06:41 Atyr | |
ATYR
Bu nätdigiň boldy, sertaraş ogul, Depämden, ýakamdan guýýarsyň atyr? Göreňokmy, seniň oturgyjyňda Togsan ýaşly Jambyl Jabaýew otyr. Birmahallar menem daýaw ýigitdim, Indi bolsa, ynha, büküldi bilim. Häzir sen agtarsaň deň-duşlarymy, Eliň çyraly-da tapmarsyň birin. Gijesi-gündizi ýonsaň-da näçe, Gylyç ýasap bolmaz köne demirden. Bir lagar ýabyny münseň-de näçe, Bedewe öwrülmez ömür-ömür hem. Sen bolsa Jambylyň dik depesinden, Sakgalnyň üstünden guýýarsyň müşki. Wah, sertaraş ogul, beýdeniň bilen Göterilermikä gojanyň yşky? Kartlaryň kerpiçhal koroly ýaly, Küteldim men, indi päkiligim ýok. Suwa düşürseň-de atyr suwuna, Göwnüm ýaş, Ýöne, wah, öňküligim ýok. JAMBYL JABAÝEW. Terjime eden Kerim Gurbannepesow. | |
|
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |