10:15 Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir | |
Ata Salyh
Agzybirlik hemme zatdan güýçlüdir Trumenler ýaraglarna bat berip, Özlerine adalatly at berip, Kim olaryñ diýenlerin etmese, Atom bile ýandyrjakmyş ot berip. Çerçill bes etmeýär dawa-şerini, Için ýag tutupdyr, ýognap garyny, Güýçli gaýtawula duş gelmen öýtse, Basyp aljakmyşyn özgäñ ýerini. Sowet Soýuzyna töhmetler atyp, Tutýan maksatlarna bilmezler ýetip. Atlantik paktyn taryplap olar, Bolsady ekýärler men-menlik satyp. Häzirki Atlantik paktyñ* barşy, Progressiw adamzat ähline garşy. Göýä kommunizm howpy bar diýip, Halka hödürleýär näletli urşy. Döwlet sekretary jenap Açeson**, Ýer ýüzüni gul etmäge edýär jan, Gitleriñ işiniñ gaýdyşy ýaly, Siziñ hem planyñyz puç bolar hökman. Bewinler, şumanlar - halky ütýänler, Halkyñ bähbidini pula satýanlar, Dawa, jenjel gurap bazar üstünde, Nebsiniñ ugrunda hallan atýanlar. Işçilere çekdirse-de horlugy, Ýol almaz faşistleñ hökümdarlygy. Atomdan hem, dollardan hem güýçlüdir Zähmetkeş halklaryñ agzybirligi. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |