23:07 Arzuw | |
ARZUW
Watan sözi mukaddesdir dillerde, Täç edilýär başa, aýda, ýyllarda. Hak türkmeni goýup haýsy bir derde, Eziz diýaryndan aýra salmasyn. Daglygyn, baglygyn, gumlugyn söýýän, Söýdükçe göwnümiň şatlygyn duýýan. Bagtly men, Watanmyň duzuny iýýän, Has köpelsin ryzky, hiç egsilmesin. Özgeriş, ösüşler türkmen ilinde, Arşa galsyn, ösen ýurtlar deňinde. Eşretli, sapaly döwranly günde, Guşlar owaz etsin, güller solmasyn. Watanda kän şalar öten, bir giden, Tapawudy bolan oläň bir-birden. Bugdaýyň deregne mekge iýdiren, Hruşýewli günler indi gelmesin. Adamzada berlen gysga ömürde, Millilik ýitmesin her bir ugurda. Bagtly ýaşaýyşly her bir döwürde, Dutardyr – gyjakly toý azalmasyn. 2009 ý. | |
|
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |