18:56 Nobat | |
NOBAT
Goşgular
Bişeýkel nobatlar hakda bu goşgym, Bu şygrym pent bolup, derek tutmazmy? Belki, ýüregiñe jüñk bolar ýagşyñ, Ýamanlaram okap pikir etmezmi? Aýdaly, sen dursuñ ýadap işden soñ Gök-sök nobatynda, et nobatynda, Bakjadanam çagalary giçden soñ Almalysyñ baryp wagt-sagadynda. Ol bolsa - ýaşy-ha birçene baran, Meýdenmi, arakdan birneme gören, Ýanyn basyp geler, Durmaz säginip, "Gezegñe durawer" diýäýseñ eger, Üstüñe eñer, Señ özüñi utandyrar käýinip. Ol bolsa - geler-de donuna sygman, Göwresi abaýtoş, mugt iýip ýognan, Üstüñ basyp, geçer ötäýder töre, Şeýdip, öz aýbyny açandyr ýöne. Kimlerem ýeñseki gapydan sümlüp, Gider del haryda ogrynça gömlüp. Kim kimiñ adyndan, jañ bilen geler, Kim dilin süýjüdip, "jan" bilen geler, Şeýdip, ilden artyk alarlar paýy: Togsan bäşlik çaýy, Jaýy, Serpaýy. Sen welin duransyñ... nobatyñ ýetmez, Kanun, hukuk munda hiç derek tutmaz. Bir otagda ýaşaýansyñ on bolup, Eşik çalşyrýansyñ egne don alyp. Seniñ dostuñ ýokdur dişiñ ötere, Seniñ postuñ ýokdur işiñ bitere. "Ynha, ynha" bilen dañarlar ýüpsüz, Sen mälär-çekirär ýörersiñ süýtsüz. Amanat kassada goýum nobaty, Drama teatrda oýun nobaty. Neşirýatda kitap neşir nobaty, Putýowkamy, altyn dişiñ nobaty, Maşynly, kürsüli işiñ nobaty. Geçmek-göterilmek nobaty agza, Adyñy geçirmek telefon ýazga. Samolýota bilet almak nobaty Ýa Soýuza çlen bolmak nobaty, Pöwrize, Çülüde daça nobaty... Bu döwrüñ başyndan aşa nobaty. Ýöne her hal nobaty ýok keseliñ, Bakmaz ol asla-da kimdigñe seniñ. Gelse geliberer oñ nobaty ýok, Ministrmi, daýhan, tapawudy ýok. Ýogsam şonam satyn alyp binurbat Geýim çalşyran dek çalşyrar nobat. Öz kesel nobatyn geçirer özgä. Ajal nobat bellänok. Taganny depeden ala sallanok. Ýogsam şonam aldar Emeldar, Puldar. Öz ölümni özgäñ boýnuna atyp, Aman-esen galar nobatyn satyp. Ajalyñ her kime ýükläp öz ýükün, Adamy dannaman gelýänne şükür. Gowşut ŞAMYÝEW. "Tokmak" žurnaly, 1990 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |