05:37 Zombi / hekaýa | |
ZOMBI
Mistika we fantastika
Ýetip barýarkam öňümden zombi çykdy. Ýerden çykan ýaly peýda boldy. - Sen üns bermediň, zombi ýuwaşjadan ýöräp geldi. Hyýal sürip ýörşüň şu bolsa ýerden köp zat çykar. Süňklek elini galgadyp bir şahadatnama görkezdi. Bir ýetginjegiň agras bolmaga dyrjaşýan suratyndan başga zady saýgaryp ýetişmänkäm ýygnady. - Bu näme? - Udastwrenýe, göreňokmy, körmüñ? - Hawa, näme boldy? - Zalupaňy bilýäňmi? - Ýok. - Gapdallykgan ýöremek bolanok diýip aýdylmadymy size? - Men gapdallykgan ýörämog-a, "dogrylykgan” ýöräp gelýän. - Öw men gözüme ynanaýynmy ýa saňa ynanaýynmy? Gözüme diýen wagty ýerinde duran, garagy ýitiberen gözüne barmagny dürtdi. Men bolsa beýleki gözüne seredýän. Ki,ol ikinji göz ýerinden çykyp,sallanyp ýatan göz maňa gaty tanyş. Näzik görünýän, inçe bir damardan erjellik bilen aslyşyp durmagy ünsümi çekýär. O gözi goparmak ýa-da ýerine sokmak isleýän . - Ýok how, häzir sen o göze galtaşjak boldugyň eliňi berersiň muna. Onsoň başyňy halas edibem bilmersiň. Men gözden ünsimi sowup bilemok. Zombi işdämenlik bilen owsun atyp durşuna ýene gaýtalaýar: - Gyşyk ýöräsiň gelip gidipdir-ä seň. Baý-boooow, nirden öziň? - Hatapgaladan. - Bildim-dä şoñ ýaly bir ýerdenligňi. Göremde bilýänä men. siziň aşgazanyñyzdaky mantyny görýän. Adam bakyp ýörin men munça ýyl mlät. O nire bolýa? Men bolsa şo gözi ýerine salasym gelýä. - Degme how, ýoluň bilen bol sen. Ýok, synanyp görmän geçjek däl şu sapar. - Öw jigim – zombi bir ädim golaýlaýar. Men bir ädim tesýän. - Şo kelläňi beýläk dikläp seredip gör – Zombiň egninde ýatan kellesine ümledim. Kelläni haýran galaýmaly usullylyk bilen ýerine dikledi. - Oturlyşykdan çykamda ýatdan çykypdyrlaý düzetmek – kellesi dikelensoň has beter haýbatlanan ýaly duýulýar - barybir kelläm gapdal ýatyrka sen gyşyk ýörediň. Men gözüme ynanmaýynmy? - Ynan, ýöne ol ýerinde däl-ä. Zombi ilki ýerinde duran çal gözi, soň sallanyp ýatan gözi elläp gördi. - Näme zombi oýnajak bolýaňmow, jigim? - Ýok oýnajak bolamok. Şony ýerine soksaň näme? - Ýerinde dur şol, işiň bolmasyn - Men ýerine salaýyn, degmeseň Zombiň gansyz ýüzünden ýylgyryş ýaly bir alamat geçdi - Samsyk bolma, eliň uzatma. Iýer seni. Synanmasam ynjalmazdym. - Ahh, golaýlama diýdim saňa ... Zombi iki eli, dişleri, bar güýji bilen elimden ýapyşýar. Men umytsyzlygyñ yzasynyň astynda, azalyp barýan ysgynym bilen sallanýan gözi ýerine salmaga çalyşýan. Nejep BAÝAT. 2022. Änew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |