14:17 Çyragym, öçmeseñ bes! | |
ÇYRAGYM, ÖÇMESEÑ BES!
Goşgular
Ak perişde atama Guwanjak çagym meniñ. Goja ýaşda atama Ýagtyl, çyragym meniñ. Arman, hazan aýnadan Girip, gapydan ötdi. Men bendäni aglada, Adam janym äkitdi Şuwlaýan gara ýeli Neçün inim söýenok. Alajym ýogam weli, Günüme-de goýanok. Ak perişde eneme Guwanjak çagym meniñ. Şugla saç-da eneme, Ýagtyl, çyragym meniñ. Gara ýel şuwlap-şuwlap Alyp gitdi enemem. Çekmenmi uwlap-uwlap, Bu ölümi ýene men. Ýene şuwlap gara ýel Öñde ölümiñ baryn Habar berýär, oña men Taýynmy, dälmi, barlap. Indi ula ymtylman, Diýýän palomino tutup pes: Ýagtylmasañ, ýagtylma, Çyragym, öçmeseñ bes! * * * Bahar ak gül bolup gondy erige, Gök öwüsdi düýnem ýalazy ýerler. Jañ kakylan ýaly dymma eñege, Ýar posasyn köpräk küýseýär lebler. Parç bolupdyr meýdan narpyz, selmeden, Burk urýar hyrawa gülleñ ysy-da. Geldi bir ýerlerden, çatma-külbeden Taşlanan güjügiñ çyñsamasy-da. * * * "Sen aman bol bu dünýäde". Sen aman bol bu dünýäde, Bu dünýäde sen aman bol. Men ölümi salsam ýada, Sen bir ýatlap galma derde, Gezseñ nirde, bolsañ nirde Sen aman bol bu dünýäde. Dert geler dermany ýokdur, Agarar gara saçlaryñ. Zary bar-da zory ýokdur Gatyny gören başlaryñ. Çöññeler gider göz-dide, Ýöne aman bol dünýäde. Etjegni edibilmesem, Bogar Putman, ahmyr meni. Ýetjegme ýetebilmesem, Ahym alar ahyr meni. Göwnüñ geçer seññem menden, Galanymda dat-bidada, Sen aman bol hemem ondan Sen azat bol bu dünýäde. Gyzlar bir-bir göçer gider, Mähribandyr, ogul däldir. Menden döwran geçer gider, Bu bir başy aýlan ýoldur. Galsam orta ýol-ýodada, Sen bir ýaşa, bu binýada Renç berip, Söýünç berip, Aman bolup bu dünýäde. Kasam etdim, peýman etdim, Käte aldym yzyna-da. Rüstem bolup perman etdim, Zor saldym men özüme-de Gidenimi aşa-öte Giç bildim men, goý, olardan Sen azat bol bu dünýäde. Meý-mest boldum men bilen men, Azaşdymam akylymdan Hem tomaşa, toý bilen men Kän gidişdim öz çakymdan. Gereginden artyk käte Kowalaşdym şöhrat, ada. Goý, olardan sen azat bol, Sen aman bol bu dünýäde. Sen halas bol meniñ halas Bolup bilmedik zadymdan. Sen köpräk al meniñ halap Alyp bilmedik zadymdan. Hem gutul sen meniñ nalap Gutulabilmedik zarymdan. Men dek ýanman otsuz oda, Sen aman bol bu dünýäde. * * * Uzyn-uzyn agaçdan Üstüme saýa düşüp. Giñäp, ýaýnap oturýan. Gaý abansa iç-daşdan Ilkinji gerýär döşün, Yzdaka howp ýetirmän. Özüni kelte başdan Belent tutman, oñ işin Eder oña ýetirmän. Kökem ýuwaş-ýuwaşdan Göwsün ýarar dag-daşyñ. Ösmez hyzmat bitirmän. Soñ garrar, aglyp güýçden, Jahanda çäkli ýaşyñ, Bolmaz ömrüñ ötürmän. Ol töññe irde-giçde Kersen bolar, gardaşym, Gury ýanyp oturman. * * * Uly suwdan gol bölündi. Bolmakçydy ene ýap ol. Bolmakçydy ýa köl indi, Akdy özün tanaman ol. Göründi o ýan, bu ýanda Çäge ýeriñ gorp atany. Birdenem döredi onda Ýitip gitmäñ howp-hatary. Epgek-jöwza öñi-yzy, Gün bugardyp alyp barýa. Onsoñ ýene-de öz-özi Baryp guýdy uly derýa. * * * Urşup ýeñildimi, Ýaralandymy Ýa-da tapyndymy bolgusyz kesel? Iýýän ýalyn ödemekden galdymy... Wepaly itdi ol, Çykman üýn-sesem Ötägitdi, Bilmän galdy eýesem. Gitdi öýden öz-özüne zor salyp, Ajalyna, Kaýyl gelip ölümne. Ejizläp ölmegi namys-ar bilip, Ölmäge gitdi ol ölmejek bolup, Eýesiniñ gözleriniñ öñünde. • EMEL Şahada sallanşyp duran hozlaryñ Daşynda guş bary urdy pelesañ. Alyp bilmän horlamady özlerin, Döwüp bilmän görgä galdy, garasaý. Bir guş bolsa alan hozun birdenkä Dik depeden daşly ýere oklady. Yzy bilen düwlüp gaýdyp, ýerdäki Pytrap ýatan mañyzlary çöpledi. Gowşut ŞAMYÝEW. | |
|
√ Baky söz / Goşgular - 25.10.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Tebärek, Alla, eger dilber ise, anjak ola... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |