00:14 Gökböriniñ ýañy | |
GÖKBÖRINIÑ ÝAÑY
Goşgular
![]() Inçe bil, gara saçdan däl, uzak, sowuk, gara gije, Ylhamym uzyn ulan gökböriniň sesindendir. Haýbatyn ýitirer munda urlyp sowutlara, gije Bu ýigitleň är ýüregi şir peleňi kemsindirer. Oýun oglana ýagşy, çyn ataň zamanydyr Dünýä bize döwüş ýeri, panydyr derwüşlere Ataň beýik Turany has ogluň armanydyr, Är ýürekde kin bolmaz, hun girer bu düýşlere. Seni uklatmasyn ogul tupan öňi asudalyk, Hüwdilere irkilme, aldanma, gurjaklaşma. Diriler tugun alyp, merhum tirsegne galyp, Beýik Turanyň mukaddes kerpijin örüp başla. O gün bütin älem biler, kime näme mahsusdyr Biziň ýakan ýyllarmyz, perwana däl, Kaknusdyr. * * * Aý astynda bir gurt uwlar, Boz gurt uwlar, joşaryn men. Munda ýaralam gutular, Bäş ýyldyz, bir aý bilen. Uzaklardan jogap geler, Ötesinden dag deñiziñ. Olar meñ hyýalym biler, Urgusy deñ ýüregmiziñ. Bir gün geler, gowuşarys, Tiken girmez aralara. Biz bir atañ ogludyrys, Mätäç däl biz agalara. Siz üçin munda bar sözüm Kasydalar, mersiýeler. Ýaralara biraz dözüñ, Şu ýyldyzlar, şu aý geler. Nejep BAÝAT. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |