09:57 Dag hüwdüsi | |
DAG HÜWDÜSI
Allaýar Çüriýewe Säher wagty dür sözleri süzdüňmi?! Saba ýele owazlaryň siňipdir, Şol mukamlar hüwdüleýär dünýäni. Mähre çümen gussalarym diňipdir. Durmuş kenaryna çykdyk ikimiz, Lowlap duran bu dünýe-de köşeşdi. Ömre peşgeş berlen ylham çeşmesi, Yşkdan doly hasratymy köjeşdi. Belent daga çykmadyk biz hoş bolup, Agraslygna maýyl bolduk daglaryň. Hemem süýji arzuwlary paýlaşyp, Şerbet suwun owurtladyk garlaryň. Muhabbetli dideleriň mährinden. Dag daşyndan güller çykdy paşyrdap, Ýüregiň sesine düşýän jülgeler, Hiňlendi şirinje hüwdä pyşyrdap. Ol hüwdi şeýle bir süýji şirindi, Misli sallançakda üwrelýän ýaly. Juwan keşbi bagş eýledi ol mukam, Ol hüwdä çeşme-de hüwlenýän ýaly. Şeýdip bir pursatlyk bolduk bagtyýar, Seretsene, bu daglaryň oýnuna. Joşdy ýüreklerde beslän aýdymlar, Şol mukamam siňdi dagyň roýuna. Maral ÖWEZGELDIÝEWA. | |
|
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |