14:56 Maña ýetmedik bagt / hekaýa | |
MAÑA ÝETMEDIK BAGT
Hekaýalar
Aýjemaly keseden gowy görýärdim, olam, göwnüme bolmasa, menlik ýaly. Arada üýtgeşik gep-gürrüñem ýok. Jynymyz jyñkyryşsa-da söhbetimiz umumy, il näme gürrüñ etse, biziñkem şol. Özbaşdak sözümiz ýok, özbaşdak ýolumyzam ýok. Entek aşyk-magşugam däl, bar zadyñ başlangyjy ýaly. Daşyndan halaýanym çyn, "ýürek gözden õnürti görýär" diýleni hakykatmyka? Özgeler "ikiñiziñ aragatnaşygyñyz bardyr" diýen gümanada. Gatnaşyk nire, zat nire. Ýoldaşlyk, obadaşlyk, klasgaşlyk. Birek-birege "klasdaş" diýibem ýüzlenýäs. Sözde-de, hereketde-de şondan añry geçemzok. Ýöne soñky wagtlarda Aýjemal maña: - Goçmyrat !..- diýmäni çykardy. Asylky adym şol, hemme kişi Goçy diýip ýör ýogsam. Goçmyrat diýende birhili sesi sandyraýar, ýañaklary tyk-tylk-tylkyldap. Dulukda ýarty aý emele gelýär, tolgunýan şekilde. Dessine - aşak bakýar, gyzaryp-bozaryp gidýär. "Nämedenkä?!" diýýän. Eýsem-de nämäñ alamatyka? Aýjemal öñ beýle däl-lä! Maña göni seredýärd-ä! Indi göni garabilmän, öñden göýberilen goşa örümiñ uçlaryny çöşlän bolýar, ören bolýar, saçlaryny depede çogdamlan bolýar, ýaglygyny aýryp, dañyp. Gözüniñ gyýtagyny aýlap. Pelde işläp suwsalanda, mytarany ilki maña uzadýar, özünden öñürti. - Al, Goçmyrat, al, gezek oglanyñky. Men utanyp durşyma sagynýançan hol beýleräkdäki Allamyrat, Aýjemalyñ köpüñ diýşine eýerip, Allaly diýýän ýigidi, atylyp geläge-de alçaksyraberýär. - Ýok, Aýjemal, gezek gyzyñky. Sizden öñe düşüp bolmaz. Siz naçar. Aýjemal almajagam bolsa aldyrar, gününe goýmaz, olam añrysyna öwrüläge-de içer. Ondan soñ Allamyradyñ öz eli öz agzyna ýakyn, başyna çekäýer suwy. Ol maña uzatmaz,gyza äberer. Şonda eli gyzyñ eline deger weli, göhi gelýän terzde, lezzet alýan röwüşde, maña-da göz gygyny rüstem aýlap göyberdi. Aýjemal mytarany elime tutdyrdy.Soñam pyşyrdabrak gepledi: - Gelinler tamdyrda gezegini bermezek, aýallar keçe basmakda, güllemede nobatyna eýe, eneler degirmende, ýigitler hazarda gazyda nobatyna jür, sen, näme, Goçmyrat, suw nobatyñy kişä aldyrýañ? Ýüzüme garady-da ýere bakdy. Men mytarany titäp-titräp aldym. Gönderdim. Suw ernimden syrykdy, ýakamdanam akdy. Aýjemal görüp güldi. Allalyñ gurdy gündüz uwlady. - Goçy şeýdäýer. Oñaranyñ ugruna. Tap bilmeze Tañry ne hajat. Allalyñ çylkasyzlygyny Aýjemal halamady, oña gözüniñ agyny köpeltdi, maña-da: - Ana, gördüñmi, suw nobatyña eýelik etmän, Allalyñ gepini çekdiñ. Ýersiz-ýere utanýañ. Goçmyrat! - diýdi. "Hany, indi bir berk bol " diýen yşaratda meni ak hanaly keşlere ümledi. Sümek-sümek pagtaly hataryñ özi bir çetinden syryp ugrady. Arada ýeke tar goýdy ätiýaçlyk üçin. Onuñ öz tarapyny özi tirmeli, men tarapyny maña niýetledi. Bile keşläp ugradyk, sessiz-üýnsiz. Birdenem Allaly: - Sag bol, Aýjemal, maña tar goýanyñ üçin- diýip ara sümüldi. Bu ýerde üçünji artygam bolsa, ýüzi galyñlyga salan Allaly biz ýaly keşaradan tirmän, ikibaka çawup ýygdy. Atyzyñ aýagujuna çykamyzda hanadan partygymyz dolypdy. Ganarlarymyz pagta ýyglan ýerdedi. Aýjemal gabyny bilinden çözüp-çözmänkä, Allaly: - Getir bäri, döküp geleýin! - diýip hazzar aldy. Aýjemal aşaklykdan maña äñetdi-de galaýdy, ol maña: "Awyñy aldyrdyñ,añalyp durşyña "diýen garaýyşdy. Gündiz pagta ýygsak, gijara, Gün ýaşar-ýaşarda at pyrgunly bidonlap agyz suw çekiler, ýap obadan açygrak. Soñ-a maşynly suw aýlabam ugradylar weli, ilkiler biraz ulag kemlikden kösençlik bolaýdy. Aýjemalam ýabyly, pyrgunly, agyr gaply güzere geldi. Bidonlary bedreläp suwdan doldyrdy, menem öz aladamda suw bilen. Özümkini bolyp, Aýjemalyñka kömekleşeýin diýip durkam, Allaly bir ýerden zompa çykaga-da öz işini kör edip, Aýjemalyñ gaplaryny ulaga ýükläp başlady, bir özüne agyram bolsa, agyrlygyny bildirmän, Aýjemal yzyna, maña bakan garaý-garaý gitdi. Soñky ýyllarda galla bolaldy, melleklere-de bugdaý ekildi, hasyl bol, bitginli. Un satyn aljagam bolmady hojalyklar, dänä baýansoñlar. Obada hem nijeme harazly. Haraz özüñde, galla özüñde. Gowulyk. Bugdaý uwetmäge bardym, goñşymyñ maşynyna ýükläp. Aýjemalam agasy bilen haraza geldi. Agasy haltalary düşürdi-de: - Häzir gelýän! - diýip gitdi. Şol aralykda telpegi çañly kilwan gygyrdy: - Aýjemal gyzym,agañ nobat belläpdi, gezek siziñki,geliberiñ, getiriberiñ! Aýjemal agasyna garaşdy, gözi ýolunda. Men howlygyp, harazmana: - Biz haçan? - diýdim. Ol harazyñ güwwüldisi bilen eşitmedi.Ýapbyldap gyza kömege ugradym. Nireden bir ýerden, edil garaşyp duran ýaly, Allaly peýda boldy. Ol sen-men ýok, doly haltany arkasyna alaga-da, haraza düwdenekledi. Ýene menden öñinçä yza dolanan Allaly beýlekisinem arka hopba edäge-de, çaýşanaklap ýelk ýasady. Eýýäm üwedip bolybam ýükleri öñki ýerine getirdi, onýança Aýjemalyñ agasam geldi. - Tañryýalkasyn, Allaly - diýdi. Agşam Aýjemallara gümür-ýamyra bardym. Kakasy Söhbet aga rowaýat aýtmaga, erteki otarmaga ökdedi, dünýäden habarlydy. Barsam, Allalam bar ekeni. Harazyñ amatlylygyndan, kireliliginden söhbete gyzypdyrlar. Aýjemal goñşy otagda tikin-çatyn bilen gümra bolara çemeli. Meñem gözüm şo ýanda. Allalyñ gözem. Birden çyra öçdi. Şem ýakdylar. Yşyk öçügsi. Çaý içim salymdanam tok geldi. Aýjemal içki jaýdan ýakyp-öçürijä basanda part boldy. Gelip, Söhbet aga: - Kaka,lampoçka köýdi- diýdi-de, maña ýüzlendi.- Goçmyrat ýanany aýryp, täzesini goýyp beraýd-ä! - Häzir, häzir! Ýerimden ýeñil gopdym, Allaly bile turdy. Derrew çyranyñ düýbüne el uzatdym, boýym keltelik etdi, ýetmedi. Aýjemal derrew otyrgyç getirdi. Şonda-da boýnymy süýndürip, aýaklary näsaz otyrgyçda göwrämi saññyldada-saññyldada köýen lampany zordan aýyrdym, täzesini dakmaga durdym. Birdenem güpürdäp gaýtmanmy. Ýukajyk çüýşe pisint çyra elumden gaçyp çym-pytrak boldy. Ýanbaşym agyrda, galmaga synandym. Gatyja ýykylanymdan tapsyz. - Ýa, senem-ä!...- diýen Allaly aýak diregsiz-zatsyz uzyn gollaryny ýokary uzadaga-da lampany dakyp towlady, jaý yagtylandy. ...Şolam Aýjemaly aldy. Gowşut ŞAMYÝEW. "Garagum" jurnaly 2004/1. | |
|
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||