10:24 "Bir zenan bilen men dynman öpüşdim..." | |
• Wladimir Solouhin hakda ![]() Wladimir Alekseýewiç Solouhin 1924-nji ýylda eneden boldy. Ilkinji kitaby "Sähradaky ýagyş" ady bilen 1953-nji ýylda çap edildi. "Огонёк" žurnalynyň redaksiýasynda işlän döwründe ol ýurdumyzyň köp ýerlerinde bolup gördi. 1954-nji ýylda Gazagystana gelip, ol tarp ýer epopeýasynyň başlangyjynyň şaýady boldy. Baý materiallar esasynda dörän "Zernogradyň dogluşy", "Mawy deňziň aňyrsynda", "Altyn düýp" ýaly oçerkler we goşgular ýygyndysy ýaş ýazyja şöhrat getirdi. W.Solouhin şahyrmy ýa kyssaçy? Şeýle soraga birbada jogap bermek kyn. Sebäbi, onuň goşgular ýygyndylary bilen bir hatarda prozanyň ajaýyp nusgalary bolan "Wladimiriň ýollary", "Çyg damjasy" atly liriki powestleri bar. Şu powestleri okanyňdan soň, W.Solouhiniň öz ülkesine aşyk, sözüň iň bir inçe äheňlerine düşünýän şahyrdygyna göz ýetirýärsiň. Şahyryň goşgularyny hem-de prozasyny okap, biz içki dünýäsi baý, adama aşyk adamy görýäris. * * * Bir zenan bilen men dynman öpüşdim, Uzak gün öpüşdim, Mährim ganmady. Gün geçdikçe welin gussa ýetişdim. Iç gysyo, Bir meňzeş bulutly göge Her näçe baksam-da, Gussam galmady. haňlap, Weýran boldy köňlüm saraýy. Ömürylla öpüşmedik ýaly men. Duzsuz posalardan tapman haraýy, derdim ýeňletmeli boldum Meý bilen. * * * Bir zenan bilen men tokaýda gezdim, Dalaşmadym Boýnuna gol ýetirip Öpüşjek bolmadym - Özüme dözdüm. Diňe ýapdan geçirdim men Göterip. Göni görejime ol gamly bakyp, Jany-teni bilen gysmyljyrady. Çabran gyzgyn demi Ýüzümi ýakyp, Ganym bilen damarymda ýöredi. Gün geçdikçe giňäp Köňlüm saraýy, Birzarba içen dek Bir çüýşe meýi, Yşkyň humaryndan başym aýlanýar. Onuň gyzgyn demi Aýrylman şindem Çabraýar, Howrundan çekgelem ýanýar Ol howur göterlip ýitäýer öýdüp, Ýüzüme el degrip bilmeýän indem, Aýal söýgüsiniň boluşyn hemdem! Terjime eden Ýagmyr PIRGULYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 11.12.1965 ý. | |
|
√ «Я обращаю речь к вам, выброски природы…» / Goşgular - 06.02.2023 |
√ Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Gülnabat Begenjowanyň şygyrlary / Goşgular - 14.02.2023 |
√ Keçe kakaňda / Goşgular - 15.01.2023 |
√ Ракета / Goşgular - 24.01.2023 |
√ «Не знаю, право, где я видел…» / Goşgular - 30.01.2023 |
√ Чудесный охотник / Goşgular - 05.01.2023 |
√ Уллин и его дочь / Goşgular - 10.01.2023 |
√ «Чуждые огласки…» / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023 |