02:00 Alçy gop, aşygym | |
ALÇY GOP, AŞYGYM
Çagakam alardyň gymmat wagtymy, Pal atyp güýmärdiň palçylar deýin. Şol gyzykly döwri ýatlap, bagtymy Ýene-de bir gezek synap göreýin. Goý, meniň göwnümde arman galmasyn, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Göräýmäge ähli zadym ýerbe-ýer, Günlemem geçip dur illeňki ýaly. Emma ýüregimde müň howsala bar, Sorag belgisinden çar ýanym doly! Jogapsyz galdyrlan sowal bolmasyn, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Käte iş-alada basýar üstümi, Käte-de boş hyýal ünsümi çekýär. Kä nähak ýitirýän söwer dostumy, Kä hydyr diýenim hyrs bolup çykýar. Şu «käler» gaýdyp bir gaýtalanmsyn, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Birentek kärdeşlem täze kär saýlap, Ýylda bir roman ýazýarlar, görýän. Men welin henizem hepdeläp, aýlap Bir goşgyň daşynda pelesaň urýan. Göwne jaýlap bilmän, bolýan bir gysym, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Söýgümi? Ondanam illerden artyk Ne-hä şatlyk, ne-de gam nesip etdi. Bir gyza ýüregmi beremde ertip, Säginmän, bir ýigdi kowalap gitdi. Başga bir gözelem sypap ýör başym, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Garaz, ýagşy-ýaman tutulýar adym, Adyma ýer berýär ortaky setir. Ýöne şol «ortalyk» ýigrenýän zadym. Şoň üçin, haýyş bar, ýa ala getir, Ýa ýyllar maňlaýda goýmanka gasyn, Alçy gop, aşygym, alçy gop basym. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||