17:54 "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." | |
"GITDIM SENDEN ILERLEDIP ÜMZÜGI..."
Goşgular
Gitdim senden ilerledip ümzügi, Çokaý ýyrtan, çepek ýyrtan ýerler sen. Hojaýabyñ at kişñeden düzlügi, Däli-porhan bolup gezen ýerlem sen. Senden nädip ýüregimi böleýin! Kakam ýatan öwlüýäñe döneýin! Suwuñ boýlap, topragyny dörenim - Bu jahanda iñ bir gözel ýerler sen. Sende ýumruk ýaly käbäm bar meniñ, Käbäm barmy - tutuş obam bar meniñ. Obam barmy - atam-babam bar meniñ, Geçmişden geljege uzan ýerler sen. Sende çagalygym - agyrrak geçen, Sende juwanlygym - añyrrak geçen, Sende obadaş gyz - bu kalby uçan, Wah, ondan arany üzen ýerler sen! Gezmedim diñe bir öz başym çarap, Giñ dünýä ýaýyldym goýnuñda döräp, Öçügsi yşygna ýedilik çyrañ, Şahyrlyk derdimi gozgan ýerler sen. Sen ak pata berdiñ, gitmedim synyp, Gitdem daña dañyñ gaýmagny syryp, Ýetdim saña nanyñ mañlaýma sylyp, Aran bedenimi ýazan ýerler sen. Tohum-tijim saña baky baglanar, Saña baglanmasa, jiger daglanar, Sen - taryh, sen - gala ýañy barlanan, Ýazylmaly kyssa, gazal ýerler sen. Hä diýmän geler-de o gojalygym, Oduny lowladar gadym ojagyñ. Men bergili, aldym senden aljagym, Meni mydamalyk bezän ýerler sen! * * * Sen nähili türkmen tomsy? - Çäge gömlen ýumurtgany bişirýäñ, Howa ýetmän ýürek haşlaýar sende. Sen nähili türkmen güýzi? - Miwäni giç süýjetmäni başarýañ, Nämeler-nämeler bişmeýär sende. Sen nähili türkmen ýazy? - Kän ýerlerde ýok gözellik sende bar, Ötegçi durnalar düşleýär sende. Sen nähili türkmen gyşy? - Güllejek-güllejek bolýar sende bag, Üşemek ýadyña düşmeýär sende. Gowşut ŞAMYÝEW. | |
|
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gitmek / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |