly yzarlady we oýun tagtasynda wyzzyldy ses duýdy. Soňra tagtanyň bir kenaryndan bir ýaşyl kart çykdy. Ony aldy we okady "Meteorit ýagyşlary, gaçmaga synanyşyň" – Heý Wolter. Gaçmaga synanyşmak bolanda näme bolýar? - diýdi ýuwaşlyk bilen. Birdenem üçekden "rat-at-at" diýen sesler eşidildi. Wolter telewizirdan başyny galdyryp ýokaryk seretdi. "Eý Hudaý, doly ýagýar öýdýän" diýdi. "Doly däl" diýip, Denni seslendi. "Bular meteorit" diýip elindäki karty ýokary galdyrdy. Müňlerçe golf topunyň üçege gaçyşy ýaly ses hasam güýçlendi. Otag şeýle bir garaňky boldy welin, Wolter çyralary ýakdy. Soňra "KABOOM", sowadyjynyň ululygyndaky meteorit potology deşip geçdi we telewizoryň üstüne gaçdy. Denni: "Men bularyň meteoritdigini aýtdym" -diýdi. Wolter potolokdaky deşiklere göz aýlady. "Bolýar, meteoritler" diýdi. "Ýöne nädip garaňky düşdi?" Patologyň deşiginiň üsti bilen ene-atasynyň ýatylýan otagyny we daşynda garaňky, ýyldyzdan doly asmany görüp bilýärdi. "Gije düşene meňzeýär" diýdi Wolter. Denni "Gije däl, bu kosmos" diýdi. – Näme diýmek isleýärsiň? Hudaýjan, kosmos diýýäňmi? - diýip hüňürdedi, Wolter daşary alyp çykýan gapa tarap barýarka. "Biz diňe wagtyň nähili çalt geçendigni duýmadyk, bar bolany." Gapyny açdy-da, daşarda bir ädim ätjek bolanda, daşarynyň ýoklugyna düşündi. Iň bärkisi, garaşyşy ýaly daşary ýokdy. Denni: "Gördüňmi, kosmos" diýdi. Wolteri myhman otagyna getirip, oňa Zatura oýun tagtasyny we kartyny görkezdi. Walter tagtany gurşap alan Zaturadan Ýere gaýdyp gelen reňkli meýdançalaryň ýoluna seredip, elini kellesinde tutdy. Denni: "Görnüşine görä, oýnamagy dowam etmeli ýa-da hemişelik şu ýerde galmaly" diýdi. Wolter: "Ajaýyp, seň bilen bile baky şu ýerde." Ol uludan demini aldy, soňra ol hem Ýer planetasynyň üstünde roketa şekilli oýun figurasyny goýdy, soňra nurbaty towlady we figura hereketlendi. Tagta ýenede wyzzyldap ses çykaryp başlady. Ýene-de bir kart peýda boldy. Ol muny ýuwaşlyk bilen synlady, soň kartany tagta zyňdy. Denni öňe egildi we okady: "Dartyş güýji kemeriňiziň polýarizasiýasy tersine öwrüldi. Munuň manysy näme?" Wolter bireýýäm ol ýerde ýokdy. "Wolter!" diýip seslendi. Wolter: "Men ýokarda" diýdi. Denni ýokaryk seredip, doganynyň potologa ýapyşandygyny gördi. – Dartyş güýjümi ýitirdim. – Ýitiren zadyň diňe bu däl - diýip, Denni aljyraňňylyk bilen aýtdy, sebäbi Wolteriň potolokdaky deşige tarap çekilip, kosmos syýahatyna çykma howpy bardy. Wolter hem muny gördi-de, potolokda dyrmaşyp başlady, ýöne barha deşige golaýlaýardy. Denni töweregine göz aýlady. Meteoridiň kül eden telewizoryň kabeli ýerde ýatyrdy. Denni ony doganyna oklady, Wolter ony guşagyna berk edip daňdy. Denni kabeliň beýleki ujuny sypmaz ýaly direge daňdy. Denni ýene-de nurbaty towlady, roketasy hereketlendi. Tik, durdy. Ýene bir kart çykdy. "GIROSKOPYŇYZ BOZUK". Birden öý gyşardy. Otagdaky barzat bir tarapa süýşdi. Denni mebeliň aşagynda galdy. Ol ýuwaş-ýuwaşdan özüni çykardy, oýun tagtasyna gaýym ýapyşdy. Wolteriň potolokdaky deşige tarap süýşýändigini gördi. Denni ony ýene direge daňdy. Wolter kabelden çekip, oýun tagtasyny aldy we nurbaty towlady, dartyş güýjüni gaýtadan dikeltdi. Denni oňa çykan karty berdi. Wolter: "ROBOTUŇUZ BOZUK" diýip kartdaky ýazgyny okady. Koridordan demir tykyrdysy sesleri eşidildi. Çagalar, ýalpyldawuk kümüş robotyň peýda bolan gapysyna seretdiler. Eňňit ýerde ýöremekde kynçylyk çekýärdi. Başyny yza-öňe öwrüp, Walteriň ünsüni özüne çekýän ýalydy. Robotyň gözleri ýalpyldady we geň mehaniki ses bilen gürledi: "Gyssagly, gyssagly, Keseki biologiki jandar. Men ony ýok etmeli." Dyrnaga meňzeş demir elleri açyldy we ýapyldy. "Aý ýok" diýip, Denni pyşyrdady, "Meniň pikirimçe, ol seni nazarda tutýar". Bagtymyza, robot gapydan sypyp diwara uruldy we ýere ýykyldy. Ol ýerinden turdy we ýene ýykyldy. Soň ýene turdy. Wolter: "Bu ýere gelmezden ozal nurbaty towlamaly" - diýdi. Denni nurbaty towlady we kartyny aldy: "Tsouris 3 planetasyna ýakynlaşýarsyňyz, dartyş güýji ep-esli ýokarlanýar" Otag ýene deňagramly ýagdaýa geldi, ýöne Dennide täsin üýtgeşme peýda boldy. Wolter oňa seretdi. Ol: "Eý Hudaý" Denni barha gysgaldy we çişdi. Tizara ullakan kenar topunyň görnüşine we ululygyna ulaldy. "Woooolter" - diýdi, pes ses bilen. "Özümi gaty agyr duýýaryn" "Gelmişek biologik jandarlary ýok etmeli" diýip robot koridorda ýene ýokary göterilende gaýtalandy. Bu gezek gapydan geçip, Woltere tarap ýöredi. Denni doganyna gygyrdy: "Meni iter!" "Näme?" - diýip, Wolter aýtdy. Denni ýene gygyrdy: “Meni itekle. Diňe iter". Wolter egildi we doganyny itekledi. Denni otagdan geçdi we ullakan bowling topy ýaly, robota uruldy we robotuň aýaklaryny döwdi. "Ony aldymmy?" -diýip Denni sorady, sebäbi diwara togalanyp başaşak durdy. Wolter ony oýun tagtasyna itekledi. "Hawa aldyň" - diýip, doganynyň kellesini sypalady. "Oňardyň!" Wolter nurbaty towlady. "Zorgon planetasyndan gelen garakçy gämisi foton hüjümini amala aşyrýar" diýip peýda bolan kartdaky ýazgyny okaýarka eli titredi. Çagalar penjireden kosmos gämisini gördüler. Gämiden iki şöhle atyldy we göni Budwingleriň öýüne tarap ugrady. Birinjisi tüsseçykara uruldy we ol ýerden aşaklygyna kerpiçli peje düşdi. Ikinjisi ýokarky gatdaky hammama düşdi. Patolokdaky deşikden suw damyp başlady. Wolter oýun tagtasyny agyr we elini zordan galdyrýan jigisi Dennä berdi. Denni kynluk bilen nurbaty towlady, soňra ýuwaş-ýuwaşdan öňki kaddyna geldi. Kart peýda boldy, Denni ony sesini çykarman okady. "Bu erbet" diýdi. "ZORGON GARAKÇYSY MYHMANÇYLYGA GELÝÄR" Kosmos gämisi jaýyň gyrasyna geçenda, otag titredi. Çagalar üçekde aýak seslerini eşitdiler. Potolokdaky açyklykdan, ýokarky otaga kimdir biriniň üçekdäki deşikden girendigini gördüler. Denny we Wolter ýenjilen robotyň arkasyndaky koridora girdiler. Biri birini gujakladylar, hereket etmäge gaty gorkýardylar. Aýaklarynyň aşagyndan wyzzyldyly ses eşidildi. Aşak seretseler robotyň gözleriniň ýalpyldaýandygyny gördüler. Robot başyny galdyryp, potolokdaky deşiklere seredip: "Gelmişek biologik görnüşi, men ony ýok etmeli" diýdi. Dyrnaga meňzeş ellerini galdyrdy, ýöne ýerinden turup bilmedi. Denni bilen Wolter ony aýak üstüne galdyrdylar. Garakçynyň kiçijik guýrugy we keýik ýaly aýaklary deşikden çümüp sallananda, robot öňe süýşdi. Robot dyrnaga meňzeş eli bilen jandaryň guýrugyndan berk tutdym Zorgon özüni deşikden yza çekilip gygyrdy, robot henizem onuň guýrugyndan saklap durdy. Zorgon garagçysynyň guýrugy gopdy, ol dat-perýat edip gaçdy. Robotyň ysgyny gaçdy we ýere ýykyldy. Çagalar Zorgonyň dady-perýat edip gaçyp barýan sesini eşitdiler we olaryň kosmos gämileriniň ýalpyldawuklygyny gördüler. Ol umytsyz görünýärdi. Robotyň gözleri ýene garaňkydy. Çagalar üç sagat töweregi oýnapdylar we tagtadaky figuralary Zatura barýança ýene bir galaktikadan geçmelidi. – Biz hiç haçan ýetip bilmeris - diýip, Wolter aýtdy. – Başararys, ýeteris - diýip, Denni jogap berdi. Ol oýun tagtasyny Woltere berdi. – Men we sen, bilelikde. Biz başararys. Wolter oýun tagtasyny eline aldy. – Sen we men - Wolter gaty ýadapdy. Ol ýüzi ýylgyryp duran jigisi Dennä seretdi. – Dogry aýtýaň, ikimiz bilelikde. Wolter nurbaty towlady. Roketasy hereketlendi. Kart çykdy. Wolter kartdaky ýazgyny okady: "Gara girdaba girdiňiz. Oýun tagtasyndaky her bellik üçin bir sagat yza gaýdyň!" Ol ýerinden turdy-da, töweregine göz aýlady. "Gara girdaby görýäňmi Denni?" diýip sorady. Denni ýere yşarat etdi. Wolteriň aýagynyň aşagynda ajaýyp tegelek syýa ýaly ýuwaş-ýuwaşdan ösýän gara tegmil bardy. Ilki başda oňa çümýändirin öýdüpdi, ýöne aslynda deşik ýokarlanýardy. Gaçmakçy boldy, ýöne aýaklaryny duýup bilmedi. Soňra deşik ýokarlananda, tutuş aýaklaryny hem duýup bilmedi. "Näme bolýar?" diýip gygyrdy. Denny disk görnüşindäki deşigiň aşagyna seretdi. Ol "Wolter, biliňden aşagy ýok" diýdi. Deşik has ýokary galdy we Wolteriň diňe kellesi görünýärdi. Denni doganyndan galan zady halas etmek üçin gara deşikden çekmäge synanyşdy, ýöne elleri tüsse ýaly garaňkylykdan geçdi. Eňegi döşüne gaçdy we aglap başlady. "Denni" diýip, Wolter ýumşaklyk bilen aýtdy. Denni agasynyň ýiturim bolýan kellesine seretdi. "Denni" diýdi, "muny saňa hiç haçan aýtmadym, ýöne men ..." Bu onuň soňky sözleri boldy, sebäbi deşik ýokarlanyp, agzyndan, burnundan we ahyrsoňy kellesiniň ýokarsyndan ýokary geçdi. Wolter gara deşik tarapyndan, bütinleý ýuwudyldy. Gözüni ýumdy-da, garaňky kosmos giňişliginde tersine aýlanyp başlady. Soňra birden ýuwaşja ýere ýykyldy. Gujagynda bir zat hereket edýän ýaly duýuldy. Gözüni açyp seretse, öýüniň gapdalyndaky seýilgähdedi. Bir eli bilen Danniniň boýnuna berk ýapyşypdy, beýleki eli Denniniň burnuny tutyp durdy. "Şikaýat etjek" diýip, Danny gygyrdy. Wolter Dennini goýberdi-de, otlara ýykyldy. Wolter bolup geçen zatlardan başy aýlanýardy. Deni ýerinden turdy we ylgap başlady, ýöne saklandy. Ol: "Heý, bu näme?" Ol bir agajyň gapdalynda, agaja söýegli duran gutyny gördi we ony aldy. Gutyny Woltere görkezdi: "Seret, bu bir oýun ýaly" diýdi. Wolter gutyny onuň elinden aldy. Denni: "Ony yzyna ber" diýdi. Wolter Dennä seredip: "Bu oýun gowy däl" diýdi. "Ynan, men muny ozal oýnadym we halamadym." Wolter zibil gutysynyň ýanyna baryp, oýun gutysyny oňa taşlady. Wolter: "Mende has gowy pikir bar" diýdi. Denni ýylgyrdy: "Onda, men we sen bilelikde?" Wolter elini doganynyň kellesinde goýdy: "Hawa, dogry. Men we sen bilelikde" SOŇY © Kris wan OLLSBURG. Terjime eden: Baýramgylyç SAPARGYLYJOW. Kris wan Ollsburg meşhur Amerikaly ýazyjy we suratkeş. 1949-njy ýylda Miçigan ştatynyň Grand Rapids şäherinde dünýä indi. Okuwyny Rod Aýlan dizaýn mekdebinde tamamlady. Aýratynam çagalar edebiýatyna goşan goşandy bilen tanalýar. Iň meşhur eserleriniñ hatarynda “Polar Express”, “Jumanji” we “Zathura” bar. Bu kitaplar diňe bir çagalar üçin däl, eýsem ulular üçinem meşhurdyr. Wan Ollsburg abraýly Kaldekott medalynyň iki gezek ýeňijisidir. Bu baýraklar Amerikadaky çagalar kitaplary üçin iň ýokary baýraklaryň biridir. Mundan başga-da, eserleri köp sanly kino we teatr taslamalaryna ylham berdi. Mysal üçin onuň eserleriniñ esasynda “Jumanji”, “Zathura” we “The Polar Express” uly býudjetli Golliwud filmleri surata düşürildi. Ýazyjynyň eserleri döredijilik we hyýaldan dolydyr. Kitaplarynda köplenç fantastiki elementler we çuňňur habarlar bar. Şonuň üçinem onuň eserleri diňe bir güýmenmek üçin däl, eýsem okyjyny pikirlenmek üçinem gymmatlydyr. Kris Wan Ollsburg çagalar edebiýatynda iň möhüm şahsyýetleriň biri hasaplanýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |