16:35 Howlugyň! | |
HOWLUGYŇ!
Goşgular
Düýn bu güni, bu gün ertiri küýsäp, Ýazymyz ýalkap ýör, güýzümiz güýzäp. Bu ýagty gijäniň, röwşen gündiziň Gowlugyn Monjuk edip ýyllaň boýnuna düzüň, ýaşamaga, Işlemäge Howlugyň! Baglaryň ýapragnyň göm-gök reňki, Bu gün daragtyňky, erte - ýeriňki. gyzyl gül açylýar - müşki seniňki. Gyzlaň tapylgysyz yşky seniňki. Söýülmeli wagty, söýmeli wagty Oglanyň. öz aýagy bilen gelen o bagty Garşylamaga Özüňizi oňa bagyşlamaga Howlugyň! Gyssanyň, Gutlamaga toýlaryny dostlaryň! Gyssanyň. Artdyrmaga öňküsinden rysgalyn! Dostuň gyz göçürýär - ele tabak al! Dost ogul öýerbär - ele tabak al! Şol tabakda paýy bardyr agtygyň, Çowlugyň. Ellä ýetmän ýene ele bäbek al! Ol adamyň getirdigi bagtynyň. Şol pursada gowuşmaga Howlugyň! Howlugyň! Depesinde görünmäge döwrümiň! Hem oň şeýle kanuny bar, Öwreniň: Seniň toýa däl-de, ýasa gidişiň Ölçär kimligiňi, sen şuňa düşün! Seň kalbyňda - bahar, Seň kalbyňda - ýaz, Goňşyňda bu zatlar bu wagt juda az. Ýan derdine, Bile gysyp-gowrulyň. Hesreti deň paýlaşmaga Howlugyň! Kiçi halk ýok, Kiçi adam ilde kän, Bizem kiçijikdik, Bu gün ullakan. Bize enteklerem ulalmak gerek, Bu pähim-paýhasa goýalmak gerek. Ulaltmajak bolýanlary aňk edip, Özüňizden düşnüginem terk edip Ownugyň. Bu kyssa, şygyr bilen, Deň gopup döwür bilen Ýol almaga, Ulalmaga Howlugyň! * * * wada berdim köp zatlary men saňa, Heniz tapyşmankak, sen uly gyzkaň. Wada berdim köp zatlary men saňa, Heniz boý oglankam hemem ýalňyzkam. Diňlenmedik aýdymlary, Çaň siňmedik al daňlary, sähraň mahmal ýellerini, Ýazyň irki güllerini, Gyşlaryň akdan ak garyn, Mylaýym bakyşyň ýaryň. wada berdim köp zatlary şo günden - Seň bilen duşuşan ilkinji gijäm. Bu göwün suw içer naçar göwünden, Alysa äkider yşkymyz güýjäp. Senden sähel sowaşman, özge gujaga düşmän, Gylaň meňzärin saňa. Ýigitleriň özüme, Seni özümden zyýat Görüp hem baky aýap - Ýaşamagy wada berdim men saňa, Arman, seň öwezgeden owadanlygňy Hem wepaly bolma derek wadama, Soňra duýup galýan unudanlygmy. "Wadaň hany?" Gözde şu sowal gözel, Görüp galýan saňa bakan mahalym. Ezer, bu bergidar ýüregi ezer, Yhlasyňa ýetdirmedik baharyň. Gowşut ŞAMYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1979 ý. | |
|
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Bozajak seni / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |