15:00 Gowşut Şamyýew | |
GOWŞUT ŞAMYÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1941 – 2007) Gowşut Şamyýew 1941-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Hojaýap» obasynda zergär atanyň maşgalasynda eneden dogulýar. Maşgalada üç çaganyň körpesi bolup önüp-ösen geljekki tanymal ýazyjy orta bilimi obada alýar. Onuň edebiýata bolan höwesi, döredijilik ukyby bu ugurdan sapak berýän mugallymlarynyň synçy nazaryndan sypmaýar. Gowşut Şamyýew häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini tamamlaýar. Ol döredijilik işine ýaşlykda başlaýar. Döredijilige ýürekden berlen ýaş şahyryň heniz uniwersitetde okap ýören ýyllarynda «Äşejik», «Körpeleriň küýsegi» atly ilkinji goşgular kitaplary neşir edilip, körpe okyjylara hödürlenýär. Gowşut Şamyýew ýetmişinji ýyllarda dartgynly durmuş wakalaryna bagyşlanan «Köýen ýyllar» romanyny ýazdy. Bu iri göwrümli eserde durmuşda säwlik goýberen ýaşlaryň öz ýalňyşlaryna düşünip, jemgyýetde özleriniň mynasyp orunlaryny tapyşlary dartgynly wakalaryň üsti bilen çeper beýan edilýär. Ýazyjynyň «Mert bol, Almaz» powestinde bolsa iki nesliň—ýaşuly hem ýaş mugallymyň arasyndaky durmuşa bolan gapma-garşylykly garaýyşlar tasirli beýan edilýär. Mundan başga-da ýazyjynyň «Ynsabyň jezasy», «Araçäk», «Soňky sözüňi sudda aýdarsyň», «Sen kim?» ýaly romanlary, «Ölümden soňky ömür», «Atalar», «Ýatla meni», «Sen aman bol, bu dünýäde», «Mukaddes borç», «Oglan başyň oýlary», «Ölümden soňky ömür» «Köp salam aýdyň!» atly kitaplary türkmen edebiýatynyň ösmegine we baýlaşmagyna önjeýli goşant goşdy. Türkmen okyjylary G. Şamyýewe ajaýyp şahyr hökmünde hem uly hormat goýýar. Onuň dürli ýyllarda ýazan goşgulardyr poýemalaryny öz içine alýan «Hoş niýetler» atly kitaby-da okyjylar tarapyndan söýlüp okalýar. Halypa şahyr G. Şamyýewiň çagalar üçin hem birnäçe kitaplary neşir edildi. Onuň «Gopuzlyja gyzjagaz», «Sähet hakda, serhet hakda, bir it hakda» «Saýra dutarym»atly kitaplary körpe okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan eserlere öwrüldi. Şahyryň serhetçiler hakyndaky goşgusyna kompozitor Nury Halmämmedowyň döreden aýdymyny halypa aýdymçy Atageldi Garýagdyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Şahyryň rus okyjylaryna niýetlän kitaplary «Sadownik», «Muki sowesti» ady bilen neşir edildi. Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Gowşut Şamyýewe «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýlen hormatly at berildi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşut Şamyýew şahyr hem prozaçy hökmünde okyjylar köpçüligi tarapyndan giňden tanalýar. Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/113. 19.05.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |