19:08

Amanmy?

AMANMY?

Tarlañly, sugunly, laçynly, guşly,
Howasy belentli, altynly başly,
Jülgesi umgaly, gollary goçly,
Kap dagyñ bölegi Balkan amanmy?

Ajy ýeli mydam öser köwlenip,
Deger boran inçe çaýlar towlanyp,
Jülgesinde aýrak, gulan awlanyp,
Kiçi Balkan, boýa daglar amanmy?

Syrygar deresi, jülgesi akar,
Keýikler guzlaýyp, tokgarlar böker,
Çagyrşar ütelge, ganatyn kakar,
Perhadyñ bölegi Gorgan amanmy?

Ümürli, dumanly ýagmyr-ýagyşly,
Çeşmesi çamyrly, bagly, agaçly,
Arkajy keýikli, ütelge guşly,
Uhudyñ bölegi Küren amanmy?

Kyn bolardy ýolsuz ýeriñ aşmasy,
Gelişerdi bozly goýun çaşmasy,
Çendir, Sumbar ol jülgäniñ çeşmesi,
Bedel Ata, Molla jomart amanmy?

Çasamykda çaltja çiller zyrlaşar,
Arwanasy, iner-maýa bozlaşar,
Ýigitler mes bolup, şonda gürleşer,
Düz meýdanly Akbabata amanmy?

Ýigitleri keýik tutup gezermiş,
Gyz-juwanlar altyn-kümüş düzermiş,
Bozly goýny çar tarapa ýazarmyş,
Ajy, Aladere jaýlar amanmy?

Otlagly, suwlagly çemenli jaýlar;
Ýylba-ýyl öwrüler, dolanar aýlar,
Onda köp oturar döwletli baýlar,
Ak oba, Gök oba, daglar amanmy?

Degse baran çaltja başlawlar akar,
Onuñ oty goýun-guzyga ýokar,
Çopanlar baýlaryñ malyny bakar,
Garry, Ýañak, Beleklerim amanmy?

Otlag bolar dereleriñ içleri,
Ýaýlag bolar Halwat, Haryñ başlary,
Taryp etsem Soñudagy, daşlary,
Ikigat dag, Şiş pygamber amanmy?

Güzeg bolar Töretiniñ billeri,
Onda otyr igdir, köçek illeri,
Boz bulakly bolup akar silleri,
Akbent, Masan, Alajasy amanmy?

Goýunlar mälese, maýa bozlasa,
Gyşlasa, güýzlese, mydam ýazlasa,
Eýäm döwlet berse, bärsin gözlese,
Uly diwan, Kemen jaýlar amanmy?

Gulaş şahyr garry Watan ýatlasa,
Arwanalar iner-maýa botlasa,
Kemal han dörese, kendin otlasa,
At çapylan däli Gürgen amanmy?

Gulaş şahyr.
Категория: Goşgular | Просмотров: 319 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gulaş şahyr | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

В альбом А. Н. Вульф / Goşgular - 20.01.2023
Ода на истребление в России звания раба Екатериною Второю, в 15 день февраля 1786 года / Goşgular - 15.02.2023
«Прости! во мгле воспоминанья…» / Goşgular - 22.01.2023
«О, я хочу безумно жить…» / Goşgular - 05.02.2023
Gije-gündiz Hakyň yşkyny gözläp... / Goşgular - 06.01.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi / Goşgular - 02.02.2023
Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023
Gar ýagan güni... / Goşgular - 10.01.2023
«Над Феодосией угас…» / Goşgular - 14.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garaýolly  
27
Gaty gowy goshgy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]