02:58 Begres dony Gün tygyna ýyrtylan... | |
BEGRES DONY GÜN TYGYNA ÝYRTYLAN...
Oglan gözlerimi söýen günleriň Bugdaý kimin seçelenip galypdyr. Mensiz otly köýnek geýen günleriň Meniň üçin ötülmesiz ýazykdyr. Bu uly ýalňyşym — ýürekde közüm, Tapylmaz ýitgimdir, bagrymy dilen. Ah, ýöne göwün-dä, galyp bir özüm, Gidýärin sergezdan gözlegim bilen. Begres dony Gün tygyna ýyrtylan Baglarda galypdyr intizarlygym. Ýaz paslymy bu meýdana örtülen, Ýa-da seniň bahar ýaly ýaglygyň? Maýsalaryň ygşyldysy, aýdymy Şirin sözleriňe düzülenmidir? Ýaýla dolan gülkülerňi söýdümi, Nämeden torgaýyň özelenmesi? Sähranyň üstüne bürenip duran Arassa göwnüňmi, saçlary syýa, Gyrmyzy güllermi yranyp duran Gül bolup gögeren şatlygyňmy ýa? Duýýan, bular gümanydyr göwnümiň, Uzakdadyr indi elim ýeterden. Sebäbi men şol ýalňyşly öwrümde Perişdämi, hut özüňi ýitirdim. Seni ýitirdim-de, özümi tapdym, Galdym hakykata syrdaş-dost bolup. Indi haçan pikir etsem sen hakda, Ejizligim gelýär elem-tas bolup. Bu günem aralap sensiz bossany, Geldim şol ýodanyň bölünen ýerne. Idip garran bedew kimin gussamy, Indim solgun aýralygyň güzerne. Dünýäm, köňül aýdym ýazdy şu ýerde, Boýun alyp, syzyp uly ahwaly, Bu gamgyn güzere gelip gidýänler Bizden soň birneme azalar ýaly. Mámmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |